Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitindäki ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitindäki ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy hem-de bu ýerde döwrebap nusgadaky täze obany gurmak, şeýle hem maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek boýunça meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdy.

 

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, türkmen halky üçin oňaýly şertleri döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary utgaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

 

Häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän Türkmenistan BMG-niň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde netijeli, işjeň gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär we häzirki döwürde tutuş adamzady tolgundyrýan meseleler boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün edýär.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, «Rio+20» Bütindünýä sammitinde, BMG-niň Ýaponiýada geçirilen tebigy betbagtçylygyň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, BMG-niň yglan eden hereketleriň onýyllygyna bagyşlanan «Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028-nji ýyllar» atly geçen ýylda Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen halkara maslahatynda öňe süren netijeli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Şeýle başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda Sebitleýin merkezi açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini esaslandyrmak hakyndaky teklipler bar.

 

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-a başlyklyk edýän döwründe öňe süren başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» Kararnamasynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemeli.

 

BMG-niň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak hakyndaky, çölleşmä garşy göreş, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak hakyndaky Konwensiýany, suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyny, şeýle hem ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasy we howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklap, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli amala aşyrýar.

 

Bu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi we beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli we sebitleýin derejedäki onlarça maksatnamalar hem-de taslamalar durmuşa geçirilýär.

 

Milli derejede Ählumumy ösüş maksatlaryna goşulan ýurtlaryň ilkinjileriniň biri bolmak bilen, Türkmenistan «2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň» amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar we giň möçberli özgertmeleri we geljekki ösüşiň meýilnamalaryny taýýarlamakda we olary durmuşa geçirmekde maksatlaryň binýatlaýyn şertlerini ulanmak bilen, ulgamlaýyn esasda yzygiderli iş alyp barýar. BMG-niň kabul eden maksatlaýyn resminamalarynyň ugurlarynyň her biri boýunça ýurdumyzda oňyn tejribe toplandy. Ol sebit we dünýä derejesinde gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birine öwrüldi.

 

Bu, ozaly bilen, energiýanyň gymmat bolmadyk, ygtybarly we häzirki zaman çeşmeleriniň peýdalanylmagyny üpjün etmek, ykdysady ösüşe we ilatyň iş bilen üpjünçiligine, azyk howpsuzlygyna, oba hojalygynyň ösüşine, senagatlaşdyrma we täzeçil ýörelgelere ýardam etmek bolup, olaryň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şeýle hem nebitgaz pudagynda, elektroenergetika, himiýa senagatynda, ulag we beýleki pudaklarda zäherli gazlaryň howa gönükdirilýän zyýanlaryny azaltmaga mümkinçilik berýän netijeli «arassa ösüş gurallarynyň» kemala getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

 

Şunuň bilen birlikde, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, biologik köpdürlüligi we tebigy aýratynlyklary saklamak, çölleşmä hem-de ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ilatyň ekologiýa derejesini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly işler dowam edýär. «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa», «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» we «Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama» tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär.

 

Dünýäde howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi ýaly ekologiýa meseleleriniň adamzat üçin çynlakaý wehimleriň biri bolup durýandygyny bellemeli. Bu bolsa Aral meselesiniň we onuň zyýanly täsirleriniň duýulýan gurak zolaklarda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda öňüni alyş çärelerini geçirmegiň wajypdygyny öňe çykarýar.

 

Şunuň bilen baglylykda, Garagumuň merkezinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Garagumda emeli kölüň gurluşygy we işlemegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmen kölüniň ýerleşýän ýerine iş saparyny amala aşyrmagy hem munuň subutnamasydyr.

 

Milli Liderimiz ýolugra dikuçardan bu ýerde alnyp barylýan işleriň gerimi bilen gyzyklandy.

 

Taslamanyň ikinji nobatdakysyny amala aşyrmagyň çäklerinde oňa barýan akabalaryň ulgamy giňeldilýär we çuňlaşdyrylýar. Bu bolsa şorlaşan suwlary diňe bir köle akdyrmaga däl, eýsem, olary ikinji gezek ulanmaga mümkinçilik berýär. Suw hojalyk desgasynyň ýeke-täk ulag hökmündäki sazlaşykly işini üpjün etmek üçin, gurluşykçylar akabalary giňeltmek, kollektorlaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem suw akymyny sazlamak üçin suw sowujy desgalaryň zerur bolan möçberlerini, suw hojalyk desgalaryny we köprüleri gurmak, süýşýän çägeleri berkitmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar.

 

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy üçin kuwwatly, ýokary öndürijiligi bolan döwrebap tehnikalar satyn alyndy. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň «Komatsu», ABŞ-nyň «Caterpillar» ýaly dünýä belli önüm öndürijileriniň 1500-den gowrak ekskawatorlary, buldozerleri we beýleki tehnikalary bar. Döwlet býujetinden bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň umumy mukdary häzirki döwre çenli ABŞ-nyň 553 million 378 müň dollaryna barabar boldy.

