Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, 2019-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler, ilkinji nobatda, ak ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, ýerleri we tehnikalary möhüm oba hojalyk möwsümine — ekiş möwsümine taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda iş maslahatyny geçirmek üçin ir bilen “Oguzhan” köşkler toplumyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyna geldi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de ekiş möwsümini üstünlikli geçirmäge, bugdaýa ösüş suwuny tutmaga, maýsalary mineral dökünleri bilen iýmitlendirmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklarynda geçirilýän ähli işleriň döwrüň talaplaryna kybap gelmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatyň häkimine birnäçe tabşyryklary berdi.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri bellenilen möhletlerde geçirilmelidir. Oba zähmetkeşleriniň hal-ýagdaýy hem-de halkymyzyň abadançylygy şol işleriň üstünlikli geçirilmegine baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz ýerleri ekişe taýýarlamagyň depginlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda güýçlendirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga uly üns bermek barada görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynyň barşynda milli Liderimiz G.Annaýewi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Nurgeldiýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda işleriň ýagdaýy hem-de agrotehniki çäreleriň geçirilişi, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna ünsi çekip, bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek bilen bagly agrotehniki çäreleriň öz möhletinde talabalaýyk geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň häkiminden ýaz ekişi möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi talap etdi, gök-bakja, ýeralma we beýleki ekinleriň ekişi bellenilen möhletlerde geçirilmelidir. Milli Liderimiz munuň üçin oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, ýerleri öz wagtynda taba getirmek, topragy gurplandyrmak barada alada etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Garagumuň jümmüşinde daşky gurşawy gowulandyrmaga, suw hem-de ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna gönükdirilen ägirt uly ekogidrotehniki taslamanyň — “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ähmiýetine we gerimine ünsi çekdi.

Bu möhüm ekologiýa taslamasynyň maksady ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan suwarymly ýerlerden zeý suwlaryny toplamakdan hem-de şolary ýurdumyzyň demirgazyk-günbataryndaky Garaşor çöketligine sowmak üçin şor suw akabalarynyň bir bitewi ulgamynyň döredilmeginden ybaratdyr. Bu çöketlik tutuşlygyna Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde 580 million kub metre golaý suw toplandy.

Ylmyň we tehnikanyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ösýän asyrynda, ykdysadyýetiň zerurlyklarynyň artýan döwründe suw we ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagy üçin jogapkärçilik hem ýokarlanýar. Şonuň üçin işiň netijeliligini artdyrmak, halk hojalygynda düýbünden täze, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy uzak möhletleýin ykdysady ähmiýete eýedir.

Şor suw akabalarynyň takyk işlemegi netijesinde, “Altyn asyr” Türkmen kölüne ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda ulanylan suwlar akyp gelýär, bu bolsa ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, ýerli tebigat we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna getirýär, umuman alnanda, daşky gurşawyň ekologiýa howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrýar hem-de halkymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny netijeli ulanmaga, bu ulgamda işleri kämilleşdirmäge ýardam etjek möhüm wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda sebitleriň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, suwy rejeli peýdalanmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, ýerleri suwarmagyň döwrebap usullaryny oba hojalygyna ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri bar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara alymlar we hünärmenler bilen bilelikde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýagdaýyny öwrenmegi, oba hojalygynyň hajatlary, kölüň töwereginde ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleri üçin peýdalanmak maksady bilen, onda ýygnanan suwuň möçberini hem-de hilini jikme-jik öwrenmegi tabşyrdy.

