Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli baýramy — Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi.

Ýurdumyz üçin şanly sene bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda Türkmenistana hemişelik Bitaraplygyň halkara-hukuk derejesini bermek barada çözgüdi kabul etmeginiň 21 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, toplumlaýyn ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýygnananlar bu uly röwşen baýramyň gadymdan bäri parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän türkmen halkynyň täze taryhyndaky aýratyn ähmiýetini nygtap, millionlarça ildeşlerimiziň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuş we ykdysady ösüşlere, ählumumy howpsuzlyga hem-de dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen parasatly we öňdengörüjilikli içeri hem-de daşary syýasaty üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlary ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda aýratyn ähmiýetli waka bolan Bitaraplyk güni bilen gutlap, Watanymyzyň 21 ýyl mundan ozal saýlap alan taryhy ýoly köp babatda üstünlikli döwlet ösüşini kepillendirdi, munuň özi tutuş halkara bileleşigi üçin mynasyp nusga bolup biler diýip nygtady.

Bellenilişi ýaly, özygtyýarly Türkmenistana berlen hemişelik Bitaraplyk derejesi islendik harby we harby-syýasy toparlara hem-de guramalara gatnaşmazlyk ýörelgelerine daýanýar, munuň özi biziň döwletimize işjeň parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barmaga, Merkezi Aziýadaky ýagdaýy diňe bir gönüden-göni kadalaşdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalary öňe sürmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam berýär.

Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň açylmagy Türkmenistanyň belent abraýynyň subutnamasydyr. Bu düzüm häzirki döwürde sebitiň döwletleriniň arasynda işjeň we birek-birege hormat goýmak arkaly amala aşyrylýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.

Taryhda ilkinji gezek BMG agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan goldanylan Bitaraplyk derejesi döwletimiziň köpugurly daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat boldy, ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyk we giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine hemişe ygrarlydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem ählumumy abadançylygyň bähbitlerine oňyn köptaraply hyzmatdaşlyk üçin açyk bolmak bilen, saýlap alan ýoluna ygrarly boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan uly milli baýram bilen ýene bir gezek gutlap, olara hem-de ähli agzybir türkmen halkyna bagt, abadançylyk, ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň bähbidine döredijilikli zähmetde täze belent sepgitlere ýetmegi arzuw edip:

— Goý, ýaşasyn abadançylyk we parahatçylyk! Goý, güllesin Garaşsyz Türkmenistan we baky
Bitaraplygymyz! — diýen parasatly jümle bilen sözüni tamamlady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi