Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Lamberto Zanniýer bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, halkara foruma gatnaşýandygy üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Maslahatyň gün tertibine ulag kommunikasiýasy ýaly möhüm ulgam bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Şol syýasat bolsa oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Milli Liderimiz ÝHHG bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, uly kuwwata eýe bolan özara gatnaşyklary ösdürmäge ýurdumyzyň taýýardygyny tassyklady.

ÝHHG-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza mähirli garşylandygy hem-de söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň Türkmenistan bilen ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Myhman türkmen Lideriniň köp şahaly utgaşykly ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolan başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýetini belläp, Aşgabat forumynyň häzirki dünýä ösüşiniň wajyp wezipelerini netijeli çözmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Bu hyzmatdaşlygyň özara başlangyçlara hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimlere esaslanýandygy we halkara giňişliginde tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysaly bolup durýandygy bellenildi. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ýollaryny döretmek meselesine hem aýratyn üns berildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyny ösdürmäge maýa goýumlarynyň geosyýasatyň möhüm şerti, döwletlere we sebitlere uly ykdysady mümkinçilikleri açýan kuwwatly goşulyşmak serişdesi bolup durýandygy nygtaldy.

Ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meseleleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşant goşup gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Olar diňe bir bu giň möçberli taslamalara gatnaşýan döwletlere däl, eýsem, sebitiň ähli ýurtlaryna uly ykdysady peýda getirer.

Olaryň hatarynda Atamyrat—Ymamnazar—Akina transmilli demir ýoly bar. Ol Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji tapgyryna öwrüler. Şu ýol boýunça ýakyn günlerde Owganystana ilkinji ýükler ugradylyp başlanar. Desgalaryň hatarynda “Ymamnazar” gümrük nokadyndaky nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak boýunça terminal hem bar.

Pursatdan peýdalanyp, ÝHHG-niň Baş sekretary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýyl bellenilen şanly sene—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy hem-de golaýlaşyp gelýän baýramçylyk—Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady.

Köp ýyllaryň dowamynda men Türkmenistana gelýärin hem-de bu ýerde haýran galdyryjy özgerişlikleriň bolup geçýändigini görýärin diýip, jenap Lamberto Zanniýer aýtdy we ýurdumyzyň dürli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi hem-de türkmen halkyna döredijilik we ösüş ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen birek-birege hormat goýmak hem-de uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi