Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi we IIM-niň täze desgalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi we IIM-niň täze desgalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi hem-de Içeri işler ministrliginiň täze hojalyk desgalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy.

Irden hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze gurlan toplumyň meýdançasynda gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Içeri işler ministri I.Mulikow hasabat berýär.

Ýola goýlan däbe görä, döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär hem-de Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky täze desgalar toplumyny açýar. Toplumyň düzümine Maldarçylyk, Merkezi ammar hem-de Awtohojalygynyň binalar we desgalar toplumy girýär. Olar IIM-niň ýanyndaky gurluşyk birleşigi tarapyndan bina edildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Şu günki mejlisiň gün tertibine 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümini kömekçi hojalyklarda zähmete çekmek, şol sanda döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny, hojalyk we maldarçylyk toplumlaryny döretmegiň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem harby edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, Türkmenistanda geçiriljek giň gerimli halkara çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewiň hasabaty diňlenildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de BAE we Pakistana amala aşyrylan iş saparlarynyň anyk netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmegini nazara almak bilen, bu ugurda anyk ädimler ädilýär. Hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we bitaraplyk syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Daşary ýurt saparlarynyň çäklerinde geçirilýän gepleşikler munuň subutnamasy bolup durýar.

Milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini ilerletmegiň barşy hakynda hasabat bermek bilen, Goranmak ministri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we ýaşamagy üçin degişli şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Geljek ýyl Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň goranmak ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyzyň harby düzümlerde önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, hojalyk işini ösdürmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Goranmak ministrligine degişli gara mallaryň sany 700-e golaýlaýar, şeýle hem onda dowarlaryň 4 müň 800-den gowragy idedilýär. Şunuň bilen bir hatarda Goranmak ministrliginiň düzümlerinde oba hojalygynyň beýleki pudaklaryny, şol sanda bal aryçylygyny ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Olarda 247 maşgaladan ybarat bal arylary bar.

Şunuň bilen birlikde, Goranmak ministrliginiň düzümlerinde atçylygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ministrlige degişli düzümlerde saýlama ahalteke bedewleriniň saklanýandygy, olaryň ýurdumyzda guralýan dabaraly çärelere, paýtagtymyzyň Atçylyk sport toplumynda geçirilýän at çapyşyklara işjeň gatnaşdyrylýandygy habar berildi. Mundan başga-da, ministrligiň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýörite ýyladyşhanalary bolup, olarda dürli gök ekinleri we limon ösdürilip ýetişdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby ulgamy kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, Goranmak ministrine geçirilýän özgertmeleriň möhüm ugurlaryna, hususan-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda durýan Milli Goşunymyzyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ministrlige degişli düzümlerde önümçilik desgalarynyň çägini giňeltmek we olarda gök ekinleriň, azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de giňeltmek we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew milli Liderimiziň döwlet serhediniň goralyşyny güýçlendirmek, gullugyň garamagyndaky düzümleriň, serhet birikmeleriniň tehniki we harby üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerinde asudalyk höküm sürýär, bu bolsa ýurdumyzda başy başlanan we üstünlikli amala aşyrylýan sebit we halkara taslamalaryny nazara alanyňda örän möhüm bolup durýar.

Hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugyna degişli hojalyklarda gara mallaryň jemi 500-e golaýynyň, dowarlaryň bolsa 12,5 müňe golaýynyň saklanýandygy barada aýdyldy. Şu ýyl dowarlardan 4 müň 689 owlak-guzy alyndy. Şeýle hem şu ýylyň 10 aýynda gulluga degişli mallardan 52 müň kilograma golaý etiň, 28 müň 400 litrden gowrak süýdüň alnandygy guwançly ýagdaýdyr. Gullugyň düzüminde gulluk atlarynyň 1147-siniň, itleriň bolsa 770-den gowragynyň idedilýändigi barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berildi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde işe girizmäge taýýarlyk görülýän Aziýa halkara demir ýolunyň Atamyrat—Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) bölegi hakynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy esasynda Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň dost-doganlyk serhedi hökmünde has-da pugtalanmagynda yklym ähmiýetli bu desganyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Döwlet Baştutanymyz yklymyň iri sebitleriniň arasyndaky söwda — ykdysady gatnaşyklaryny artdyrjak Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji nobatdakysyny gurmagyň taslamasyna aýratyn möhüm ähmiýetiň berilýändigini belläp, Türkmenistanyň serhedindäki ýagdaýa berk gözegçiligi üpjün etmegiň hem-de serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, eziz Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi we ýaşamagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikowa söz berildi. Ol içeri işler edaralarynyň ähli işgärleriniň adyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, döwrebap hojalyk desgalarynyň gurulmagy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ministrligiň düzümlerinde önümçilik - hojalyk kuwwatlyklary artdyrylýar, maldarçylykdan alynýan önümleriň mukdary ýokarlanýar, şeýle hem ministrlige degişli bar bolan ahalteke bedewleriniň baş sany artdyrylýar, olar guralýan medeni-köpçülikleýin çärelere, paýtagtymyzda geçirilýän at çapyşyklaryna işjeň gatnaşdyrylýar. Häzirki döwürde ministrlige degişli gara mallaryň sany 410-dan geçýär, şeýle hem olar 70-e golaý düýäni idedýärler. Täze maldarçylyk toplumynda guşlaryň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin zerur şertleriň bardygyny bellemek gerek.

Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy garamagyndaky düzümlerde işleriň ýagdaýy, hususan-da, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, jenaýatçylygyň we düzgün bozmalaryň derejesini, şol sanda ýurdumyzyň ýollarynda ulag hadysalaryny azaltmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ministr döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we Türkmenistanyň “Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hödürledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň soňky ýyllarda halkara we sebit derejesindäki möhüm duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini aýdyp, howpsuzlyk çärelerini hem-de jemgyýetçilik tertibiniň goralmagyny, ilkinji nobatda, türkmen paýtagtynda üpjün etmegi talap etdi. Aşgabat şäheri geljek ýylyň güýzünde dünýäniň sport durmuşynda möhüm wakanyň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler.

Döwlet Baştutanymyz ministrligiň garamagynda döredilýän hojalyk ähmiýetli önümçilik kuwwatlyklarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu ähmiýetli başlangyjyň degişli derejede ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi. Onuň amala aşyrylmagy netijesinde IIM-niň düzümleri diňe içerki isleglerini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ýerde öndürilýän et-süýt önümleriniň artýan möçberleriniň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant bolar. Munuň özi harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerinde we zähmet terbiýesiniň ýokarlandyrylmagynda has-da ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz ýangyn howpsuzlygy babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklap, degişli resminama gol çekdi we onuň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleri, şol sanda aýry-aýry düzümleriň işine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň düzümlerinde bar bolan hojalyk toplumlarynyň işiniň kämilleşdirilýändigi, ahalteke atlarynyň baş sanynyň artdyrylýandygy we olaryň at çapyşyklaryna gatnaşdyrylýandygy barada aýratyn durup geçdi.

Wezipe borçlary döwletimiziň kanunlarynyň islendik bozulmalaryny ýüze çykarmak we öňüni almak bolup durýan prokuratura edaralarynyň işgärleriniň aýratyn jogapkärçiligi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Baş prokuroryna hereket edýän milli kanunçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçilik etmegiň gerekdigini tabşyrdy. Aziýa oýunlaryna doly taýýarlyk görmek işlerine aýratyn üns bermek bellenildi. Sebitde iri Olimpiýa şäherjigi onuň merkezine öwrülip, desganyň düzümi dürli maksatly binalaryň we gurluşlaryň 30-dan gowragyndan ybarat bolar.

Aziýa oýunlary—bu ajaýyp sport baýramçylygy bolup, oňa ençeme ýurtlardan myhmanlar Aşgabada gelerler. Şoňa görä-de, biziň wezipämiz bina edilýän sport desgalarynyň umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine doly laýyk gelmegini hem-de howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Şunda sebitde deňi-taýy bolmadyk iri sport toplumynyň gurluşygynyň ähmiýetiniň Aziadanyň çäklerinden çykýandygy bellenildi. Sebäbi bu ýerde ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalar soňlugy bilen ýurdumyzyň ähli täze gurluşyklarynda peýdalanylyp bilner.

Soňra ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýewe söz berildi. Ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýerlerde alnyp barylýan işleriň netijelerini öwrenmek maksady bilen, Mary we Daşoguz welaýatlarynda geçirilen seljermeleriň netijeleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz giňişleýin hasabaty diňläp, işgärleri seçip almaga we ýerli-ýerinde goýmaga hem-de ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça işlere örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň alyp barýan işleri, hususan-da, ýurdumyzda ägirt uly özgertmeler ýoly bilen döwletimiziň üstünlikli öňe ilerlemeginiň möhüm şerti bolup durýan jemgyýetçilik asudalygyny gorap saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem MHM-niň ýolbaşçysy garamagyndaky düzümlerde saýlama ahalteke atlarynyň birnäçesiniň bardygyny, olaryň ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, MHM-niň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Bu ministrlik häzirki zaman türkmen jemgyýetinde raýat parahatçylygynyň we milli ylalaşygyň esasy bolup durýan kanunylygy we düzgün-tertibi saklamagyň kepili bolup çykyş etmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa käýinç yglan etdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren görkezmeleriniň we tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň, hususan-da, gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmäge hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga degişli beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem gulluga degişli bar bolan ahalteke bedewleriniň sanynyň artdyrylýandygy, olaryň at çapyşyklarynda ýokary orunlary yzygiderli eýeleýändigi barada habar berildi. Mundan başga-da, Döwlet gümrük gullugynda hojalyk hasaplaşygy şertinde işleýän düzümleriň alyp barýan işi barada habar berildi.

Milli Liderimiz gümrük gullugynyň işgärleriniň üstüne ýüklenýän aýratyn jogapkärçilik barada aýdyp, gullugyň öňünde durýan wezipelere has jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy. Şol wezipeleriň iň esasylary hereket edýän gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de gullugyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek BMG-niň howandarlygyndaky Durnukly ulag ulgamy boýunça halkara derejesindäki iri Ählumumy maslahatyň ähmiýeti ýene-de bir gezek nygtaldy. Bu maslahat aýry-aýry ýurtlaryň we sebitleriň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow düzümiň öňünde duran wezipeler babatda ýerine ýetirilen işler, şol sanda ýurdumyzyň halkara aragatnaşyklarynyň işjeňliginiň ýokarlanmagy hem-de dünýädäki abraýynyň artmagy nazara alnyp, beýleki döwletleriň degişli düzümleri bilen has ýygjam işewür gatnaşyklary ýola goýmak we maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak boýunça wezipeleriň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara derejesinde geçiriljek möhüm wakalar, ilkinji nobatda, Aziada—2017 babatda migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny belläp, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şol hünärmenler zerur bolan hemme resminamalary düzüşdirip, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bilen takyk, sazlaşykly we çalt işlemeli bolarlar.

Biz ýurdumyzyň gözelligini we köpöwüşginliligini, onuň myhmansöýerligini we açyklygyny diňe bir sportda däl-de, eýsem, ähli beýleki pudaklarda-da hyzmatdaşlyk etmäge we netijeli özara hereket etmäge hemmetaraplaýyn taýýardygymyzy görkezmek isleýäris. Bu bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň “Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk” atly şygarynda öz beýanyny tapdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap döwletimizi yzygiderli ösdürmek üçin hukuk esasy bolan milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň we kämilleşdirmegiň, ony täze döwrüň we halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalarynyň talaplaryna laýyk getirmegiň zerurdygyny nygtap, hereket edýän milli kanunçylygymyza olaryň düzgünnamalaryny soňra işjeň ornaşdyrmak üçin halkara hukugynyň kadalaşdyryjy resminamalaryny seljermegi dowam etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny jemläp, ýurdumyzyň amala aşyrýan netijeli, parahatçylykly syýasatynyň baş maksadynyň ählumumy howpsuzlygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek bolup durýandygyny aýratyn nygtady hem-de şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlara harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem bildirilýän talaplara laýyklykda olaryň işlerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de özüniň köptaraply goranyş häsiýetli Harby doktrinasyny üstünlikli ýerine ýetirýän döwletimiziň milli goşuny pugtalandyrmagy, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmegi, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, mynasyp dynç almagy üçin hemme şertleri üpjün etmegi mundan beýläk-de dowam etjekdigini nygtady.

Mejlis tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz IIM-niň ýanyndaky hojalyk desgalar toplumy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän çyzgylar, taslamalar bilen tanyşdy. Olara degişli belliklerini aýdyp düzedişleri girizdi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, IIM-niň düzümleriniň işgärleriniň göwnejaý gulluk etmegi üçin degişli şertleri döretmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz elektrokarda toplum bilen tanyşmagyny dowam etdi. Toplumyň düzümine girýän Awtohojalygyň desgalaryny synlady. Umumy meýdany 4,75 gektara deň bolan hojalygyň çäginde dolandyryş binasy, ýük awtoulaglaryny we ýeňil awtoulaglary goýmaga ýer, Tehniki hyzmat ediş merkezi, ätiýaçlyk şaýlaryny saklamak üçin ammarlar, awtoýuwalga, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň ikisi, kömekçi desgalar ýerleşdirildi.

