Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy

 

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen duşuşyk geçirdi.

Ir bilen, GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň sammitiniň başlanmazynyň öňüsyrasynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wagtyň geçmegi bilen gymmatlyga öwrülen GAZ-21 kysymly «Wolga» awtoulagyna erk edip, belent mertebeli myhmanyň sapary mahalynda kabulhanasynyň ýerleşen ýeri bolan kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri D.Medwedew mähirli garşylady.

Gysga söhbetdeşlikden soň, hormatly Prezidentimiz we Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri bilelikde öňki döwürde meşhur bolan, häzir bolsa wagtyň geçmegi bilen gymmatlyga öwrülen awtoulagda resmi duşuşygyň geçirilýän ýerine ugrap, ýol ugrunda ak mermerli paýtagtymyzyň bu merkezi böleginiň binagärlik aýratynlyklaryny synladylar.

Soňra «Oguzhan» Köşkler toplumynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli rus myhmanyny türkmen topragynda ýene-de tüýs ýürekden mübärekläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu günki mejlisiniň gün tertibine biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň ençemesiniň girizilendigini belledi.

Şonuň bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygynyň Aşgabada sapary strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de ösüş ugry boýunça ikitaraplaýyn görnüşde depginli ösdürilýän Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Ýakynda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde sebit we dünýä syýasatynyň meseleleri bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň geljegine aýratyn üns berildi.

Gazanylan ylalaşyklar eýýäm öz anyk netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dek düýn ýurdumyza Çelýabinskiniň zawodyndan turbalar gelip gowuşdy. Iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge türkmen we rus kärhanalarynyň bilelikde gatnaşmagynyň şunuň ýaly mysallaryny örän köp getirip bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ýaly giň gerimli ugurlary gurşap alýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtap, Türkmenistanda orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde öwrenilýän hem-de adamlaryň gürleşýän rus diline hormat bilen garalýandygyny belledi.

Sport barada aýdylanda, bu ulgamda iri wakalaryň hatarynda 2020-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek sambo boýunça dünýä çempionaty bar. Rus pälwanlary bolsa, mälim bolşy ýaly, başa-baş söweşiň bu görnüşinde esasy öňdebaryjylar bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselä ünsi çekip, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň geçen ýyl geçirilen V sammitiniň ähmiýetini nygtady. Hazar deňziniň hukuk derejesi barada konwensiýa gol çekilmegi şol sammitiň möhüm netijesi boldy. Bu bolsa kenarýaka ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwrüň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň netijeli çemeleşmesine ýokary baha berdi. Şonuň netijesinde, hemişe parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň zolagy bolup galmaly Hazar boýunça ençeme möhüm meseleleriň çözülmegini gazanmak mümkin boldy.

Şu ýylyň awgustynda biziň ýurdumyzda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Hazarýaka döwletleriniň ählisi tarapyndan goldanylan Türkmenistanyň bu başlangyjynyň möhümdigine bu foruma gatnaşmaga Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden isleg bildirýänleriň örän köp bolmagy hem şaýatlyk edýär.

Hazar sebiti ägirt uly ykdysady we üstaşyr-ulag kuwwatyna eýedir. Şol kuwwaty, kenarýaka döwletleriniň halklarynyň bähbidine bolşy ýaly, dünýäniň beýleki halklarynyň bähbidine hem peýdalanyp bolar diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hemme rowaçlyklary, Russiýanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we gülläp ösüşi arzuw etdi.

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew hem hoşniýetli sözler we bildirilen mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli gutlag sözlerini hem-de iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Russiýanyň Baştutany Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyga rus tarapynyň hemişe ygrarlydygyny tassyklady.

Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, ol Aşgabatda ýene-de bolup görmäge hem-de gysga wagtlaýyn bolsa-da, häzirki duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we hakykatdan-da, strategik gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdyr.

