Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümet we işewür toparlarynyň duşuşyklary geçirildi

Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümet we işewür toparlarynyň duşuşyklary geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-njy oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Amala aşyrylýan syýasat netijesinde, türkmen döwleti gysga wagtyň içinde sazlaşykly ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun alyp, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşuldy.

 

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň ýakyn geljek üçin önümçilik pudaklaryny ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn ösmegini gazanmaga tarap ugry olaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, öz ykdysady kuwwaty boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Ýaponiýanyň tejribesi biz üçin örän peýdaly bolup durýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli, sazlaşykly we däbe öwrülen dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň Türkmenistanyň ygtybarly işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alyp barýan işlerini belledi.

 

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Balkan welaýatynda senagat toplumlaryny — Garabogazda karbamid dökünlerini, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän toplumlaryň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar.

 

Şunda döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde hem ylmy işleri talap edýän önümçilikleriň döredilmegine hem-de öňdebaryjy ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, innowasion işleri we nou-haulary işjeň ulanmaga aýratyn üns berer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinmek bilen, ýapon hyzmatdaşlaryň maýa goýum işjeňligini giňden goldaýar diýip, milli Liderimiz belledi.

 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiren gepleşikleriniň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

22-nji oktýabrda türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe kabul etdi. Öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklamak bilen ýapon hökümetiniň baştutany däbe öwrülen dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

 

Jenap Sindzo Abe 2015-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada bolan resmi saparyny, özüne hem-de maşgalasyna bildirilen myhmansöýerligi we kabul edişligi aýratyn mähir bilen ýatlaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp görmek onda aýratyn täsir galdyrypdyr. Bu ýerde türkmen halkynyň buýsanjy we milli baýlygy hasaplanýan ahalteke bedewlerine uly söýgi we alada bilen garalýandygyna göz ýetirmek bolýar. Çaý içmegiň milli däpleri hem uly gyzyklanma döredipdir.

 

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň dürli ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça uly gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Hususan-da, gazhimiýa senagatynda, elektroenergetika, ulag ulgamlarynda, Türkmenistanda demir ýollary döwrebaplaşdyrmak boýunça we beýleki pudaklarda ýapon kompaniýalary bilen täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seredildi. Şol ugurlarda özara bähbitleriň gabat gelmegi has-da netijeli bolup durýar.

 

Premýer-ministr Sindzo Abe 2023 — 2024-nji ýyllarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde Ýaponiýany goldandygy, şeýle hem «EXPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde Osaka ýapon şäherini goldandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

 

Bulardan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýaponiýanyň, degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, bar bolan ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işleriň esasy ugurlaryna seretdiler.

 

Şeýlelikde, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary Ýaponiýanyň ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministri jenap Keiçi Işii bilen gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda gämi gurluşygy, awtomobil we demir ýol ulaglary ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi.

 

Özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri Ýaponiýanyň daşary işler ministri jenap Taro Kono bilen duşuşygyň gün tertibine girizildi. Bellenilişi ýaly, ählumumy meseleler boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini görkezmek bilen, biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda BMG-niň ugry boýunça ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynda ileri tutulýan häzirki döwrüň möhüm meselelerini, ilkinji nobatda, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak bilen bagly möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýärler.

 

Ýaponiýanyň içeri işler we kommunikasiýalar ministri jenap Masatoşi Işida bilen duşuşygyň barşynda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar babatda bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerine seredildi. Hususan-da, ýapon tarapy Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda suwasty optika-süýümli kabeliň gurluşygyna ýardam etmäge taýýardygyny we muňa aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

 

Şunuň bilen birlikde, kosmos ulgamynda NEC (Nippon Electric Company) ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk, has takygy, Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny ýerden dolandyrmagyň tehnologiýalaryny peýdalanmak, şeýle hem Ýaponiýanyň Içeri işler we kommunikasiýalar ministrliginiň ýanyndaky maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary (NICT) milli instituty bilen hyzmatdaşlyk barada teklipler beýan edildi.

