Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Ýokary komissaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Ýokary komissaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyz-matdaşlyk guramasynyň milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary jenap Lamberto Zanniýe-ri kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm mese-lelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bil-dirip, ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlary-na laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ÝHHG bilen netijeli gatna-şyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny, soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi berlendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy-nyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyzyň umumydünýä ösüş ýagdaýyna oňyn täsir etmäge gönükdirilen köpugurly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny esasy ugur edinýändigini nygtady. Milli Liderimiz Lamberto Zanniýere hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlary, şol sanda syýasy, ykdysady, ekolo-giýa we ynsanperwerlik gatnaşyklary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Milli azlyklar we olaryň jemgyýetçilik durmuşyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurduň ähli raýatlarynyň deňhukukly we parahatçylykly gatnaşyk-lary durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň kepili bolup durýar. Türkmenistanda demokratik esaslary we adam hukuklaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň hatarynda geçen ýyl dö-redilen Adam hukuklary baradaky doly ygtyýarly edara möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Konstitusiýamyzyň we degişli Kanunyň esasynda Türkmenistanda geçen ýyl adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň wezipesi döredildi.

Merkezi Aziýa sebitindäki ýagdaý ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň birine öwrüldi. ÝHHG-niň milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň belleýşi ýaly, Ýewropada howpsuz-lyk we hyzmatdaşlyk guramasy Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan döredijilikli daşary syýasat ugruna ýokary baha berýär hem-de ony hemmetaraplaýyn goldaýar. Munuň özi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolmak bilen, häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň işjeň orny eýeleýändigine şa-ýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Lamberto Zanniýer Türkmenistanyň soňky ýyllarda öňe sürýän birnäçe möhüm ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň döwrebap guralyny döretmäge, ählumumy howpsuzlyk binýadynyň üpjün edilmegine täzeçil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň wajypdygyny we ähmiýetlidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hem-de ÝHHG-niň Ýokary komissary ynsanperwer ulgamdaky, hususan-da, ylym we bilim ugurlaryny ösdürmek boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň geljekki ugurlary hakynda pikir alyşdylar.

Myhman Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda ýaýbaň-landyrylan giň möçberli özgertmeleriň ösüşine oňyn baha berip, bu ugurda köpugurly hyzmatdaş-lygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmak boýunça taslamalary taýýarlamak hakynda pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmi-ýet berilýändigini, munuň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belle-di.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ÝHHG-niň Ýo-kary komissary Lamberto Zanniýer bar bolan ähli meseleler boýunça mundan beýläk-de özara netijeli hyzmatdaşlyk etmäge bolan taýýarlygy mälim etdiler.

Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd gatnaşdy.

* * *

Şu gün şeýle hem ÝHHG-niň milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Aşgabatda bol-magynyň çäklerinde Mejlisde we Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alşyldy, ösüşe we abadançylyga umumy gyzyklanmalar, adamlaryň howpsuz we bagtyýar durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegi bu gatnaşyklaryň esasyny düzýär.