Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi

 

 

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjak obasyndaky metjitde mukaddes Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi. Ozal habar berlişi ýaly, halkymyzyň milli baýramçylygy mynasybetli döwlet Baştutanymyz 4-nji iýuny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň mähriban halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly garamak, ruhy baýlygymyzy aýawly saklamak barada edýän taýsyz tagallalary netijesinde Oraza baýramy ýurdumyzda milli däplerimize laýyklykda giňden bellenilýär, jemgyýeti jebisleşdirýän, ynsanperwerlik we watançylyk duýgularyny terbiýeleýän medeni çäreler guralýar. Metjitlerde ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy hem-de parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk ýaly ýörelgelerimizi artdyrmagyň bähbidine, milli agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkitmegiň hatyrasyna doga-dilegler edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň baýramy — mukaddes Oraza baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan, döreden ruhy hem-de maddy gymmatlyklary, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgeleri, asylly maşgala däpleri, ululara hormat goýmak, ata-enäni sylamak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, adalatly bolmak ýaly ýörelgeleri milli terbiýäniň hem esasyny düzýär.

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe döwrebap ylymlara we bilimlere daýanyp, halkymyzyň gadymdan gelýän milli däpleriniň hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda bu ugurda ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek babatda, ilkinji nobatda, maddy we ruhy baýlyklarymyza, ruhy-ahlak ýörelgelerimize aýratyn üns berýäris.

Baý mirasymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza hormat goýmak, olary goramak we bütin gymmatlygy bilen geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, ruhy-ahlak baýlyklarymyzy dünýä ýaýyp we milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleri geçirýäris. Millilige, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan baýramlarymyzy has-da rowaçlandyrýarys. Bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň hem-de halklaryň birleşmegine, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna, milli ýörelgelerimiziň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belledi.

...Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy metjidiň öňüne gelýär.

Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen hormatly ýaşulular we ýaşlar garşyladylar.

Baştutanymyz kümmete barýar. Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralap, oňa gül çemenini goýdy. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň öten-geçenlerini hatyralap, olaryň ruhunyň şat bolmagyny dileg etmek ýaly asylly däplere eýerdi. Soňra bu ýerde guralan çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyraladylar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň müftüsiniň öten-geçenleri ýatlap, doga-dileg etmegine ygtyýar berdi.

Müfti Gurhandan süreler okap, mübärek Oraza baýramy gününde edilen doga-dilegleriň, ýagşy umyt-arzuwlaryň Hakyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi, şeýle hem türkmen halkynyň merhumlary ýat edip, olaryň ruhuna degsin etmek dessuryny ýerine ýetirdi. Şonda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan asylly işleriň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasynyň sahawatly türkmen topragynda rysgal-berekediň artmagyny, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegini, döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini dileg etdi.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň maşgala aramgähine — gubur başyna geldi.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde milli däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyz olara uly hormat goýýar, bu bolsa türkmeniň öz köklerine ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, dini we dünýewi dessurlaryň täze mazmun bilen baýlaşmagy netijesinde jemgyýetimiz hem hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýär.

Öten-geçenleri ýatlamak babatdaky ynsanperwer ýörelgelerden ugur alyp, biz Watanymyzyň ösmegine, halkymyzyň parahat durmuşynyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşan ajaýyp şahsyýetleriň ýagty ýadygärligine hormat goýýarys.

Türkmen ilinde ula hormat goýmak, kiçini sylamak, şeýle hem halkymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgelerine ygrarly bolmak ynsan üçin parz hasaplanylýar. Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçýän maddy we ruhy gymmatlyklar özygtyýarly döwletimiziň abraýyny we şan-şöhratyny artdyrýar, halkyň agzybirligini, jebisligini, parahatçylyk söýüjiligini we dostlugyny pugtalandyrýar.

Şunda ýaşlaryň ynsanperwerlik, watansöýüjilik we paýhasly pederlerimiziň döreden asylly ýörelgelerine ygrarlylyk esasynda terbiýelenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň baş maksadymyz jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny hem-de ahlak kämilligini, ruhy-medeni mirasa sarpa goýulmagyny, ajaýyp milli ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmegini üpjün etmekdir. Türkmenler —– parasatly, sahy, päk ýürekli, zähmetsöýer, güler ýüzli, dostlukly halk bolup, oňa ruhy tämizlik, milli buýsanç, kömege mätäç bolanlara rehimlilik ýaly belent duýgular mahsusdyr. Türkmen halkynyň bu häsiýetli aýratynlyklary mukaddes Oraza baýramynda öz beýanyny tapyp, ol adamlary asylly işleri amal etmäge, ata Watanymyzyň bähbidine täze belent maksatlary gazanmaga ruhlandyrýar.

Soňra Gypjak obasynda ýerleşen metjitde döwlet Baştutanymyz öz serişdeleriniň — ýazan kitaplary üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna toý sadakasyny berdi.

...Hormatly Prezidentimiz sadaka berilýän bina baryp, özi üçin ýörite bellenilen ýere geçip oturýar.

Türkmenistanyň müftüsi türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürmegini, halkymyzyň agzybirligini, milli Liderimiziň başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileýär.

Doga-dilegden soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip: «Goý, Beýik Biribar okalan doga dilegleri kabul etsin! Ýurdumyzda hemişe asudalyk höküm sürsün! Goý, halkymyz abadan we bagtly durmuşda ýaşasyn» diýdi. Milli Liderimiz tagam çekilmezden öň, bu ýere ýygnananlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Oraza baýramy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň sözüni dowam edip: «Türkmençilikde: «Ölüsini sylan beg bolar...» diýilýär. Ýaňy şu ýere gelmänkäk, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň kümmetine bardyk. Ol ýerde hem doga-dilegler etdik» diýip belledi.

«Goý, mukaddes Oraza aýynda edilen doga-dilegler, berlen agzaçar sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň müftüsine ýüzlenip, tebärek çykyp bermegi sorady. Nahardan soň aýat-töwir edilip, ata Watanymyzyň parahatçylygy we rowaçlygy, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikler dileg edildi.

Aýat-töwir edilenden soň, döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip: «Goý, Beýik Biribar şu gün beren sadakamyzy kabul etsin!» diýdi.

...Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.