Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden Azerbaýjanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşyla-mak dabarasy boldy.

Azerbaýjanyň Prezidentini Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dost-larça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar.

Hormat garawuly rotasynyň başlygy dabaraly hasabat berýär. Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri Hormat garawulynyň es-gerleriniň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaý-janly kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhman ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Öz nobatynda, Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Baştutanyny Azerbaýjanyň hökümet wekili-ýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdançasyndan dabaraly ýöräp geçýärler.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni atlylar toparynyň ugratmagynda Türkmenista-nyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugraýar.

Bu ýerde, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düş-mek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejede ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany tüýs ýürek-den mübärekläp, azerbaýjanly kärdeşine döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýän-digi üçin minnetdarlyk bildirdi. Gadymdan gelýän dostluk däpleri, iki goňşy halky birleşdirýän ta-ryhy-medeni we ruhy umumylyk şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan halkara giňişlikde hem üstünlikli gat-naşyk edip, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň umumylygyny görkezýärler. Döwlet Baştutanymyz türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň bu berk binýada esaslanmak hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, mundan beýläk-de umu-my abadançylygyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüşiň mak-satlaryny gazanmagyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Ilham Aliýew Aşgabada resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygy hem-de myhman-söýerlik üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyz-matdaşlygyň giň mümkinçiliklere eýedigini belledi. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak gadymy döwürlerden bäri hoşniýetli goňşuçylyk we ruhy garyndaşlyk däpleri bilen baglanyşan doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Azerbaýjanda dostlukly Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar di-ýip, belent mertebeli myhman aýtdy we öz saparynyň ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara gat-naşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Azerbaýjanyň Baştu-tany türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, ýurtlarymyzyň ara-syndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäkle-rinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutan-lary türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzir-ki döwürde şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew deňhukuklylyk, özara bähbit-lilik hem-de uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, özara gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň umumy abadançy-lygyň maksatlaryna laýyk gelýändigini bellediler.

Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi we onuň ýanyn-daky wekiliýetiň agzalaryny mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin azerbaýjanly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Milli Lideri-miziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz bu sapara uly ähmiýet bermek bilen, oňa hoşniýetli goňşuçy-lygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny berkitmek, birek-biregi hormatlamak, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek, halkara giňişlikde hyzmatdaş-lygy pugtalandyrmak boýunça özara gatnaşyklaryň dowamy hökmünde garaýar.

Döwletara syýasy gatnaşyklar barada aýdylanda, bu gatnaşyklar ählumumy gün tertibiniň mö-hüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, sebitde hem-de tutuş dünýäde durnuklylygyň we howpsuz-lygyň üpjün edilmegi ýaly ugurlar boýunça çemeleşmeleriň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi bilen tapawutlanýar. Biz Azerbaýjana Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin minnetdardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň hem abraýly gurama-laryň, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek bilen dünýä giňişliginde birek-biregi hemişe goldaýandygyny nygtady. Biziň ýurtlarymyz geljekde-de terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, serhetüsti jenaýatçylyk ýaly häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy durmakda hyzmatdaşlygy dowam etmäge ygrarlydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarda hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçmek bilen, ýakynda kenarýaka döwletleri tarapyndan kabul edilen Hazar deňziniň hu-kuk derejesi hakynda Konwensiýanyň ähmiýetini belledi. Bu resminama hem türkmen-azerbaý-jan gatnaşyklaryny giňeltmek, parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzi hökmünde Hazaryň derejesini berkitmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar baradaky meselelere geçip, olary ös-dürmekde we harytlaryň sanawyny giňeltmekde bilelikdäki Hökümetara toparyň eýeleýän ornu-ny belledi, şeýle hem özara haryt dolanyşygynyň okgunly depginini kanagatlanma bilen nygtady. Şu ýylyň dokuz aýynyň görkezijileri munuň şeýledigine şaýatlyk edip, olar öňki ýyllaryň görkeziji-lerinden ýokarydyr.

Dürli pudaklarda, şol sanda oba hojalygynda, gurluşykda, senagatda hyzmatdaşlygyň oňyn me-ýilleri göze ilýär. Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalar babatda hem Azerbaýjan bilen gatna-şyklara gyzyklanma bildirýär, munuň özi sanly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy işler bilen baglylykda möhüm bolup durýar.

Ulag ulgamy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup, bu ugurda üstaşyr-ulag we logistika düzümini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkin-çilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Ýewropa çykýan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) ulag geçelgesi boýunça gol çekilen ylalaşygy anyk mysal hökmünde getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli halkara düzümler — TRASEKA, halkara awtomobil ulag-lary birleşigi (IRU) ýaly düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi.

