Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministrini kabul etdi

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleýi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, şu günler bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdul-Aziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer şazada Muhammed Ben Salman Al Saudyň adyndan bagt, parahatçylyk we bütin türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny we mähirli salamyny ýetirdi.

Dostlukly döwletiň wekili Türkmenistana gelip görmäge hem-de behişdi bedewleriň şanyna geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga döredilen mümkinçilige şatdygyny belledi.

Myhman Türkmenistanda geçirilýän hem-de arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy milli däpleriň gaýtadan dikeldilmegine, goralyp saklanmagyna we dowam etdirilmegine, aýratyn gözelligi we çeýeligi bilen tapawutlanýan atlaryň bu täsin tohumynyň dünýäde giňden wagyz edilmegine gönükdirilen iri möçberli işlere ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanda özara hormat hem-de ynam esasynda ýola goýlan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erk-islegine we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryna esaslanýan türkmen-saud gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada düýpli pikir alyşmalar boldy, söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn depgini bellenildi. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň maý aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Saud Arabystany Patyşalygynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleý birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.