Içeri işler ministrliginiň dürli düzümleri üçin niýetlenen awtoulaglaryň görnüşleri milli Liderimiziň ünsüni özüne çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň uly üns bermegi netijesinde döwrebap tehnikalary satyn almagyň hasabyna IIM-niň tehniki parkynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny we täzelenýändigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze toplum bilen tanyşmagyny dowam edip, elektrokarda Merkezi ammara tarap ugrady. Bu ýerde Içeri işler ministrliginiň şahsy düzüminiň egin-eşikleri saklanýar. Umumy meýdany 5,25 gektara deň bolan çäkde dolandyryş we ammar maksatly binalar we desgalar, şeýle hem tikinçilik bölümi, çaphana we ussahana ýerleşdirildi.

Milli Liderimiz tikinçilik bölümine baryp, onuň işi we üpjünçiligi bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyza harby lybaslaryň dürli görnüşleri görkezildi. Olary taýýarlamak üçin bu ýerde öz ýurdumyzda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa matalar ulanylýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde zerur bolan ähli şertler döredildi, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bölümiň iş aýratynlygy bilen gyzyklanyp hem-de IIM-niň bölümleriniň işgärleri üçin niýetlenen gulluk egin-eşikleriniň nusgalaryny gözden geçirip, olaryň ulanyş maksadyna we estetiki talaplara laýyk gelmeginiň harby gullukçylaryň üstünlikli gulluk etmeginiň möhüm şertleriniň biridigine ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz çaphana baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Bu ýerde ýokary çap ediliş usuly bilen neşir önümlerini taýýarlamaga mümkinçilik berýän dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylypdyr. Döwlet Baştutanymyz döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çaphananyň işini talabalaýyk guramak barada IIM-niň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi. Soňra milli Liderimiz gullukda ulanmak üçin niýetlenen neşir önümleriniň sergisi bilen tanşyp, şeýle önümleriň häzirki günüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow azyk önümlerini, şol sanda miwe, bakja we gök önümleri, gaplanan önümler hem-de et we et önümleri saklamak üçin niýetlenen sowadyjy ammarlary gözden geçirdi. Bu ýerde oturdylan ýörite enjamlar olary terligine saklamaga mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sahawatly türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök önümleriň, miwäniň we bakja önümleriniň terligini uzak wagtlap saklamak üçin ähli zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany azyk önümleriniň ýokary hilli bolmagynyň möhümdigini belledi, munuň ynsan saglygy üçin ähmiýetiniň örän uludygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu möhüm işe aýratyn üns berilmelidigini nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz IIM-niň garamagyndaky kärhanalarda öndürilýän önümleriň sergisi bilen tanyşdy. Bu ýerde gurluşyk serişdeleriniň, şeýle hem ýol nyşanlarynyň, sport enjamlarynyň dürli görnüşleri, bedewiň eýer esbaplary, nagyşlanan gaplar, edara binalary we hojalyk üçin mebelleriň dürli görnüşleri, hojalykda ulanylýan zähmet gurallary, metal önümleri we beýlekiler görkezildi.

Milli Liderimiz öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi ammaryň çäklerinden çykyp, elektroulagda Maldarçylyk toplumyna tarap ugrady.

Ýeri gelende aýtsak, bu hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümini azyk önümleri bilen üpjün etmegiň hilini ýokarlandyrmaga niýetlenen şunuň ýaly ilkinji hojalykdyr. Onuň çäklerinde iki gatly dolandyryş binasy, önümçilik bölümi, ammary bolan iým taýýarlaýjy bölüm, sanjym geçirmek üçin binasy bolan weterinar bölüm, sygyrlar we göleler üçin ýataklar, mallary gezdirmek üçin ýer, dökünleri saklamak üçin ammar, barlag geçiriş nokady, üç sany üsti açyk awtoduralga, ulaglary goýmaga ýer, tehniki we beýleki degişli enjamlaryň birnäçesi ýerleşýär. Şunuň bilen birlikde, ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdany bar, silosy, samany we bedäni saklamak üçin şertler döredilipdir.