Edil Türkmenistan ýaly, Azerbaýjan hem bu ugurda döwrebap düzüme, hususan-da, port düzü-mine eýe bolup durýar. Munuň özi awtomobil-parom hem-de demir ýol-parom gatnawlary, köpu-gurly logistika ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri şertlendir-ýär.

Energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin kuwwatly ätiýaçlyklar bolup, biz bu me-selede goşulyşmak ugrunda, şol sanda sebit derejesinde birleşmek ugrunda çykyş edýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Şunda energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly ulga-myny döretmek hem-de halkara bazarlara bilelikde çykmak boýunça oňat mümkinçilikler açyl-ýar.

Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz hem-de möhüm bölegi bolup durýar, ol biziň halklarymyzy birleşdirýän taryhy we ruhy kökleriň, medeni däpleriň ýakynlygy bilen şertlen-dirilendir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Häzirki wagtda biz bilim we ylym ulgamlarynda özara gatnaşyklary has-da ösdürmäge, syýahatçylyk hem-de sport ugurlary boýunça gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berýäris. Bularyň hemmesi doganlyk türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär hem-de geljekki nesilleriň bäh-bidine hyzmat eder.

Türkmenistanda hem, Azerbaýjanda hem halyçylygyň milli sungatyny aýawly saklamak we ös-dürmek meselelerine uly üns berilýär. Bu babatda halylaryň özara sergilerini guramak, şeýle hem bu ugurdan halkara maslahaty geçirmek hakynda teklipler möhüm bolup durýar diýip, döw-let Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, häzir iki ýurduň telekeçileriniň arasynda, hususan-da, kiçi we orta telekeçilik babatda işewür gatnaşyklary giňelt-mek üçin oňat şertleriň bardygyny belledi. Şu gün gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalaryň biri muňa ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlyga şunuň ýaly çemeleşme üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan we Azerbaýjan netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlylygy görkez-ýärler, bu hyzmatdaşlyga hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak ruhy mahsusdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Azerbaýjanyň Baştutanynyň şu saparynyň gepleşikleriň gün tertibine girizilen ähli meseleler bo-ýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirmek bilen, Türk-menistanyň Baştutany belent mertebeli myhmana jan saglygyny hem-de döwlet işinde üstünlikle-ri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa ähli gowulyklary arzuw etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Goňşy döwletiň Baştutany bildirilen myh-mansöýerlik üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini aýdyp, dostlukly Türk-menistanyň topragynda ýene-de bolýandygyna şatdygyny belledi. Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, düýn ol ýurdumyzyň yzygiderli we ynamly ösüşine şaýatlyk edýän gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli doganlyk türkmen halkyny döredijilik ýolunda gazanylan täsir galdyryjy uly üstünlikler bilen gutlap, Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjanyň hem häzirki sapara möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Belent mertebeli myhman şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmeginiň meýil-leşdirilýändigini belläp, şolaryň öz wagtynda amala aşyrylyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin has oňat şertleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Azerbaýjan Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly üns berýär. Şol gatnaşyklaryň binýady taryhyň, ruhy-medeni kökleriň umumylygyna, iki goňşy halkyň ýakynlygyna esaslanandyr. Biziň ýurtlary-myz döwletara hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini artdyryp, birek-biregi goldamak bilen halkara dü-zümlerde hem işjeň özara hereket edýärler. Bu bolsa sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda bu meseleler aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, häzir Azerbaýjanyň hem, Türkmenistanyň hem durnukly ösüşiň ýokary derejesini görkezýändigi örän wajypdyr, munuň özi olaryň saýlap alan ugrunyň dogrudygyna şa-ýatlyk edýär diýip, Prezident Ilham Aliýew belledi.

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlara eýedir. Şu gün hem ikiçäk görnüşdäki duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm meselelerine garaldy, şolaryň ara al-nyp maslahatlaşylmagy wekiliýetleriň gatnaşmagynda dowam etdiriler diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Geljekde gatnaşyk etmegiň esasy ýörelgeleri hem-de ileri tutulýan ugurlary kes-gitlenildi diýip, azerbaýjan Lideri sözüni dowam etdi hem-de özara haryt dolanyşygyny has-da artdyrmak, türkmen harytlarynyň Azerbaýjana we azerbaýjan harytlarynyň Türkmenistana eks-port edilişini köpeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen bilelikdäki hökümetara topa-ryň işini işjeňleşdirmek baradaky teklibini goldap çykyş etdi.

Goňşy döwletiň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýän gol çekmäge taýýarlanylan resminamalar baradaky gürrüňe dolanyp gelip, şolary amala aşyrmak üçin hereket etmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Türkmenistan we Azerbaýjan tebigy serişdeleriň, şol sanda uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe-dir. Şoňa görä-de, energetika ulgamy ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Azerbaýjan türkmen energiýa serişdelerini üstaşyr ibermek mümkinçiligini hödürle-ýär.

Belent mertebeli myhman ulag ulgamyny türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurla-rynyň biri hökmünde kesgitläp, hökümet wekiliýetiniň hatarynda Azerbaýjanyň ähli ulag düzümle-riniň ýolbaşçylarynyň bardygyny belledi. Olar eýýäm türkmen kärdeşleri bilen işjeň iş alyp bar-ýarlar.

Azerbaýjan Lideri aýdanlaryny jemläp, şu günki duşuşygyň barşynda ileri tutulýan we ikitarapla-ýyn hem-de köptaraplaýyn, şol sanda sebit hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşy-landygyny nygtady. Şunda umumy bähbitlere kybap gelýän tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly mümkinçilikler bar.

Prezident Ilham Aliýew geçirilen gepleşiklere doly kanagatlanma bildirýändigini aýdyp, umuman, şu saparyň netijeleriniň iki ýurduň we olaryň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna hyzmat etjek-digine ynam bildirdi. Azerbaýjanyň Baştutany mähirli kabul edişlik üçin ýene-de bir gezek hoşal-lyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk hem-de giň gerimli iş-lerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw etdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Telekeçiler (iş berijiler) guramalarynyň milli konfederasiýasy-nyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary mi-nistrligi bilen «Azerbaýjanyň demir ýollary» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda ulag we üstaşyr geçirmek meseleleri boýunça Ylalaşyga, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bi-len Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda Türkmenistanyň we Azer-baýjan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky mag-lumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hal-kara gatnaşyklary instituty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda-ky «ADA» uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýa-nyndaky «ADA» uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenista-nyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň çägi bilen halkara gatnawlara gatnaşyjylar üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek boýunça Ylalaşyga, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Azerbaýjanyň Hazar Deňiz Gämiçiligi» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda deňiz söwda gämi gatnawyny ösdürmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen «Baku Halkara Deňiz Söwda Porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda maglumat-lary awtomatlaşdyrylan usulda alyşmak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Baku Halkara Deňiz Söwda Porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jem-gyýetiniň arasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Baku Halkara deňiz söwda portu-nyň arasynda ýük geçirmeleriniň mukdaryny artdyrmak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki ýurduň portlaryndan de-ňiz ulagy arkaly geçýän halkara gatnawlary ösdürmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Aw-tomobil ulaglary ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary teh-nologiýalar ministrliginiň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek hakynda Ylalaşy-ga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2019 — 2022-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda senagat babatda hyzmat-daşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Mak-satnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda uzak möhletli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bi-len Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyga, Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respubli-kasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Azer-baýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylym, bi-lim, medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Maksatna-masyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren bu köp sanly resmina-malar Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mun-dan beýläk-de işjeň ösdürmek, doganlyk halklarymyzy birleşdirýän, gadymy döwürlerden bäri dowam edýän dostlugy hem-de hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak meýliniň bardygyna aý-dyň şaýatlyk edýär.

Soňra iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky ýokary derejedäki duşuşy-gyň netijelerini teswirläp, geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi, şol gepleşikleriň bar-şynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna, şolaryň ýagdaýyna we mümkinçiliklerine, şeýle hem sebit we dünýä gün tertibiniň meselelerine seredildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halkara meseleler boýunça, ilkinji nobatda, diňe bir sebitde däl-de, eýsem, tutuş dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak babatda garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny nygtamak bilen, azerbaýjan tarapyna ýur-dumyzyň ähli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol başlangyç-lar Bitaraplyk derejesine esaslanan daşary syýasat ýörelgesinden ugur alýar. Türkmenistan hem öz tarapyndan doganlyk Azerbaýjany hemişe goldaýar.

Iki goňşy ýurdy birleşdirýän Hazarda hyzmatdaşlyk etmek barada hem pikir alyşdyk diýip, döw-let Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýa kabul edildi. Biz hemişe Hazar deňziniň parahatçylygyň we hoşniýetli goňşu-çylygyň deňzidigini nygtap gelýäris, mundan beýläk-de şu syýasaty alyp bararys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda oba hojalygy, gurluşyk, senagat, täze tehnologiýalar ýaly geljegi uly pudaklarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toparyna seredildi. Ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklar baradaky meselä-de deglip geçildi.

Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda energetika ugruny görkez-di. Şunda energiýa serişdelerini sebit we halkara bazarlara çykarmak maksady bilen, umumy ta-gallalary birleşdirmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Biziň döwletlerimiziň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara topar işleýär, ol örän köp işleri bitirýär hem-de geljekde ne-tijeli işleri ugur edinýär.

Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklaryň esasyny düzýän medeni-ynsanperwer ulgamyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň taryhy-medeni kökleriniň umumylygynyň möhüm şert bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda bu asylly däpleri do-wam edip, geljekki nesilleriň watançylyk we milli gymmatlyklaryň ruhunda terbiýelenilmegine ýardam etmegi buýsançly ýagdaýdyr.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda halklarymyz üçin däbe öwrülen, amaly-haşam sungatymyz bolan halylarymyz ýaly möhüm ugra deglip geçildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan we Azerbaýjan öz halylary bilen hemişe şöhratlanypdyr. Şonuň üçin ýurtlaryň ikisinde hem haly sergilerini guramagyň maksada laýyk boljakdygy, şeýle hem halkara maslahaty geçirmek barada bir pikire geldik diýip, döwlet Baştu-tanymyz belledi.

Şeýlelikde, şu gün meseleleriň giň toparyna garaldy hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, olaryň ünsüni iki ugra çekdi, olaryň birinjisi ulag ulgamydyr. Şunda taraplar üstaşyr ge-çelgeleri hem-de degişli logistika ulgamyny ösdürmek boýunça gatnaşyklary ýola goýmak bara-da pikirlerini aýtdylar, goý, bu awtomobil, parom gatnawy ýa-da howa giňişligi, demir ýollary bol-sun, ýöne esasy zat, indi biziň ýurtlarymyzyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgesini we logistikany ösdürmek meseleleri bilen meşgullanjak ýörite topar işläp başlar.

Hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň hem, Azerbaýjanyň hem nusgalyk mysallary köpdür. Olaryň hatarynda Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda Ýewropa çykalgany üpjün etjek üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek boýunça gol çekilen ylalaşyk bar. Bu Gündogar — Günbatar ugry boýunça ýol bolup, ol tutuş Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirer. Ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen özara gatnaşyklar barada aýdylanda, şunda hyzmatdaşlyk üçin, hususan-da, TRASEKA, şeýle hem IRU ugurlary boýunça oňat mümkinçilik-ler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, bu babatda 28-nji noýabrda biz halkara maslahaty geçireris diýip belledi. Biz şu gün gatnaşyjy ýurtlara belli bir ýe-ňillikleri, aýdaly, ýeňillikli tölegleri we şuňa meňzeşleri edip biljekdigimizi kärdeşler derejesinde ara alyp maslahatlaşdyk. Indi bolsa esasy dogry logistikany ösdürmek galýar.

Ikinji mesele, şu gün gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna giren, 2019 — 2021-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda maksatnama bilen baglydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Ol hem mundan beýläk-de haryt dolanyşygymyzy ösdürmäge ýar-dam eder. Häzir bu babatda oňat ýagdaýlar döredi, statistika laýyklykda, haryt dolanyşygynyň görkezijisi ýylsaýyn ýokarlanýar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, takmy-nan, 17 göterim ýokarlandy. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmat-daşlyk baradaky hökümetara toparyň işiniň wajyp ornuny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni jemlemek bilen, şu günki gepleşikler özara hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçip, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny gör-kezdi diýip belledi.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de belent mertebeli myhmana we Azerbaýjanyň ähli do-ganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de doganlyk türkmen topragynda bolmak bilen ýurdu-myzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşindäki gazanylanlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolandygyny belledi. Azerbaýjanda Türkmenistanyň üstünliklerine öz üstünlikleri ýaly guwanýan-dyklaryny nygtap, belent mertebeli myhman döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, azerbaýjan halkyndan ähli türkmen halkyna doganlyk salamyny ýetirdi.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, bizi taryh, medeniýet, umumy kökler, däp-dessurlar, dünýägaraýşymyz birleşdirýär. Munuň özi kuwwatly binýat bolup, ol bize gatnaşyklarymyzy deň-hukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlyk ýörelgeleri esasynda gurmaga mümkin-çilik berýär. Emma, eýýäm häzirden bu saparyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda aýratyn orun eýelejekdigini ynamly aýtmak bolar. Bu gatnaşyklaryň uly mümkinçilik-leri bar.

Azerbaýjan Lideri sözüni dowam edip, geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaş-lygyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, alnyp barlan işleriň netijeleriniň jemlenendigini hem-de mundan beýläk özara hereket etmegiň ýollarynyň bellenendigini aýtdy. Resminamalaryň 20-den gowragyna gol çekildi. Olaryň her biri anyk häsiýete eýedir. Bu bolsa türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň derejesiniň, hyzmatdaşlygyň geriminiň hem-de taraplaryň maksatlarynyň, birek-birege doganlyk gatnaşyklarymyzyň görkezijisidir.

Diňe ýakyn ýurt bilen durmuşyň dürli ugurlary boýunça işleşmek mümkindir diýip, belent merte-beli myhman nygtady. Biz geljekde hem halkara guramalarda we düzümlerde birek-birege özara goldaw bermek barada ylalaşdyk. Bu eýýäm adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu hem döwletara gatna-şyklarymyzyň tüýs ýürekden amala aşyrylýandygyny görkezýär diýip, Azerbaýjanyň Baştutany belledi.

Prezident Ilham Aliýew türkmen Lideriniň giňişleýin beýan eden, gepleşikleriň gün tertibiniň esasy meselelerine degip geçip, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmagyň üstünde giň-den işlemek maksadyny tassyklady. Bu babatda bilelikdäki hökümetara topara degişli tabşyryk-lar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýýäm belläp geçişi ýaly, ulag ul-gamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine uly orun berildi diýip, belent mertebeli myhman aýt-dy. Saparyň öňýanynda iki ýurduň wekiliýetleri depginli işlediler, gepleşikleriň birnäçe tapgyrlary-ny geçirdiler hem-de «Gündogar — Günbatar» halkara geçelgesiniň işlemeginiň esasy meselele-rini ylalaşdylar.

Türkmenistan we Azerbaýjan geçen ýyllarda döwrebap ulag düzümini we logistika mümkinçilik-lerini döretmek üçin uly işleri geçirip, ugurdaş ýörelgelere eýerdiler diýip, goňşy döwletiň Baştuta-ny belledi. Munuň özi tebigy ýagdaýdyr, çünki ol biziň ýurtlarymyza we halklarymyza zerur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistanda we Azerbaýjanda halkara söwda portlarynyň şol bir wagtda, şol bir aýda — maý aýynda açylmagy hem tötänden däldir.

Biz öz çäklerimizde bu taslamalara maýa goýmak barada öňdengörüjilikli çözgütleri kabul etdik, bu gün bolsa biz söwda portlarymyzyň goşulyşmagy barada gürrüň edýäris. Şu gün degişli res-minama hem gol çekildi. Bu bolsa biziň ýurtlarymyza haryt dolanyşygyny we üstaşyr ýük daşa-malaryny artdyrmaga mümkinçiligi üpjün edýär diýip, belent mertebeli myhman nygtady.

Öz goňşulary üçin hem uly mümkinçilikleri döredip, Azerbaýjan we Türkmenistan möhüm ulag we logistika halkasyna öwrülýär. Döwrebap düzümler ulag ulgamyna iri maýa goýumlar işlemek üçin ajaýyp şertleri üpjün edýär diýip, Prezident Ilham Aliýew aýtdy hem-de ýakyn wagtda iki ýurduň arasyndaky ýük akymynyň ep-esli artjakdygyna ynam bildirdi.

Bakuwyň Alýat halkara söwda portunda Türkmenistandan goşmaça ýükleri kabul etmek üçin ýörite ýer berilýär. Şoňa görä-de, biz «Gündogar — Günbatar», «Günbatar — Gündogar» ugur-lary boýunça döwletlerimiziň arasynda üstaşyr gatnawlaryň artýandygyny göreris diýip, Azerbaý-janyň Baştutany nygtady. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, geçen ýyl Baku — Tbilisi — Kars demir ýolunyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti hem bellenildi.

Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, geçirilen gepleşiklerde sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri üpjün edýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bolan anyk meseleleri çözüldi. Şu-nuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň Lideri yzygideri özara hereket etmek, däp bolan doganlyk döwletara gatnaşyklary berkitmek hem-de umuman, sebitiň ýurtlarynyň arasynda has oňaýly ýagdaýlary döretmek üçin häzirki saparyň ähmiýetini belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň doganlyk halkyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk, rowaçlyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş, öz türkmen kärdeşine bolsa berk jan saglyk, täze üstünlikleri we abadançylyk ar-zuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Ali-ýew ýurdumyza resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we Aşgabatdan ugrady.