 

Guşuçar belentlikden şor suw akabalarynyň çäkleriniň soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerendigi görünýär, bu ýerde zeý suwlary bilen suwarmak üçin amatly bolan uly meýdanly ýerler bar. Ozallar bu ýerde çäge alaňlary bolan bolsa, häzirki döwürde giň möçberdäki gök zolaklar döredi.

 

Garagumda ösümlikleriň 290-dan gowrak görnüşiniň bitýändigini bellemeli. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly dünýä belli köp jiltli düýpli işinde beýan eden dermanlyk ösümlikleriniň 210-a golaý görnüşi bar. Milli Liderimiziň aýratyn üns bermegi bilen Garagum sährasynyň gorag zolaklarynyň degişli derejede saklanmagy we olaryň dünýäde wagyz edilmegi, şeýle hem olaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

 

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary ýörite taýýarlanan meýdança gondy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleri garşyladylar.

 

Şu günki çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirýän Natiýa Natswlişwili, BSGG-niň Türkmenistandaky edarasynyň direktory Paulina Karwowska, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky edarasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebord we beýlekiler bar.

 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly diplomatlar bilen mähirli salamlaşyp, olaryň ünsüni «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde bolup geçýän oňyn özgerişliklere çekdi, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi munuň şeýledigini tassyklaýar. Türkmen alymlarynyň bu ýerde yzygiderli geçirýän ylmy barlaglarynyň netijeleri kölüň suwunyň halkara ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýändigine şaýatlyk edýär.

 

Türkmen köli balykçylygy ösdürmek üçin emele gelen suw howdanlaryny we şor suw akabalaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýere ýygnananlara içi dürli balykly çanaklaryň görkezilmegi munuň aýdyň mysaly boldy. Şol balyklar kölde hem-de onuň golaýyndaky suw howdanlarynda ýaşaýar.

 

Soňra hormatly Prezidentimiz we daşary ýurtly myhmanlar kenarýakasynda ýörite taýýarlanan «ak öýe» bardylar. Bu ýerde şu sebitde gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalar barada aýdyň maglumat berýän çyzgylar we taslamalar ýerleşdirilipdir.

 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalaryň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmagyň taslamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda gürrüň berdi. Bu emeli köle ýerleriň suwarylmagy netijesinde emele gelýän zeý suwlary gelip guýýar. Eger şol suwlar ozal öri meýdanlary basyp, Amyderýa we Garaguma akan bolsa, indi Türkmenistan bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, sebitde ilkinji bolup, daşky gurşawa aýawly garamagyň nusgasyny görkezýär.

 

Taslamanyň maksady şor we zeý suwlaryny ekologiýa taýdan howpsuz ýere — Garaşor çöketligine sowmak hem-de ýurdumyzyň hojalygara we baş şor suw akabalaryny bir bitewi ulgama birleşdirmekden ybarat bolup durýar. Ol Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda, Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ýerleşýär. Bu tebigy howdanyň uzynlygy 103 kilometre, ini 18,6 kilometre, ortaça çuňlugy 70 metre barabar bolup, tebigy göwrümi 132 kub kilometre deňdir.

 

Bu desganyň ilkinji nobatdakysy 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda ulanmaga berildi. Bu waka mynasybetli ägirt uly taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, Aralyň çägi boýunça umumy uzynlygy 386 kilometr bolan Daşoguz sowujy akabasy, şeýle hem umumy uzynlygy 720 kilometr bolan Baş kollektor çekildi. Ol gözbaşyny Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndan alyp, Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçýär.

 

Statistika maglumatlaryna laýyklykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulgamyna girýän şor suw akabalarynyň umumy uzynlygy 2659 kilometrdir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Baş kollektora birigýän welaýatlardaky akabalaryň uzynlygy bolsa 1553 kilometrdir. Häzirki döwürde suw ýygnanýan «Ak ýaýla» suw howdanynyň mukdary 970 million kub metre barabardyr, ol soňra köle tarap gönükdirilýär.

 

Umuman, Garagumda iri emeli suw howdanynyň döredilmegi ähli sebitleriň suwarymly ýerleriniň ýagdaýlaryny gowulandyrdy we topragyň şorlaşmagy, batgalygyň we guraklygyň emele gelmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri çözdi.

 

Şeýlelikde, ýurdumyzda ätiýaçlyk suw gory döredilýär. Ol tebigy süzülmeleriň, häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde oba hojalyk toplumynyň zerurlygy, täze ýerleri açmak, öri meýdanlaryny giňeltmek, şeýle hem tokaý zolaklaryny suwarmak hem-de tehniki zerurlyklar üçin ulanylýar.

 

Hormatly Prezidentimiz halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine ýüzlenip, bu taslama Aral deňziniň sebitindäki ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça Hereketleriň maksatnamasyna girizildi diýip belledi. Ol AHHG-nyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Amyderýanyň suwunyň hapalanmagynyň öňüni almak we bu sebitde ýaşaýan ilatyň arassaçylyk-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri Türkmen kölüniň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Hususan-da, bu desganyň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi Köl we derýalyk döwletara kollektorlaryndaky suwuň şorlaşma derejesini peseltmäge hem-de Daşoguz welaýatynyň suwarymly ýerleriniň ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

 

Türkmen köli dünýäniň suw serişdelerini saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine ýurdumyzyň mynasyp goşant goşýandygyny tassyklaýan täzeçil taslama bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Suwarymly ýerler we gurak zolaklarda suwdan peýdalanmak boýunça ägirt uly tejribe toplan Türkmenistan bu ugurda ylmy-barlaglary alyp barmakda öňde barýar hem-de beýleki döwletleri suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna çagyrýar.

 

Munuň özi dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. 2010-njy ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahat munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

 

Maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan öňdebaryjy alymlar, bilermenler, suw hojalyk we obasenagat toplumynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar diňe Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsiri bolan bu taslama ýokary baha berdiler.

 

Türkmen köli Merkezi we Gündogar Garagumuň kollektor ulgamlarynyň çäklerinde göçýän guşlar üçin amatly ekologiýa we iýmit şertleri kemala geldi. Daşoguzyň sowma akabasynyň ýerleşýän ýerindäki köller suwly-batgaly ýerlerde ýaşamaga ukyply ördekleri, gazlary, jübtünleri, çuluklary we beýleki guşlary özüne çekýär. Bu ýerde guşlaryň 250-ä golaý görnüşiniň höwürtgeleýändigini we gyşlaýandygyny aýratyn bellemeli.

 

Garagumuň merkezi bölegine suwuň gelmegi seýrek duş gelýän toýnakly jandarlaryň köpelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Üstýurt dag goçy, gulanlar we keýikler bar. Şeýlelikde, suw howdanynyň kenarlarynyň haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi hem barha artýar.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň ünsüni maldarçylygyň ösüşine, çölüň suwarymly ýerleriniň mukdaryny artdyrmagyň hasabyna öri meýdanlaryň giňelmegine giň mümkinçilik berýändigine çekdi. Häzirki döwürde sähradaky öri meýdanlaryň möçberi 8 million 640 müň gektara ýetdi. Munuň özi bu ýerde dowarlaryň 4,6 million başyny, düýeleriň bolsa 60 müňüsini saklamaga, şugundyr, sudan otuny, arpa, dary we beýleki ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.

 

Häzirki döwürde Türkmen kölünde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Olar, däp boýunça, köpçülikleýin awlanýan balyklardyr. Olaryň hatarynda kepir, töp, çapak, jereh, ak amur, lakga, gara balyk, karas, türkestan we aral ýaýyny, ak we ala tüňňümaňlaý, çüýbalyk, çehon, ýylan balygy we beýlekiler bar. Bu balyklaryň köpüsiniň duzy az bolan suwlarda ýaşaýandygyny bellemeli. Olaryň bu howdanda bolmagy amatly ekologiýa ýagdaýyndan, onuň ekoulgamynyň durnuklylygyndan habar berýär.

 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýada suw meselesi örän möhüm bolup, käbir ýagdaýlarda sebitde özgerişlikleri ösdürmegiň kesgitleýji şerti bolup durýar. Biziň sebitimiziň döwletleriniň, olaryň ykdysadyýetleriniň, durmuş ulgamlarynyň ösüşi, adamlaryň durmuş derejesi suw gorlaryna elýeterlilikden başlap, olaryň netijeli dolandyrylmagyna gös-göni baglydyr.

 

Şunuň bilen bagly meseleler, ilki bilen, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, ikinjiden, Merkezi Aziýa döwletleriniň her biriniň bähbidini nazara almak bilen, üçünjiden bolsa, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagynda çözülmelidir. Bu biziň esasy garaýşymyz bolup, oňa daýanmak bilen, biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny özgertmek, şol sanda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde özgertmek boýunça işleri dowam ederis diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

Aral meselesi bu gün tutuş dünýäde ählumumy ekologiýa heläkçilikleriniň täze taryhynda uly wakalaryň biri hökmünde ykrar edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Suw serişdeleriniň oýlanyşyksyz peýdalanmagy bilen dörän ekologiýa heläkçiliginiň netijeleri Aral deňzi sebitinde ýaşaýan millionlarça adamlaryň durmuş şertlerine täsirini ýetirdi.

 

Galyberse-de, Aralyň suwunyň tiz azalmagy bilen tebigy serişdeleriň dargamagy, şol sanda kenarýaka ýerleriň çölleşmegi, öri meýdanlaryň ýaramazlaşmagy, topragyň şorlamagy, duzlaryň emele gelmegi, netijede, biologiýa dürlüliginiň peselmegi diňe Merkezi Aziýa däl-de, eýsem, çäkleşýän sebitlere hem howp salýar.

 

Dünýäde howanyň üýtgemegi bilen ýagdaý ýitileşýär, bu bolsa howply tebigy hadysalaryň — gurakçylygyň we tozanly ýelleriň töwekgelçiligini artdyrýar. Bularyň hemmesi bilelikde oba hojalygynyň ösmegine, suwarymly ekerançylyga, maldarçylyga we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna ýaramaz täsir edýär, döwletleriň azyk we energetika howpsuzlygyna wehim salýar, syýahatçylygyň özüne çekijiligini peseldýär.

 

Türkmenistan öz tarapyndan Aral deňzi sebitindäki durmuş-ykdysady ýagdaýy sagdynlaşdyrmak boýunça anyk çäreleri görýär. Mysal üçin, ekologiýa çökgünliginiň ýaramaz täsirine has sezewar bolan Daşoguz welaýatynda ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek meseleleri yzygiderli çözülýär, köpçülikleýin agaç nahallary oturdylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen kölüni gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagy sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

Aral deňziniň meseleleriniň derwaýyslygy Merkezi Aziýanyň çäklerinden hem çykýar, şonuň üçin bu ýerde abraýly halkara guramalary, ozaly bilen, BMG bilen işjeň gatnaşyklarda döwletara hyzmatdaşlyk üçin mäkäm binýady döretmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda Türkmenistanyň başlangyjy hut şony ugur edinip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Aral meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen ýyl “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynyň barşynda bu ugurdaky hyzmatdaşlyga täze itergi berildi. Mälim bolşy ýaly, şonuň ýaly ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyk on ýyla golaý mundan öň geçirilip, şol döwrüň içinde Aral ýakasyndaky we onuň çäklerinden daşardaky ýagdaý bilen bagly toplanan meseleler ýokary döwlet derejesinde jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy talap etdi.

 

Eger biz suw meselelerini çözsek, şol bir wagtda toplumlaýyn howpsuzlygy — azyk, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlar üçin amatly durmuş şertlerini döretmek bilen bagly beýleki meseleler hem çözüler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

Biziň bu ugurda görýän çärelerimiz halkymyz üçin, nesillerimiz, ýaşlar üçin, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin edilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

 

Duşuşygyň barşynda daşary ýurtly myhmanlar «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginiň çäklerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdylar.

 

Bu ýerde bolan pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri we maksatnamalary amala aşyrmak, BMG-niň esasy düzümleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga berilýän üns üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu köpýyllyk hyzmatdaşlygyň sazlaşykly we netijeli häsiýetini belledi.

 

Nygtalyşy ýaly, BMG türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň, hususan-da, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak ýaly ugurlarda meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda umumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýar.

 

Türkmenistan netijeli teklipleri öňe sürmek bilen, olary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri geçirýän, şol sanda «suw diplomatiýasy» babatda anyk ädimleri ädýän ilkinji döwlete öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň awgustynda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynyň ähmiýeti bellenildi. Onuň üstünlikli geçirilmeginde we netijeliliginde türkmen Lideriniň aýratyn hyzmaty bar. Sebitiň möhüm meselelerini çözmäge şunuň ýaly işjeň we öňdengörüjilikli çemeleşme dünýä bileleşiginiň giňden ykrar etmegine we goldawyna eýe bolýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň hem-de öňe sürýän başlangyçlarynyň BMG-niň esasy wezipeleri bilen gös-göni baglydygyny belledi. Olaryň hatarynda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek wezipesi hem bar.

 

Suw meselesi barada aýdylanda, Türkmenistan Merkezi Aziýada olara hemişe ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak bilen hem-de abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda seredilmegi we çözülmegi ugrunda çykyş edip gelýär diýip, milli Liderimiz belledi.

 

Biziň ýurdumyz BMG-niň suwa elýeterliligi adamyň esasy hukugy diýip ykrar etmek hakynda başlangyjyny goldaýar. Şunuň ýaly çemeleşmäniň esasynda suw serişdelerini peýdalanmak üçin ählumumy hukuk hem-de olary netijeli dolandyrmak üçin jogapkärçilik durýar. Şunda degişli meseleler boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşi hökmünde «suw diplomatiýasyny» ilerletmegiň zerurlygy aýdyň bolýar.

 

Türkmenistan ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlarynda giň gerimli milli maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen, eýe bolan baý tejribesini we döredijilik kuwwatyny umumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga çalyşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Tutuş sebit üçin ähmiýeti bolan, maksady boýunça deňi-taýy bolmadyk «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmagyň taslamasy hem şol maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

 

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German döwlet Baştutanymyza merkeziň işini goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, umumy tebigy serişdeleri dolandyrmagyň hem-de daşky gurşawy goramagyň onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

 

Ol soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda sebitde suw serişdelerini serhetýaka dolandyrmak meseleleri boýunça gepleşikleriň işjeňleşdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän suw diplomatiýasy we milli Liderimiziň bu ugurda beýan eden başlangyçlary muňa ýardam edýär. Şolaryň hatarynda Aral deňziniň ýakasyndaky ýagdaýa täsir edýän ekologiýa we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen oňyn teklipler hem bar. Şunuň bilen baglylykda, hanym German Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde tutanýerli işleri alyp barýandygyny nygtady.

 

Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekiline Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Araly saklap galmaga bireýýämden bäri diňe içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmejekdigini belledi. Bu meseläni üstünlikli çözmek üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, täze anyk, toplumlaýyn halkara çemeleşme, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň netijeli hem-de yzygiderli gatnaşmagy zerurdyr.

 

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd hormatly Prezidentimize Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda sebitde hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmäge we ilerletmäge gönükdirilen taýsyz tagallalary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Ol Türkmen kölüniň taslamasy şunuň ýaly beýleki taslamalara hem itergi berip, halkyň durmuşyny gowulandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip belledi.

 

Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Merkeziniň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň, şol sanda köpden bäri diňe içerki, sebit derejesindäki meseläniň çäklerinden çykan Aral meselesini üstünlikli çözmegiň ähmiýetli şerti hökmünde esasy halkara guramalar, şeýle hem ÝHHG bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde başlangyçlarynyň möhümdigini belledi.

 

Natalýa Drozdyň belleýşi ýaly, AHHG-a başlyklyk etmegiň çäklerinde Türkmenistanyň geçirýän işiniň möhümdigine düşünmek bilen, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň hatyrasyna Aral meselelerini çözmek boýunça hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

 

Şeýle hem myhman ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň aprel aýynda şanly toýuny bellemekçi bolýandygyny aýtdy.

 

Möhüm mesele boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygy üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem suwy rejeli peýdalanmak hem-de ählumumy ekologiýa abadançylygy babatda öňde durýan wezipeleri çözmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini peýdalanmagy maksat edinýändigini aýtdy.

 

2020-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Bitaraplygyň şanly toýunyň belleniljekdigini aýtmak bilen döwlet Baştutanymyz bu waka mynasybetli ýurdumyza suw, energetika we ulag diplomatiýasy bilen bagly meseleleri has içgin ara alyp maslahatlaşmak üçin köp döwletleriň ýolbaşçylary hem-de wekiliýetleri çagyrylar diýip belledi.

 

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, milli Liderimize hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny ilerletmäge goldaw berýändigi, çagalaryň saglygy we abadançylygy üçin iň gowy şertler döretmäge uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Şol hyzmatdaşlyk bolsa köp ugurlar boýunça ösdürilýär.

 

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça esasy konwensiýalara gatnaşmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny, şol sanda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek we bähbitlerini goramak boýunça borçlaryny berk berjaý edýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli özgertmeler strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň her biriniň bagtyýar durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine ýardam edýär. Çagalaryň saglygy we abadançylygy baradaky alada döwlet ähmiýetli wezipäniň derejesine eýe boldy.

 

Hanym Nilofer ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini işjeňleşdirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak boýunça geçirilýän giň möçberli işleriň oňyn netijeleri berýändigi barada aýdyp, sanjym ýaly möhüm ulgamda hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine oňyn baha berdi. Bu babatda ýurdumyz örän jogapkärli çemeleşmäni görkezýär.

 

Golaýda bolsa Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanda sanjym garaşsyzlygy başlangyjy baradaky goşmaça ylalaşyk baglaşyldy. Munuň özi bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. ÝUNISEF öz tarapyndan ilatyň sanjym bilen durnukly we ählumumy gurşalyp alnandygyny goldamak bilen, munuň her bir çaganyň esasy hukugydygyny nygtaýar. Bu bolsa ýaşaýyş-durmuşy goramak üçin örän möhüm ähmiýete eýedir.

 

Sebitde giňden ýaýran kesellere garşy, şol sanda inçekesele, poliomielit, täjihoraz, gökbogma, bürmek we beýleki kesellere garşy hökmany sanjymy göz öňünde tutýan Keselleriň öňüni almak milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanda ýokanç keseller düýpli azaldy.

 

Türkmenistanda enäni we çagany goramak ulgamynda yzygiderli çäreler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär, şol sanda kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, döwrebap okuw mekdepleri, saglygy goraýyş we dynç alyş merkezleri, sport desgalary gurulýar, döredijilik mekdepleri açylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu işiň mundan beýläk hem döwlet syýasatynda möhüm orun eýelejekdigini belledi.

 

BSGG-niň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska öz nobatynda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak babatda gazanylan üstünliklere ýokary baha berdi. Munuň özi, hususan-da, ömrüň dowamlylygynyň ýokarlanmagynda, çilim çekilmegine garşy göreşmegiň, ýokanç keselleri azaltmagyň netijelerinde öz beýanyny tapdy.

 

Türkmenistanyň toplan tejribesiniň görkezişi ýaly, şol maksatnamalaýyn hereketleri amala aşyrmakda uly netijeler durmuş syýasatynyň utgaşdyrylmagy bilen gazanylýar. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, şypahana we sport ulgamlaryny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

 

Bu oňyn tejribe hem-de saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijeliligi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýär hem-de giňden wagyz edilmegine mynasyp bolýar diýip, BSGG-niň wekili belledi.

 

Şu ýylyň aprelinde Aşgabatda «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler. Foruma Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ştab-kwartirasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň we beýleki halkara düzümleriň wekilleri, döwletleriň onlarçasyndan abraýly hünärmenler gatnaşarlar.

 

Paulina Karwowska türkmen Lideriniň BSGG bilen uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşmesini goldamak bilen, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleriň geljek üçin öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda esas boljakdygyna ynam bildirdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşan BSGG bilen gatnaşyklaryň netijelidigini kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy döwlet ösüşiniň esasy maksatlaryna gabat gelýär, raýatlaryň saglygyny goramak onuň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar.

 

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili hormatly Prezidentimize ekologiýa we energiýa ulgamlaryndaky taslamalary, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, suw we ýer serişdelerini dolandyrmak ulgamynda türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirilen we işlenip taýýarlanylýan taslamalary goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň we Milletler Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar özara düşünişmek hem-de gyzyklanma bildirmek esasynda ösdürilýär, hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça giňeldilýär.

 

Soňra Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky edarasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebord Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşen täsin suw desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

 

Lýubomir Frebord milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, Türkmenistanda alnyp barylýan iri möçberli özgertmeleriň ähmiýetini belläp, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda umumy strategik wezipelere düşünmegiň netijesinde täze tapgyra çykýandygyny nygtady.

 

Türkmenistanyň Baştutanynyň öňdengörüjilikli strategiýasyny, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, häzirki zaman üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak, suw meselesini çözmek boýunça halkara başlangyçlaryny Ýewropada goldaýarlar diýip, Ýewropa Bileleşiginiň wekili sözüni dowam etdi. Hazarüsti gaz geçirijisiniň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bu taslama ýakyn geljekde taraplaryň jemlenişmegi bilen anyk häsiýete eýe bolup biler.

 

Ýewropa ugry ählumumy bähbitler ugrunda giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

 

Howpsuzlygy üpjün etmek, söwda, energetika, kanunyň ileri tutulmagy, ekologiýa we bilim, suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ulgamlar ikitaraplaýyn görnüşde we sebit derejesinde biziň hyzmatdaşlygymyzyň esasy ugurlary bolup durýar diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen nygtady hem-de netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny belledi.

 

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýangyç-energetika toplumy ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmasy Ýewropa ýurtlarynyň energiýa serişdelerine yzygiderli artýan islegleri hem-de döwrüň ýagdaýlaryna kybap gelýän, dünýä derejesindäki täze energiýa howpsuzlygynyň gurluşyny kemala getirmek boýunça ylalaşykly çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurlygy bilen şertlenendir.

 

Hormatly Prezidentimiz Hazarüsti gaz geçiriji barada aýdyp, türkmen gazynyň Günbatar Ýewropanyň bazarlaryna çykarylmagyny nazarda tutýan bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň, dogrudan-da, häzirki günde iň möhümleriniň biridigini nygtady.

 

Ýöne onuň durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, gaz geçirijini çekmegiň ugruny, işleriň möçberlerini, möhletlerini we beýlekileri kesgitlemegi talap edýär. Taslama gatnaşyjylar tarapyndan guramaçylyk, hukuk, täjirçilik, tehniki we beýleki jikme-jiklikler toplumynyň diňe bilelikde çözülen şertlerinde bu meseleler barada has giňişleýin gürrüň edip bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

 

Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriň deň derejede göz öňünde tutýan ygtybarly, durnukly we uzak möhletli halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin zerur bolan has oňaýly şertleri döretmegiň wajypdygy nygtaldy.

 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan taslamalar bilen tanyşdy.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 2019 — 2025-nji ýyllarda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitlerini özleşdirmek babatda işlenip taýýarlanan Konsepsiýanyň taslamasyny görkezdi. Bu resminamada Türkmen kölüniň suwuny netijeli peýdalanmak, Garagum sährasyny mundan beýläk-de özleşdirmek we onda tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek boýunça anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutuldy.

 

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralary, şeýle hem Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleri tarapyndan kölüň töwereginde dowardarçylygy, düýedarçylygy, balykçylygy we ekerançylygy ösdürmek boýunça teklipler taýýarlandy.

 

Şunuň bilen birlikde, bu sebitde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň ýokarlanmagyna, ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, kölüň suwunyň arassalanmagyna hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglar yzygiderli esasda geçiriler.

 

Tanyşdyryşyň barşynda wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna birnäçe ýylyň dowamynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň birnäçesini hödürledi.

 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew öz nobatynda ýurdumyzyň ilatyny balyk we balyk önümleri bilen üpjün etmek maksadynda TSTB-niň agzasy bolup durýan «Hazar balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu ýerde balykçylyk hojalygyny açmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Ýörite balyk tutulýan enjamlar ornaşdyrylan gämiler bilen üpjün edilen balykçylyk toparlary dörediler. Olar kepir, garabalyk, ak amur, çortan we beýleki balyklary awlarlar.

 

Taslamanyň ikinji tapgyrynda balyklaryň dürli görnüşlerini köpeltmek we olary köle goýbermek üçin senagat desgalary gurlar, tutulan balyklary saklamak hem-de taýýar balyk önümlerini tertipleşdirmek üçin sowadyjy enjamlar gurnalar.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususy pudagyň wekilleriniň soňky döwürde alyp barýan işleriniň geriminiň giňelendigine ünsi çekdi. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we welaýatlary ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek bilen olar ýokary depginlerde işläp, meýilnamalary möhletinden öň berjaý edýärler we işlerini ýokary hilli ýerine ýetirýärler.

 

Goşmaça maýalary çekmekden başga-da, bularyň ählisi täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyna alyp barýar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmelidigini, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn höweslendirmelidigini we goldamalydygyny aýtdy.

 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şor-zeý suw akabalaryny biologik usullar bilen arassalamagyň, hususan-da, bu maksatlar üçin suw ösümliklerini peýdalanmagyň netijeli boljakdygyny aýtdy. Olar suwdaky organiki maddalary özüne siňdirmäge, suwuk jisimleri, pestisidleri saklamaga ukyplydyr.

 

Şunuň ýaly tebigy süzgüçler «bioplato» diýen ada eýe bolup, howuzlarda we howdanlarda ýygy-ýygydan ulanylýar. Biologik gorag usullarynyň netijelidigi Türkmen kölüniň Baş şor suw akabasynda ulanmagyň mysalynda aýdyň boldy.

 

Soňra hormatly Prezidentimiz kölüň töwereginde täze obanyň gurluşygynyň Baş meýilnamasy bilen tanyşdy. Onuň ýaşaýjylary maldarçylyk, balykçylyk we gök ekerançylyk bilen meşgullanarlar.

 

Bu oba 68,8 gektar meýdany eýeläp, ol iki tapgyrda gurlar. Gurluşygyň birinji nobatdakysynyň çäklerinde 104 maşgala niýetlenen amatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary, şol sanda 50 sany, 4 otagly we 54 sany, 3 otagly kottej jaýlary gurlar. Şeýle hem 320 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi, söwda merkezi, Hyzmatlar öýi we seýilgäh bina ediler.

 

Onuň ikinji tapgyrynda 108 öýli, şol sanda 54 sany, 4 otagly we şonça 3 otagly öýleri bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şunlukda, oba ýaşaýşynyň we türkmen durmuşynyň aýratynlyklary göz öňünde tutular. Şeýle hem jaýlaryň mellek ýerleri, hojalyk zerurlyklary üçin telärler, garaž we zerur bolan inžener-tehniki desgalar ýerleşdiriler. Oba ilaty arassa agyz suwy, tebigy gaz, elektrik energiýasy, aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün ediler. Bu ýerde bagy-bossanlyga büremek işleri geçiriler, asfalt ýollar çekiler.

 

Energetika ministri Ç.Pürçekow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýanyndaky obany elektrikleşdirmek üçin Serdar şäherindäki «Serdar» kiçi bekedinden 160 kilometrlik elektrik geçirijini gurmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Mundan başga-da, Gün energiýasy institutynyň hünärmenleriniň teklibi boýunça täze obada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi hökmünde Gün batareýalaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

 

Geljekde elektrik önümçiligi üçin ýel energiýasyny hem peýdalanmak maksat edinilýär. Meýilleşdirilýän elektrik ulgamlarynyň gurluşygynyň çyzgylary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda adaty bolmadyk energiýa çeşmelerini giňden peýdalanmak, Gün we ýel energiýasyny ösdürmek üçin hemme mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Şunuň ýaly özbaşdak toplumlar senagat merkezlerinden has uzakda ýerleşen etraplarda giden şäherçeleriň we maldarçylyk toplumlarynyň ýaşaýyş durmuşyny üpjün edip biler diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de döwletimiziň bu ulgamda täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak ugrunda türkmen alymlaryna islendik görnüşde ýardam etjekdigini belledi.

 

Soňra «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy B.Öwezow hem-de wise-premýer D.Amangeldiýew täze obany gurmagyň barşynda garamagyndaky kärhanalaryň ýerine ýetirjek işleri barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler.

