Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

 

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany çagyrdy. G.Mämmedowa milli parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň 20-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky maslahaty, kabul edilen kanunçylyk namalary hakynda habar berdi.

 

Bellenilişi ýaly, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň täze redaksiýasyna, Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň halk hojalyk toplumynyň öňünde goýan wezipelerine, şeýle hem ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan “Ýerleriň meliorasiýasy hakynda”, “Radioýygylyk spektory hakynda”, “Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek meselelerine ünsi çekip, obasenagat ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek, hususan-da, suw serişdeleri, olary rejeli peýdalanmak, ekologiýa, bu işlere täzeçillikleri, nouhaulary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri kämilleşdirmek boýunça çäreleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Biz gysga möhletde hem-de doly möçberde obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak özgertmelerini geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten belent sepgitlerini, şol sanda gender syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini wagyz etmek üçin halkara hem-de parlamentara gatnaşyklary peýdalanmagyň geljeginiň uludygyna ünsi çekdi. Gender deňligi ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek, jemgyýetiň möhüm düzümi hökmünde maşgalalary berkitmek, türkmen jemgyýetinde zenana-enä çuňňur hormat goýmak, ýaş nesli terbiýelemek ýaly gadymy ýörelgeleri geljekde hem dowam etdirmek zerurdyr.

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyp, pagta hasylyny ýygnamak, beýleki möwsümleýin çäreleriň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekip, pagta ýygymy möwsümini ýokary hilli we bellenilen möhletde geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

 

Döwlet Baştutanymyz ýygym möwsüminiň guralyşyna nägilelik bildirip, munuň sebäbi bilen gyzyklandy. Daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen “ak altynyň” bereketli hasyly ösdürilip ýetişdirildi, bol hasyly ýygnamaga amatly howa bar. Emma häkimlikleriň işleriniň pes derejede guralandygy daýhanlara şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berenok. Ekin meýdanlarynda entek köp pagta hasyly ýygylman dur.

 

Bularyň hemmesine etraplaryň birnäçesinde pagta ýygymynyň göwnejaý derejede guralmaýandygy sebäp bolýar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etraby (häkimi K.Kürtow), Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etraby (häkimi A.Duşemow), Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby (häkimi A.Kurbandurdyýew) we Döwletli etraby (häkimi S.Abdyşukurow), Mary welaýatynyň Murgap etraby (häkimi B.Allanazarow) bar.

 

Döwlet Baştutanymyz işleriň emele gelen ýagdaýyny seljermegi hem-de möwsümi talabalaýyk guramak boýunça zerur çäreleri görmegi wise-premýerden berk talap etdi. Şeýle hem kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi gözegçilikde saklamak ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir, ekerançylaryň öz yhlasly zähmeti üçin tölegleri doly möçberde almaklary zerurdyr.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem öňde boljak Hasyl baýramyna göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

 

Wideoşekilli maslahat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýakynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Brýusselde bolandygyny hem-de duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Energetika birleşigi boýunça Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary jenap Maroş Şewçowiç hem-de Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça Baş müdiriýetiniň wekilleri we beýlekiler bilen iş duşuşygyny geçirendikleri barada hasabat berdi.

 

Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak meselelerinde hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Hazar ösüş korporasiýasynyň iş ýörelgelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu energetika taslamasyny amala aşyrmak boýunça iş toparynyň gepleşiklerini, şol sanda ykdysady, ekologiýa we täjirçilik ugurly meseleleri dowam etdirmek çäreleri ara alyp maslahatlaşyldy.

 

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem-de türkmen tebigy gazynyň Ýewropa bazaryna iberilmegine uly gyzyklanma bildirildi.

 

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gepleşiklere gatnaşyjylar bu yklymyň energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjek möhüm energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegine maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslama diňe bir milli wezipelere laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, yklymyň energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga hem gönükdirilendir.

 

Hazar deňziniň hukuk konwensiýasynyň kabul edilmegi netijesinde Hazar deňziniň üsti bilen gaz geçirijisini çekmek boýunça zerur hukuk binýady döredildi. Indi durmuş tarapyndan zerurdygy äşgär bolan bu taslamany amala aşyrmak üçin diňe taslama gatnaşyjy taraplaryň razylygy hem-de halkara ölçeglere doly kybap gelýän ekologiýa seljermesi zerurdyr.

 

Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynda 30 ýyldan az bolmadyk möhletiň dowamynda Hazar deňziniň türkmen kenaryna çenli gazy eltmek şerti bilen her ýylda Ýewropa bazaryna türkmen energiýa serişdeleriniň 30 milliard kub metrini ibermek göz öňünde tutulýar.

 

Şu ugur boýunça hem, beýleki ugurlar boýunça hem iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin türkmen döwletiniň doly mümkinçilikleri bardyr. Munuň üçin ýurdumyzyň çäklerinde içerki “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisini nazara almak bilen zerur ähli düzümler döredildi, bu gaz geçirijiniň üsti bilen Gündogar Türkmenistandan ýurdumyzyň günbatar sebitlerine hem-de yzyna gaz ibermek göz öňünde tutulýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çig maly eksport etmekden başga-da gutarnykly tapgyrly senagat önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, energiýa serişdelerini gaýtadan işleýän pudaklarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

 

M.Meredow nebitgazhimiýa önümleriniň görnüşleriniň we möçberiniň artdyrylýandygy barada hasabat berdi. Muňa bar bolan kärhanalaryň, döwrebaplaşdyrylan we täze, taslama kuwwatlygyna çykan kärhanalaryň durnukly işlemegi ýardam edýär, şolar ýurdumyzyň iri senagat merkezleriniň sanawynyň üstüni ýetirdi.

 

Diňe bir içerki bazarda däl-de, daşarky bazarlarda hem uly islege eýe bolan nebithimiýa önümleriniň hatarynda karbamidi, polietileni, polipropileni, polipropilen plýonkasyny, halkara ölçegleriň talaplaryna kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa awtomobil ýangyjy — benzini, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny görkezmek bolar. Onuň netijesinde nebitgazhimiýa önümlerini eksport etmegiň möçberleri artdyryldy, munuň özi Döwlet býujetine gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň artmagyny üpjün etdi.

 

Mundan başga-da, häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk bolan tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benziniň önümçiligi boýunça zawody ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

 

Täze häzirki zaman innowasiýa toplumlarynyň — Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň 2-nji nobatdakysyny hem-de sintetiki benziniň önümçiligi boýunça Owadandepedäki zawodyň 2-nji nobatdakysyny gurmak meýilleşdirildi, bu desgalaryň gurluşygyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdiriler.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň ozaly bilen ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna hem-de ýangyç-energetika toplumynda milli we ählumumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendigini belledi.

 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa bazaryna çykarmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Wise-premýere nebitgaz toplumyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini hem-de şolary gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, geljegi uly uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we nebit hem-de gaz çykarmakda innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça anyk görkezmeler berildi.

 

Döwlet Baştutanymyz pudagyň giň gerimli tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyny ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, TOPH gaz geçirijisiniň hem-de beýleki halkara gaz geçirijileriň gurluşygyna aýratyn üns berilmegini, Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmegi, hususan-da, onuň türkmen böleginde nebiti we gazy çykarmak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

 

Pudagyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.

 

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew göni aragatnaşyk boýunça paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, abadanlaşdyrmak, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, şol sanda ýollary, seýilgäh zolaklaryny, binalary döwrebaplaşdyrmak işlerini çaltlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

 

Şäher häkimi täze desgalaryň gurluşygy barada aýtmak bilen, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen taslamalaryň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berdi hem-de olara garamak baradaky haýyşyny aýtdy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdyrdy. Häkim şeýle hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi.

 

Döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan ähli gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, desgalaryň, esasan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň, söwda merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hil derejesinde gurulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

 

Milli Liderimiz ak mermerli paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek meselesine degip geçmek bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe geljek ýylda göz öňünde tutulan şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünde işlemegi dowam edip, taslamalary ýerine ýetirmegiň anyk möhletlerini kesgitlemegi tabşyrdy.

 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde abadançylygy we arassaçylygy berjaý etmek meseleleriniň berk gözegçilikde saklanylmagynyň zerurdygyny belläp, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna we beýleki halkara çärelere taýýarlyk görmegiň aýratyn möhümdigini nygtady.

 

Häkime energetika ulgamyny, ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak, şeýle hem energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň hasabyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmek babatynda birnäçe anyk görkezmeler berildi, munuň özi tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna ýardam eder.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň okgunly durmuş ykdysady ösüşini üpjün etmegiň, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.