Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, kabul edilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy, häkim welaýatda geçirilýän işler, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, güýzlük bugdaýa ideg etmek hem-de gowaça we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk görmek boýunça işleriň barşy barada hasabat berdi.

Şeýle hem durmuş-medeni hem-de önümçilik maksatly desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny öz wagtynda gurmak we ulanmaga bermek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekiş möwsümine, umuman, möwsümleýin meýdan işlerine toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şol işler ylmy esasda agrotehniki kadalara we möhletlere laýyklykda geçirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýeralmany, gök, bakja hem-de beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýerleri, şeýle hem kömekçi hojalygy ýöretmek üçin degişli gaznadan ýer böleklerini, şäherlerde we şäherçelerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýerleri bermek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy, şunuň bilen baglylykda, ilat üçin degişli şertleri döretmek barada alada edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk ýowary barada durup geçmek bilen, däbe öwrülen bu çärä ykjam taýýarlyk görmegi, agaç nahallarynyň ekiljek ýerlerini kesgitlemegi hem-de şolara ideg etmek üçin şertleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy, häkim welaýatda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ýerleri hem-de oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynda geçirilýän işlere ünsi çekip, bugdaý ekilen ýerlere degişli derejede ideg etmegiň, ösüş suwuny öz wagtynda tutmagyň hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň, ekinleriň keselleriniň öňüni almagyň hem-de zyýan berijilere garşy göreşmegiň, bellenilen agrotehniki kadalary berjaý etmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ekinler ösdürilip ýetişdirilende her welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almagyň, halkymyzyň baý ekerançylyk tejribesini başarnykly peýdalanmagyň hem-de öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, ýazda geçirilýän meýdan işlerine taýýarlyk görmek barada häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işinde möhüm ähmiýeti bolan giň gerimli bag ekmek möwsümine degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy hem çagyrdy. Wise-premýer Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny goramak boýunça durmuşa geçirilýän işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Türkmenbaşy şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän Köpugurly hassahananyň hem-de Ýokanç keseller hassahanasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň saglygy we abadançylygy barada hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, wise-premýere we häkime täze guruljak hassahanalarda näsaglara ýokary derejeli kömegiň berilmegi hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleriniň hödürlenilmegi üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. Hassahanalar ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidir.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitde işleriň ýagdaýy, güýzlük däneli ekine ideg etmek, ekişe toplumlaýyn taýýarlyk görmek, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin meýdan işlerini degişli derejede guramak boýunça häkime anyk tabşyryklary berip, demirgazyk welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almagyň, agrotehniki kadalary berjaý etmegiň hem-de häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz gowaça ekişi bilen bagly meselä degip geçmek bilen, bu tehniki ekin üçin niýetlenen ýerleri ýokary hilli taýýarlamagyň, ýuwuş suwuny öz wagtynda geçirmegiň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynda amala aşyrylýan işleriň barşyny, umuman, welaýatda milli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini, şeýle hem köpçülikleýin bag ekmek çäresine taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol öz nobatynda gündelik geçirilýän meýdan işleri hem-de ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk, şeýle hem welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini çözmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna aýratyn üns bermegiň, güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň bereketli hasylyny almak boýunça degişli çäreleri görmegiň, şunuň bilen bir hatarda, welaýatda ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri ulanmak babatda çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyny has-da özgertmek, senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak wezipelerini çözmek, ýowara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýerleriň we tehnikalaryň ekişe taýýarlyk derejesi, şeýle hem dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depgini hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg etmegiň hem-de ýaz ekişini oýlanyşykly guramagyň ekinlerden bereketli hasyl almagyň girewi bolup durýandygyna ünsi çekip, degişli meseleleriň öz wagtynda we utgaşykly çözülmegini, ýerlerde mehanizatorlaryň we daýhanlaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegini göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ählihalk ýowaryna taýýarlyk görmek bilen bagly geçirilýän işler bilen gyzyklanyp, ata Watanymyzy, onuň her bir künjegini gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmäge ýardam etjek asylly çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalyk meýdanlarynda geçirilýän işler, ekiş möwsümine hem-de bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdylmagyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmaga gönükdirilen özgertmeleri geçirmegiň depginini güýçlendirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz «Oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» bellenilen wezipelere ünsi çekip, oba hojalyk pudagynyň käbir ugurlarynda işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda özgertmeleri sazlaşykly ilerletmegiň möhümdigini belläp, daýhanlara ýer böleklerini uzak möhletleýin kärendesine bermek, maldarçylyk hojalyklaryny hususylaşdyrmak hem-de umuman alnanda, obada bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak, pudaga telekeçileri giňden çekmek babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny hem-de anyk netijelerini bermelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlary ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde bina edilýän döwrebap durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu oba ilatynyň amatly durmuş şertlerini üpjün etmäge hem-de hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda geçiriljek ekologiýa çäresi barada aýdyp, şäherlerimizi we obalarymyzy has-da abadanlaşdyrmaga ýardam etjek ählihalk ýowarynyň ýurdumyzy gülläp ösýän mekana öwürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmakda aýrylmaz şert bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumynyň hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylaryna ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabadyň töwereginde ekilen bag nahallaryna degişli derejede ideg edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň häkimi Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim ýurdumyzyň baş şäherini has-da abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, täze gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz islendik desga bina edilende, onuň ýokary hilli gurulmagynyň we gurluşyk möhletleriniň berk berjaý edilmegi esasy talap bolup durýandygyny belläp, paýtagtymyzyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şol maksat bilen öňdebaryjy tehnologiýalary we iň gowy dünýä tejribesini ulanmak, şäher hojalygynyň degişli düzümleriniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimine agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna düýpli taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatlaryna we wezipelerine hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Häzirki wagtda Mejlisiň komitetlerinde Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň hukuk esaslaryny berkitmek, durmuşyň ähli ugurlarynda kanunçylygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan ugur bilen baglylykda, parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetine ünsi çekip, häzirki döwürde eziz Diýarymyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem umumy ykrar edilen halkara kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly, täze kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryny taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz jemgyýetiň durmuşynyň esasy ugurlarynda özgertmeleri üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylym we medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça işleriň geçirilmegi bilen baglylykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny belledi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew çagyryldy. Ol Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

2015-nji ýylyň dekabrynda badalga berlen turbageçirijiniň türkmen bölegini çekmek boýunça işler meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Şol işleri şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamak maksat edinilýär.

Häzirki wagtda «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasy tarapyndan Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisini gurmak üçin, şol sanda degişli ugurlary deslapky taslamalaşdyrma boýunça zerur bolan taýýarlyk işleri amala aşyrylýar. Zerur bolan geologiki-tehniki barlaglar, turbageçirijiniň geçjek ugrunyň ýerleriniň barlag-öwreniş işleri ýerine ýetirilýär, potratçylary we üpjün edijileri saýlap almak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça halkara bäsleşikleri geçirilýär. Turbageçirijiniň gurluşygy we ulanylyşy üçin ýer meýdanlaryny bölüp almak bilen baglanyşykly meseleler çözülýär.

Işiň ähli ugurlary boýunça öňe gidişlikler gazanyldy. TOPH taslamasynyň iň ýokary halkara ölçeglere kybap gelmegini üpjün etmek üçin onuň durmuşa geçirilmegine transmilli turbageçirijileri gurmak ulgamynda uly tejribä eýe bolan hem-de tehniki, hukuk we maliýe taýdan maslahat beriji hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda dünýäniň ýöriteleşen esasy kompaniýalary işe çekildi.

Mundan başga-da, häzirki wagtda gurluşygyň Owganystanyň we Pakistanyň çägine düşýän böleginiň ozal düzülen tehniki esaslandyrmasyny rejelemek hem-de deslapky tehniki taslamasyny işläp düzmek boýunça işler tamamlandy.

Döwlet Baştutanymyzyň TOPH taslamasyny guramaçylykly ýerine ýetirmek we dolandyrmak ugrundaky tagallalary bilen döredilen Ýörite müdirlik tarapyndan guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Bulardan başga-da, gaz geçirijiniň taslama gatnaşyjy goňşy ýurtlaryň çäginden geçýän böleginde ýerine ýetiriljek gurluşyk işleri üçin zerur bolan turbalary we beýleki enjamlary üpjün etjek potratçyny saýlap almak boýunça teklipler alyndy we şolary seljermek işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TOPH transmilli gaz geçiriji taslamasynyň amala aşyrylmagynyň Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga we degişlilikde, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdesiniň ulanylmagynyň hasabyna olaryň energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu iri gaz geçirijini gurmak boýunça işleriň barşy bilen tanşyp, onuň taslamasy babatda halkara guramalary, maliýe düzümleri we nebitgaz kompaniýalary bilen mundan beýläk-de gatnaşyklary ýola goýmaga degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji düzümi döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bu ugurda geçirilýän işleriň möhüm ugrudyr.

Ýurdumyzyň känlerinden gözbaş alýan energetika ulgamlary dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşynyň möhüm halkalary bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş dünýäniň giň goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň şol ulgamy döretmäge gönükdirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna türkmen «mawy ýangyjyny» uzak möhletleýin ugratjak TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, täze transmilli energiýa köprüsiniň Owganystany asuda ýagdaýda dikeltmek, onuň durmuş-ykdysady düzümini galdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleri çözmek babatda uly ähmiýeti bar. Bu, öz nobatynda, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisi sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň okgunly ösmegine hyzmat eder.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy babatda DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu gün ýurdumyzda diplomatik işgärleriň gününiň bellenilýändigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky täsirli ornuny mundan beýläk-de berkitmäge, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerimizi netijeli durmuşa geçirmäge diplomatlarymyzyň uly goşant goşýandygyny belledi.

Bitarap döwletimiz halkara giňişlikde syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge işjeň gatnaşýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn we strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Biz bu guramanyň Baş Assambleýasynda hem-de beýleki möhüm halkara maslahatlarda öňe süren başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri iş ýüzünde we bellenen möhletde ýerine ýetirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman şertlerinde energetika, ulag hem-de suw diplomatiýasynyň ähmiýetiniň has-da artýandygyny nygtap, ýurdumyzyň diplomatik gullugy dünýä hem-de sebit ösüşiniň şu günki ýagdaýlaryny hasaba almak bilen we «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alyp, toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar diýip belledi. Bu bolsa halkara gatnaşyklar we diplomatiýa boýunça Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýyny barha ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň diplomatik işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy türkmen diplomatlarynyň geljekde hem öz öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmegiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmagyň bähbidine päk ýürekden zähmet çekjekdiklerine hem-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň okgunly ösmegine, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.