Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-NIŇ Baş sekretary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-NIŇ Baş sekretary bilen duşuşygy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-da iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy.

 

BMG-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylap, forumyň işine gatnaşýandygy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Antoniu Guterreş häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça oňyn sebit we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu maslahatda öňe süren oňyn başlangyçlarynyň, şol sanda 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk şygary astynda geçirmek baradaky teklibiniň ähmiýetini nygtady.

 

Milli Liderimiz biziň döwletimiz bilen hyzmatdaşlyga yzygiderli üns berýändigi, Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygy üçin Baş sekretara minnetdarlyk bildirdi. Biz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli gatnaşyklary goldamak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat konsepsiýany durmuşa geçirmek bilen, geljekde hem bu ugra üýtgewsiz ygrarly bolarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

 

Söhbetdeşligiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Jenap Antoniu Guterreşiň belleýşi ýaly, dünýä bileleşigi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryndan we wezipelerinden gelip çykýan bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça maksada gönükdirilen işleri amala aşyrýan we anyk çäreleri geçirýän Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berýär.

 

Milli Liderimiz adamlaryň ähli babatda abadan hem-de mynasyp durmuşyny üpjün etmek üçin şertleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýändigini belläp, bu iri gurama bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ýurdumyzyň taýýardygyny beýan etdi. Milli Liderimiz we BMG-niň Baş sekretary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl-ýyldan artýan mümkinçilikleri barada aýdyp, täze, geljegi uly ugurlarda gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Antoniu Guterreş ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde gazanýan üstünliklerini kanagatlanma bilen belläp, ulag we energetika ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady, bu pudaklar häzirki şertlerde sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. BMG-niň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň sebitde möhüm orun eýelejekdigine hem-de onuň netijeli başlangyçlarynyň ählumumy goldawa eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

 

Şunda Bitarap Türkmenistanyň halkara işlerine gatnaşmagynyň möhümdigi aýratyn bellenildi, şeýle hem ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji orny, Owganystany durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeltmek işine goşýan uly goşandy we goňşy döwletdäki ýagdaýyň syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna işjeň çemeleşmesi bellenildi. Söhbetdeşler daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurda bilelikdäki işi möhüm ugurlaryň hatarynda görkezip, Araly halas etmek hem-de bu sebitde ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

 

BMG-niň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, geçen ýylyň iýun aýynda Aşgabada bolan iş sapary mahalynda mähirli kabul edilendigi hem-de özüne bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Antoniu Guterreş türkmen Lideri bilen her bir täze duşuşyga şatdygyny, Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga hut özüniň üns we goldaw berýändigini, munuň ähli döwletler üçin nusgalyk göreldedigini belledi.

 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary uzak möhletleýin geljege gönükdirilen hem-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň rowaçlanmagyna ýardam bermegi özüniň baş maksady edip goýýan ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň mundan buýana-da üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.