Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşyp, döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň häzirki ýagdaýynyň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli çalt ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaýa ideg edilýär.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn wajypdygyny belläp, meýdanlarda geçirilýän agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek, galan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew çagyryldy. Ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitiň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän işlere ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalaryny täze möwsüme taýýarlamaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýetişdirilýän ekinleriň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, topraga ideg etmegiň wajypdygyny belläp, agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary hilli geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, meýdanlarda galan pagtany tiz ýygnap almak boýunça geçirilen çäreler, güýzlük bugdaýa ideg edilişi hem-de oba hojalyk tehnikalaryny geljekki möwsüme taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, işleriň depginini hem-de welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda olaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz häzirki wagtda pagtanyň doly ýygnalyp alynmagynyň hem-de güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajyp wezipedigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyp, döwlet durmuşynyň bu möhüm ugruna ilkinji derejeli üns berilmelidigini belledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitiň çäklerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň depginini güýçlendirmek hem-de güýzlük bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim hasabatyň çäklerinde Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň açylyşyna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny hem-de anyk netijeleri bermelidigini belledi. Munuň üçin ähli degişli düzümleriň özara sazlaşykly hereketini ýola goýmak zerur. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny geljekki möwsüme taýýarlamak maksady bilen oba hojalyk işleriniň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ähmiýeti barada aýdyp, noýabryň ahyrynda bu taslamanyň açylmagy meýilleşdirilen birinji tapgyryna taýýarlyk görmegiň örän ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, bu wakanyň Täze ýylyň öň ýanynda möhüm we geljegi uly taryhy häsiýetlidigini nygtamak bilen, onuň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň halklarynyň durmuşy üçin hem örän bähbitli boljakdygyny aýtdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatda işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ulgamynda amala aşyrylýan işler, şol sanda meýdanda galan pagta hasylyny ýygnap almak, oba hojalyk meýdanlaryny we tehnikany täze möwsüme taýýarlamak babatda görülýän çäreler, ýerlerde geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň ileri tutulýan döwlet wezipesi bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtap, bu ugurdaky işleriň ähli derejedäki ýolbaşçylaryň hemişe üns merkezinde durmalydygyny belledi. Milli Liderimiz meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnap almak boýunça hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem degişli agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa degişli ideg işleriniň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Munuň özi geljekki bereketli bol hasylyň girewidir.

Soňra iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häki
mi M.Abilow çagyryldy. Häkim paýtagtymyzda häzirki işleriň barşy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini has-da abadanlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler boýunça nusgalyk bolmalydygyny nygtap, Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanylmagynyň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem Aşgabatda geçiriljek dabaralaryň hem-de halkara çäreleriň ählisine ýokary guramaçylyk derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna mynasyp derejede goşulan paýtagtymyzyň myhmanlarda ajaýyp duýgulary döretmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygy baradaky meselä ünsi çekip, hemmeleriň gowy görýän bu ajaýyp baýramçylygyny örän oňat geçirmäge gowy taýýarlyk görmelidigini, şol sanda bazarlaryň we dükanlaryň azyk önümleri, Täze ýyl sowgatlary bilen üpjünçiligine seretmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da depginli ösdürmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny artdyrmaga gönük
dirilen jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi