Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi.

 

Milli Liderimiz maslahaty açyp, sanly göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, bugdaýa ýokary hilli ideg etmek boýunça görülýän çäreler, gowaça, ýeralma we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk işleriniň netijesi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, geçen hepdede gurluşygyna badalga berlen ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berildi.

 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekiş geçiriljek meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny ýaz-meýdan işlerine toplumlaýyn we öz wagtynda taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ak ekinlere ideg işlerini, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek meselelerini, ösüş suwunyň tutulyşyny, oba hojalyk ekinlerini kesellerden goramak wezipelerini ýokary derejede alyp barmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

 

Milli Liderimiz kärendeçileriň suwaryş suwy, dökünler hem-de ýokary hilli tohum bilen üpjünçilik meseleleri, bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen gyzyklanyp, ekerançylyk meýdanlarynyň, suwaryş ulgamlarynyň we şor suw akabalarynyň arassaçylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda dürli maksatly, hususan-da, oba hojalygyna degişli binalaryň gurluşygynyň we möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bellenilen möhletde gurlup, ulanylmaga berilmeginiň we olaryň halkara ölçeglere kybap gelmeginiň möhüm talapdygyny aýtdy.

 

Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak ýaz ekişine taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.

 

Milli Liderimiz obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini belläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kada laýyk ýagdaýda ýola goýulmagyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ak ekinlere edilýän ideg işleriniň ýokary hil derejesiniň, gök-bakja we oba hojalyk ekinleriniň ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň hasyl bolçulygynyň kepili bolup durýandygyny belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi talap etdi.

 

Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine häzirki döwürden taýýarlyk işlerine başlamagyň, degişli desgalaryň, şol sanda atraksionlaryň we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň abadanlaşdyrylyşyna seretmegiň hem-de zerur bolan ýerlerde abatlaýyş işleriniň geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatda möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

 

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Aýratyn-da, welaýatda oba hojalyk tehnikalaryny we ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýan ideg işleri, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de bu çäreleri bellenilen möhletde geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.

 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ähli işleriň degişli kadalara laýyk ýagdaýda ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk görmek bilen bir hatarda, ýeralma, gök we bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini doly taýýarlamak hem-de bu ugurda amala aşyrylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi.

 

Hormatly Prezidentimiz, aýratyn-da, welaýatyň çäklerinde bag nahallaryny oturtmak, dürli gülleri ekmäge, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini, suw akabalaryny arassa saklamaga, şol bir wagtyň özünde daýhan-kärendeçileriň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin zerur bolan ähli zatlar bilen üpjünçilik meselelerini gözegçilikde saklamaga ünsi çekip, bu maksatlar bilen netijeli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

 

Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewany göni aragatnaşyga çagyrdy.

 

Wise-premýer Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine A.Durdyýewany bellemek baradaky teklibi habar berdi.

 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiň hem-de wise-premýeriň hödürlän teklibini oňlap, degişli Karara gol çekdi. Elektron resminamalar dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly bu resminama welaýatyň ýolbaşçysyna tizden-tiz iberildi we ol şol bada resminama bilen tanyşdy.

 

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty diňlenildi. Häkim welaýatda geçirilýän işler barada habar berip, gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini öz wagtynda ekmek boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ekinlere ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

 

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde welaýatyň ähli künjeklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şolarda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine we täze desgalaryň öz wagtynda gurlup, ulanylmaga berilmegine degişli meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanýar.

 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylygy ösdürmäge öňdebaryjy ylmy usullary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etmelidigini aýdyp, ekerançylyk meýdanlarynda zerur bolan agrotehniki çäreleri geçirmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý ekilen meýdanlarda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler bilen bir hatarda, welaýatyň çäklerinde gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň ekilýän meýdanlaryny giňeltmegiň, bag nahallaryny, esasan hem miweli baglary köpräk ekmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzda ekerançylyk önümleriniň bolçulygyny döretmek bilen birlikde, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Hormatly Prezidentimiz welaýatda desgalaryň gurluşygy, aýratyn-da, ileri tutulýan desgalaryň bina edilişi bilen gyzyklanyp, alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi.

 

Soňra milli Liderimiz sanly göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy. Häkim welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri we beýleki çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler we bugdaýa toplumlaýyn ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak, ekerançylary suwaryş suwy, dökünler we tohum bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler hakyndaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny, oba hojalyk önümçiliginiň düşewüntliligini ylmy esasda ýokarlandyrmagyň ähmiýetini ýene bir gezek belläp, her sebitiň toprak-howa şertlerini nazara alyp, obasenagat toplumyna häzirki zaman tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, suwaryş we inženerçilik desgalarynyň ýagdaýyny kada laýyk ýagdaýda saklamak meselelerine yzygiderli ähmiýet berilmelidigi bellenildi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz şu ýyl welaýatda bugdaýdan, gowaçadan, gök we bakja ekinlerinden, miweli baglardan bol hasyl almak maksady bilen, degişli işleri alyp barmagy häkimden talap etdi.

 

Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklanyp, bu işleriň yzygiderli gözegçilikde sak-lanmalydygyny belledi hem-de sebitde gurulýan möhüm ähmiýetli desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegini we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

 

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy we onuň barşy barada hasabat berdi. Öňde boljak ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmek, şeýle hem ekin meýdanlarynda talabalaýyk agrotehniki çäreleri geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gowaça ekişini wagtynda geçirmek, bugdaýa degişli derejede ideg etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň yzygiderli göze-gçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

 

Döwlet Baştutanymyz agrotehnikanyň bellenilen kadalarynyň üýtgewsiz berjaý edilmeginiň, ähli degişli gulluklaryň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

 

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli düzümlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini yzygiderli alyp barmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

 

Häkim şeýle hem Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzyň ekologiýa aba-dançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem meýilnama laýyklykda ileri tutulýan ähmiýetli desgalarda gurluşyk işleriniň amala aşyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

 

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz eýýäm çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine şu günlerden gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belläp, çagalaryň dynç alyş ýerlerini barlamagy, zerur bolsa şol ýerlerde abatlaýyş işlerini geçirmegi, şeýle hem şäheriň seýilgählerini we köçelerini talabalaýyk ýagdaýda abadanlaşdyrmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewiň hasabatyny diňledi, ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň gurluşyk we energetika pudaklarynyň işini kämilleşdirmek, Aşgabat şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna «Döredilmegi meýilleşdirilýän ilatly ýerler üçin ýer böleklerini saýlap almak boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň berkidilmeginde ýurdumyzyň gurluşyk we energetika toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu düzümlerde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna we ösen halkara ülňülere laýyk derejede ýola goýulmalydy-gyna ünsi çekdi. Şunlukda, gurluşyk işleri amala aşyrylanda şolaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we bellenilen möhletlerde tamamlanmagy esasy talap bolup durýar. Şeýle hem bu düzümde milli binagärlik ýörelgeleri bilen dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri utgaşdyrylmalydyr.

 

Döwlet Baştutanymyz binagärlik-gurluşyk taslamalaryny taýýarlamak, gurluşyk üçin ýer böleklerini saýlap almak işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagyna degişli pudagara toparyň möhüm orun eýelejekdigini belläp, hödürlenen taslamany, umuman, oňlady we degişli Karara gol çekip, toparyň işiniň talabalaýyk ýagdaýda guralmalydygyny tabşyrdy. Sanly wideoaragatnaşygyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasy dessine ýerine ýetirilmegi üçin elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy boýunça wise-premýere iberildi.

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisiniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň IÕ mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer bu mejlisleriň barşynda jemgyýetçilik guramalarynyň işleriniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýyldaky esasy ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de guramaçylyk meselelerine garalandygyny habar berdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, pensiýa gitmegi sebäpli, G.Baýramowany Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipelerinden boşatmak hem-de bu wezipelere G.Ataýewany saýlamak barada bu düzümleriň kararlaryny tassyklady. Bu resminama sanly elektron ulgamy arkaly wise-premýere iberildi.

 

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mek-depleriniň garamagyndaky ylmy-barlag hem-de bilim institutlarynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

 

Milli Liderimiz bu ugurdaky alnyp barylýan işleri geljekde yzygiderli dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli tabşyryklary berdi hem-de Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň garamagyndaky ylmy-barlag, bilim institutlarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek tertibini kämilleşdirmek hakyndaky Permana gol çekdi.

 

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary şol wagtda elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly wise-premýere iberildi.

 

Soňra göni wideoaragatnaşyk boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýangyç-energetika toplumynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilik ulgamlaryny döretmek, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalar barada habar berildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, ýurdumyzyň nebitgaz sena-gatyny döwrebaplaşdyrmak we ony köpugurly esasda ösdürmek, täze uglewodorod känlerini özleşdirmek, gazhimiýa pudagyny ösdürmek, özara bähbitli şertlerde daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

 

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynyň ähli ulgamlaryna kämil serişde tygşytlaýjy tehnologiýany, täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmagyň, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary we maliýe edaralary, ylym-bilim merkezleri bilen özara peýdaly hyzmat-daşlygy ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.

 

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şolar anyk netijelere, önümçilik pudagynda ylmy barlaglaryň iş ýüzünde ulanylmagyna gönükdirilmelidir.

 

Iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Ber-dimuhamedow aýtdy.

 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlarda dörediljek gazy gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň ylmy esasda seçilip alynmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hataryna girýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynyň eýeleýän belent sepgitlerini, känleri ylmy esasda öwrenmek, tebigy baýlyklary-myzy netijeli özleşdirmek boýunça gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek wajyp bolup durýar.

 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumynda esasy ünsi daşky gurşawyň goralmagyna berilmelidir. Ekologiýa howpsu-zlygynyň üpjün edilmegi ähli görnüşdäki nebitgaz çärelerini amala aşyrmakda hökmany talap bolup durýar. Köplenç nebiti we gazy çykarmak işleriniň türkmen topragynyň tebigy çäklerinde geçirilýändigini nazara alanyňda, bu mesele aýratyn ähmiýetlidir.

 

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary Garagum sährasynda ýüze çykarylýar we özleşdirilýär. Bu künjekde täze känleriň açylmagy dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň hünärmenleri Garagum sährasynyň goraghana zolaklaryny we Diýarymyzyň beýleki ajaýyp künjeklerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleri alyp barýar-lar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

BMG-niň kabul eden Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, häzirki döwürde Türkmenistan “ýaşyl” ykdysadyýete geçýär. Munuň özi täzeçil, serişde tygşytlaýjy we önümçiligiň ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryna esaslanýar hem-de adamlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrýar we daşky töwekgelçilikli ýagdaýlaryň täsirini peseldýär.

 

Hut şeýle çemeleşmeler Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerine baý künjeklerini özleşdirmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýar. Munuň özi geljek nesiller üçin ekologiýa abadançylygynyň we bioköpdürlüligiň saklanmagyny üpjün edýär.

 

Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda hem-de olaryň nebitgaz pudagynda ylmy we önümçiligi ösdürmegiň ählumumy meýillerini nazara alyp, hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýetli işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny belläp, bu babatda Ý.Kakaýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurban-guly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda halkymyzyň aba-dan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.