Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy.

Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikler wagtynda ikitaraplaýyn hyzmat-daşlygyň, şeýle hem halkara giňişlikde arkalaşykly hereket etmegiň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça netijeli pikir alşyldy. Prezidentler meseleleriň giň toplumy boýunça özara düşünişmegiň gazanylandygyny bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky 2017-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky Jarnama esaslanyp, iki ýurduň halklarynyň taryhy taýdan däbe öwrülen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat etjek, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri halkara syýasatyň esasy mesele-leri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini nygtadylar, dünýä giňişligin-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edýändiklerini tassykladylar.

Prezidentler ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň iş ýüzün-de ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşyp, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, yl-my-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüş depgininiň ýokarydygyny nygtadylar.

Prezidentler Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikalary agzalary bolup durýan hemmetarapla-ýyn we sebit guramalarynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Pre-zidentler ählumumy meseleler çözülende, durnukly ösüş üpjün edilende, dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmekde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň edaralarynyň ornu-ny ýokarlandyrmagyň, şeýle hem halkara parahatçylyga howp salýan agressiýa hereketlerine garşy halkara bileleşigiň tagallalaryny artdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň dostlukly döwletler bolmak bilen, biri-biriniň özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini hem-de halkara derejede ykrar edilen serhetleriniň eldegrilmesizdigini aýgytly goldaýandyklaryny ýene-de tassykladylar.

Prezidentler gapma-garşylyklary halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadala-ryna laýyklykda, döwletleriň özbaşdaklygyny, çäkleriniň bitewüligini hem-de halkara derejede yk-rar edilen serhetleriniň bozulmazlygyny hormatlamak we berjaý etmek esasynda parahatçylykly serişdeler arkaly çözmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky durnukly we ynanyşmak häsiýetli gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň örän möhüm hem-de uzak möh-letli bähbitlerine laýyk gelýändigine, şeýle hem sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuz-lygy üpjün etmekde esasy şert bolup hyzmat edýändigine ynanýandyklaryny beýan etdiler.

Prezidentler 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Kon-wensiýa Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gol çekmeginiň ähmiýetini bellediler hem-de bu esas goýujy resminamanyň Hazar deňzinde özara gatnaşyklaryň gurluşynyň berk esasyny goýmaga niýetlenendigini, şeýle hem sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.

Döwletleriň Baştutanlary Konwensiýanyň düzgünleriniň netijeli ýerine ýetirilmeginiň halkara huku-gyň ýörelgelerinden we kadalaryndan ugur alyp, taraplaryň arasynda deňziň düýbüniň we ýeras-ty baýlyklarynyň çäklerini bellemäge degişli meseleleriň hem çözülmegini talap edýändigini belle-diler.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deň-ziniň düýbüni çäklendirmek meseleleri boýunça Bilelikdäki iş toparynyň işini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Halkara terrorçylyga, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop mad-dalarynyň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we halkara howpsuzly-gyň beýleki wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn derejede hem, halkara düzümleriň çäklerinde hem mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygy-ny bellediler.

Prezidentler Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda özara bähbitli söwda-yk-dysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler ýokary goşmaça bahasy bolan önümleri haryt dolanyşygy-na çekmek arkaly özara söwdanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň we onuň sa-nawlaryny giňeltmegiň, şol sanda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Maksatnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini tassykladylar.

Döwletleriň Baştutanlary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan to-parynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ozaly bilen, söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Toparyň ornuny mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtadylar we onuň mejlisini ýakyn wagtda geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary telekeçilik işi üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini döret-megiň, harytlaryny hem-de hyzmatlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak mümkinçiligini ýokarlan-dyrmagyň, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrjak işewürler maslahatlaryny guramagyň möhümdigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler özara maýa goýumlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyň şert-leriniň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtap, geljekde hem özara gyzyklanma bildirilýän ugur-larda maýa goýumlaryny goldamaga, goramaga we höweslendirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Prezidentler ulag we üstaşyr ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýurtlaryň hem-de sebitleriň arasynda halkara söwdany ösdürmekde esasy ähmiýetiniň bardygyny tassyk-ladylar.

Döwletleriň Baştutanlary üstaşyr ýükleri, şeýle hem Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublika-synyň eksport-import ýüklerini daşamak meselelerini gyssagly çözmek üçin ulag, üstaşyr we lo-gistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan toparyny döretmegi goldadylar.

Döwletleriň Baştutanlary ulag babatda iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm taslamalary, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesiniň taslamasyny, şeýle hem Hazarüsti halkara ulag ugrunyň çäklerindäki taslamalary geljekde hem goldamagy dowam etdirjekdiklerini beýan etdiler.

Iki ýurduň çäkleriniň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň bäsleşige ukyplylygyny we özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Prezidentler daşary söwda ýükleri üstaşyr daşalanda nyrhlary mundan beýläk-de amatly ýagdaýa getirmäge hem-de ýeňillikli şertleri bermäge gönük-dirilen özara bähbitli yzygiderli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny ýene-de tassyk-ladylar.

Döwletleriň Baştutanlary ýokary mümkinçiligi bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we Bakuwyň Halkara deňiz söwda portuny doly güýjünde işletmegiň zerurdygyny nygtadylar, bu bolsa iki ýurduň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini ösdürmäge we Türkmenistanyň hem-de Azer-baýjan Respublikasynyň üstünden daşalýan ýükleriň möçberlerini birnäçe esse artdyrmaga amatly şertleri döretmäge ýardam berer.

Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda 2017-nji ýylyň 15-nji noýabryndaky Ylalaşygy (Lazurit ugry boýunça Ylalaşyk) iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň Baştutanlary Ylalaşygy öz wagtynda durmuşa geçirmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda daşary işler ministrleriniň hem-de ulag düzümle-riniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri ynsanperwer ulgamdaky hyz-matdaşlyga aýratyn üns berip, degişli guramalaryň, medeniýet we sungat, barlag merkezleriniň, okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň arasyndaky gatna-şyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler. Ylym we tehnika, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlaryn-da bar bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Prezidentler sport ulgamynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga öz döwletleriniň taýýardygyny beýan etdiler, şeýle hem türgenleri taýýarlamak, köpçülikleýin sporty we sport ylmyny ösdürmek babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurdygyny bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary 2017-nji ýylyň 12 — 22-nji maýynda Baku şäherinde geçirilen Yslam Raýdaşlygynyň IV Oýunlarynyň hem-de 2017-nji ýylyň 17 — 27-nji sentýabrynda Aşgabat şähe-rinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigini kanagatlanmak bilen bellediler, şeýle hem şular ýaly we beýleki halkara sport ýaryşlaryny gura-makda özara tejribe alyşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň Baştutanlary şu saparyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn hökümetara we pudagara resminamalaryň ähmiýetini bellediler, olar Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyr-maga hyzmat eder.

Prezidentler saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň dürli ugur-larda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge täze itergi berjekdigine, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine hyzmat et-jekdigine, olaryň hal-ýagdaýyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynam bildir-diler.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew azerbaýjan wekiliýetine myhmansöýerlik görkezendigi, mähirli we dostlukly kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Azerbaýjan Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.