Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalaryny, wajyp meseleleriň birnäçesini, esasy pudaklary ösdürmegiň wezipelerini, olara, şol sanda döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewe söz berildi. Ol senagat, ulag we aragatnaşyk toplumlarynyň amala aşyrýan işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň maýa serişdelerini çekmek arkaly täze senagat desgalaryny gurmagyň mümkinçiliklerini gözlemegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz kärhanalaryň enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp, ylmy gazanylanlara daýanyp hem-de innowasion tehnologiýalary ulanyp, täze senagat kärhanalaryny döretmegi we öňden barlaryny döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy.

Milli maksatnamalar ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, täze ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmäge we giňeltmäge, logistikany ösdürmäge gönükdirilmelidir. Bu çäreler ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, Diýarymyzda ulagyň ähli görnüşlerinde multimodal gatnawlaryň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleri döretmäge ýardam etmelidir.

Döwletimiziň halkara goşulyşmagynda kommunikasiýa-aragatnaşyk ulgamyna möhüm orun degişlidir. Şonuň täze derejä çykarylmagy kosmos tehnologiýalary esasynda aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Ykdysady strategiýasynda innowasion esasda gaýtadan işleýän pudaklary toplumlaýyn diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümlerini döretmek, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşleriniň möçberini artdyrmak wezipeleri çözülýär. Milli elektron senagatyny döretmek maksady bilen zerur çäreleri görmek möhümdir.

Tebigy baýlyklar, uglewodorod hem-de kükürtli wodorod çig malynyň ägirt uly gorlary, ornaşdyrylýan iň täze tehnologiýalar, çig maly gaýtadan işlemegiň we taýýar önümi çykarmagyň usullary mineral önümçiliginiň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge hem-de mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösen köp pudakly senagatyň, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmaga esaslanýan önümçiligiň ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösüşini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegini kesgitleýän esasy şertdigini nygtady we degişli wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer M.Çakyýew Senagat ministrligi tarapyndan kalsit önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, tejribe-synag işleriniň geçirilendigini, şonuň netijesinde, ýokary hilli kalsit önüminiň alnandygyny habar berdi. Kalsitiň öndürilmegi türkmen gurluşykçylaryna daşary ýurtlardan getirilýän şu önümlerden doly ýüz öwürmäge hem-de geljekde boýaglaryň dürli görnüşlerini, gips, karton we beýleki magdan däl gurluşyk serişdelerini çykarmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Magdanly şäherindäki gurluşyk serişdeleri kärhanasynyň düzüminde ýyllyk kuwwaty 500 tonna kalsit öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürmek hem-de daşary ýurtlara ibermek boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň hataryna çykarmak maksady bilen, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek strategiýasy senagaty IT-tehnologiýalaryň esasynda önümçiligi ösdürmek ýoly arkaly bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Döwlet Baştutanymyz innowasion ugurly gaýtadan işleýän kärhanalary, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek, senagat ulgamy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça strategik wezipeleriň goýlandygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Galaýmor howa menzilinde ýolagçy terminalynyň hem-de zerur desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyza şekiller arkaly täze howa menziliniň hem-de düzümleýin desgalaryň ýerleşýän ýeri görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýat awiasiýasynyň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrýandygyny hem-de halkara logistika giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýolagçylara hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürleýän döwrebap howa menzilleriniň hem-de uçuş-gonuş zolaklarynyň gurulmagynyň howa ulagy ulgamynyň ösen düzümini döretmek, ygtybarlylyk maksady bilen ony iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça umumy strategiýanyň bir bölegidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerden howa menzilleri gurlanda işleri guramaga, utgaşdyrmaga, alyp barmaga hem-de ýokary hilli üpjün etmäge degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagy has işjeň halkara gatnaşyklaryny, ýolagçy gatnadylmagynyň hem-de ýükleriň daşalmagynyň çäginiň giňeldilmegini we möçberleriniň artdyrylmagyny talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz awtomobil ýollarynyň, şol sanda awtobanlaryň ýagdaýyna ünsi çekdi. Şolar, bir tarapdan Türkmenistanyň ähli welaýatlaryny öz aralarynda birleşdirer, beýleki tarapdan bolsa, ýükleriň ulag arkaly goňşy döwletler bilen serhetlere çalt çykarylmagyny üpjün eder.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamagyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze döwrebap toplumlary gurmak bilen baglanyşykly işlere aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz maksatnamada ýangyç çig malynyň çykarylýan mukdaryny has-da artdyrmaga, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmaga, täze ýataklary, şol sanda Hazaryň türkmen kenaryndaky ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmäge hem-de “Galkynyş” gaz känini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy hem-de bu işde sanly tehnologiýalary, şol sanda 3D-modelirlemek usullaryny ulanmagyň wajypdygyny belledi.

