Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, toplumlaýyn we maksatlaýyn milli maksatnamalary amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi.

 

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy. Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” atly, sebitiň daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilen duşuşyga gatnaşmak maksady bilen Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherine amala aşyran iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

 

Duşuşygyň barşynda esasy ugurlaryň bäşisi boýunça özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täzelenen strategiýasyny taýýarlamak; Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygy; özara goşulyşmak, maýa goýumlary we ykdysady hyzmatdaşlyk; durnukly ösüşiň we howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak hem-de suw serişdeleri meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça özara gatnaşyklar bilen bagly meseleler bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşy döwletimiziň ileri tutýan ugurlaryna hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli syýasy strategiýasyna esaslandy.

 

Hususan-da, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda Merkezi Aziýada syýasy gepleşikleriň üç derejeli görnüşi hakynda teklip beýan edildi. Ol hünärmenleriň geňeşmelerini, ministrleriň derejesindäki duşuşyklary hem-de döwlet Baştutanlarynyň sammitleriniň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şunuň ýaly tejribe sebitiň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriji geňeşini döretmek hakynda meselä seretmek üçin mümkinçilik döredýär. Şeýle hem Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk boýunça forumy geçirmek hakynda türkmen tarapynyň teklibi beýan edildi.

 

Şunuň bilen baglylykda, energetika, senagat, oba hojalygy, ulag, söwda ýaly esasy ugurlaryň bäşisine aýratyn üns berildi.

 

Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak hem-de suw serişdeleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda türkmen wekiliýeti Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreler barada habar berdi.

 

Suw-energetika meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýşy barada aýdylanda, ol esasy ýörelgeleriň üçüsine üýtgewsiz esaslanýar. Has takygy, Merkezi Aziýada suw meseleleri halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen, halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň giňden we işjeň gatnaşmagynda çözülmelidir.

 

Duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi, onda türkmen tarapynyň esasy garaýyşlary öz beýanyny tapdy.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewropa ugrunyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen, ÝB-niň agza döwletleri bilen köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Häzir hem däbe öwrülen bu gatnaşyklar bilelikdäki üstünlikli işleriň oňyn tejribesine hem-de köpugurly kuwwatyna eýe bolup, häzirki şertlere hem-de ösüşiň strategik wezipeleriniň umumylygyna kybap gelýän hil taýdan täze derejä çykmak üçin ähli mümkinçilikleri bardyr.

 

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, ynsanperwer ugur, şol sanda ylym, bilim we medeni gatnaşyklar, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işinde tagallalary birleşdirmek meseleleri bar.

 

Döwlet Baştutanymyz aýdanlaryny jemläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitarap Watanymyz geljekde hem saýlap alan daşary syýasy ugruna eýerip, halkara bileleşigiň işlerine işjeň gatnaşar hem-de halkara giňişlikde parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli garaýyşlaryny yzygiderli beýan eder. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, beýleki iri wekilçilikli forumlaryň belent münberinden öňe süren hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini, şol sanda suw meselelerini çözmek bilen bagly başlangyçlaryny ilerletmek we durmuşa geçirmek boýunça maksada gönükdirilen işleri dowam etmegi tabşyrdy.

 

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüş” atly halkara maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

 

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda dürli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 6 — 7-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek foruma uly ähmiýet berilýär. Ony guramaçylykly geçirmek üçin türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň wekilleri bilen bilelikde ylalaşylan çäreleri görýärler.

 

Maslahatyň işi umumy we bölümler boýunça mejlisler görnüşinde amala aşyrylar. Onuň gün tertibi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleri öz içine alar.

 

Forumyň öň ýanynda “Ýüpek ýoluny” Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ÝUNESKO-nyň Utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji mejlisi geçiriler.

 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, maslahatyň hem-de Utgaşdyryjy komitetiň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, sebit we yklym üsti ýollaryň möhüm çatrygynda ýerleşen ýurdumyz ony täze şertlerde dikeltmek, «Demirgazyk — Günorta» we «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça multimodal üstaşyr-ulag hem-de logistika düzümini döretmek babatda anyk başlangyçlary öňe sürýär, bu bolsa umumy abadançylygyň bähbidine hyzmat eder diýip belledi.

 

Milli Liderimiz şu hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Halkara ulag maslahatynyň hem bu wezipeleri çözmäge gönükdirilendigini belledi. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýoly bu gün hem Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany, olaryň halklaryny birek-birege hormat goýmagyň we ynanyşmagyň ýörelgelerinde birleşdirip, dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Täze ýyl mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

 

Täze ýyl dabaralarynyň maksatnamasynda baýramçylyk konsertlerini, bäsleşikleri we sergileri, sirk çykyşlaryny we beýleki dynç alyş çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Çäreler ýurdumyzyň ähli künjekleriniň medeni merkezlerinde, teatrlarda we merkezi meýdançalarda geçiriler.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, çagalaryň hem-de uly adamlaryň söýýän Täze ýyl baýramçylygyny oňa mahsus bolan şatlyk-şowhun bilen, şeýle hem milli däplerimize laýyklykda geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda halkymyzy täze, ajaýyp we beýik işlere ruhlandyrýan medeni-köpçülikleýin çäreleri guramagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

 

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri A.Ýazmyradow çagyryldy. Ol täze oba hojalyk ýylyna taýýarlyk görlüşi hem-de oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler barada hasabat berdi.

 

Döwlete tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen geçirilýän hasaplaşyklar, oba hojalyk tehnikalaryny meýdan işleriniň täze möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän işler, ekerançylary suwaryş suwy we mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

 

Hormatly Prezidentimiz häzir geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny bellemek bilen, bu ugurda işleriň ýagdaýyny düýpli seljermegi hem-de geçirilýän işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

 

Döwlet Baştutanymyz ministre suw gorlaryny hem-de ýer gaznasyny netijeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak, öndürilýän önümleriň möçberini hem-de oba hojalyk önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak, hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalygynda täze ykdysady gatnaşyklary işjeň ornaşdyrmak, şunda ýurdumyzyň telekeçileriniň mümkinçiliklerini has doly peýdalanmagyň hasabyna ornaşdyrmak gerek.

 

Hormatly Prezidentimiz şunuň ýaly çemeleşmäni obasenagat toplumynyň ähli ugurlarynda ulanmagyň zerurdygyny belledi. Ukyply, zehinli, hojalykçy adamlara goldaw bermek gerek. Goý, olar oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, süýt fermalaryny gursunlar, maldarçylygy netijeli ösdürsinler. Şu ugurlarda işlejek adamlara ýeňillikli karzlar berler.

 

Wideoşekilli iş maslahaty “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagyndaky işleriň ýagdaýy, peýdaly magdanlary, nebitiň hem-de gazyň we beýleki peýdaly ýerasty baýlyklaryň ýataklaryny gözlemek boýunça geçirilýän gözleg-barlag işleri barada hasabat berdi.

 

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, ýer astyndaky baýlyklary — çig mal serişdelerini geologiýa taýdan öwrenmek işlerini pudagyň işini dolandyrmagy kämilleşdirmek bilen bir hatarda degişli derejede alyp barmagy talap etdi.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz ägirt uly ýerasty baýlyklara eýedir. Çig mal binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin geologiýa-gözleg işlerini, şol sanda üç ölçegli seýsmiki gözleg usulyny ulanmak arkaly artdyrmak, buraw işleriniň, gözleg hem-de ulanyş guýularynyň gurluşyklarynyň gerimini giňeltmek gerek. Ýurdumyzyň ähli senagat pudaklaryny işjeň ösdürmek maksady bilen, 7 kilometre çenli we şondan gowrak uly çuňlukda ýerleşýän mineral serişdeleriň täze känlerini ýüze çykarmak üçin gözleg-barlag işlerine aýratyn üns berilmelidir.

 

Döwlet Baştutanymyz şeýle wajyp ugurlarda alnyp barylýan bellenen işleri hemmetaraplaýyn seljermek hem-de onuň netijeliligini artdyrmak üçin degişli çäreleri görmek babatda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysynyň öňünde wezipe goýdy.

 

Soňra demir ýol ulaglary ministri A.Atamyradow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, hususan-da, demir ýol pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň demir ýollaryny elektrikleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen Halkara ulag maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

 

Ministriň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine laýyklykda, häzirki wagtda demir ýollaryny elektrikleşdirmek boýunça tapgyrlaýyn işler geçirilýär. Demir ýol ulagynyň işine, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak işlerine yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk çäreler amala aşyrylýar.

 

Akina demir ýol bekedini ösdürmek maksady bilen uzynlygy 10 kilometre deň bolan goşmaça şahany çekmek boýunça işleriň barşy barada habar berildi. Ministrligiň hünärmenleri tarapyndan degişli meýilnama işlenip taýýarlanyldy, şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ýol gurluşykçylary Owganystanyň çäginde polat ýoly gurar.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, sebit we halkara ýollary ösdürmek boýunça başlangyçlarymyzyň ulag ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini talap edýändigini, şunda demir ýol ulagy bilen amala aşyrylýan gatnawlara aýratyn üns bermek bilen, degişli işleri işjeňleşdirmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

 

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde ähmiýetiniň artýandygyny belledi, «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça daşalýan ýükleriň möçberi ep-esli artdy. Türkmenistanyň iň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini berkitmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleriň herekete getirilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, tejribeleri, bähbitli işläp taýýarlamalary alyşmak boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berip, demir ýollary elektrikleşdirmek boýunça işler bilen baglanyşykly wezipeleri kesgitläp, bu ugurda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetini belledi.

 

Milli Liderimiz aragatnaşygyň multimodal ulgamynyň döredilmegine ünsi çekip, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň ylmy-tehnologiýa ugry hökmünde logistikanyň ösdürilmegini, bu ulgama döwrebap inženerçilik çözgütleriniň, guramaçylyk we usulyýet çemeleşmeleriniň ornaşdyrylmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hataryna çykarýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bazar bäsdeşligi şertlerinde ykdysady düşewüntliligiň, çykdajylaryň azaldylmagynyň hem-de ýükleriň çalt ýetirilmeginiň esasy artykmaçlyk bolup durýandygyny belledi.

 

Milli Liderimiz Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygy barada aýtmak bilen, onuň ähli desgalarynyň iň täze enjamlar bilen üpjün edilmelidigini hem-de ähli ölçegler boýunça netijeli ulanylmagy babatynda halkara ülňülere kybap gelmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu desgada işlejek hünärmenler üçin göwnejaý şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ägirt uly kuwwatyny äşgär etmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin öňde boljak maslahatyň ähmiýetini belläp, ministre Halkara ulag maslahatyny geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

 

Soňra döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy wideoşekilli göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, saglygy goraýyş edaralaryny bejeriş serişdeleri bilen üpjün etmek, köpçülikleýin öňüni alyş işleriniň guralmagyna ylmy çemeleşmeleri täzelemek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň ilata edilýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmäge hem-de keselleri bejermekde ýöriteleşdirilen mümkinçilikleri artdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Şonuň üçin täze lukmançylyk edaralaryny gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmak işi olary işgärler bilen üpjün etmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak meselelerine ünsi güýçlendirmegiň möhümdigini talap edýär.

 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynda, aýratyn-da, obalarda özgertmeleriň geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada tabşyryk berdi. Şol ýerlerde döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, bar bolan saglygy goraýyş edaralarynyň durkuny täzelemek, olary täze enjamlar, netijeli dermanlar bilen üpjün etmek, “Tiz kömek” gullugyny ösdürmek zerur bolup durýar.

 

Hormatly Prezidentimiz gyşyň gelmegi bilen baglylykda, saglygy goraýyş gulluklarynyň keselleriň öňüni almak boýunça işine ünsi güýçlendirmegi talap etdi. Ýokary okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde we mekdebe çenli edaralarda bu ugurda aň-bilim işlerini has işjeň geçirmek, möwsümleýin keselleriň ýaýramazlygy üçin öňüni alyş çärelerini, sanjym işlerini öz wagtynda geçirmek zerurdyr.

