Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 21—22-nji noýabrda Latwiýa Respublikasynyň Riga şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady, senagat, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toparyna garamak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, ulag-aragatnaşyk pudagynda, oba hojalygynda we gurluşykda, saglygy goraýyş ulgamynda, şeýle hem iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewürler düzümleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bilelikdäki hökümetara toparynyň ornuny belledi, onuň işiniň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara bähbitli maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de söwda gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň pes derejede alnyp barylýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça deputatlaryň alyp barýan işleri, milli parlamentiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Maslahatda “Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, “Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalaryna garalar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, deputatlaryň üstüne ýurdumyzyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etmek boýunça uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini aýtdy. Esasy maliýe resminamasy ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryny ýokary depginler bilen özleşdirmäge, durmuş we beýleki ulgamlarda yzygiderli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Döwlet Baştutanymyz şu maksat bilen, kanunçylyk-hukuk ulgamynyň kämilleşdirilýändigini, döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryny we taslamalaryny amala aşyrmaga ýardam edýän täze kanunçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanylmalydygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty guramaçylykly geçirmek barada milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Goňşy ýurtlar, şol sanda Hazar sebiti boýunça goňşy döwletler bilen netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, degişli berk şertnama-hukuk binýadynyň döredilmegine döwletimiziň işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň netijeli başlangyçlary hem şuňa gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň 2010-njy ýylyň noýabrynda Bakuda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde beýan eden teklipleriniň esasynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk taýýarlanyldy we olara gol çekildi. Türkmen Lideriniň goldaw bermeginde Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk hem taýýarlanyldy we kabul edildi.

2014-nji ýylyň sentýabrynda Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Astrahan şäherinde geçirilen IV sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde şertnama-hukuk, söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işi güýçlendirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Birinji ugur barada aýdylanda, Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýanyň taslamasynyň üstünde alnyp barylýan hereketleri işjeňleşdirmek hem-de Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli duşuşyklary geçirmek teklibi öňe sürüldi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga on sany teswirnamany işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylyň 13-nji iýulynda Astana şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine bu Konwensiýanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda bu möhüm resminamanyň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň mejlisi geçirildi. Nobatdaky duşuşygy Aşgabatda dekabryň ikinji ýarymynda guramak göz öňünde tutulýar.

Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen 7-8-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Şu günler paýtagtymyzda bäş goňşy ýurduň bilermenleriniň mejlisi geçirilýär. Onuň gün tertibine Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikinji we üçünji ugurlar boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda, häzirki wagtda Hazar deňzinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça dekabr aýynda bilermenleriň duşuşygyny geçirmek üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar. 15-16-njy noýabrda bolsa Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda bu maslahaty guramak hakynda Ylalaşyga hem-de degişli Ähtnama gol çekilendigi habar berildi.

10-njy noýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahata taýýarlyk görmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirip, Hökümet agzalarynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, BMG-niň wekilleri bilen hem degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebitinde giň netijeli hyzmatdaşlyga Bitarap Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklap, Hazaryň meseleleri, şol sanda dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esasy üpjün etmäge gönükdirilen şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga degişli meseleler boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp düzmek maksady bilen, tagallalary has-da birleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň köpasyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklary bilen baglanyşykly bolan Hazarýaka döwletleriniň hem-de halklarynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk işleri mundan beýläk-de alyp barjakdygyny aýtdy. Hazar giňişligi--munuň özi ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan möhüm strategiki sebitdir. Onuň peýdalanylmagy umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýär. Hormatly Prezidentimiz munuň bu ýerde takyk hukuk kadalara, özara hormat goýmaga hem-de Hazarýaka ýurtlaryň bähbitlerini nazara almaga esaslanan halkara hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýetini şertlendirýändigini nygtady.

Deňhukukly uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bilen çykyş edýän Türkmenistan Hazar deňzinde oňyn ýagdaýlaryň ösdürilmegine, ekologiýa abadançylygyny, biologik köpdürlüligi gorap saklamak hem-de gadymy Hazaryň baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak işine, parahatçylygyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde onuň derejesini berkitmek işine uly goşant goşýar. Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri, şol sanda ýurdumyzyň döredijilikli halkara başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge degişli işleri dowam etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty baradaky meselä ünsi çekip, bu iri forumyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady. BMG-niň howandarlygynda geçirilýän bu maslahat strategiki ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülmäge, ýaýbaňlandyrylan utgaşykly ulag-aragatnaşyk we logistika düzümini kemala getirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle düzümiň bolmagy ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanylmagyny we geçirilmegini üpjün etmek, ähli degişli meseleleriň üstünde jikme-jik işlenilmegi we öz wagtynda çözülmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň dürli ugurlarynda işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň gerimini giňeltmek, nebiti we gazy gazyp almagyň hem-de nebit önümleriniň möçberlerini köpeltmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň bölümleriniň alyp barýan işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu ugurdaky işlere ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmakda uly orun berilýär.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyny has-da ösdürmek, innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, häzirki zaman gazhimiýa önümçiliklerini we beýleki desgalary gurmak, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda çig maly gaýtadan işlemek işleri alnyp barylýar, gallaçylar bilen özara hasaplaşyklar geçirilýär.

Mundan başga-da, wise-premýer 3—4-nji dekabrda ýurdumyzda Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI halkara sergi-ýarmarkasyny hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz möhletinde tamamlanmagynyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere meýdanlardaky pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de tejribe alyşmak babatda her ýyl geçirilýän pagta önümleriniň halkara ýarmarkasynyň hem-de oňa gabatlanyp guralýan maslahatyň ähmiýetini belläp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň milli elektron senagatyny ösdürmek, döredilýän pudak önümçiliklerini netijeli ulanmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaba alyjy elektron abzallary öndürýän önümçilik we barlaghana enjamlar toplumlaryny satyn almak hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlenildi. Şeýle hem wise-premýer elektrik hasaplaýjylaryň nusgalary bilen tanyşdyrdy, olary “Türkmenmaşyngurluşyk” döwlet konserniniň “Türkmenkabel” döwlet kärhanasynda köpçülikleýin öndürmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny ösdürmek üçin elektron senagatynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanda elektron enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän kärhanalary döretmegiň döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen olary diňe innowasion, ýokary tehnologiýaly serişdeler we energiýa tygşytlaýjy enjamlar bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ulgam üçin dürli derejeli hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegiň we ösdürmegiň möhümdigini belläp, ady agzalan Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça dowam edýän uly möçberli işler barada hasabat berdi.

Aşgabady ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzyň ähli etraplarynda ýaşaýyş jaýlarynyň daşky keşbiniň durkuny täzelemek, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, köçeleri yşyklandyrmak boýunça çäreler görülýär. Şeýle hem döwrebap ulag düzüminiň döredilmegine —awtomobil ýollarynyň, köprüleriň, ýerüsti we ýerasty geçelgeleriň hem-de awtoulaglar üçin duralgalaryň gurluşygyna uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady dünýäde iň owadan hem-de adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şäherleriň birine öwürmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtap, gurluşyk işleriniň meýilnamada bellenilen möhletleriniň doly berjaý edilmegine we ýokary hiliniň üpjün edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň telekeçiligini höweslendirmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Döwlet ösüşiniň häzirki döwründe telekeçiligi ösdürmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyna berlen bazarlary alyjylar jemgyýetlerine ýerlemek baradaky teklibi hödürlenildi.

Wise-premýere azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzdaky dükanlary we bazarlary zerur bolan harytlaryň giň görnüşleri bilen doldurmak maksadynda gözegçilik edýän düzümleriniň işini işjeňleşdirmek babatda anyk görkezmeler berildi. Şol harytlar bolsa elýeterli we bellenilen bahadan ýerlenilmelidir.

Milli Liderimiz hususy ulgamyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge saldamly goşant goşýandygyny belläp, ýurdumyzyň telekeçiligini has-da ösdürmek, olaryň öndürýän önümleriniň we hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek üçin amatly şertleri döretmegiň wajypdygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky, şol sanda ýokary tizlikli Internet akymlaryny kärendä almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde 3-nji dekabrda Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bu ulgamyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksadalaýyk çäreleriň görülýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyzyň Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permana gol çekendigi barada aýdyldy. Bu waka türkmen demirýolçularynda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi we olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Milli Liderimiziň garamagyna geçirilmegi göz öňünde tutulan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän hemra aragatnaşyk ulgamynyň bolmagynyň ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň taryhynda täze tapgyry açýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň kommunikasiýalar ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de onuň bitewi maglumatlar giňişligine goşulyşmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere dünýäniň iri operatorlary tarapyndan milli hemranyň hyzmatlaryndan peýdalanmagyna degişli anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulagy pudagyny ösdürmek meselelerine uly üns berilýändigini aýdyp, wise-premýere eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan türkmen demirýolçularynyň hünär baýramyna gabatlanylyp geçiriljek çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini abadanlaşdyrmak we abat saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkymyzyň baý taryhyny dikeltmek we öwrenmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň milli mirasyny aýawly saklamak we giňden wagyz etmek bolsa häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer taryhy ýadygärliklerimizi abadanlaşdyrmak we abat saklamak üçin ýörite gazna döretmek boýunça birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde degişli işleriň alnyp barlandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň çägindäki taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek meselesine ünsi çekdi. Şol ýadygärlikler gadymy döwürlerden bäri saklanyp galypdyr. Munuň özi bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň, daşary ýurt alymlarynyň, ylmy merkezleriň we beýlekileriň uly gyzyklanmasyny döredýär. Milli Liderimiz bu meseläniň örän wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere taryhy ýadygärlikleri abadanlaşdyrmak we abat saklamak boýunça durmuşa geçirilýän köptaraplaýyn işleriň döwrüň talabyna laýyk guralmagy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de daşary ýurt dillerini we kompýuter sowatlylygyny öwrenmek isleýänler üçin Bilim ministrliginiň garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky merkezi döretmek meselesi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy hem-de 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlarynda hyzmat etjek meýletinçileri ýokary derejede taýýarlamak babatda beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýokary hilli bilim almagy, gözýetimini has-da giňeltmegi, ukyplaryny hem-de zehinini ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döretmegiň Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň hem-de ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Milli Liderimiz ýaşlaryň bilimlere ymtylyşyny, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmäge hem-de öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalaryny özleşdirmäge hyjuwyny höweslendirmek boýunça möhüm çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ady agzalan Merkezi döretmek baradaky teklibi goldap, onuň işini bildirilýän talaplara laýyklykda guramagy hem-de hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, uly üstünlikleri, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi