Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Tamaş Aýany kabul etdi.

 

Döwlet Baştutanymyz Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, oňa Ýer ýüzüniň iň güýçli türgenlerini paýtagtymyzda jemlän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýadygärlik nyşanyny gowşurdy.

 

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de beren ünsi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, şu günler Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçýändigi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýaryşa gatnaşyjylaryň adyndan myhmansöýerlik we ýaryşlary guramaga amatly şertleriň döredilendigi üçin köp sagbolsun aýtdy. Tamaş Aýan Aşgabatda geçirilýän sportuň olimpiýa görnüşi boýunça halkara derejeli ýaryşlaryň sebit we dünýä derejesinde sport diplomatiýasyny ösdürmäge Türkmenistanyň nobatdaky goşandyna öwrülendigini belledi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly düzüm bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, döwletimiziň sporty hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berýändigini aýtdy. Şu ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur bolan ähli çäreleriň görlendigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde hem netijeli gatnaşyklary berkitmäge, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen degişli ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ählitaraplaýyn ýardam etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

 

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyp, ony has-da işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleriň bardygyny bellediler. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleri döretmek boýunça ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli işlere aýratyn üns berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen sport toplumlary guruldy we bina edilýär.

 

IWF-niň ýolbaşçysy bu ugurda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem-de beýleki ýaryşlar, türkmen türgenleriniň halkara we dünýä, sebit ýaryşlarynda gazanýan köp sanly ýeňişleri, döwrebap sport toplumlary, şol sanda sebitde iri Olimpiýa şäherçesi şol üstünlikleriň subutnamasy bolup durýar.

 

Söhbetdeşligiň çäklerinde milli Liderimiz we Tamaş Aýan dünýäniň ýüze golaý döwletiniň — Afrikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň we Okeaniýanyň wekilleriniň gatnaşýan dünýä çempionatynyň deslapky netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tamaş Aýan bu çempionaty guramak hukugyna ýurtlaryň bäşisiniň dalaş edendigini, emma IWF-niň ony Türkmenistanda geçirmek kararyna gelendigini aýtdy, çünki Türkmenistan milli Lideriniň döredijilikli syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde, ähli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda uly üstünlikleri gazandy.

 

Häzirki çempionat Türkmenistanda döwrebap sport düzüminiň döredilmegi hem-de dürli ýaryşlary geçirmekde oňyn milli tejribäniň toplanmagy netijesinde ýatdan çykmajak waka öwrüldi hem-de ýurduň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy diýip, IWF-niň ýolbaşçysy belledi.

 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ýakyn geljekde welotrek, sambo, boks, şeýle-de kenarda oýnalýan Aziýa oýunlary boýunça dünýä derejeli ýaryşlary geçirmek babatda ýüztutmalary kabul edendigini belläp, geljekde agyr atletika boýunça ýaryşlary ýene-de kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

 

Tamaş Aýan döwlet Baştutanymyza teklibi üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän federasiýasynyň geljekde hem agyr atletika boýunça türkmen mekdebiniň has-da ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy.

 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman Türkmenistanyň we IWF-niň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler. Şol hyzmatdaşlyk uly mümkinçiliklere eýe bolup, halkara sport hereketiniň döredijilikli maksatlaryna laýyk gelýär.