Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahat geçirdi

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahat geçirdi

 

 

 

 

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, şäheriň esasy şaýollarynyň ugrunda arassaçylyk işleriniň üpjün edilişine üns berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz seýilgäh zolaklarynyň abadanlaşdyrylmagyna we aýratynlyklaryna ünsi çekip, bu ýerde bar bolan baglaryň idegine, paýtagtymyzyň ösümlik dünýäsine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidigini belledi. Seýilgähde adamlaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri we ýokary derejede dynç almaklary üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şähergurluşyk maksatnamasy toplumlaýyn esasda amala aşyrylyp, onda durmuş düzümi ileri tutulýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynda öz beýanyny tapan syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Täze binalar we desgalar gurlanda olaryň maksadyny we ulanyş häsiýetnamalaryny, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegini göz öňünde tutmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Munuň özi seýilgäh toplumlary döredilende, olaryň bar bolanlaryna ideg edilende, esasy ugur alynmaly ýagdaýdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze gurulýan ähli binalar paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumy bilen utgaşyp, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydyr. Şunda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, binalaryň gözelligi, ekologiýa taýdan ähmiýeti, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, zerur bolan düzümleriň döredilmegi, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi möhüm talaplar bolup durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şäheriň hem-de onuň etraplarynyň dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ajaýyp baýramyň — ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gününiň öň ýanynda ýetip gelen bu baýram bilen gutlamak hem-de şäherde bar bolan çözülmeli meselelere we kemçiliklere seretmek üçin paýtagtymyzyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak barada karara gelendigini habar berdi.

Belli bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Permany bilen Aşgabat şäheriniň gününiň döredilendigini, bu baýramyň şäherlerimizde we obalarymyzda henize çenli hiç wagt görilmedik taryhy hem-de ägirt uly özgertmeleri wagyz etmek üçin döredilendigini belläp, döwlet Baştutanymyz şäheriň ýolbaşçylaryna we beýleki degişli ýolbaşçylara bu ajaýyp baýramçylygy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Şondan bäri alty ýyl geçdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Uzak bolmadyk şu döwrüň içinde Aşgabat Garaşsyz döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezi hökmünde öz ornuny has berkitdi. Biziň ak mermerli paýtagtymyz halkara derejesinde öz abraýyny has-da artdyrdy. Sebitde parahatçylygy goldaýjy, medeni we işewürlik merkezine, Gündogarda aýdylyşy ýaly, Aziýanyň merjenine öwrüldi.

Aşgabada diňe bir ilkinji gezek gelýänler däl, eýsem, paýtagtymyzyň hemişelik myhmanlary hem şäheriň ajaýyp görküni görüp, onuň gözelligine we depginli ösýändigine haýran galýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu geň galdyrjak ýagdaý däldir. Sebäbi, amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbini emele getirdi. Belent we gözel binalar, alnyp barylýan täze gurluşyklar şäheriň myhmanlaryny häzir hem haýran galdyrmagyny dowam edýär. Bu gurluşyklaryň gerimi, ajaýyplygy we ylmy taýdan esaslandyrylandygy, iň esasy bolsa, ýaşaýyş-durmuş maksatlaryna niýetlenendigi aşgabatlylaryň özlerini hem haýrana goýýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňra nygtaýşy ýaly, gözel paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp desgalary az däl. Bu bolsa, ak mermerli şäherimizi ösdürmekde gazanan ägirt uly üstünliklerimiziň dünýä derejesinde ykrar edilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, Garaşsyz Türkmenistanyň gözel paýtagtynyň dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýöne ýere däldir.

Ýaşuly nesiller Aşgabadyň pessejik jaýlary, könelişen binalary bolan, işlemek we dynç almak üçin şertleri bolmadyk şäher döwrüni ýatlaýarlar. Ýöne taryh üçin gysga wagtyň içinde, diňe birnäçe ýylyň dowamynda paýtagtymyz häzirki haýran galdyrýan gözel görküne, oýlanyşykly binagärlik keşbine eýe boldy.

