“Adwokatyň işini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary” atly okuw maslahaty geçirildi

“Adwokatyň işini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary” atly okuw maslahaty geçirildi

Şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde “Adwokatyň işini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary” atly okuw maslahaty adwokatlaryň, adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň, welaýat adalat bölümleriniň maslahatçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Okuw maslahatynda Adalat ministrliginiň işgärleri, tejribeli hünärmenler, adwokatlar tarapyndan “Her bir adamyň ýuridik kömegini almaga bolan konstitusion hukugy”, “Adwokatyň işini kämilleşdirmegiň usullary”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň aýratynlyklary”, “Adwokatyň işinde ýüze çykýan meseleler”, “Şertnamalaryň düzülmeginiň aýratynlyklary”, “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň esaslary”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda raýat işine gatnaşýan taraplaryň hukuklary we borçlary”, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda”, “Welaýat adalat bölümi tarapyndan adwokatlar bilen alnyp barylýan işler” atly çykyşlarynda giňişleýin düşündirişler berildi.

Özlerini gyzyklandyrýan meseleleri boýunça sorag - jogap alyşdylar, teklipler aýdyldy.

Okuw maslahatynyň esasy maksady, kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalary giňişleýin düşündirmek, birek-birek bilen tejribe alyşmak, hünär ussatlygyny kämilleşdirmekden ybarat bolup,               adwokatyň işinde ýüze çykýan meseleler barada durlup geçildi. Bu bolsa oňa gatnaşyjylaryň tejribelerini artdyrmaklaryna itergi berdi.