Energiýa serişdelerini daşary bazarlara çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmek boýunça işleri dowam etmek möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň möhüm halkara ähmiýetini nygtady. Şol gaz geçirijisi türkmen gazyny Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna uzak möhletli iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi bermelidir.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň ylmy-tehniki kuwwatyny has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, degişli ylym we bilim edaralarynyň bu ugurdaky işini işjeňleşdirmegi degişli wise-premýerlere tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer M.Meredow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleri, şol sanda ýerasty süýji suwlary gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäklerinde ýüze çykarylan hem-de 2018-nji ýylyň ahyrynda «Halaç-II» ýerasty suw ýatagy hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagy barada habar berildi. Umumy meýdany 58,7 inedördül kilometre deň bolan bu ýatagyň suw bilen üpjün etmek mümkinçiligi bir gije-gündizde 30 müň kub metrden gowraga ýa-da bir sekuntda 348 litre deňdir. Ol ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geologlaryň işiniň möhüm ugry hökmünde gidrogeologik gözleglere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitlerde täze agyz suwy ýataklaryň hem-de mineral çeşmeleriň ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmäge, şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça wezipeleriň çözülmegine ýardam etmelidigini nygtady. Munuň özi döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyk arkaly oba we suw hojalyk ministri A.Ýazmyradowa «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen bilelikde suw serişdelerini rejeli ulanmak, ýurdumyzyň ilatynyň agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ulgamynda işleri işjeňleşdirmegi, ýerasty ýataklaryň hem-de suw çeşmeleriniň ýagdaýyny ylmy taýdan yzygiderli öwrenmegi, şolaryň gorlaryny anyklamagy, tebigaty goramak bilen bagly çäreleri toplumlaýyn geçirmegi hem-de ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 2019 — 2025-nji ýyllarda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet ideologiýasyny döretmegiň, medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, maksatnamada medeni mirasy giňden wagyz etmek hem-de milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda ösüp gelýän nesli terbiýelemek boýunça çäreleri göz öňünde tutmak möhümdir. Kitaphanalary, muzeýleri, beýleki medeni aň-bilim edaralaryny sanly ulgama geçirmek boýunça işleri dowam etmek wajypdyr. Bu edaralaryň işi ilatyň isleglerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy ýörelgelerini wagyz edýän döredijilik ulgamynyň wekilleriniň goşandynyň milletiň ruhy-ahlak taýdan kemala gelmegini şertlendirýändigini belläp, bu işleriň döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili bolup durýandygyny aýtdy hem-de maksatnamanyň taslamasynyň üstünde işlemek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz bellenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işine täze tehnologiýalary we häzirki zaman ylmy işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleriniň bu işe gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, bu babatda degişli wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer B.Abdyýewa Mejlisiň degişli kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanylan, 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Ýylyň dowamynda dürli medeni çäreleri, halkara maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralary hem-de sport ýaryşlaryny guramak, teatr we opera oýunlaryny taýýarlamak, internet saýtlarynda «Rowaçlyk» sahypasyny açmak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän 2019-njy ýyla bagyşlanan medeni çäreleriň taýýarlyk derejesine ünsi çekip, şolaryň ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini we baý medeni mirasyny wagyz etmekde, daşary döwletler bilen dostlukly hem-de medeni gatnaşyklaryň berkidilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz guralýan çäreleriň her biriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň bolmalydygyny we çuňňur many-mazmuna beslenmelidigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagyň barşy, şeýle hem bellenilen döwürde milli saglygy goraýyş hem-de bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ulgamy ösdürmek wezipeleriniň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, lukmançylyk ulgamynyň ylmy tehnologiýa taýdan üpjünçiliginiň, maddy binýadynyň pugtalandyrylmagynyň, ýaşlary okatmak işleriniň hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy döwrebaplaşdyrmagyň barşynda sanlaşdyrmagyň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini işjeň ornaşdyrmak, şol sanda daşary ýurtlaryň abraýly bilermenlerini we hünärmenlerini elektron serişdelerini ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek işlerine çekmek ýoly bilen ornaşdyrmak barada görkezmeler berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersleri, hünärleri, şol sanda ylmy tehnologiýalar babatdaky ugurlary girizmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri nazara alanyňda, programmaçy, inžener, tehnologlar ýaly hünärler zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag merkezleri bilen ýygjam gatnaşygyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi.

Ylmyň gazananlary ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolmalydyr. Ýurdumyzda täzeçil ýörelgeler we batyrgaý açyşlar üçin zerur mümkinçilikler bolmalydyr. Munuň özi täzeçil ösüşler üçin zerur şertleri döreder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de kompýuter ulgamyndaky täzelikleri işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny we jemgyýetçilik durmuşynyň ugurlaryny yzygiderli sanly ykdysadyýete geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, ýurdumyzda täze ylmy açyşlaryň höweslendirilmelidigini nygtady.

Soňra wise-premýer «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Ylymlar akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berdi.

Bu ulgamda Türkmenistanda yzygiderli ylmy-amaly barlaglar geçirilýär, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçen tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynda degişli Milli strategiýany döretmek hakyndaky başlangyçlaryndan ugur alnyp, şeýle işler durmuşa geçirilýär.

Türkmen hünärmenleri Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen bilelikde «Aşgabat şäheriniň we onuň töweregindäki meýdanda seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak» taslamasynyň üstünde işleýärler. Şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup biläýjek güýçli ýer titremeleri duýdurmakda hem-de şolar boýunça degişli çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak» taslamasynyň çäklerinde, bu ulgamda çaklamagyň hem-de monitoringiň strategiýasy işlenip taýýarlanylýar.

Onda seýsmiki howply zolaklarda mümkin bolan ýer titremeler bilen baglanyşykly durmuş, ykdysady hem-de ekologiýa töwekgelçilikleriniň derejesini peseltmek, Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň ilatynyň, binalaryň hem-de desgalaryň, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň şunuň ýaly tebigy heläkçiliklere taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler kesgitlenildi.

Maksatnamanyň amala aşyrylmagy sebitleriň durmuş, demografiýa hem-de ekologiýa ýagdaýyna, seýsmiki howply zolaklaryň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijilerine oňyn täsirini ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maksatnama işjeň taýýarlanylmagyň aýratyn möhümdigini belläp, seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmagyň, degişli öňüni alyş çärelerini kabul etmegiň ýokary durmuş we ykdysady ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda maksatnamalaýyn çäreleriň netijeli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda ekinlere ösüş suwuny tutmak, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýerleri sürmek hem-de tekizlemek, tehnikany ýazky ekişe taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.

Welaýatlarda ekerançylara möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmäge ýardam bermek maksady bilen alymlaryň we tejribeli oba hojalyk hünärmenleriniň gatnaşmagynda maslahatlar guralýar. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän ösümlik ýagynyň görnüşlerini hem-de mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada degişli maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş suwy bilen üpjün etmek ýaly oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl ýörite döredilen ýer gaznalaryndan kärendeçilere bölünip berlen ekerançylyk meýdanlarynyň netijeli özleşdirilmegini aýratyn gözegçilikde saklamak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem obasenagat toplumynyň ekerançylyk bölegine öňdebaryjy agrotehniki usullaryň ornaşdyrylmagy babatynda anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň önümçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ilaty ýokary hilli we köp görnüşli azyk önümleri bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Pagta çigidinden azyklyk ýagyň önümçiligi boýunça kärhanalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, günebakar hem-de ýurdumyzyň subtropik zolaklarynda zeýtun ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berilýän ýerleriň meýdanyny giňeltmek zerur bolup durýar. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz bu ekinleriň welaýatlaryň toprak-howa şertlerini nazarda tutup, has netijeli görnüşlerini saýlap almak üçin ylmy çemeleşmeleriň zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanda hereket edýän söwda desgalarynyň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen şolaryň ýeke-täk hasabatyny ýöretmegiň sanly görnüşde işlenilip taýýarlanylan taslamasy, şeýle hem ýurdumyzyň bazarlaryny harytlar bilen doly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň çäginde bölek söwda işini, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryny amala aşyrýan söwda desgalarynyň döwlet sanawynda hasaba alynmagy teklip edilýär.

Ýeke-täk sanawyň girizilmegi hem-de onda elektron görnüşde maglumat ulgamynyň döredilmegi häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna söwda ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ahyrky netijede bolsa ilatyň harytlara hem-de hyzmatlara bolan isleginiň has doly kanagatlandyrylmagyna mümkinçilik berer. Mundan başga-da, söwda toplumynyň doly maglumat gaznasynyň döredilmegi bu pudagy ösdürmegiň maksatnamalary işlenip düzülende peýdalanylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda desgalarynyň sanawyny kemala getirmek boýunça ähli meseleleri ýene bir gezek içgin seljermek barada wise-premýere görkezmeleri berip, tutuş söwda ulgamynyň guralyşyny, dolandyrylyşyny gowulandyrmak, hojalyk düzümleriniň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap gural hökmünde şeýle hasaba almagy ýöretmegiň iň gowy daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmeginiň we ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak, okgunly ösýän we önümçilik-täjirçilik ulgamyna senagat hem-de söwda işiniň gönüden-göni we durnukly birleşdirilmegi boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen bilelikde, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda birnäçe maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlaryny hususylaşdyrmak hakynda teklipleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli, döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine toplumlaýyn esasda gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny hem-de pudaklaryň orta möhlet üçin ösüş meýilnamalaryna üýtgetmeler girizmek esasynda degişli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şunda sanly ykdysadyýetiň kemala gelýändigini nazara almak wajypdyr.

Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki desgalaryň hususylaşdyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu işleriň geçirilmeginiň döwlet we hususy düzümleriniň arasynda bäsdeşligi ýokarlandyrmagyň hasabyna ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigini belledi. Esasy zat bolsa bularyň ählisiniň türkmenistanlylaryň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigidir. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi, umuman makullap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler Ç.Gylyjowa we E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň esasy ugrudygyny belledi. Obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hususy önüm öndürijileriň dürli pudaklara işjeň çekilmegini, oba hojalyk we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan beýleki önümleriň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin netijeli işleriň alnyp barylmagy obasenagat toplumynyň we söwda pudagynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýerler Ç.Gylyjowa hem-de E.Orazgeldiýewe bu ugurda bilelikde iş alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Pudagara topar döredildi, bu topar tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde gurluşyk serişdeleriniň döwlet sanawynyň, gurluşykda nyrh emele getirmegi seljermegiň tertibiniň, usulyýet resminamalarynyň taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýan birnäçe resminamalar işlenip düzüldi, şolaryň esasynda çenlik kadalaryň we bahalaryň Döwlet sanawy dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda gurluşyk toplumyny senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek hem-de eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, ýaşaýyş jaý gurluşygy, sebitleri özgertmek boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilendigini nygtady. Şolaryň çäklerinde bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmak işleri amala aşyrylýar hem-de täze senagat we durmuş desgalary bina edilýär.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, sanly ykdysadyýete geçilýän şertlerde hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler çözülýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Pudagyň okgunly ösüş depginlerini saklamak, kärhanalaryň işiniň netijeliligini kämilleşdirmek maksady bilen çig mal babatynda oýlanyşykly we çeýe nyrh syýasatyny alyp barmak zerurdyr, munuň özi bar bolan kuwwatlyklary has netijeli peýdalanmaga, gurluşyk kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu meseläniň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ähli ugurlar, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş toplumlaryny, şolaryň ýanaşyk ýerlerini we beýlekileri abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Giň gerimli wezipeleri çözmek üçin gurluşyk we elektroenergetika pudaklaryny dolandyrmak ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek zerurdyr, bu pudaklar döwletimiziň energiýa howpsuzlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ulgamlarda hem häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak gerekdir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Abraýly halkara düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi aýdyldy.

Häzirki döwürde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde, 2030-njy ýyla çenli iri strategiýanyň — durnukly ösüş üçin Gün tertibiniň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň hem-de Halkara çagalar gaznasynyň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen maksatnamalaryň esasynda ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim, daşky gurşawy goramak, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça jemi iş meýilnamalarynyň 37-si kabul edildi hem-de durmuşa geçirilýär. BMG-niň resmi maglumatlaryna görä, ýurdumyz dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ýerine ýetirip başlan ilkinji döwletleriň biridir.

Ýakyn wagtda Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek we EKOSOS-nyň howandarlygynda şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki Syýasy forumda ýurdumyzyň meýletin milli synlaryny dünýä jemgyýetçiligine hödürlemek babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň üç ýylyň dowamynda bilelikde ýerine ýetiren işleriniň jemlerini umumylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna bu resminamany taýýarlamak boýunça Pudagara toparyny döretmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwletimiziň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrýan anyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, Migrasiýa baradaky halkara guramasy, Halkara zähmet guramasy we beýlekiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Adamyň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak boýunça 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş üçin ählumumy Gün tertibiniň esasy wezipeleriniň birini durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrmagyň çäklerinde, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara toparynyň düzümini giňeltmegiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiziň garamagyna bu toparyň täze düzümini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adamlaryň durmuş derejesiniň ähli ulgamlarynda abadançylygy üpjün etmek üçin zerur şertleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Munuň özi ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer hem-de döredijilik ýörelgelerini içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde yglan eden Türkmenistanyň bu ugur boýunça BMG-niň degişli düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Meýletin Milli Synyny taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparyny döretmek hakyndaky» hem-de «Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky» kararlara gol çekip, bu babatda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilen döredijilik strategiýasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtap, Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýakyn geljekde ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň öňünde durýan wajyp meselelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamaga gatnaşýan ýurdumyzyň sebit we ählumumy möçberde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň ösüşine mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öňe sürýän we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ulag, energetika we suw diplomatiýasyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu ugurda türkmen tarapynyň oňyn tejribe toplandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlarda sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli guralyny işläp taýýarlamaga gatnaşygynyň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de jogapkärlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ş.Geldynazarowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hem-de ony Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we ösdürmek, döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldamak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Mejlisiň iş toparlarynda pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleriniň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylýandygy bellenildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de ýerlerde täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oňyn daşary hem-de içeri syýasatynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan goldamagyň Mejlisiň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Parlamentarileriň ýurdumyzdaky işleriň ýagdaýyny içgin bilmelidigini hem-de mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen işi kanunçylyk taýdan goldamalydygyny nygtady.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da möhüm meselelerine garaldy hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga maýa goýumlaryny çekmek milli Liderimiziň gozgan möhüm meseleleriniň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň giň toplumy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde okgunly ösüş hem-de giň gerimli taslamalary amala aşyrmak üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.