 

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, maliýe ministri jenap Taro Aso bilen duşuşygyň barşynda ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meselesi öz dowamyna eýe boldy. Şunda hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek, onuň köpugurly mümkinçiliklerini amatly amala aşyrmak, maýa goýum işjeňligini, işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary höweslendirmek üçin örän oňaýly şertleriň bardygy bellenildi.

 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Karz Ylalaşyklarynyň birnäçesini baglaşan Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon bankynyň (JBIC) ähmiýetli orny bellenildi. Şeýle hem taraplar iki ýurduň maýalar babatda hökümetara ylalaşygynyň taslamasyny hem-de maýa goýum hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak boýunça işleri tiz wagtda tamamlamak barada pikirlerini aýtdylar.

 

Ýaponiýanyň wise-premýeri 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň ähmiýetini döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde aýratyn belledi. Şol gatnaşyklar netijesinde taraplaryň özara erk-islegine häzir täze kuwwatly itergi berildi.

 

Uzak möhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan giň gerimli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň iri korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostlukly ýurduň işewürleri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny nobatdaky gezek tassyklap, ýurdumyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdylar. Işewürler maslahatynyň jemleri boýunça täze bilelikdäki taslamalary, şol sanda ammiak we karbamid öndürýän, tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän zawodlary, fosfor dökünlerini öndürýän kärhanalary gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmak, şeýle hem Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon banky (JBIC) bilen hyzmatdaşlyk, “Komatsu” kompaniýasynyň ýer gazyjy tehnikalaryny hem-de “Toýota” awtoulaglaryny Türkmenistana getirmek bilen bagly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

 

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti duşuşyklaryň ýene-de birnäçesini geçirdiler, şol sanda Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) prezidenti jenap Şiniçi Kitaoka bilen duşuşyk boldy. Taraplar Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de JICA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlykda 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda oňyn tejribäniň toplanandygyny bellediler. Dürli ugurly türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň ýokary netijeliligi bellenildi. Şeýle hem agentligiň ugry boýunça seýsmologiýa ulgamynda iki ýurduň alymlarynyň bilelikde işlemegi ýola goýuldy. Geljekki hyzmatdaşlyk babatda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

 

JICA-nyň ýolbaşçysy durmuş ugurly taslamalar boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Türkmenistanyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligine seretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Durmuş ähmiýetli hem-de ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli ulag hyzmatlaryny hödürlemek bu ugruň maksady bolup, bu mesele hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

 

Şeýle hem şol gün türkmen Wekiliýetiniň agzalary wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşdylar. Ýapon parlamentiniň baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, hususan-da, işjeň ösýän parlamentara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, şunda ýapon kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen üstünlikli amala aşyran bilelikdäki taslamalaryny mysal getirdi, şolaryň bahasy milliardlarça amerikan dollaryna barabardyr.

 

Şunuň bilen baglylykda, jenap Tadomori Oşima Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň, şol sanda ýakyn wagtda amala aşyryljak giň gerimli ykdysady taslamalar boýunça gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegini doly goldady.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň türkmen-ýapon dostluk toparynyň başlygy, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtady hem-de olaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

 

Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda dostluk parlament toparlarynyň Başlyklary S.Berdimuhamedow (türkmen tarapyndan) we T.Endo (ýapon tarapyndan) Hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekdiler.

 

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň «Tokio — 2020» Olimpiýa we paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň prezidenti jenap Ýoşiro Mori bilen duşuşygy boldy. Ol Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistanyň oňyn ornuny belläp, Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň muňa uly üns berendigini aýtdy.

 

Mälim bolşy ýaly, ýokary sport görkezijilerini hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, türkmen wekiliýetiniň agzalary sport ulgamynda, hususan-da, yklym we dünýä möçberindäki halkara ýaryşlary guramak babatda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen bilelikdäki komitetiň agzalary bilen duşuşykda hem özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerine seredildi. Komitetiň ýapon tarapyndan başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşi gaz ulgamynda, himiýa senagatynda hem-de giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylýan beýleki strategik ähmiýetli ugurlarda ýapon kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

 

Duşuşyga gatnaşan ýapon işewürleri iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen birnäçe anyk teklipleri beýan etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe olary öz döwletleriniň hökümetleri üçin ugur edinýärler.

