Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de milli parlamentiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi, şeýle hem Parlamentara Bileleşiginiň (PB) 139-njy Assambleýasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň deputatlarynyň wekiliýetiniň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.

 

Bellenilişi ýaly, täze kanunlaryň taslamalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň saýlanlarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň şu ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiriljek nobatdaky maslahatynyň gün tertibine aýry-aýry ugurlarda we umuman, hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmäge gönükdirilen käbir kanun taslamalary girizildi.

 

Wekiliýetiň agzalary PB-niň Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Zenan Parlamentarileriň 28-nji forumyna gatnaşyp, gender meselelerini çözmekde ýurdumyzyň gazananlary, bu ugurda kanunçylyk binýadyny berkitmek, türkmen jemgyýetinde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan eneleri çuňňur hormatlamak däplerini goldamak boýunça geçirilýän işler barada çykyş etdiler.

 

Habar berlişi ýaly, Mejlisiň Başlygy Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň umumy maslahatynyň çäklerinde “Innowasiýalar we tehnologiki ösüş döwründe parahatçylygy berkitmekde we ösüşde parlamentiň orny” diýen mowzuk boýunça çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty netijesinde, Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşe hem-de innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýän mäkäm kanunçylyk binýady döredildi, şeýle hem ähli ugurlarda durnukly ösüş, maliýe we durmuş durnuklylygy üpjün edilýär, daşarky howplara hem-de dünýä ykdysadyýetiniň üýtgemegine öz wagtynda täsir edilýär.

 

Maslahata gatnaşyjylara durmuş ugurly içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda geçirilýän köpugurly işler barada habar berildi, türkmen Lideriniň ählumumy ähmiýetli döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

 

Bellenilişi ýaly, Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasyna gatnaşyjylar 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly diýip yglan etmek hakynda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň belent münberinden beýan eden teklibini ruhubelentlik bilen kabul etdiler hem-de biragyzdan goldadylar.

 

Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşiginiň Assambleýasynyň ýanyndaky Şweýsariýa wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Parlamentara Bileleşiginiň parlamentarileriň hukuklary boýunça komitetiniň başlygy, senator Andrea Karoni, Parlamentara Bileleşiginiň prezidenti hanym Gabriella Kuewas Barron hem-de Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşyklary boldy.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklary berkitmek meselelerine ünsi çekip, onuň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

 

Kanunçykaryjylyk işi babatda tejribe alyşmaga, halkara bileleşigini demokratik hukuk döwletiň ösüş ýolunda Türkmenistanyň taryhy tejribesi hem-de häzirki gazananlary bilen halkara bileleşigini tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramak babatda tejribe alyşmaga aýratyn ähmiýet bermek möhümdir.

 

Milli Liderimiz gender deňligi babatda üstünlikleri dünýä bileleşigine ýetirmegi, türkmen jemgyýetinde taryhy taýdan kemala gelen mukaddeslik hökmünde enäni hormatlamak bilen bagly milli däplerimizi giňden ýaýmagy işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Biziň borjumyz şol däpleri mynasyp dowam etmek, zenanlaryň hukuklaryny amala aşyrmak, köpugurly ukyplaryny we zehinlerini ýüze çykarmak üçin ähli şertleri döretmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 16-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi, saparyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny iberip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şunda özbek tarapynyň milli Liderimiziň şu ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işlerine aýratyn üns berildi.

 

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Daşkentde bolmagynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Şonda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da giňeltmek meselelerine seredildi. Şunuň bilen birlikde, 2019-njy ýylda Özbegistanda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek we onuň gün tertibi boýunça pikir alşyldy.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletler bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, deňhukuklylyk esasynda guralýan Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

 

Söwda-ykdysady gatnaşyklar babatda aýdylanda bolsa, bar bolan uly mümkinçilikler özara haryt dolanyşygynyň möçberini düýpli artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertler döredýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Köpasyrlyk taryhy-medeni we ruhy umumylyk iki ýurduň halklaryny birleşdirip, bu gatnaşyklaryň binýadyny kemala getirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Özbegistanyň doly möçberli hyzmatdaşlygy ugur edinýändiklerine ýokary derejedäki özara saparlaryň we duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändiginiň hem-de şolaryň netijeliliginiň, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň-da şaýatlyk edýändigini aýdyp, bu ugurda netijeli işleri dowam etdirmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

 

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 18-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Baku şäherinde Prezident Ylham Alyýew bilen duşuşyk geçirildi, dostlukly döwletiň Baştutanyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlag haty gowşuryldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany çuňňur hoşallygyny beýan edip, türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, energetika hem-de ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy.