Paýtagtymyza Ruhabat etrabynyň şäher ýakasyndaky ilatly ýerleriniň we Abadan şäheriniň goşulmagy onuň çäklerini has-da giňeltdi. Ony dünýä derejeli uly şähere öwürdi. Şähere ýakyn sebitleriň durmuş-ykdysady mümkinçiligini artdyryp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrdy.

Şunuň bilen birlikde, biziň öňümizde, şeýle hem Aşgabat şäheriniň ýolbaşçylarynyň öňünde ilkinji nobatda çözülmegini talap edýän birnäçe wezipeler dur: olaryň çözülmegi paýtagtymyzy işlemek hem-de ýaşamak üçin örän amatly, gözel şäher hökmünde Aşgabadyň abraýyny has-da ýokarlandyrar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerinde bolşy ýaly, Aşgabatda hem alnyp barylýan gurluşyklaryň depgininiň ýokary bolmagynda galýandygyny belläp, şäher häkimliginiň täze binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň tertibine gözegçiligi güýçlendirmelidigini nygtady. Şäheriň köçeleri we şaýollary döwrebap ýagdaýa getirilmelidir, olaryň täzelerini gurup, bellenen wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy üpjün edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ýöne gynansak-da, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň paýtagtymyzda tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygyny nygtady. Şoňa görä-de, şäherde bikanun gurulýan binalara gabat gelinýär. Bu bolsa, diňe bir paýtagtymyzyň binagärlik keşbine zyýan bermek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ekologiýa taýdan abadançylygyna hem zelel ýetirýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabatda gurluşyklar toplumlaýyn esasda amala aşyrylýar. Ýurdumyza gelýän myhmanlar, şol sanda şähergurluşygy boýunça hünärmenler hem Aşgabatda binalaryň we desgalaryň örän oýlanyşykly gurulýandygyna haýran galýarlar. Olaryň üpjünçilik ulgamlary bilen, ýagny ýanynda çagalar we sport meýdançalarynyň, giň köçeleriň, durmuş maksatly desgalar bolan mekdepleriň, çagalar baglarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, dükanlaryň we beýleki zerur desgalaryň gurlandygyny görýärler. Bu bolsa, şäheriň kiçi etrapçalarynyň hem öz-özüni üpjün edip, amatly ýaşaýyş şertlerini döretmegine gönükdirilendir.

Emma, käbir binalaryň göz öňünde tutulan maksatlar üçin ulanylmaýandygy ýüze çykaryldy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Mysal üçin, käbir desgalaryň azyk we hojalyk dükanlaryna niýetlenen üçünji gatlary hususy fitnes-klublar, dürli gurnaklar, disko-merkezler we beýleki maksatlar üçin berlipdir. Munuň üçin ýörite bellenen ýerler bar, şol ýerler bolsa, ulanylman dur.

Şu ýyl ýurdumyzda öň hiç wagt görülmedik möçberde köp ýagyş ýagdy. Şeýle köp ýagşyň ýagmagy lagym ulgamlarynyň we köçelerdäki suw sowujy ulgamlaryň geçiriş mümkinçiliklerini gowulandyrmagyň zerurdygyny aýdyň görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Biz ýaňy-ýakynda Jemagat hojalygy ministrligini ýapdyk. Onuň wezipelerini işe päsgel berýän ýagdaýlary aradan aýyrmak we ýüze çykýan meseleleri çalt çözmek üçin şäher häkimliklerine berdik. Mälim bolşy ýaly, köp günüň dowamynda güýçli ýagyş ýagmagy we howanyň çyglylygynyň ýokarlanmagy netijesinde, Aşgabatda dürli görnüşli kebelekler we beýleki mör-möjekler peýda boldy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de ýöne, häkimiýetiň ýerli dolandyryş edaralarynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bu hadysalaryň öňüni almak üçin netijeli işleri alyp barmandyklaryny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy kabul edilen ekologiýa kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak boýunça derwaýys çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Bu bellikler mör-möjekleriň köpelişine gözegçilik etmeli we olaryň ýaramaz täsirleriniň öňüni almaly edaralara hem degişlidir.

Biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň ekologiýa taýdan abadançylygy alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şoňa görä-de, şäherleriň köçelerini arassa saklamak üçin häzirki zaman enjamlary we zir-zibil daşaýan ulaglar, beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Bu bolsa şäherde ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini saklamaga mümkinçilik berýär. Ýöne, muňa garamazdan, bu ugurda gyssagly çözülmeli meseleler hem bar. Bu, ilkinji nobatda, «plastika» bilen bagly meseledir.

Ýurdumyzda azyk senagaty çalt depginler bilen ösýär. Telekeçiler bu pudagyň ösmeginde möhüm orun eýeleýärler. Şonuň netijesinde, diňe ýakymly tagamy bilen däl, eýsem, saglyk üçin peýdalydygy bilen tapawutlanýan dürli görnüşli alkogolsyz içgiler hem köp öndürilýär. Bu önümler diňe bir çüýşe gaplara däl, eýsem, plastik gaplara hem guýulýar. Çüýşe gaplar, elbetde, has göze ýakymly görünýär. Ýöne, plastik gaplary hem ulanmagy durmuş talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz adamlaryň köp ýygnanýan ýeri bolan iri sport ýaryşlary geçirilende, halkara kadalaryna laýyklykda, alkogolsyz içgileri diňe plastik gaplarda ýerlemäge rugsat edilýär diýip, belledi. Plastik gaplaryň ulanylmagy bu serişdeleriň galyndylarynyň artmagyna getirýär.

Ulanmak üçin amatly, ýöne ekologiýa nukdaýnazaryndan howpsuz bolmadyk plastik haltajyklaryň we beýleki önümleriň artdyrylmagy meseläni has-da kynlaşdyrýar. Sebäbi, bu önümleriň dargaýan döwri ýüzlerçe ýyla barabardyr. Käbir ýurtlaryň şäherlerinde plastik önümleriň galyndylary suw sowujy ulgamlarda dykynlary döredip, suw joşmalaryna getirdi.

Biziň ýurdumyzda bu ugurda uly mesele döränok. Ýöne, muňa garamazdan, şäherleriň ýolbaşçylary plastik önümleri ikilenç ulanmak we gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibiniň nobatdaky meselesine geçmek bilen, ýurdumyzda ýollary we köçeleri döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de täzelerini gurmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Ýokary tizlikli häzirki zaman awtomobil ýollary hem gurulýar. Bu ýollar Watanymyzyň ähli sebitlerini birleşdirer, şonuň ýaly-da, goňşy ýurtlara çykmaga mümkinçilik berer.

Şäherlerimizde we obalarymyzda döwrebap köçeler döredilýär. Bu ýollar geljegi nazara alnyp gurulýar. Bularyň gurluşygynda hususy we döwlet awtoulag serişdeleriniň yzygiderli artjakdygy hem göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde köçelerde maşynlaryň sany barha köpelýär, bu bolsa, ýol çyzgytlarynyň çalt sürlüp ýitmegine getirýär. Häkimlikleriň degişli gulluklary bu ýagdaýy hemişe göz öňünde tutmaýarlar. Anyk belgilenen bu çyzgytlar ýollarymyzdaky hereketiň howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biridir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulaglar bilen baglanyşykly meseläni dowam edip, şäherleriň çäkleriniň giňelýändigini göz öňünde tutmak bilen, iň täze şäherara we şäher awtobuslarynyň yzygiderli satyn alynýandygyny belledi. Şeýle hem, taksi hökmünde ulanmak üçin ýeňil awtoulaglar satyn alynýar. Bu örän rahat awtoulaglar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Olar ýolagçylary şäheriň islendik ýerine çalt we rahat eltmäge mümkinçilik berýär. Biz bu işlerde döwrümiziň şygary bolan «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatdan ugur alýarys diýip hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýöne, Aşgabadyň çäklerinde işlemek üçin niýetlenen taksileriň sürüjileriniň girdejä kowalaşyp, paýtagtyň çäklerinden çykýan ýagdaýlary hem köp duş gelýär. Bu bolsa, ýol berilmeli ýagdaý däldir. Çünki, şäheriň daşyndaky gatnawlar we şäherara gatnawlary üçin ýörite awtoulaglar bar. Şeýle bolansoň, hususy taksi hyzmatlaryna isleg hem artýar. Hususy taksi hyzmatlaryny edýän sürüjileriň käbirinde bolsa, köplenç bu işe hukuk berýän ygtyýarnama hem, sürüjilik şahadatnamasy-da, ýolagçy gatnatmak üçin tejribe hem ýok. Bu ýagdaý bolsa, ýollarymyzda howpsuzlygy üpjün etmäge ýaramaz täsir edýär. Şoňa görä-de, Aşgabat şäheriniň häkimligi bu meseläni çözmäge hem üns bermelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Şäherlerimizde we obalarymyzda ekologiýa taýdan abadançylygy üpjün etmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatly ýerlerde köp sanly baglaryň we gülleriň oturdylmagyny höweslendirmegiň zerurdygyny belledi. Biziň bagy-bossanly seýilgählerimiz we seýilbaglarymyz adamlaryň dynç almagy üçin örän amatly ýerlerdir. Biz bu ýerlerde baglaryň we gülleriň sanyny artdyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz olaryň ýere gaçan ýapraklarynyň ýygnalyp alynmagyna uly üns berilmelidigini aýtdy.

Bu işlere ýerli häkimiýet edaralary aýratyn üns bermelidir. Aşgabatda bolsa, iri, şol sanda halkara derejesinde çäreler yzygiderli geçirilýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda we beýleki şäherlerimizde ýurdumyzyň myhmanlary hem-de ilaty üçin rahatlyk we ekologiýa babatda has amatly şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz şäheriň häkimliginiň ýolbaşçylaryndan bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, garamagyndaky gulluklaryň işini güýçlendirmegi tabşyrdy. Olaryň wezipesi paýtagtymyzda düzgün-tertibi üpjün etmek bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe söz berdi. Häkim ýurdumyzyň baş şäherini has-da abadanlaşdyrmak, onda amatly ekologiýa gurşawyny üpjün etmek, gök zolaklary we seýilgähleri döretmek, öňde boljak dabaralara taýýarlyk görmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa söz berildi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan meýilnama laýyklykda, Aşgabadyň binagärlik keşbini gowulandyrmak, ony gülläp ösýän gür baglyga öwürmek boýunça iri möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlar döwrebaplaşdyrylýar. Şäheriň ýol-ulag düzümini ösdürmek, onuň şaýollaryny, köçelerini we seýilgählerini, medeni-durmuş we beýleki maksatly binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Jemagat hojalygy we şäheriň beýleki ugurdaş gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, paýtagtymyzyň energiýa we suw üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işinde bar bolan käbir kemçilikleri agzap geçen hem-de olary düzetmek boýunça tabşyryklary beren maslahatynyň netijelerini jemlemek bilen, döwlet Baştutanymyz eger bu kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetsek, ak mermerli paýtagtymyz öňküsinden hem gözel, eziz watandaşlarymyzyň ýaşamagy üçin has oňaýly şähere öwrüler diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümetiniň alyp barýan köptaraply işi hem hut şu wezipä — halkymyzyň abadan we rahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, ýygnananlary, olaryň üsti bilen ähli halkymyzy, şol sanda paýtagtymyzyň ilatyny ajaýyp baýramçylyk —Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglygyny, bagtyýar durmuş we işde uly üstünlikleri arzuw etdi.