 

Hususan-da, bu ilatly obany gazlaşdyrmak üçin Garabogaz obasynyň ýanynda sagatda kuwwaty 30 müň kub metr tebigy gaza barabar bolan gaz paýlaýjy desgany gurmak meýilleşdirilýär. Serdar şäherinden gaz paýlaýjy desga çenli diametri 325 millimetr bolan ýokary basyşly 35 kilometrlik magistral gaz geçirijisi gurlar. Täze obanyň özüne bolsa diametri 219 millimetr bolan 125 kilometrlik gaz eltiji şaha gurlar. Mundan başga-da, dürli ölçegdäki içerki gaz geçirijileriň umumy 15 kilometri çekiler.

 

Tele, radio we beýleki aragatnaşyk ulgamlary üçin, şeýle hem «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk üçin döwrebap enjamlar oturdylar.

 

Serdar şäherinden «Altyn asyr» Türkmen kölüne çenli iki taraply, umumy uzynlygy 170 kilometr bolan awtomobil ýoly çekiler. Köp gatly ýola ownuk çagylly we iri çagylly sowuk asfalt örtügi düşeler. Onuň binýadynda 10 santimetr galyňlygy bolan ownuk daş we 30 santimetrlikdäki çäge-gum garnuwy düşeler. Häzirki döwre çenli bu ýoluň 40 kilometrine asfalt örtügi düşeldi. 65 kilometrine daş düşeldi, ýoluň 65 kilometriniň ýeri taýýarlanyldy.

 

Şeýle hem şor suw akabalarynyň üstünden geçilýän köprüleriň birnäçesi gurlar.

 

Milli Liderimiziň garamagyna şu ýerde ösdürilip ýetişdirilen ösümlikleriň tohumlary görkezildi. Hormatly Prezidentimiz olary synlap, sebitiň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, bu ugurda işleri ylmy esasda geçirmegiň gerekdigini aýtdy.

 

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalary, täze obanyň baş meýilnamasyny we gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň çyzgylaryny jikme-jik öwrenip, olara birnäçe düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz olaryň üstünde düýpli işlemegiň zerurdygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 

Welaýatlary ösdürmek baradaky maksatnamalaryň çäklerinde türkmenistanlylaryň durmuşy, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri kemala getirmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

 

Ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, ulag we jemagat hojalygynyň düzümlerini, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, kiçi telekeçilik ulgamlarynyň ösdürilmegi, sebitleri ykdysady taýdan ösdürmegiň hereketlendirijisi hökmünde täze obasenagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek Oba milli maksatnamasynyň möhüm ugurlarydyr. Umuman, bularyň ählisi ýaşlar we hemme ýaşaýjylar üçin, öz işewürligiňi alyp barmak, bu ýerde uly, köp çagaly maşgalalaryň döremegi hem-de berkemegi üçin obany özüne çekiji etmäge gönükdirilendir.

 

Ähli ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň anyk netijeleri bolan Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlan täze obalar, etraplaryň, şäherleriň hem-de welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň döwrebaplaşdyrylan keşbi, ulanmaga berilýän binagärlik gurluşyklary Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýdyň ýüze çykmasy bolup hyzmat edýär. Onuň esasy ileri tutulýan ugurlary halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn aladadyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

 

Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzyň uly üstünliklerine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazanylanlara şaýatlyk edýär. Olar ýurdumyzyň alys künjeklerinde ýaşaýan türkmenistanlylar üçin häzirki zaman ösüşiň eşretleri, olaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bolup durýar.

 

Milli Liderimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäklerini özleşdirmäge, bu ýerde ekerançylygy we balykçylygy ösdürmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz maldarçylyk fermalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini hem-de olaryň eýeçilik görnüşini — döwlet ýa-da hususy görnüşlerini kesgitlemegi tabşyrdy.

 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kenarýakasynda bakjaçylyk üçin uly mümkinçilikler bolup, bu ýerlerde ösdürilip ýetişdirilmegi has amatly bolan garpyz-gawunlaryň sortlaryny kesgitlemek gerek. Şeýle hem däbe öwrülen, asyrlaryň synagyndan geçen usullary, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak bilen topragyň şoruny ýuwmak boýunça işleri dowam etmeli.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze obada guruljak saglygy goraýyş edaralarynyň, mekdebiň we çagalar bagynyň ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, wise-premýer P.Agamyradowa hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine anyk tabşyryklary berdi.

 

Ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlanda ulanyljak gurluşyk serişdeleriniň, geçiriljek işleriň hiline aýratyn üns berilmelidir hem-de bu sebitiň howa şertlerine kybap gelmelidir.

 

Şunuň ýaly talaplar awtomobil ýollarynyň gurulmagyna, olaryň amatly ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna hem bildirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz jikme-jiklikleriň hemmesini geljekki desgalary meýilleşdirmegiň tapgyrynda göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.

 

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bu işi hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglygyny, abadançylyk we işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Aşgabada ugrady.