Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna

22-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn paýtagtymyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirilýär.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Prezident Ilham Aliýewi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Ha-ly düşelen ýodajygyň gyrasynda belent mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglan we gyzjagaz dostlukly ýurduň Liderini duz-çörek we gül desseleri bilen garşyladylar.

Howa menzilinden Azerbaýjanyň döwlet Baştutanynyň ulag kerweni motosikletçileriň ugratma-gynda sapar mahaly özi üçin niýetlenen kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyndaky kabulhanasy-na tarap ugrady.

Biraz wagtdan dostlukly ýurduň Baştutany Watan goragçylarynyň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aş-gabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna ebedileşdirilen “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldi. Bu ýerde Prezident Ilham Aliýew “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goý-dy we bu toplumyň çäginde ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen ta-nyşdy. Goňşy ýurduň Baştutany bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýady-gärlik ýazgy goýdy.

Şol gün Azerbaýjanyň Baştutany paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstün-likli geçdi. Şu ýyl bolsa bu toplumda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty boldy. Bu iri sport desgasynda geçirilen halkara bäsleşikler Türkmenistanyň halkara sport giňişliginde abraýynyň barha belende galýandygyny alamatlandyrýar.

Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň birinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda taýýarlanylan sport lybaslarynyň sergisi görkezildi. Onda goýlan dürli görnüşdäki we birnäçe bezeg aýratynlyklary bolan, türgenler üçin niýetlenen egin-eşikleriň tikilişi, olaryň taýýarlanylyşy ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Belent mer-tebeli myhman türkmen pagtasyndan taýýarlanan we “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly bu lybaslaryň hil derejesine we ýakymlylyk taraplaryna ýokary baha berdi.

Olimpiýa şäherçesiniň monorels ýoly bilen barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen bu köpugurly sport düzümi bilen tanşyp, belent mertebeli myhman onuň özboluşly binagärlik çözgüdine eýedigini hem-de örän oýlanyşykly me-ýilnamalaşdyrylandygyny nygtady. Sportuň ähli görnüşlerine degişli desgalaryň bir ýerde jemlen-megi binagärlik çözgüdiniň ýokary derejesidir.

Soňra Prezident Ilham Aliýew Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi. Muzeýiň gymmat-lyklary gözelligi we nepisligi bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gara-magyna geljek nesiller üçin toplanan we aýawly saklanýan bahasyz taryhy gymmatlyklar, şeýle hem özboluşly milli däpleriň nesilden-nesle geçirilýändigini äşgär edýän häzirki zaman nepis haly önümleri görkezildi. Milli halyçylyk sungaty geçen asyrlaryň mirasyny we ussat halyçylaryň köp nesilleriniň döredijilik zähmetini özünde jemlemek bilen, türkmen halkynyň umumadamzat mede-niýetine ägirt uly goşandy bolan gadymy sungatlaryň biridir. Muzeý bilen tanyşlyk tamamlanan-dan soňra Azerbaýjanyň Baştutany Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyr-dy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy noýabrda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjany gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi iki doganlyk halkyň asyrlaryň dowamynda-ky taryhy-medeni umumylygynyň netijesidir. Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşykla-ryň täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Munuň üçin bolsa amatly mümkinçilikler we şertler bar.

Abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara iş-jeň häsiýet mahsusdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň ikisi-de ählumumy gün tertibiniň mö-hüm meselelerine bolan umumy garaýyşlary we çemeleşmeleri öňe sürýär.

Dürli derejede wekiliýetleriň ikitaraplaýyn saparlaryny guramak, ilkinji nobatda bolsa, iki döwletiň Ýolbaşçylarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, şeýle hem halkara ähmiýetli iri çäre-leriň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň we Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlary-nyň sammitlerini geçirmek netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň wajyp şerti bolup durýar.

2017-nji ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjana bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi. Onuň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda strate-gik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama, dürli ulgamlarda özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdir-mek üçin zerur mümkinçilikleri berýän beýleki resminamalar toplumyna gol çekildi.

Bu gezekki duşuşygyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň meseleleri boýunça pikir alyşýarlar.

Garaşylyşy ýaly, gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli we köpu-gurly esasda ösdürilmegine ähmiýet berler. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ägirt uly tebigy se-rişde mümkinçiliklerine, şol sanda uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy mö-hüm pudaklardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly şertleri üpjün edýär.

Iki goňşy döwletiň geografik taýdan amatly ýerleşmegi Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan hem-de ýük daşamak we ony halkara logistik düzüme goşmak üçin amatly gury ýer we deňiz ugurlaryny üpjün edýän häzirki zaman yklymüsti geçelgeleri döretmek boýunça taslamalary amala aşyrmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde we işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparyna, şeýle hem işewür düzümleriň gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidir.

Iki doganlyk halkyň baý medeni we ruhy mirasy, bozulmaz dostluk gatnaşyklary häzirki döwürde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň ikisi-de ynsanperwer gatnaşyklara, şol sanda bi-lim, ylym, medeni, sport hem-de syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlyga möhüm ähmi-ýet berýärler.

Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky şu ýylyň awgust aýynda kabul edilen Konwensiýany na-zara almak bilen, Hazarýaka döwletleriň bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň degişli şertnamala-ýyn-hukuk binýadyny döretmek iki ýurt üçin hem möhüm wezipe bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleriniň öňde boljak duşuşygynda taraplaryň tagallasy netijesinde sazlaşykly ösýän hem-de netijeli häsiýete eýe bolýan döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljek iri resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.