 

Milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen Baş maksatnamanyň amala aşyrylmagyny, şäherleriň we obalaryň arassaçylyk ýagdaýynyň hemişe üns merkezinde we degişli derejede saklanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

 

Döwlet Baştutanymyz şu günler gurluşygy dowam edýän, Ak bugdaý etrabynyň Bagabat obasynda gurulýan 200 orunlyk täze şypahananyň, Aşgabatda gurluşygy dowam edýän 130 orunlyk Halkara ýanyk şikesleri bejeriş merkeziniň hem-de Halkara estetiki bejeriş merkeziniň bellenilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmalydygyna we olaryň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilmelidigine ministriň ünsüni çekdi.

 

Milli Liderimiz 2019-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça ýokary derejeli ikinji halkara maslahaty geçirmek hakynda Karara gol çekip, bu ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagyny üpjün etmek babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

 

Soňra döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol akademiýanyň garamagyndaky institutlaryň alyp barýan işleri, hünärmenler tarapyndan geçirilýän ylmy-barlag işleriniň möhüm ylmy meseleleri, innowasion-tehnologiýa işleriniň ugurlary barada hasabat berdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa meseleleriniň işlenilip taýýarlanylmagynyň möhümdigini aýtdy, çünki tebigaty goramak ulgamy we howanyň üýtgemegi baradaky meseleler häzirki wagtda döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň kemala getirilmegi, ählumumy howplaryň we wehimleriň has giň ugurlaryny nazara alyp, bu ulgamda netijeli çözgütleri kabul etmek üçin aýratyn ýiti häsiýete hem-de ylmy ähmiýete eýe bolýar.

 

Milli Liderimiz Ylymlar akademiýasynyň ykdysadyýeti we jemgyýeti ösdürmegiň möhüm edarasydygyny belläp, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň innowasiýalary, nou-haulary hem-de ýurdumyzyň senagat toplumynyň dürli pudaklary üçin netijeli çözgütleri işläp taýýarlamakdan, sanly ulgama geçmekden ybaratdygyny aýtdy.

 

Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň ösüşi, ilkinji nobatda, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Bu ugurda jemgyýetiň akyl-paýhas mümkinçiligini has doly peýdalanmak, ýokary depginli ösüşi üpjün etmek hem-de ykdysadyýeti hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen öňdebaryjy ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak esasy ýagdaýa öwrülýär, bu bolsa ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini ulanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

 

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda ylmy pikiri ösdürmek babatda baý tejribe toplady, bu nesilden-nesle geçirilip, durmuş esaslaryna hem-de ruhy-medeni däplere öwrüldi. Munuň özi milletiň durmuş kadalarynyň we ruhy-medeni däpleriniň özenidir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça işleri, ylmy ösdürmek, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri döwrebap guramagyň möhümdigini belledi.

 

Ýurdumyzda ylmy mekdebiň maddy-enjamlaýyn binýady hemişe pugtalandyrylýar hem-de kämilleşdirilýär, munuň özi ylmy-barlag ugurlaryny giňeltmäge, gazanylan netijeleri bolsa önümçilige işjeň ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

 

Döwletimiz ylmy ösdürmek üçin berýän goldawlaryndan hem-de ähli şertleri döredip berýänliginden oňyn netijeleri görmelidir. Milli Liderimiz bu ulgamda dünýäniň iň oňat tejribeleriniň işjeň peýdalanylmalydygyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigine, doly innowasion derejedäki tapgyrlaryň taslamalaryň işlenip taýýarlanylmalydygyna, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň hünär ugurly ýokary okuw mekdepleri hem-de ykdysadyýetiň anyk ugruna degişli kärhanalary bilen aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmalydygyna, ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň bazarynyň döredilmelidigine ünsi çekip, bu babatda TYA-nyň öňünde durýan esasy wezipeleriň toplumyny kesgitledi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.