 

Duşuşykda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini netijeli herekete getirmek maksady bilen, bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak barada birnäçe anyk teklipler aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň arasynda ýörite duşuşygy geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

 

Däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi, muňa yzygiderli geçirilýän özara Medeniýet günleri, döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler ýardam edýär. Hususan-da, Azerbaýjanyň Milli haly muzeýinde türkmen halysynyň sergisini guramak baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow bilen duşuşyk geçirildi.

 

Şol gün hem Bakuda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirildi. Onuň gün tertibine türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy girizildi. Hazarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk babatynda Türkmenbaşy we Baku şäherleriniň Halkara deňiz portlarynyň arasynda ýük gatnawlarynyň mukdarynyň artdyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.

 

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.

 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, biziň ýurtlarymyzy gadymdan bäri dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini, munuň bolsa taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilýändigini, türkmen-azerbaýjan halklaryny birleşdirýändigini belledi. Häzirki döwürde döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Muňa geçen ýylyň awgust aýynda gol çekilen möhüm ähmiýetli ikitaraplaýyn resminama — Strategiki hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama gol çekilmegi hem şaýatlyk edýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjan iri sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýär hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýakyndygyny görkezýär.

 

Biziň ýurtlarymyz ägirt uly tebigy-serişde kuwwatyna, şol sanda energetika serişdelerine eýedir, munuň özi dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklar, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Iki doganlyk goňşy döwletiň çäk taýdan ýerleşişi hem multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de şolary halkara logistika düzümlerine goşmakda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Şeýlelikde, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat döredildi diýip, milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

 

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, hususan-da, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy we 2013-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparlarynyň çäklerinde, şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň 2015-nji ýylda ýurdumyza resmi sapary mahalynda ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Şonda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna hem gol çekildi. Netijede, uzakmöhletleýin geljek üçin köpugurly hyzmatdaşlygyň ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.

 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tokio şäherine iş saparynyň degişli maksatnamasy hödürlenildi, saparyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisiniň hem-de bilelikdäki işewürlik maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Soňra Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowa söz berildi, ol ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we netijeli özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem iri maliýe gaznalar we daşary ýurtlaryň esasy banklary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdyldy.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Amala aşyrylýan syýasatyň netijesinde, türkmen döwleti gysga wagtda Ýer ýüzüniň depginli ösýän ýurtlarynyň sanawynda pugta orun tutup, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşdy.

 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň möhüm tapawutly aýratynlygy şolaryň ýakyn geljek üçin önümçilik pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn ösüşini gazanmaga gönükdirilendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, milli Liderimiz häzirki wagtda ykdysady kuwwaty boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Ýaponiýanyň tejribesiniň biz üçin örän peýdaly bolup biljekdigini nygtady.

 

Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça banky bilen gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny belläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Bu bankyň gatnaşmagynda ýurdumyzda nebitgaz we himiýa senagatynda, beýleki pudaklarda iri maýa goýum taslamalary amala aşyryldy.

 

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn, okgunly hem-de däp bolan dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň ýurdumyzyň ygtybarly we möhüm işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýändiklerini aýtdy.

 

Balkan welaýatynda — Garabogaz şäherinde karbamid dökünleriniň, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçilikleri, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň taslamalary ýaly senagat toplumlarynyň gurluşygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijeleridir. Şunda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde hem ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegine we öňdebaryjy ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň döredilmegini, innowasiýa işläp taýýarlamalaryň we nou-haularyň işjeň herekete getirilmegini ugur edinýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, senagatlaşdyrmagy hem-de ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinen ýurdumyz olaryň maýa goýum işjeňligini goldaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maksatnamany umuman makullap, Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisini hem-de bilelikdäki işewürlik maslahaty ýokary derejede guramagy tabşyrdy, bu çäreler umumy bähbitlere laýyk gelýän özara peýdaly döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berer.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry–10-njy noýabry aralygynda ýurdumyzda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

 

Bu dünýä birinjiligine gatnaşmak üçin Ýer ýüzüniň 100 ýurdundan (Afrikanyň 9 döwletinden, Ýewropanyň 38 ýurdundan, Aziýanyň 29 ýurdundan, Amerikanyň 15 ýurdundan we Okeaniýanyň 9 ýurdundan) ýüz tutmalar gelip gowuşdy. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan türgenleriň 800-e golaýynyň, umuman alanyňda, dürli ýurtlardan wekilleriň 1500-siniň, şol sanda emin toparlarynyň, žurnalistleriň we beýlekileriň gelmegine garaşylýar. Ýaryşlara hyzmat etmek üçin Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden meýletinçileriň 500-e golaýy taýýarlanyldy.

 

Çempionatyň web-saýtyny taýýarlamak, ýaryşa gatnaşyjylar üçin akkreditasiýalary resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary meýletinçiler, guramaçylar üçin hem-de Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin egin-eşikleri taýýarlaýar. “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” seýilgähinde, şeýle hem beýleki ýerlerde çempionatyň açylyş dabarasyna petekleriň satuwy başlandy. Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Medeniýet ministrligi tarapyndan degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä çempionatyny birkemsiz geçirmek, oňa gatnaşyjylar we myhmanlar üçin amatly şertleri döretmek, dessin beýan etmek üçin ähli çäreleri görmek barada degişli görkezmeleri berdi.

 

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky meselelere ünsi çekdi, bu ulgam hem beýleki durmuş düzümleri ýaly, döwrebaplaşmak ýagdaýyny başdan geçirýär. Hünär bilimi hemişe döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň şertleriniň biri boldy. Häzir ol zähmet bazarynyň isleglerine has laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz döwletiň, iş berijileriň we okuw mekdepleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň hem-de şolary Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirmegiň möhümdigini belledi.

 

Ähli derejelerde okuw sapaklaryny sanly ulgama geçirmek häzirki şertlerde möhüm orun eýeleýär. Bu ugur milli bilim ulgamyny özgertmegi dowam etmekde esasy ugurlaryň biri bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegi, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini giňden ornaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.

 

Döwlet Baştutanymyz Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda, ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň wekilleri Rumyniýada hünärmenleri taýýarlamak boýunça Ýewropada netijeli işler bilen tanyşmak üçin bu ýurda iberilýär. Rumyniýany Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Bilim ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň hem-de ýakyn geljek üçin möhüm düzüm bolup, şonuň üçin bu ugurda gatnaşyklary giňeltmek zerurdyr. Her ýyl türkmen talyplarynyň onlarçasy döwrebap bilim almak üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ugradylýar, olar türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynda geljekki hünärleri üçin zerur bolan bilimleri ele alýar.

 

Geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçirilen ýöriteleşdirilen serginiň barşynda ýokary okuw mekdepleriniň has işjeň gatnaşyklara uly isleg bildirýändigini görkezdi. Talyplary we mugallymlary yzygiderli alyşmak, bilim işgärlerimiz üçin okuw tejribeligini guramak mümkinçilikleri barada hem oýlanmak gerek. Ynsanperwer gatnaşyklarynyň berkidilmegi beýleki ugurlarda hem döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge hyzmat eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

 

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine esaslanyp, “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýandygyny, dürli ugurlarda, şol sanda ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary döwletleriň ugurdaş bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna we giňeldilmegine hem-de mugallymlaryň we talyplaryň tejribe toplamagyna ägirt uly ähmiýet berilýär.

 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe we şu günki mejlise çagyrylan Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa ýüzlenip, Halk Maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek boýunça birnäçe wajyp çözgütleriň kabul edilendigini belledi. Bu ýokary okuw mekdebiň alymlarynyň we mugallymlarynyň netijeli tekliplerini taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.

 

Ýokary okuw mekdepleriň ylmy işgärleri dürli ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ähmiýeti barada habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

Hormatly Prezidentimiz soňky wagtlarda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi babatda görülýän çäreler barada aýdyp, bu ugurda öňde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi.

 

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýerlerde haýsy ugra degişli hassahananyň gurulmagy, şeýle hem arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça degişli gulluklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin çäreleri görmek barada wise-premýer P.Agamyradowa we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory A.Orazalyýewa birnäçe tabşyryklary berdi.

 

Milli Liderimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup geçýän ykdysady üýtgeşmeleri nazara almagyň gerekdigini belläp, wise-premýer G.Myradowa hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory S.Ataýewa bazar gatnaşyklarynyň esasy görnüşlerini öwrenmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we köpugurly esasda ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Çakyýewe hem-de Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektory N.Kulyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegi, awtomobil we demir ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly degişli teklipleri taýýarlamak boýunça tabşyryklar berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugruň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna giň ýol açar.

 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň şäherlerini gurmagyň, abadanlaşdyrmagyň we keşbini özgertmegiň depginlerini ýokarlandyrmak meseleleri ileri tutulýan wezipeler bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de wise-premýer D.Amangeldiýewiň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanowyň ünsüni şähergurluşyk-binagärlik ulgamynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan teklipleriň taýýarlanylmagyna çekdi.

 

Diňe bir gurluşyk toplumynda däl, eýsem, ähli ugurlarda innowasion tehnologiýalary we täzeçil usullary ornaşdyrmak möhüm talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, ýurdumyzyň alymlarynyň, hünärmenleriniň we talyplarynyň daşary ýurtlarda bolup, tejribe toplamagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmek gerek. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ylmy esasda kompýuter tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak bilen çözmegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň üstünliginiň esasy şerti bolup durýandygyny belledi.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 16 — 18-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

 

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň döwlet düzümleriniň, esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky söwda-ykdysady hem-de maýa goýum gatnaşyklary baradaky meseleler, şol sanda azyk, derman serişdeleri, nebitgaz, himiýa, dokma, dag-magdan senagaty, raýat awiasiýasy ulgamynda, oba hojalygynda, bilim we ylym, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi. Mundan başga-da, saud kärdeşler bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, şolaryň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy.

 

Şunda Saud Arabystany Patyşalygynda özara ynam we hormat goýmak esasynda guralýan gatnaşyklarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumynda hem-de beýleki birnäçe pudaklarda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.

 

Toparyň mejlisiniň barşynda Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýum ministri Majid bin Abdulla Al-Kasabynyň habar berşi ýaly, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy üçin goşmaça maýa goýum serişdelerini bölüp bermek barada çözgüt kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dükanlaryny açmak üçin zerur ýardam bermäge taýýarlyk beýan edildi.

 

Soňra wise-premýer geljek ýyldan başlap, içerki sarp edijileriň gaz bilen üpjün edilişini düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly ýurdumyzyň kanunçylygyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem kärhanalarda we ýaşaýyş jaýlarynda gazyň sarp edilişini hasaba alýan enjamlary oturtmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, degişli edaralar tarapyndan gazdan peýdalanmagyň düzgünleri kämilleşdirilip, olar Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyldy.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyny netijeli peýdalanmaga hem-de ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere kybap gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady.

 

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisine degip geçip, bu gün däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň köp ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz özara bähbitli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek hem-de gerimini giňeltmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde anyk durmuşa geçirmek boýunça birnäçe görkezmeler berdi.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen nygtady. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Günorta — Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

 

Saud ösüş gaznasy tarapyndan bölünip berlen maýa goýum serişdeleri daşary ýurt maýadarlarynyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Olar bu taslamanyň möhümdigine we kuwwatyna ýokary baha berýärler. Şunda ýurdumyzyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygy, bar bolan oňyn maýa goýum ýagdaýy oňat şertler bolup hyzmat edýär.

 

Türkmenistan hem-de Saud Arabystany tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan dünýä döwletleriniň hataryna girýär. Bu bolsa ýangyç-energetika hem-de beýleki pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

 

Wise-premýere ähli ulgamlarda energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň hasaba alnyşynyň döwrebap ulgamlaryny ornaşdyrmak, hususan-da, ilaty hasaplaşyk kitapçalary bilen üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Bu ugurda görülýän anyk çäreler tebigy serişdeleriň aýawly peýdalanylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

 

Soňra “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýan ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baş wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylaryna gaz senagatyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň düzümlerini innowasiýalar esasynda döwrebaplaşdyrmak, pudagy giň gerimde tehniki we tehnologiýa taýdan täzelemek, iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda halkara TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmagyň bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeler berdi.

 

Şeýle hem innowasiýalar, tehnologiýalar esasynda içerki bazarda hem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolan dürli görnüşli ýokary hilli önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalaryň gurulmagy energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler barada hasabat berdi.

 

Häzirki wagtda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekerançylar ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär, oba hojalyk tehnikasynyň hem-de gurallarynyň bökdençsiz işi ýola goýuldy. Gögeriş alnan bugdaý meýdanlarynda ösüş suwy berilýär hem-de zyýankeşleriň öňüni almak boýunça degişli işler geçirilýär.

 

Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamagyň depginini ýokarlandyrmak, çig maly kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz ibermek hem-de hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek üçin netijeli çäreler görülýär.

 

Oba hojalyk işgärlerine ýerlerde degişli maslahat kömegini bermek üçin ýörite toparlar döredildi, şolaryň düzümine alymlar we tejribeli hünärmenler girizildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, gaýtadan işleýän düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmeginiň bäsdeşlige ukyply oba hojalyk pudagyny kemala getirmegiň zerur şerti bolup durýandygyny nygtady.

 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýalaryň we ylmyň gazananlarynyň iş ýüzünde giňden ornaşdyrylmagynyň, ekin meýdanlarynyň hasyllylygynyň gowulandyrylmagynyň, suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagynyň möhümdigini belledi. Tutuşlygyna bularyň ählisi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýöretmekde öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine ýardam eder. Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýere pagta ýygymynyň hem-de ekiş möwsüminiň bellenilen möhletlerde we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, senagat ulgamynyň pudaklaýyn önümçilik düzümini berkitmek we giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

 

Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiniň kemala getirilmegi ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, ony dünýäniň ösen döwletlerine kybap gelýän ölçegleriň ýagdaýlaryna çykarmagyň ýeke-täk ýoludyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunda senagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklaryna strategiki orun berilýär. Ol hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi baý ýerli serişdeleriň esasynda innowasion önümçilikleri döretmek, dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiligi üçin düýpli maýa serişdeleriniň goýulmagy netijesinde eýe boldy.

 

Döwlet Baştutanymyz bu ulgama iň öňdebaryjy enjamlar we iň täze tehnologiýalar görnüşinde daşarky maýa goýumlary çekmegiň wajypdygyny nygtap, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek ugrunda bolşy ýaly, eksporta gönükdirilen ugurda hem ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýete eýe bolan milli senagat taslamalaryny depginli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk serişdeleri hem-de himiýa pudagy ulgamlaryny has-da ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini kesgitledi. Bu ugurlar ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisine çagyrylan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewiň ünsüni ýolbaşçylyk edýän düzüminiň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini kämilleşdirmek, öndürilýän mineral dökünleriň hem-de beýleki himiýa önümleriniň hilini we möçberini ýokarlandyrmak baradaky meselelere çekip, pudakda täze desgalaryň gurluşyklarynyň barşyny we möhletini, bildirilýän ekologiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Energetika ministrliginiň döwlet elektrik stansiýalarynda meýilnamalaýyn abatlaýyş işlerini geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

 

Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynda elektrik togunyň we agyz suwunyň sarp edilýän möçberlerini hasaplaýjylary oturtmagyň barşy barada aýdyldy. Habar berlişi ýaly, ilata hasaplaşyk kitapçalaryny bermek hem-de zerur bolan resminamalary resmileşdirmek işleri dowam edýär.

 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Energetika ministrliginiň garamagyndaky düzümleriň öňünde durýan ähli wezipeleriň, şol sanda döwlet elektrik stansiýalarynda dikeldiş-abatlaýyş işleriniň öz wagtynda talabalaýyk derejede ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeler berdi.

 

Döwlet Baştutanymyz hasaplaşyk kitapçalarynyň berilýän wagtynda ilata sarp edilýän elektrik energiýasynyň we suwuň hasabynyň ýöredilişine gözegçilik etmegiň möhümdigini giňişleýin düşündirmegi tabşyrdy.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Aşgabatda HHR-da öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisini hem-de şonuň çäklerinde tegelek stol görnüşinde ikitaraplaýyn gepleşikleri guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

 

Bu sergä HHR-niň kompýuter tehnologiýalary, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda, energetika, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň, elektrik enjamlarynyň önümçiligi, ýeňil we azyk senagaty, maşyngurluşyk pudaklarynda hem-de obasenagat toplumynda işleýän kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergä gatnaşjak kompaniýalar öz önümleriniň — häzirki zaman tehnikalarynyň we önümçilik tehnologiýalarynyň tanyşdyrylyşyny geçirerler.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara işewür çärelerini geçirmek boýunça görkezmeleri berip, şolaryň söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, Türkmenistanyň maýa goýum hem-de eksport kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, önümçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga degişli taslamalary herekete girizmäge gönükdirilendigini belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda HHR-iň milli önümleriniň sergisine hem-de tegelek stol görnüşindäki gepleşiklere gatnaşmagyny guramak, bu çärelere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny giňden çekmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklar berdi.

 

Biz daşarky bazarlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürip, eksport möçberleriniň artmagyna hem-de halkara söwdasy ulgamynda onuň oňyn abraýynyň döremegine ýardam berýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ulgamda eýeleýän ornuňy öňe ilerletmegiň dünýädäki ýagdaýlara düşünmegi, önüm öndürijileriň ýokary derejede ykjam hereket etmegini hem-de önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny talap edýändigini belledi.

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew pudaklaryň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, döwrebap ulaglar bilen maddy-enjamlaýyn binýadyň yzygiderli üstüniň ýetirilişi barada hasabat berdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň barha artýan möçberini üpjün etmäge mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklarynyň uly gorlaryna eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmagy talap edip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

 

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň başlygy B.Miminow bu düzümiň alyp barýan işleri hem-de 2018-nji ýylyň 30 — 31-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriniň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetiň 23-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, howanyň üýtgeýşi barada takyk maglumatlary bermek üçin “Türkmengidrometeorologiýa” merkeziniň döwrebap edara binasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar we elektron abzallary bilen enjamlaşdyrylandygyny belledi.

 

Ýokary öndürijilikli kompýuter toplumy ýurdumyzyň çäklerinde meteorologiýa gözegçilikleriniň kömegi bilen bolşy ýaly, halkara maglumat merkezlerinden we emeli hemralardan alynýan hasaplamalaryň esasynda gysga möhletli hem-de orta möhletli howa çaklamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär. Bu işler daşky gurşawy goramak boýunça döwletimiziň alyp barýan giň gerimli işleri, ekologiýa ulgamynda döredijilikli başlangyçlar babatda aýratyn möhümdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de anyk çäreleri görmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa medeni-aň bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, hususan-da Döwlet muzeýiniň düzüminde hereket eden bölümleriň biriniň binasyny Döwlet kitaphanasyna degişli edilmegi bilen bagly alnyp barlan işler barada hasabat berip, «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.