Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana resmi sapary boldy.

Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýagdaýy we olary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada, şeýle hem özara gyzyklandyrma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri barada pikir alyşdylar.

Prezidentler ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýokary depginler bilen ösdürilýändigini bellediler. Döwlet Baştutanlary türkmen-owgan gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga çalşyp, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekdiler. Bu Şertnama doganlyk halklaryň arasyndaky taryhy däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge hyzmat eder.

Taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbit, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda dowam etdirmäge we berkitmäge özara gyzyklanma bildirilýändiginden ugur alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, syýasy geňeşmeleri geçirmegiň tejribesiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Döwlet Baştutanlary halkara terrorçylyga, ekstremizme, gizlin migrasiýa, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we halkara howpsuzlygyň beýleki wehimlerine we howplaryna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy gazanmaga, ony parahat we gülläp ösýän ýurda öwürmäge ýardam bermegi dowam etdirmäge özüniň taýýardygyny, şonuň bilen birlikde owgan halkynyň ýurdy syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky saýlap alan ýoluna hormat goýýandygyny tassyklady.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatynyň durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, sebitiň ýurtlaryny durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegi üpjün etmek işine uly goşant goşýandygyny belledi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, iki ýurduň hojalygy ýöredijileriniň we sebitleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goldaw bermek barada ylalaşdylar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ylalaşylan çäreleri işläp taýýarlamagyň netijeli usuly hökmünde Bilelikdäki Toparyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna seredilende ulag-kommunikasiýa ulgamyna aýratyn üns berdiler. Taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişiniň barşyndan kanagatlanma bildirdiler we bu ugurda işleri dowam etdirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berjekdiklerini beýan etdiler.

Taraplar Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky 2017-nji ýylyň 15-nji noýabryndaky Ylalaşygyň («Lazurit» ugry boýunça Ylalaşygyň) iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar Ylalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ulag ministrleriniň we gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň 2019-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilmegini goldaýandyklaryny beýan etdiler.

Prezidentler Serhetabat — Turgundy we Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýol ulgamlarynyň, şeýle hem Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň tamamlanandygyna we ulanmaga berlendigine ýokary baha berdiler. Atamyrat — Hamýap — Garkyn elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň meýilnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge goldaw beriljekdigi beýan edildi.

Taraplar bilim, ylym, medeniýet, sungat, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goldaw bermek, degişli guramalaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň, okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermek barada ylalaşdylar.

Prezidentler owgan hünärmenlerini Türkmenistanyň bilim edaralarynda taýýarlamagyň ugurlarynyň sanawynyň giňeldilendigine ýokary baha berdiler.

Döwlet Baştutanlary iki döwletiň halklarynyň baý medeni taryhy mirasyny öwrenmek, gorap saklamak we wagyz etmek boýunça çärelere hemmetaraplaýyn goldaw berjekdiklerini beýan etdiler.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň halkyna owgan wekiliýetini mähirli garşylandyklary we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Owganystan Yslam Respublikasyna jogap sapary bilen barmaga çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf GANI.