Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky üçünji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasyna we ýurdumyzyň kanunçylykhukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

“Ýerleriň meliorasiýasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda giň özgertmeler amala aşyrylýar, ýaňyýakynda bolan Halk Maslahatynyň mejlisinde pudagyň işine täze depgin berildi.

Milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuşykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmagyň, daşky gurşawy goramagyň möhüm şerti hökmünde ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanda ýerleriň meliorasiýasyna, şol sanda ekin meýdanlarynyň suwarylmagyna, öri meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegine we beýleki gidrotehniki desgalaryň — suw howdanlarynyň, bentleriniň, suw galdyryjy beketleriň gurulmagyna, şeýle hem tokaý gorag zolagynyň döredilmegine, suw serişdelerini tygşytlaýan, topragyň önümliligini ýokarlandyrýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Muňa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda gurluşygy alnyp barylýan “Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi hem şaýatlyk edýär. Zeý akabalarynyň takyk işlemegi netijesinde ýurdumyzyň ekin meýdanlaryndan duzlaşan suwlar bu köle akdyrylýar, munuň özi bolsa ýerasty suwlaryň derejesiniň peselmegine, ahyrky netijede bolsa, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna getirýär.

Mundan başgada, dünýäde iň uly sähralaryň biri bolan Garagumuň merkezinde emeli köli döretmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşmagyna ýardam edip, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly oňyn şert bolup durýar.

Tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi ýerlerde meliorasiýa işlerini geçirmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esasyny kesgitleýän ýokarda agzalan kanunyň wajyplygyny şertlendirýär hemde bu ulgamda döreýän gatnaşyklary sazlaşdyrýar.

Soňra “Radioýygylyk spektri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň durmuşykdysady taýdan okgunly ösüşinde aragatnaşygyň we telekommunikasiýanyň häzirki ulgamlarynyň barha artýan orny bellenildi. Bu ulgama ýokary tehnologiýalar we iň täze işläp taýýarlamalar yzygiderli, işjeň ornaşdyrylýar. Hususanda, ykjam aragatnaşygynyň we internetiň hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär, şäher we oba telefon beketleri döwrebaplaşdyrylýar, olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda innowasiýa enjamlary bilen üpjün edilýär. Guramalaryň, kärhanalaryň, okuw mekdepleriniň maglumatkommunikasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyşynyň derejesi ýokarlanýar. Häzirki wagtda simsiz aragatnaşygyň dürli görnüşleri giň ulanylyşa eýe bolýar.

“Radioýygylyk spektri hakynda» täze Kanun Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini peýdalanmagyň dolandyrylyşynyň, peýdalanylyşynyň we oňa gözegçilik edilişiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Ol aragatnaşyk ulgamynda işleri ygtyýarlandyrmagyň, aragatnaşyk serişdelerini we hyzmatlaryny güwälendirmegiň, Türkmenistanyň gümrük serhedinden radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary geçirmegiň, şeýle hem elektrik aragatnaşygy ulgamynyň eýeleriniň we aragatnaşyk hyzmatynyň milli operatorlarynyň arasynda gatnaşyklary sazlaşdyrýan umumy düzgünleri kesgitleýän, ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjyhukuk namalarynyň üstüni doldurmaga gönükdirilendir.

Radioýygylyk spektri Elektrik aragatnaşygynyň halkara birleşmesi tarapyndan ýola goýlan çäklerdäki radioýygylyklaryň jemidir. Olar radioelektron serişdelerini ýada ýokary ýygylykly gurluşlary işletmek üçin peýdalanyp bilner. Radioýygylyk spektri Türkmenistanyň milli serişdesidir we şoňa göräde, ony rejeli we netijeli peýdalanmak zerurdyr.

“Durmuşzähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmakda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň mart aýynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň birinji maslahatynda çykyş edip, ilatyň durmuş goraglylygy boýunça döwlet derejesinde geçirilýän işleriň kanunçylyk goldawynyň ähmiýetine uly üns berdi. Döwlet Baştutanymyz raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, jemgyýetçilik guramalarynyň ornuny ýokarlandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek meselelerini parlamentiň täze düzüminiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi.

Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlary tarapyndan durmuşzähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topary döretmegiň hemde onuň işiniň hukuk binýadyny kesgitleýän täze kanunçylyk taslamasy taýýarlanyldy. Toparyň düzümine hökümetiň wekilleri —Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we işgärleriň beýleki wekilçilikli edarasynyň, şeýle hem iş berijileriň hemde telekeçileriň ygtyýarly wekilleri girýärler.

Üçtaraplaýyn gepleşikleri geçirmek, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, taraplaryň arasynda Baş ylalaşygy işläp taýýarlamak we ony baglaşmak; durmuşzähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegine ýardam bermek; durmuşykdysady ösüşiň esasy ugurlary boýunça taraplaryň bähbitlerini utgaşdyrmak; zähmet gatnaşyklary, iş üpjünçiligi hemde ilatyň durmuş goraglylygy babatynda kanunlaryň taslamalaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary bermek; halkara tejribäni öwrenmek, degişli halkara guramalar we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmak toparyň wezipeleri bolup durýar.

Mundan başgada, milli parlamentiň deputatlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda “Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Feldiýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň “Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň Suw kodeksine goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başgada käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda Mejlisiň deputatlary ýokarda görkezilen hukuk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Watanymyzy durmuşykdysady we demokratik ýol bilen okgunly ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.