Türkmenistanyň Prezidenti sebitleri ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sebitleri ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan mejlisde, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ara alyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Maslahata gatnaşyjylar özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilýän işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz wise-premýerleriň özleriniň jogapkär hökmünde bellenilen welaýatlarynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapan durmuş ugurly wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilen işleri ilerletmek meselelerine aýratyn üns berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şeýle hem hususy bölegiň öňünde Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamany hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek wezipesiniň durýandygy bellenildi.

Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalandyrylmagynda, telekeçileriň durmuş üpjünçiliginiň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşmagynda, iň esasy bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Milli Liderimiz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine doly laýyk gelýändigini nygtady.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi we suw diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýä derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde täzeçil tehnologiýalar, häzirki zamanyň ösen tejribesi işjeň ulanylýar. Bu bolsa pudagyň milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna ünsi çekip, ony häzirki zaman bazar gatnaşyklaryny nazara almak, şeýle hem innowasiýa tehnologiýalaryny we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze etrapçanyň döredilmegi Aşgabat şäherini uzak möhletleýin esasda ösdürmek boýunça maksatnamanyň başyny başlar. Şunlukda, bu künjekde häzirki zaman şäherçesi, belent binalar emele geler. Bu bolsa ýurdumyzyň baş şäheriniň şähergurluşyk-binagärlik taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Bu şähergurluşyk-binagärlik taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bina edilýän desgalarda döredijilikli zähmet, ýokary derejeli ýaşaýyş we göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün ediler. Täze etrapça şäheri ösdürmegiň nusgalyk derejesine eýe bolmalydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, bu ýerde ýaýbaňlandyryljak işlere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň golaýynda şäher görnüşli obany döretmek boýunça kabul edilen çözgüdiň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz bu ýerde bolup, Garagumuň merkezinde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap oba dörediler. Şeýle hem kölüň golaýynda maldarçylygyň, ekerançylygyň we balykçylygyň ösdürilmegi meýilleşdirildi. Munuň özi Garagum sährasynda täze durmuşyň döredilmegi bilen bir hatarda, bu künjekde daşky gurşawyň sagdynlaşmagyny, onda ekologiýa taýdan arassa önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala gelmegini hem-de täze iş orunlarynyň üpjün edilmegini şertlendirer.

Bu bolsa halkymyzyň durmuş ulgamyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän obada dörediljek mümkinçilikler ösen halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidir, ýaýbaňlandyryljak işlerde ylmyň gazananlaryna, täzeçil tehnologiýalaryň we häzirki zaman tejribeleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz bildirilýän ähli talaplaryň nazara alynmagy bilen, bu işler döwletimiziň alyp barýan içeri syýasatyna laýyk geler diýip belledi.

Gurluşyk ulgamyna degişli gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çäginde bina ediljek desgalaryň gurluşygynda, her bir binanyň bezeg işlerinde häzirki zaman ösen tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagynyň zerurdygyny belledi. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýän döwrebap binalardan ybarat bolan merkeze öwrülmelidir.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli işlemegi we dynç almagy üçin aňrybaş şertler üpjün edilmelidir. Adam hakdaky alada esasy orunda durmalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň Halaç, Kerki, Saýat we Çärjew etraplarynda bina ediljek täze şäherçeleriň nusgalyk derejä eýe bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir. Olarda ilatyň durmuş üpjünçiliginiň ýokary derejede ýola goýulmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şeýle hem täze şäherçeleriň gurluşygynda ylmyň ýokary gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmelidir, onda ýurdumyzyň ekologiýa we durmuş ulgamyna degişli ähli şertler üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Täze döredilýän şäherçeler halkymyzyň bagtyýarlyk derejesini ýokarlandyryp, olar ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Hut şonuň üçin hem täze ýaşaýyş toplumlarynda alnyp barylýan işleriň täzeçil tehnologiýalara, ylmyň täze gazananlaryna esaslanmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu işleriň ähli tapgyrlarynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatymyzyň durmuş üpjünçiligine we önümçilik kuwwatlyklaryna degişli desgalaryň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde deň derejede alnyp barylmalydygyny belläp, bu işleri ösdürmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşmagy, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunlukda, ýerli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine, olaryň hil derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz Daşoguz we Mary welaýatlarynda hem häzirki zaman şäherçelerini, nusgalyk derejedäki obalary döretmek boýunça degişli teklipleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Iş maslahatynyň ahyrynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň möçberli işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş ulgamyna degişli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagyna möhüm orun degişli bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda üstünlikler arzuw etdi.