 

Türkmen wekiliýetiniň Tokioda geçiren gepleşikleriniň tapgyry Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon bankynyň (JBIC) baştutany jenap Tadaşi Maýeda bilen duşuşygy hem öz içine aldy. Taraplar hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, Ýaponiýanyň bu iri maliýe edarasynyň Türkmenistanda alyp barýan işlerini giňeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda JBIC-niň ýurdumyzyň hökümeti we bank edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerine seredildi.

 

Duşuşyklaryň ýene-de biri Ýaponiýanyň eksporty we maýalary ätiýaçlandyryş agentliginde (NEXI) boldy. Ol ýapon we türkmen taraplarynyň amala aşyrýan bilelikdäki ykdysady taslamalaryny ätiýaçlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň agzalary hem-de jenap Masafumi Nakada hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, şol sanda NEXI-niň dürli maliýe edaralaryny Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmäge çekmek boýunça işini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýakyn wagtda degişli geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

 

Şeýle hem Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri jenap Hirosige Seko bilen duşuşyk boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň duşuşyklarynda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmakda toplanan oňyn tejribe ara alnyp maslahatlaşyldy, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, maýa goýum we tehnologik düzümi nazara almak bilen oňa täze görnüşi çaýmak meselelerine seredildi.

 

Taraplar ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň sanawyny kesgitlediler, şolara 2018 — 2020-nji ýyllarda seretmek meýilleşdirilýär. Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

 

Ýaponiýa bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti bilen gatnaşyklaryny ösdürmek babatda ähmiýetli ugur bolup durýar. Ýokary, hökümetara we pudagara derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar iki dostlukly ýurduň netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygynyň subutnamasydyr. Şol duşuşyklaryň her biri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça ynanyşmak, işjeň ýagdaýda pikir alyşmalara öwrülýär.

 

2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi saparynyň barşynda gol çekilen “Täze hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilelikdäki Beýannama” şu ýerde özboluşly “ýol kartasy” bolup hyzmat edýär. Bu toplumlaýyn resminamada syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

 

“Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen «Sojitz», «Chiyoda», «Nippon», «ITOCHU», «JGC», «Kawasaki», «TOYO», «Mitsui», «Tsukishima», «Mitsubishi», «Sumitomo» ýapon kompaniýalarynyň arasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon bankynyň arasynda ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine gol çekildi. Amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan taslamalaryň umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär.

 

2015-nji ýylyň martynda Sendaý şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen bolan duşuşygynyň barşynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirildi, bu ýerde BMG-niň tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahaty geçirildi.

 

Halkara meseleleriň Tokionyň we Aşgabadyň syýasy-diplomatik gün tertibiniň agramly bölegini düzýändigini bellemek gerek. Bu BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga degişlidir. Türkmenistan we Ýaponiýa ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Merkezi Aziýada ýadro ýaraglaryndan azat zolagy döretmek, energetika we ulaglar, ekologiýa ulgamlarynda sebit taslamalaryny ilerletmek arkaly Owganystany ykdysady taýdan dikeltmäge ýardam etmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak boýunça tagallalary birleşdirmek meseleleri babatda ýakyn garaýyşlara eýerýär.

 

Ýaponiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny işjeň goldady. Şolar boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary — “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty”, «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamalar kabul edildi.

 

Häzirki dünýä ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikde işlemegiň, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollaryny gözläp tapmagyň baý tejribesi “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde toplanyldy, Türkmenistan onda 2015 — 2016-njy ýyllarda başlyklyk etdi.

 

2015-nji ýylda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýurdumyza resmi saparynyň barşynda gazanylan täze möhüm ylalaşyklar iki ýurduň ýakynlaşmak meýlini berkitdi. Şol saparyň çäklerinde Aşgabatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we belent mertebeli ýapon myhmanynyň, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Ýaponiýanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de iri işewürliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi.

 

Umuman, ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça hem-de maslahatyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary, şol sanda umumy bahasy 18 milliard dollardan geçýän döwrebap gazy gaýtadan işleýän we himiýa toplumlaryny, Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

 

“Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “Itochu Corporation”, “JGC Corporation”, “Mitsubishi Corporation”, “Chiyoda Corporation”, “Sojitz Corporation” (Ýaponiýa), “Çalyk” we “Rönesans” (Türkiýe) kompaniýalar konsorsiumynyň arasyndaky “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde desgalary gurmagyň taslamasy hakynda Çarçuwaly ylalaşyk şol uly toplumda aýratyn orun eýeleýär.

 

Mälim bolşy ýaly, dünýäde iri bu gaz käni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisi üçin çig mal binýadyna öwrüler. Aziýanyň ösüş banky ýeňillikli karzlary bermegiň hasabyna bu taslama uly goldaw berýär, Ýaponiýa onuň esasy paýdarlarynyň hataryna girýär.

 

Häzir Türkmenistanda ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşlary bolup durýan iri ýapon kompaniýalary üstünlikli işleýärler. Dünýä belli ýapon nyşanlary, ýapon önüm öndürijileriniň önümleri türkmen bazarynda uly orun eýeleýär. “Komatsu” we “Itochu Corporation” ýapon kompaniýalary bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ähli iri gurluşyklarynda ulanylýan ýokary öndürijilikli awtoulag, ýol-gurluşyk we ýer gazyjy tehnikalary getirmek babatda, şeýle hem ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda, suw we oba hojalygynda hyzmatdaşlygy mysal hökmünde görkezmek bolar.

 

Himiýa senagaty hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugry bolup durýar. Onuň ösdürilmegine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär. 2014-nji ýylyň oktýabrynda Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Onuň taslamasyny düzmek, enjamlaryny getirmek hem-de tehniki maslahat işlerini “Kawasaki Plant Systems Ltd” hem-de “Sojitz Corporation” ýapon kompaniýalary amala aşyrdylar. Toplumyň kuwwaty bir ýylda ammiagyň 400 müň tonnasyna hem-de karbamidiň 640 müň tonnasyna deňdir.

 

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýyl hem şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň günbatarynda “Garabogazkarbamid” zawody ulanmaga berildi, bu ýerde her ýylda tebigy gazyň 1 milliard kub metre golaýy gaýtadan işlener hem-de karbamid dökünleriniň 1 million 155 müň tonnasy öndüriler. Bu iri maýa goýum taslamasy “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan amala aşyryldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamanyň bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 570 million dollaryndan gowrakdyr. Taslamany maliýeleşdirmäge Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon banky we onuň hyzmatdaşlary gatnaşdylar.

 

Ýakynda, bir hepde mundan öň bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň açylyş dabarasy boldy. Sebitde iri gazhimiýa toplumy «Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “LG International Corporation” hem-de “Hyundai Engineering Co., Ltd” koreý kompaniýalary, “Çalyk Holding” türk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Bu kompaniýalar iri düzüm taslamalaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýar. Zawodyň gurluşygyna “TOYO Engineering Corporation” ýapon kompaniýasy hem gatnaşdy, Gyýanlydaky polimer zawody onuň üçin Türkmenistanda ilkinji iri möçberli gurluşyk boldy.

 

Täze senagat desgasynyň önümçilik kuwwatlyklary tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Kärhanada oturdylan ýokary tehnologiýaly enjamlar her ýylda ýokary hilli polietileniň 386 müň tonnasyny hem-de polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer.

 

Umumy bahasy ABŞ-nyň 3 milliard 400 million dollaryndan gowrak bolan bu taslama 2014-nji ýylda eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilen Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusynyň biri hökmünde “TXF” guramasynyň (Beýik Britaniýa) ýörite sylagyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon banky (JBIC), Koreýanyň eksport-import banky hem-de Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň şu taslamany maliýeleşdirmek boýunça oňa gatnaşýan maliýe edaralarynyň bileleşigi bilen gol çeken karz ylalaşyklarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 2,5 milliard dollaryndan hem geçýär.

 

Häzirki wagtda Ahal welaýatynda “Kawasaki” ýapon kompaniýasynyň hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň gatnaşmagynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Onuň gurluşygy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gözegçiliginde alnyp barylýar. Täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhana her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 782 million kub metrini gaýtadan işlär hem-de «Euro — 5» ölçegi boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A — 92 belgili benziniň 600 müň tonnasyny çykarar. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna deňdir. Ol ýapon tarapynyň maýalarynyň hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Halkara hyzmatdaşlyk üçin ýapon bankynyň hem-de beýleki maliýe edaralarynyň arasynda 2018-nji ýylyň iýul aýynda ýene-de bir karz ylalaşygyna — umumy bahasy 13 milliard ýapon ýeninden hem-de ABŞ-nyň 152 million dollaryndan gowrak bolan ylalaşyga gol çekildi. Bu serişdeler Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak üçin goýberildi. “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň arasynda degişli şertnama baglaşyldy. Elektrik stansiýany “Mitsubishi Hitachi Power Systems, Ltd” kompaniýasynyň öndüren enjamlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

 

JBIC-niň resmi wekilleriniň belleýşi ýaly, bu taslamalaryň amala aşyrylmagy ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda önüm öndürýän, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri çykarýan täze döwrebap önümçilikleri gurmagyň hasabyna Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň has-da sazlaşykly ösmegine hyzmat eder. Şonuň bilen birlikde, JBIC şol karzlar arkaly Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda ýapon kompaniýalary üçin täze işewürlik mümkinçiliklerini döretmäge çalyşýar, şeýtmek bilen, ýapon senagatynyň halkara bäsleşige ukyplylygyny berkitmäge ýardam edýär.

 

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga tarap ugur almak bilen, Ýaponiýanyň ylym-bilim ulgamynda hem-de ýokary tehnologiýalar pudagynda toplan öňdebaryjy tejribesine uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Bu möhüm ugurda gatnaşyklary ösdürmäge üns bermek bilen, taraplaryň ikisi hem güýçlerini we bähbitlerini özara birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny bellediler.

 

Täze tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işler bu sanawda aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda döredilen döwrebap Tehnopark — ylmy-barlag edaralarynyň birnäçesini öz içine alýan iri toplum munuň üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

 

Işgärleri taýýarlamak, şol sanda türkmen ýokary okuw mekdeplerinde ýapon hünärmenleriniň bilim bermeginiň, dürli ugurlar boýunça işgärler üçin hünäri kämilleşdirmegiň we tejribe alyşmagyň hasabyna işgärleri taýýarlamak babatda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 2013-nji ýylda Sukuba şäheriniň uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylymlary alyşmak we hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga, 2015-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda akademiki alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekildi. Iki ýyl mundan öň paýtagtymyzda açylan Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem Sukuba uniwersiteti bilen özara gatnaşyklaryny işjeň berkidýär.

 

Ýaponiýa bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýapon diliniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu dil boýunça sapaklar diňe diller boýunça ýokary okuw mekdeplerinde däl-de, eýsem, tehniki-ykdysady we beýleki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem aýry-aýry umumy bilim berýän mekdeplerde hem ýola goýuldy. Eýýäm birnäçe ýyl bäri türkmen ýaşlary talyplar üçin dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça “MIRAI” ýapon maksatnamasyna gatnaşýarlar, ol tutuş dünýäden talyplary birleşdirýär hem-de olara ylmy-barlaglaryň dürli amaly görnüşlerinde gymmatly tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

 

Şunuň bilen birlikde, medeniýet we sungat ulgamynda gatnaşyklar görnetin işjeňleşýär, yzygiderli geçirilýän çäreler, sergiler, Ýaponiýanyň günleri, kinolaryň görkezilmegi, döredijilik duşuşyklary we wekiliýetleri alyşmak ýaly yzygiderli geçirilýän çäreler munuň subutnamasy bolup durýar. Bular döredijilik işgärleriniň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýär hem-de iki doganlyk ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna örän oňaýly täsirini ýetirýär.

 

Özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň ýene-de biri syýahatçylyk bolup, onuň ösdürilmegine şertleriň ençemesi, şol sanda tutuş dünýäden syýahatçylaryň uly gyzyklanmasy, şeýle hem Türkmenistanyň çägindäki täsin tebigy we taryhy-medeni ýadygärlikleriň bolmagy oňaýly täsirini ýetirýär.

 

Şeýlelikde, ýapon işewür we syýasy toparlarynyň netijeli gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak boýunça anyk teklipler bilen berkidilýän hoşniýetli erk-isleg we özara gyzyklanma Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edýär, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şonda tagallalary birleşdirmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini görýär.