Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, welaýatlary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerine garaldy.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bu welaýata gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowy çagyrdy.

Häkim welaýatda şu gyzgalaňly günlerde durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berip, gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça çäreler, welaýatyň ekin meýdanlarynda amala aşyrylýan beýleki agrotehniki çäreleriň alnyp barlyşy, şeýle hem gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýat boýunça bu gymmatly tehniki ekiniň ekişiniň ýagdaýyna wise-premýeriň we häkimiň ünsüni çekdi hem-de agrotehnikanyň kadalaryna berk eýermek arkaly gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň ýene-de bir jogapkärli möwsümi bolan galla oragynyň hem ýakynlaşyp gelýändigini belläp, bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde agrotehniki çäreleriň toplumlaýyn esasda, bellenen kadalara pugta laýyk alnyp barylmagyna gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere hem-de häkime ýüzlenip, öňde goýlan wezipeleriň, şol sanda Oba milli maksatnamasynda we beýleki döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ähli tagallalaryň gönükdirilmelidigini aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýata gözegçilik edýän orunbasary M.Çakyýew, şeýle hem wise-premýer Ç.Purçekow çagyryldy.

Häkim welaýatda alnyp barylýan işler hem-de gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde welaýatyň ekin meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň geçirilişi, şeýle hem gurluşyk desgalarynda işleriň ýagdaýy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalaryny berk berjaý etmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň bereketli hasyly almagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi hem-de meýilleşdirilen işleriň öz möhletinde guralmagyny üpjün etmek barada wise-premýerlere we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet maksatnamalaryny, şol sanda Oba milli maksatnamasyny, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň beýleki işler bilen utgaşykly alnyp barylmagynyň möhümdigini nygtap, şolaryň halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga oňyn täsir edýändigini belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu işlere hem ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidigine ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we öz wagtynda gurlup gutarylmagy, döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere öňde goýlan ähli wezipeleriň berjaý edilmegini gazanmagyň wajypdygyny nygtap, olara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşygy dowam edip, Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewi hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bu welaýata gözegçilik edýän orunbasary G.Myradowy çagyrdy.

Häkim sebitde giň gerimde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda gowaça ekişiniň barşy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri we galla oragyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabatda geçirilýän beýleki agrotehniki çäreler bilen bir hatarda, ekinleriň suwarylyşy barada-da habar berildi. Şeýle hem häkim welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri geçirmek bilen bagly meselelere jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bereketli galla hasylyny almak üçin agrotehnikanyň döwrebap, ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryna aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň hil derejesine yzygiderli gözegçiligiň amala aşyrylmagyny hem-de öz wagtynda ulanylmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere we häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bu welaýata gözegçilik edýän orunbasary M.Meredow çagyryldy.

Welaýatyň häkimi sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri, gowaça ekişiniň barşy, geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitde gurulýan dürli maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýeriň hem-de häkimiň ünsüni welaýat boýunça gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de bu işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň şu günüň esasy talaplarynyň biridigini aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görülmelidigi barada aýdyp, bu jogapkärli möwsümde daýhanlaryň we mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertleriň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde degişli çäreleriň toplumyna üns berilmelidigini aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda häkime we wise-premýere welaýatda gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamak barada hem tabşyryklar berildi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy.

Häkim sebitde oba hojalygyny ösdürmek, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, bugdaýa ideg etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan beýleki agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyny, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler barada aýdylyp, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň häzirki tapgyrynyň möhüm wezipelerine ünsi çekmek bilen, gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek barada wise-premýere we häkime anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz galla oragyna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň ähmiýetine ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýygnalan hasyly saklamak üçin ammarlary möwsüme taýýarlamak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz halkyň hal-ýagdaýynyň derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini belläp, sebitde bina edilýän durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny, olaryň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň jemini jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan ähli işleriň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini we türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi. Eziz Diýarymyzyň her bir raýaty «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny öz durmuşynda duýmalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.