Şonuň üçin şora durnukly ýerlerde suwy peýdalanmak bilen bagly ylmy barlaglary geçirmek hem-de köle golaý ýerlerde düýedarçylygy, balykçylygy ösdürmek möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde balykçylyk bilen meşgullanmak üçin daýhan hojalyklaryny döretmek bilen bagly meseläni içgin öwrenmek we degişli teklipleri taýýarlamak barada welaýatyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Umuman, ylmy nukdaýnazardan emeli köle ýanaşyk ýerleri işjeň özleşdirmek hem-de kölde ýygnanan suwy netijeli ulanmak boýunça anyk teklipleri taýýarlamak zerurdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bularyň hemmesi diňe ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin uly ekologiýa ähmiýete eýe bolup, türkmen döwletiniň ekologiýa syýasatynyň we suw diplomatiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim demirgazyk welaýatda işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda, ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, tehnikalary ýaz ekişi möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Milli oba maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmegiň ileri tutulýan döwlet wezipesi bolup durýandygyny belläp, bu ugurda işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny hem-de welaýatyň häkiminiň üns merkezinde durmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz häkime möwsümleýin meýdan işlerini geçirmek babatda hem anyk tabşyryklary berdi. Şol işler demirgazyk welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, zerur bolan ähli agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi hem-de daýhanlaryň ýerleri dürli ekinler üçin öz wagtynda taýýarlamakda toplan baý tejribesini işjeň ulanmak bilen alnyp barylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz T.Nazarowy işde goýberen kemçilikleri üçin Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä H.Nuržanowy bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.

Şeýle hem işde goýberen kemçilikleri üçin N.Ýazdurdyýewi Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä D.Ilmädowy bellemek hakynda Kararlara gol çekildi.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, öz nobatynda, geçirilýän işler barada hasabat bermek bilen, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Güýzlük bugdaý ekilen ýerlerde maýsalara ösüş suwy tutulýar, olar mineral dökünleri bilen iýmitlendirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýerleri sürmek we tekizlemek işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ekerançylygy ösdürmäge öňdebaryjy ylmy usullary ornaşdyrmak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekiş möwsüminden öň ýerlerde amala aşyrylýan agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz S.Abdyşükürowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Gylyjowy Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, A.Kurbandurdyýew işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz S.Allakulyýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, B.Ibragimow işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz F.Burhanowy Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz B.Açilowy Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine, J.Maşaripowy Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşykda geçirilýän maslahatda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde geçirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, ýerleri hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak hem-de suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz jogapkärli ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň depginlerini güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, ýerlerde daýhanlaryň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi hem-de ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň ýagdaýyny ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende ýerli aýratynlyklara, ylmy esasda milli ekerançylyk däpleriniň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň köpasyrlyk ekerançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz B.Allanazarowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä A.Agamyradowy belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň oba hojalyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler dowam edýär, şol sanda ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş üçin niýetlenen ýerlerde şüdügär sürümi hem-de tekizleýiş işleri geçirilýär. Şular bilen birlikde, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we pagtanyň hasyllylygyny artdyrmagy, sürümli ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagy, şol ýerleri ekiş üçin suw bilen üpjün etmegi pudagyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Şol wezipeler Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba özgertmeleriniň möhüm ugurlary bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini amatly möhletlerde geçirmegi tabşyrdy. Obasenagat toplumynyň ekerançylyk ulgamyna agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga degişli anyk tabşyryklar hem berildi.

Ekerançylyk türkmen halkynyň hojalyk işiniň gadymy pudagydyr. Ata-babalarymyz howanyň gurak şertlerinde oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň baý we gymmatly tejribesini topladylar. Bu taryhy tejribe häzirki günlerde hem öz möhümligini ýitirenok. Şol tejribe ençeme atalar sözlerinde, nakyllarda öz beýanyny tapypdyr. Milli Liderimiz bu sözleriň ekerançylygy alyp barmagyň aýratynlyklaryny örän takyk häsiýetlendirýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ata-babalarymyzyň paýhas eleginden geçip, asyrlaryň dowamynda timarlanyp gelen däp-dessurlarymyzyň halkymyzyň aňynda saklanyp galan daýhançylyk, topraga we suwa aýawly garamak, oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň aýratynlyklary, gadymy geçmişdäki ekerançylygyň tejribesi hem-de häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda giňden ulanylýan adalgalar bilen baglanyşykly parasatly sözleri toplamak hem-de sözlük görnüşinde neşir etmäge taýýarlamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň öňünde möhüm meseleleriň toplumyny kesgitledi we şolary üstünlikli çözmek, ýerlerde takyk hem-de sazlaşykly işleri üpjün etmek üçin çäreleri görmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisine «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.