Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we alabaý hakyndaky kitabynyň üstünde işlemegini dowam etdi

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we alabaý hakyndaky kitabynyň üstünde işlemegini dowam etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda boldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy we bedew bilen gezim etdi. Milli Liderimiz toplumyň çäginde täze doglan alabaý tohumyndaky güjükleri synlady we asylly däbe görä, olaryň özboluşly aýratynlyklaryny nazarda tutup, güjüklere at dakdy. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz bu ýerdäki iş otagynda döredijilik bilen meşgullanyp, alabaý hakyndaky täze kitabynyň üstünde işledi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden uzakda bolmadyk künjekde ýerleşýän serhet galasyna bardy.

Ir säher bilen milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Düýnki ýagan öýlänçi dag eteklerinde janly-jandar üçin ýakymly howa gurşawyny emele getirdi. Tenekar howanyň ynsan kalbyna ýakymly täsiri ylham joşgunyny döredýär. Dag etegindäki baýyrlaryň ýaşyl lybasa beslenmegi türkmen baharynyň sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Şapolat atly bedew bilen didarlaşdy we atly gezim etdi.

Milli Liderimiz ussat çapyksuwar, halypa seýis, tejribeli atşynas hökmünde behişdi bedewlere uly sarpa goýup, döwlet ähmiýetli möhüm işleriniň arasynda bedewler bilen didarlaşmaga wagt tapýar. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzda atçylyk pudagy ösüşiň täze derejesine çykdy. Şeýlelikde, atçylyk pudagynyň ösdürilmegine, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagyna, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu işler atçylyk sportunyň ösdürilmegini we at seýislemegiň hem-de at çapmagyň gadymy ýörelgeleriniň wagyz edilmegini şertlendirýär.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde täze doglan alabaý güjüklerini synlady. Biri-birinden öňe geçip, biri-birinden üstün çykjak bolýan güjükleriň hereketinde özboluşly dogumlylyk, gaýduwsyzlyk duýulýar. Mälim bolşy ýaly, alabaý tohumynyň batyrlygy, gaýduwsyzlygy hem-de eýesine juda wepalydygy baradaky maglumatlar dünýä ylmynda möhüm orun eýeleýär.

Zehini daş ýaran şöhratly pederlerimiz türkmen alabaýlary, ahalteke bedewleri we ajaýyp halylar ýaly bütin dünýäniň ykrarnamasyna eýe bolan milli gymmatlyklary döredipdirler. Bu degişli ugurlar boýunça meşgullanýan adamlaryň yhlasyndan, olaryň irginsiz zähmetinden kemal bolan milli gymmatlyklar müňýyllyklaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän, barha kämilleşdirilipdir we ösdürilipdir. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky islendik işiň başyna baranynda, oňa ýüregi bilen ýapyşyp, zehinini siňdirýär. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz pederlerimiziň döreden gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde kämillige eýe bolýandygyny, türkmen halkynyň ahalteke bedewleri, türkmen alabaýlary, aw tazylary we el halylary ýaly döreden gymmatlyklarynyň asyrlaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmeýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde täze doglan alabaý güjüklerini synlap, olaryň hersiniň aýratynlyklaryny, halkymyzyň atlara we alabaýlara at dakmak ýaly asylly ýörelgelerini nazara alyp, güjükleriň hersiniň özüne mahsus atlary dakdy hem-de bu ýörelgäniň çuňňur mana eýedigini we onuň taryhy geçmişden häzirki döwürlere çenli dowam edýändigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş otagyna geçip, bu ýerde alabaýlar hakynda täze kitaby ýazmaga girişdi. Ylmy maglumatlara görä, taryhy birnäçe müň ýyllyga uzaýan alabaý hemişe adamlaryň hemrasy, olaryň ýakyn ýardamçysy bolupdyr.

Türkmen alabaýlary örän akylly, çakdanaşa batyr köpekler hökmünde ykrar edildi. Şeýle hem olar duýujylyk ukyby örän ýokary bolan üşükli, aýratyn-da, gorag babatda tapylgysyz hasaplanylýar. Olarda eýesine öwrenişip, olar bilen uýgunlaşyp, adamlaryň ýakyn hemralaryna öwrülmek ukyby ösen bolýar. Bu bolsa milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, alabaýlaryň ýagşylygyň tarapdarydygyny aňladýar.

Türkmen alabaýlary özlerini erkin duýýarlar. Şonuň üçinem olary haýsydyr bir endiginden el çekdirmek aňsat däldir. Özi üçin ýat adamlara olar şübhe bilen garaýarlar. Beýleki itlere bolsa olaryň garaýşy has-da ýowuz. Alabaýlaryň ýaşaýan maşgalasynyň agzalaryna garaýşy welin, ýakymlydyr. Olar bu öýüň çagalary bilen hasam mähriban bolýarlar. Alabaýlar çagalaryň ýanynda ene-atasy bolmasa, öwredilen ýaly, olara gözegçilik edip, çagalaryň ýanyndan aýrylmaz.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllaryň dowamynda alabaý itleriniň taryhyna degişli maglumatlaryň toplanylmagyna, ýurdumyzyň çäginde iň gadymy mekanlar hasaplanylýan Jeýtun, Altyndepe, Marguş diýen ýerlerde gazuw-agtaryş işleriniň netijeli alnyp barylmagyna möhüm ähmiýet berendigi hemmelere mälimdir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde Türkmenistanda Golýazmalar instituty döredilip, onuň alymlary halkymyzyň döreden milli gymmatlyklara degişli taryhy maglumatlar we golýazmalar toplumyny ýygnadylar. Bu bolsa türkmen halkynyň taryhyny, olaryň döreden aýratynlyklaryny dikeltmekde aýratyn ähmiýetli boldy.

Geçirilen ylmy-barlag işleriniň dowamynda beýleki gymmatly maglumatlar bilen bir hatarda alabaý tohumdaky itleriň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda gazuw-agtaryş işleri geçirilende itiň mazarlarynyň tapylmagy, gadymy türkmen alabaýlarynyň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigini aňladýar.

Altyndepeden tapylan alabaýlaryň toýundan edilen heýkeljikleriň döredilen senesi biziň eýýamymyzdan ozalky döwre degişli bolup durýar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz täze kitaby döretmek işinde hut şu maglumatlardan ugur alyp, olaryň täze eserde mynasyp orun eýelemegine möhüm üns berýär. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň türkmen halkynyň alabaýlar hakynda döreden nakyllarynyň miladydan öňki zamanyň müňýyllyklaryna aralaşýandygyny äşgär edýär.

Şeýlelikde, täze kitapda türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri hakyky dosty bolup gelýändigi baradaky gyzykly maglumatlar, olara dünýä alymlarynyň beren ünsi baradaky maglumatlara möhüm orun berilýär. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, alabaý itleri çopanlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülýär. Munuň özi alabaýlaryň wepalylygyny, olaryň aýratyn häsiýete eýedigini aňladýar.

Il içinde «It janly» diýen jümläniň ýörgünli bolmagy çydamlylyga, gaýduwsyzlyga berilýän derejäniň mysaly bolup durýar. Çünki türkmen alabaýlary Türkmenistanyň yssy hem-de sowuk howa şertlerine uýgunlaşmaga, islendik çylşyrymly ýagdaýlara garşy durmaga ukyply hasaplanylýar. «It ýaly sagdyn» diýilmeginiň manysy bolsa her hili ýagdaýa döz gelmek, durnuklylyk ýaly manylary öz içine alýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döredilýän täze eserde taryhyň dowamynda güýçli, gaýduwsyz, akylly, çydamly hem-de wepaly alabaýlaryň türkmen halkynyň maşgala agzalarynyň birine deňelýändigi baradaky maglumatlar, alabaýlaryň öýleriň sakçysy, awçy, sürüleriň goragçysy hökmünde gazanan meşhurlygyny häzirki döwürde mynasyp dowam edýändigi hakyndaky gyzykly gürrüňler esasy orun eýeleýär.

Meşhur goşguda aýdylyşy ýaly,

Ol çopanyň ýoldaşy,

Goýunlaryň syrdaşy,

Gije-gündiz hemişe,

Gorar sürini-goşy

— diýen şahyrana setirlerde alabaýyň hakyky keşbi beýan edilýär.

Türkmen alabaýlarynyň tohumy asyrlarboýy kämilleşdirilip gelnipdir. Çopanlar kiçijik güjükleriň diňe kellesi ulularyny, ekabyrlaryny alyp, olary idedipdirler. Asyrlaryň dowamynda alnyp barlan milli seçgiçilik işleri alabaýlarda iň gowy häsiýetleriň we tohumlyk sypatlaryň saklanyp galmagyna we olaryň ösdürilmegine ýardam edipdir. Häzirki döwürde hem arassa ganly alabaýlaryň tohumyny köpeltmek işleri döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz her bir eseri döredende, oňa degişli taryhy çeşmeleriň, häzirki zaman ylmy maglumatlarynyň utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa eseriň diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, bu ugur bilen meşgullanýan dünýä alymlary, giň okyjylar köpçüligi üçin has-da ähmiýetli bolmagyny şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz döredijilik işini tamamlap, toplan maglumatlaryny ýene bir ýola gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyz başlan işini dowam etmegiň ugurlaryny kesgitläp, bu günki işini jemledi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerden uzak bolmadyk serhet galasyna tarap ugrady. Serhet galasynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Döwlet serhedindäki asuda ýagdaý, serhetçileriň gulluk ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, serhetçileri ýakynlaşyp gelýän we ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady. Milli Liderimiziň serhetçilere dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň alamaty hasaplanylýan Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak ýaly jogapkärli wezipelerinde üstünlik arzuw etdi.

Milli Liderimiz serhetçi esgerleriň gulluklary, olaryň dynç alşy we bu ýerde döredilen şertler bilen içgin gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerler bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda dünýä ykrarnamasyna eýe bolan we umumydünýä gymmatlyklarynyň möhüm bölegine öwrülen türkmen halysy, ahalteke atlary, türkmen alabaýy ýaly milli gymmatlyklary döredendigini gürrüň berdi. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary ýaly türkmen alabaýlarynyň hem halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendigini aýtdy. Şunlukda, häzirki döwürde alabaý tohumdaky itler goýun sürülerini, emlägi, şeýle hem Döwlet serhedini goramakda giňden ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmenlerde dünýä ähmiýetli gymmatlyga öwrülen alabaý itlerine bolan garaýşyň üýtgeşikdigini belledi. Taryhy maglumatlarda, halk rowaýatlarynda alabaýlaryň merdanalygy, olaryň wepalylygy we islendik çylşyrymly pursatlarynda öz janlaryny orta goýup, adamlary halas etmäge bolan ukyby barada aýdylýar.

Milli Liderimiz serhetçi esgerlere türkmen alabaýlarynyň görkezen gaýduwsyzlygy, wepalylygy baradaky rowaýatlary gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, halkymyzyň döreden «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many bar, bu jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar.

Döwlet Baştutanymyz şu gün serhetçi esgerlere mukaddes çäkleri goramakda ýakyn syrdaşa öwrüljek alabaý güjükleriniň ýedisini sowgat berýändigini aýtdy. Milli Liderimiz türkmen ilinde ýedilik belginiň mukaddes saýylýandygyny, onuň bar ýerinde rowaçlyklaryň artýandygyny aýdyp, bu güjükleriň halkymyzyň ýagşy dessurlaryny mynasyp dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleriniň degişli tälimleri geçensoň, mukaddes serhedi goramaga ukyply bolýandygyny köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Bu köpekler geljekde serhetçileriň ýakyn ýardamçylaryna, olaryň wepaly kömekçilerine öwrülerler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda türkmen alabaýlary bilen ýörite okuw tälimleri geçirilýär, olaryň netijesinde türkmen alabaýlary jenaýatçylary ele salmak, şeýle hem partlaýjy maddalary ýüze çykarmak ýaly ukyplaryny ýüze çykarýarlar. Türkmen alabaýlary hem edil ahalteke bedewleri ýaly, asyrlarboýy türkmen halkynyň wepaly dosty we ýoldaşy bolup geldiler.

Bu özboluşly türkmen itleriniň söweşjeň häsiýete eýe bolandygyna taryh şaýatdyr. Şol bir wagtyň özünde bu tohumdaky irimçik itler öz eýesine, ýaşaýan öýüniň maşgala agzalaryna juda wepaly bolupdyrlar.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz alabaýlary serhet gullugyna taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileri öňde boljak şanly seneler bilen ýene bir ýola gutlap, olara döwlet serhedini goramak ýaly mukaddes gulluklarynda üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.