Bu ýerde iri we ownuk şahly mallary, düýeleri, şeýle hem towşanlary we guşlary köpeltmek üçin zerur bolan mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Häzirki wagtda birinji tapgyrda 10 müň sany jüýje çykaryldy. Özi-de, diňe bir towuklaryň dürli tohumlaryny ösdürip ýetişdirmäge däl, eýsem, ganatlylaryň sülgün, bedene, käkilik, hindiguşy ýaly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin hem şertler bar. Toplumyň çäklerinde guralan sergi munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň gurluşyna we üpjünçiligine aýratyn üns berip, bu ýerde saklanýan oba hojalyk mallarynyň tohumlary, olaryň önümliligi, köpeltmegiň we saklamagyň aýratynlyklary, şeýle hem maldarçylyk hojalygynyň önümçilik kuwwatlyklary bilen içgin gyzyklandy.

Mälim bolşy ýaly, bar bolan serişdeleri we kuwwaty has doly peýdalanmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dürli düzümlerde we pudaklarda ýokary girdejili kömekçi hojalyklarynyň döredilmegi hem bu meseläniň üstünlikli çözülmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu babatda, Içeri işler ministrligine degişli bolan täze maldarçylyk toplumy aýdyň mysal bolup biler. Onuň kuwwaty IIM-niň düzümleýin bölümleriniň işgärlerini degişli azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge, önümleriň artýan bölegi bolsa, ýurdumyzyň bazarlaryny doldurmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde idedilýän gara mallar üçin döredilen şertler, olaryň saklanyş aýratynlyklary bilen gyzyklanýan pursatynyň öňüsyrasynda bu ýerde täze göläniň dünýä inendigini habar berdiler. Mallary idedýän harby gullukçylaryň aýtmagyna görä, munuň özi gowulykdan nyşandyr.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde idedilýän guşlaryň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň sanyny artdyrmak, guşlar üçin zerur şertleri döretmek üçin mümkinçilikleri üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, harby gullukçylaryň gulluklaryny üstünlikli alyp barmaklary hem-de öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözüp bilmekleri üçin ähli babatda harby geýimleriň we häzirki zaman ýaraglaryň bolmagy bilen bir hatarda sazlaşykly ýokumly iýmit hem zerur şertleriň biri bolup durýar. Edara degişli şunuň ýaly maldarçylyk toplumlaryň artykmaçlygy hemişe ter we ýokary hilli et, süýt önümleriniň we beýleki azyk önümleriniň bolup durmagyndan ybaratdyr. Şoňa görä-de, şeýle oňyn tejribäni işjeň ýaýratmak gerek.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow IIM-niň hojalyk desgalarynyň açylmagy mynasybetli, düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi ugrunda edilýän hemmetaraplaýyn alada çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli gullukçylarynyň we işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Adylhan atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz öz minnetdarlygyny beýan edip, asylly däbe görä, ajaýyp bedewiň boýnuna alaja dakdy.

At çapmagyň ajaýyp ussady bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz bedewe atlanyp, az salym gezim etdi. Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan milli Liderimiz türkmen atlarynyň gelip çykyşyna, atşynaslaryň, seýisleriň we çapyksuwarlaryň asylly işine bagyşlap, birnäçe eserleri döretdi. Dürli dillere terjime edilen we çuňňur many-mazmuna eýe bolan ol kitaplar dünýä ýurtlarynyň okyjylary üçin elýeterli boldy.

…Hormatly Prezidentimiziň erk edýän Adylhan atly bedewi türkmen kalbyna çalymdaş giň sähralaryň goýny bilen seýkin ýörişini dowam etdi. Güýzüň soňky pursatlarynda sähranyň özboluşly gözelligi bolup, onda ynsan kalbynyň ruhuny göterýän özboluşly gudrat bar.

Häzirki döwürde gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda atçylyk we atçylyk sporty okgunly ösdürilýär. Bu ugra degişli döwrebap desgalaryň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem ulgamda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilmegi netijesinde türkmen çapyksuwarlary we ahalteke bedewleri dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän at çapyşyklaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa milli Liderimiziň başlangyjy we parasatly ýolbaşçylygy bilen atçylyk pudagynyň ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreleriň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz atly gezelenji tamamlap, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň uly rowaçlyklara beslenendiginiň we çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde türkmen alabaýy sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiz munuň üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi