Türkmenistan-ABŞ: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri

Türkmenistan-ABŞ: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Türkmenistan — ABŞ” işewürler maslahatyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, bilelikdäki tagallalary birleşdirip, täze ugurlary açmak üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Onuň “Türkmenistan — ABŞ” Işewürler Geňeşiniň döredilmeginiň 10 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi bolsa, duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Işewürler Geňeşi milli Liderimiziň başlangyjy bilen hut şu ýerde, Nýu-Ýorkda, amerikan kompaniýalarynyň we konsernleriniň ýüzlerçesiniň ýolbaşçylarynyň ýygnanan ýerinde — Rokfeller Merkezinde döredildi.  Ine, şondan 10 ýyl geçenden soň, türkmen bazarynda özara gatnaşyklarda uly tejribe toplan taraplaryň ikisi hem içerki durmuş syýasaty hem-de Merkezi Aziýada goşulyşmak meýli bilen baglylykda, ýakyn geljekde Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça täze başlangyçlary, anyk ugurlary barada ýurduň Baştutanynyň özünden eşitmek mümkinçiligine eýedir. Işewürleri ýurdumyzyň daşary döwletleriň maýadarlary üçin hödürleýän amatly ýeňillikleri hem özüne çekýär, bu bolsa, halkara işewür toparlarynyň wekilleriniň şu günki duşuşyga ymtylmasyny berkitdi. Bu duşuşyga amerikan işewürlerinden başga-da, beýleki ýurtlardan, mysal üçin, Kanadadan we Beýik Britaniýadan iri kompaniýalar gatnaşmaga isleg bildirdiler.  “Mandarin Oriental” myhmanhanasynda geçirilen işewürler maslahatyny “Türkmenistan — ABŞ” Işewürler Geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart açdy.  Jenap Stýuart duşuşmaga wagt tapandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady. Onuň barşynda häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy boýunça Türkmenistanyň täze teklipleri öňe sürüldi.  Öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, Erik Stýuart ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda ornuny giňeltmek hem-de ýurduň halkynyň, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, dünýäde parahatçylygy we abadançylygy berkitmegiň hatyrasyna giň gerimli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmak hyýallaryny tassyklady.  Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär.  Ozaly bilen, döwlet Baştutanymyz duşuşygy guramak başlangyjy üçin amerikaly hyzmatdaşlarymyza minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň ykdysady ulgamda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri we geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döredýändigini belledi.  Milli Liderimiz zala ýygnanan, ýurdumyz bilen birnäçe ýyl bäri hyzmatdaşlyk edýän amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, şeýle hem türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýän amerikaly işewürleri tüýs ýürekden mübärekläp, duşuşygyň şunuň ýaly wekilçilikli düzümine amerikan işewürler bileleşiginiň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşmagy hökmünde garaýandygyny aýtdy.  “Türkmenistan — ABŞ” Işewürler Geňeşiniň çäklerinde geçirilýän şu günki duşuşygyň bu düzümiň esaslandyrylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçýändigini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen wagtyň içinde köp işleriň amala aşyrylandygyny, Işewürler Geňeşiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm, täsirli guralyna, biziň ýurtlarymyzyň ykdysady subýektleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we berkitmek üçin netijeli meýdança öwrülendigini belledi.  Bu düzüm iki döwletiň işewürleriniň arasynda uly abraý gazandy, Türkmenistanyň we Birleşen Ştatlaryň döwlet edaralary onuň pikirine we maslahatlaryna eýerýärler. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Işewürler Geňeşiniň ähli agzalaryny şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, geljekde hem üstünlikli işlemegi arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň onuň işine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.  Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň, ozaly bilen, ykdysadyýeti özgertmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny beýan etdi, olar ýurdumyzda ýokary ösüş depginlerini üpjün etdi.  Milli Liderimiziň çykyşy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüş depgini, ykdysady mümkinçilikleri hem-de tutuş sebit üçin uly ähmiýeti bolan, durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar barada aýdyň düşünje berýän wideofilm bilen utgaşdy.  Baý tebigy serişdelerimiziň bolmagy, ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem yzygiderli amala aşyrylýan “Açyk gapylar” daşary ykdysady syýasatymyz Türkmenistanda maýa serişdelerini amatly goýmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.  Bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biri uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge täze itergi bermek bolup, şunda ýurdumyza daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine uly ähmiýet berilýär.  Bu babatda Türkmenistan, gürrüňsiz, özüneçekiji ýurt bolup durýar. Garaşsyz bilermenleriň bazary öwrenmeginiň görkezişi ýaly, oňyn özgertmeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin binýat döretdi.  Türkmenistanda dürli ugurlarda halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin has oňaýly we sazlaşykly şertler döredildi diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň hatarynda nebitgaz pudagyny, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumyny, dokma senagatyny, ýokary tehnologiýalar ulgamyny görkezdi.  Döwletimiz salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikleri bermek bilen, maýadarlar üçin uly goldawy üpjün edýär. Jemi içerki önümçilikde maýa goýumlarynyň paýynyň artmagy şonuň netijesi bolup, maýa goýum taslamalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ýokarlanýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.  Türkmen ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösmegi halkara giňişliginde ýaramaz meýilleriň bolmagyna garamazdan, oňyn ugurda durnukly barýandygyny görkezýär. Mysal üçin, şu ýylyň dokuz aýynda makroykdysady görkezijiler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösýändigini tassyklady. Umuman, jemi içerki önümiň ösüşiniň şu ýyl 6,2 göterim bolmagyna garaşylýar. Daşary söwda dolanyşygy boýunça hem oňyn ýagdaý göze ilýär. Şeýle hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýalary özleşdirmegiň ýokary ösüş depginleri bellenilýär.  Halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirilen Türkmenistanyň kanunçylyk binýady daşary ýurtly maýadarlary çekmekde uly orun eýeleýär. Ýurdumyzda salgyt salmak, maýa goýmak, erkin telekeçilik babatda kämil kanunlar kabul edildi. Olara laýyklykda, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlara belli bir derejede ýeňillikler we artykmaçlyklar berilýär. Munuň özi maýalary uzak möhletleýin goýmak hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertler döredýär.  Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň durnuklylygyny artdyrmak, ilkinji nobatda, puluň hümmetini bir nusga getirmegiň, milli manady berkitmegiň hasabyna artdyrmak üçin möhüm çäreler görüldi.  Türkmen bazarynyň özüneçekijiligi köp babatda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, kuwwatly serişde — çig mal binýadynyň hem-de maýa goýumlarynyň ygtybarlylygyny kepillendirýän häzirki zaman hukuk ulgamynyň bolmagy bilen şertlendirilendir. Ol Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň bilermenleriniň hasabatlary bilen tassyklanylýar.  Bu iri halkara edaralary türkmen ykdysadyýetiniň geljekde hem okgunly ösjekdigini, ýurdumyzyň maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.  Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň geçirilýän özgertmeleriň möhüm wezipesi bolup durýandygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haryt öndürýän pudaklarda önümçiligiň möçberleriniň ýokarlanmagynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösmeginiň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. Daşary ýurt maýalarynyň durnukly artmagy bu babatda nusga alarlyk bolup, olaryň agramly bölegi senagat pudagyna gönükdirilýär.  Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň depgini ýokarlanýar. Diňe 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda haryt dolanyşygynyň möçberi 27 göterimden hem geçdi.  Maýa goýum işi giň gerim bilen ösýär. Şu güne çenli ýurdumyzda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň iki ýarym milliard dollaryndan gowrak bolan taslamalaryň 156-sy amala aşyryldy.  Iri amerikan kompaniýalary türkmen bazarynyň ulaglar, ýangyç-energetika toplumy, elektrostansiýalaryň gurluşygy, telekommunikasiýalar ulgamy, programma üpjünçiligi, azyk senagaty ýaly möhüm ugurlarynda köpden bäri üstünlikli işleýärler. Biz şeýle hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris, ony höweslendireris we goldarys diýip, milli Liderimiz belledi.  Şonuň bilen birlikde, özara mümkinçilikleri has giňden ulanyp boljakdygy aýdyň görünýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ozaly bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagyň, energetika we ulag ulgamlarynda milli we halkara düzüm taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna mümkin bolar.  Türkmenistanda ylmy işleri talap edýän we innowasion önümçilikleri ösdürmäge amerikan maýalaryny we tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikler bar. Elektronika, kompýuter we logistika hyzmatlary, bilim ulgamynda we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda oňat mümkinçilikleri görýäris diýip, milli Liderimiz belledi.  Hormatly Prezidentimiz amerikaly hyzmatdaşlary Türkmenistanda döwrebap düzümi gurmak boýunça taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrdy.  Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak bilen, “Gündogar — Günbatar” we “Günorta — Demirgazyk” ugurlary boýunça sebitara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatda hyzmatdaşlyk möhüm ugur bolup durýar.  Döwlet Baştutanymyz deňiz arkaly ýük daşamak ulgamynyň işjeň ösdürilýändigi barada hem durup geçdi. Ýurdumyzda Hazaryň kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlandy. Häzir ol döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen kuwwatly, köpugurly terminal bolup durýar. Ol Ýakyn we Orta Gündogaryň harytlar we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň sebitindäki döwletlere çykmak üçin amatly şertleri döredip, uly möçberli ýük akymlarynyň ýolunda aralygy ep-esli gysgaltmaga hem-de wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Türkmenbaşy porty, sözüň doly manysynda, yklym ähmiýetli iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar.  Onuň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň amerikan işewür toparlary üçin özüneçekiji bolup biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow amerikaly hyzmatdaşlara gatnaşyklaryň şu ugruna üns bermegi teklip etdi.  Döwlet Baştutanymyz strategik ähmiýete eýe bolan ýene-de bir iri taslamany — halkara hyzmatdaşlaryň we iri maliýe edaralarynyň gurluşygyna goldaw beren Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny mysal getirdi. Taslama, gürrüňsiz, uly mümkinçiliklere eýe bolup, aslyýetinde energiýa akymlarynyň täze ugruny açýar. Ol hindi we pakistan ýaly iri, sazlaşykly ösýän ykdysadyýetleri ýangyç bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Geljekde hem Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň beýleki ösýän bazarlaryna çykmaga mümkinçilik döreder.  Hormatly Prezidentimiz iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanan TOPH taslamasynyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň gatnaşmagy üçin açykdygyny aýratyn belledi hem-de amerikaly hyzmatdaşlaryň oňa gatnaşmak mümkinçiligine ýokary baha berip bilerler.  Senagat, oba hojalygy ulgamlarynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, milli obasenagaty we suw hojalygy üçin uçarlary we dikuçarlary, tehnikalary getirmek babatda amerikaly işewürler bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.  Hyzmatlar ulgamyny, aýratyn-da, Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynda hyzmatlary ösdürmäge amerikan işewürleriniň gatnaşmagy üçin oňat mümkinçilikleri görýäris, bu pudaga biz aýratyn üns bermegi maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.  Milli Liderimiz maliýe pudagyny ösdürmek maksadynda amerikalylar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy. Birleşen Ştatlar dünýäniň iri maliýe merkezi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bize ABŞ-nyň maliýe ulgamynyň, banklarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň döredilmeginiň we işlemeginiň üstünlikli tejribesi hem gyzyklydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.  Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy jemi içerki önümçiligiň möçberinde hususy kärhanalaryň paýyny tapgyrma-tapgyr artdyrmagy göz öňünde tutýar.  2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu gün kuwwatly işewürlik birleşigi bolup durýar. Ol milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda iş alyp barýar. Türkmenistanyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýar.  Şunuň bilen baglylykda, işewürleri alyşmagy, işewür toparlarynyň we kompaniýalaryň ýurtlarymyzyň çäklerinde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagyny işjeňleşdirmek, ol ýa-da beýleki taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin telekeçileriň maksatlaýyn saparlaryny guramak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.  Türkmenistan ABŞ-ny ileri tutýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde hasaplap, onuň bilen uzak möhletleýin, strategik geljek üçin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biz bu gün açylýan uly mümkinçilikleri görýäris, ähli ugurlarda giň we gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklara taýýardyrys. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we mümkinçiliklerine, şeýle hem dünýäniň ykdysady ösüşiniň meýillerine bolan garaýyşlarda has aýdyň özara düşünişmegiň bolmagy bilen şertlendirilendir diýip, milli Liderimiz belledi.  Men bu duşuşyga ABŞ-nyň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen mäkäm hem-de uzak möhletleýin söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim hökmünde baha berýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunda hem biz “Türkmenistan — ABŞ” Işewürler Geňeşiniň işine aýratyn umyt baglaýarys. Onuň ýardam etmeginde we gös-göni gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin meýilnamalaryny amala aşyrmak, iri bilelikdäki taslamalara çykmak üçin ähli şertler bar.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyzyklanma bildirýän kompaniýalary ägirt uly özara mümkinçiliklere kybap gelýän giň hyzmatdaşlyga ýene-de bir gezek çagyryp, maslahata gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw etdi.  Işewürler maslahatynda ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň taslamalarynyň tanyşdyryş dabaralary geçirildi. Mysal üçin, “John Deere” kompaniýasy ýurdumyzyň sebitleriniň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen hem-de olara bildirilýän talaplara laýyklykda, inžener-konstruktorlar tarapyndan ýörite işlenip taýýarlanan oba hojalyk tehnikalarynyň täze nusgalary bilen tanyşdyrdy. Şol talaplar “John Deere” kombaýnlarynyň, traktorlarynyň gös-göni türkmen topragynda geçirilen synaglarynyň netijelerinden soň kesgitlendi.  “John Deere” kompaniýasy 25 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar we kompaniýa hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmegi ugur edinýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny özgertmek, oba hojalyk önümçiligine hususy bölegi çekmek boýunça täze başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň ägirt uly mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, kompaniýa netijeli çözgütleri hödürlemäge taýýardyr, olar ýurduň eksport mümkinçilikleriniň, şol sanda pagtany daşarky bazara ibermegiň möçberleriniň artdyrylmagyna, şeýle hem ekerançylyga ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam eder.  “Boeing” kompaniýasynyň menejerleri müşderilerini täze nusgadaky uçar tehnikalary bilen tanyşdyrdylar, tapgyrlaýyn önümçiligi meýilleşdirilýän ýolagçy uçarlarynyň tehniki häsiýetnamalary barada gürrüň berdiler.  25 ýyl mundan ozal, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy Merkezi Aziýada ilkinji bolup, “Boeing” uçarlaryny satyn aldy. Munuň özi ikitaraplaýyn mäkäm gatnaşyklaryň başlangyjyny alamatlandyrdy. Geçen ýyllaryň dowamynda bu amerikan kompaniýasynyň 34 uçary Türkmenistana iberildi. Häzirki wagtda gürrüň diňe bir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada däl-de, bu işlere beýleki pudaklaryň hem mysal üçin, kosmos pudagynyň çekilmegi barada, şeýle hem türkmen hünärmenlerini okatmak, okuw we hyzmat merkezlerini döretmek barada barýar.  Tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek babatda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan “Oxbow” kompaniýasy hem öz hyzmatlary, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrdy.  Bu kompaniýa bütin dünýä boýunça önümleriň ýylda 20 million tonnasyny, şol sanda kükürt, dökün, gazy gaýtadan işleýän pudagyň önümlerini ýerleýär, bu bolsa kompaniýamyzy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga iterdi. Harytlary ibermek üçin Türkmenbaşynyň deňiz portundan peýdalanýarys, häzir ol ýerde biziň gämimize ýük ýüklenilýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylary Türkmenistandan Günbatara önümleri ibermek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belleýärler, muňa hususan-da, işewürler maslahatynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Oxbow” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Uilýam Koh bilen duşuşygy hem şaýatlyk edýär.  Maslahatyň dowamynda “Case”, “Caterpillar”, “General Electric” we beýleki kompaniýalaryň wekilleri çykyş etdiler. Olar tehnologiýa döwrebaplaşdyrmasy we giň hyzmatdaşlyk ýoly bilen Türkmenistany öňe ilerletmekde, ýurdumyzda daşary döwletleriň kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin şertleri döretmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly orun eýeleýändigini bellediler.  Şeýle hem olar täze bilelikdäki taslamalary döretmek boýunça tekliplerini beýan etdiler, Türkmenistanda pudaklaýyn maksatnamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtdylar, döwrebap önümçilikleri döretmek we enjamlaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek boýunça işewür tekliplere üns berdiler.  Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň, ony innowasion ösüş ýoluna düşürmegiň wezipeleri amerikan işewürler bileleşigi üçin örän gyzykly bolup, olar şunda maýa goýum gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak üçin oňat binýady görýärler.  Häzir ýönekeý haryt ibermekden has çylşyrymly kooperasiýalara, şol sanda işgärleri taýýarlamak we hyzmatlar bilen üpjün etmek, täze önümleri ilerletmek üçin önümçilik we logistika halkalaryny döretmek ýaly taslamalara geçmegiň möhümdigi barada aýdyldy.  “Türkmenistan — ABŞ” Işewürler Geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart işewürler maslahatynyň netijelerini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen ykdysadyýetiniň dünýä ulgamyna mundan beýläk-de goşulmagyna gönükdirilen strategik ugrunyň öz miwelerini getirýändigini hem-de özara gatnaşyklar, has batyrgaý pikirleri we başlangyçlary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.  Dünýäniň maliýe çökgünliligine garamazdan, Türkmenistan ýylsaýyn ykdysady ösüşinde ýokary görkezijileri gazanmagy ýaly ýagdaýa ýokary baha berildi. Bu bolsa, maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň hem-de bilelikdäki iri taslamalary işläp taýýarlamagyň girewi bolup durýar.  Beýik Ýüpek ýolunyň döwründe Türkmenistanyň çägi Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm baglaýjy halka bolupdyr, ýene-de şol wezipäni — yklymüsti ýollaryň ulag çatrygy bolmak wezipesini ýurdumyz täze taryhy şertlerde hem ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, şu günki maslahat, gürrüňsiz, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum işjeňligi üçin mümkinçilikleri giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyny has giň — yklymara derejesinde ösdürmäge goşant bolup hyzmat eder.  “Türkmenistan — ABŞ” Işewürler Geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory şeýle hem maslahata gatnaşýan ähli kompaniýalaryň hem-de heniz Türkmenistanda işewürlik bilen meşgullanmaýan kompaniýalar hem duşuşykda görlen zatlar we eşidilen başlangyçlar bilen ruhlanjakdyklaryna ynam bildirdi. Bilelikdäki işiň diňe bir özara bähbitli bolman, eýsem, örän gyzykly boljak ulgamlary heniz köpdür. Maslahata gatnaşyjylar şu gün Türkmenistanyň işewürlik hem-de ähli ulgamlarda hyzmatdaşlyk üçin açykdygyna we ýurduň hormatly Prezidentiniň hut özüniň şeýle gatnaşyklary goldaýandygyna göz ýetirdiler.  Umuman, şu günki maslahat dünýä giňişliginde barha we barha möhüm orny eýeleýän Türkmenistan bilen uzak möhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryna bolan möhüm garaýşy kemala getirmäge ýardam etdi diýip, Erik Stýuart duşuşyga gatnaşandygy üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.  Hakykatdan-da, ol türkmen-amerikan işewür gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berip, olaryň täze mazmun bilen baýlaşmagy üçin badalga nokady bolup biler. Amerikaly işewürler Türkmenistanyň ykdysady meýilnamalary bilen tanşyp, olarda uly binýady, içerki mümkinçilikleri we esasy zat, olary amala aşyrmak üçin syýasy erkiň bardygyny gördüler.  Amerikan kompaniýalarynyň top-menejerleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň we şol sanda ýangyç-energetika pudagynyň, oba we suw hojalygynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Ol duşuşyklarda özara bähbitli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge gönükdirilen ýokary tehnologiýaly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.  Şeýlelikde, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy öz ösüşinde täze tapgyra çykyp, has köp kompaniýalary we hyzmatdaşlary özüne çekýär, däbe öwrülen ulgamlarda, şeýle hem täze ugurlarda baý mazmunly gatnaşyklary dowam edýär.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra Watanymyza ugrady.