Häzir Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösýär diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany sözüni dowam etdi hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda getirilen birnäçe mysallaryň bilelikde haýsy taslamalaryň amala aşyrylýandygyna we nähili netijeleriň gazanyljakdygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Bular hem ikitaraplaýyn taslamalar hem-de sebitara we hatda halkara ähmiýetli taslamalardyr.

Ynsanperwer maksatnamalaryň, şol sanda medeniýet we bilim ulgamyndaky maksatnamalaryň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Munuň özi biziň halklarymyzy taryhy taýdan baglanyşdyrýan hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ygtybarly binýady bolup durýan ugurlardyr diýip, Dmitriý Medwedew aýtdy.

Soňra mertebeli myhman Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlar baradaky gürrüňe degip geçip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň häzirki ýagdaýlar boýunça pikir alyşmak, GDA-nyň çäklerinde ykdysady işleriň we birnäçe ynsanperwer taslamalaryň ösüşiniň barşyna baha bermek üçin oňat çärä öwrüljekdigini belledi. Mejlisiň gün tertibinde, dogrudan-da, köp möhüm meseleler bar.

Öňde boljak Hazar ykdysady forumy hem möhüm sebitara ähmiýete eýedir. Onuň işine Russiýanyň wekilleri hem hökman gatnaşar. Bular barada aýtmak bilen, Dmitriý Medwedew bu forumyň örän ýokary derejede geçiriljekdigine hem-de täze gyzykly taslamalaryň onuň netijesine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy myhmansöýerlik hem-de rus wekiliýetine bildirilen mähirli kabul edişlik üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Ynanyşmak, dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygy tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň Premýer-ministri bu duşuşygyň türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdiler.

Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygyna berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri we ähli rowaçlyklary arzuw edip, oňa alabaý güjügini sowgat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alabaýlar gadymdan bäri türkmen halkynyň ynamly ýoldaşydyr we dostudyr. Dmitriý Medwedewe berlen bu sowgat hem köpasyrlyk türkmen-rus dostlugynyň däplerine wepalylygy alamatlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, Merkezi Aziýada itleriň köp tohumlarynyň döremegine täsirini ýetiren alabaýlar türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi, onuň janly we aýdyň nyşany bolup durýar.

Hünärmenler bu itleriň we atlaryň biziň günlerimize çenli asyl görnüşinde gelip ýeten Ýer ýüzünde iň gadymy tohumlardygyny doly esas bilen çaklaýarlar. Türkmen seçgiçileri olarda iň oňat tebigy aýratynlyklary saklamagy hem-de ajaýyp gymmatlyklaryny ösdürmegi başardylar. Şol aýratynlyklaryň we gymmatlyklaryň esasylary edermenlikdir we wepalylykdyr, düşbi-duýgulykdyr hem-de dostanalykdyr. Şu taraplary bilen, olar adamyň ruhy ýagdaýyna kybap gelýär.

Ygtybarlylyk we batyrlyk, açyklyk, eýesine wepalylyk hem-de onuň maşgalasynyň ähli agzalaryna hoşniýetli gatnaşykda bolmak alabaýlaryň häsiýetli aýratynlygy bolup, türkmenleriň durmuşynda hemişe möhüm orun eýeläp geldi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Ençeme asyrlaryň dowamynda bu owadan we edermen haýwanlar Garagumuň çäksiz giňişliklerinde goýun sürülerini we adamlaryň öýlerini goramaga kömek edip geldi.

Biziň günlerimizde alabaý bu tohumy döreden diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bu haýwanlary söýenleriň ählisiniň, olary ömrüniň hemrasy edinenleriň hem-de bu batyrgaý goragçynyň we dostuň sarpasyny belent tutýanlaryň gymmatlygyna öwrüldi.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde, Wepaly diýen owadan türkmen alabaýy türkmenistanlylaryň hem-de ägirt uly sport baýramçylygynyň daşary ýurtly myhmanlarynyň hakydasynda türkmen topragynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan müňlerçe adamlaryň ýüreklerini birleşdiren hakyky dostlugyň nyşany bolup hemişe galar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy bilen bilelikde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilýän ýerine tarap ugradylar.