Türkmenistanyň Prezidenti “Amul — Hazar 2018” awtoralli ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti “Amul — Hazar 2018” awtoralli ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň badalga almagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy. 

Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen guralýan bu awtoralli gadymyýetde Ýewraziýa yklymynyň halklaryny, döwletlerini we sebitlerini birleşdirip, biziň ýurdumyzyň çäginden uzalan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça geçýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny diňe bir täze taryhy ýörelgeler bilen dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň möhüm ulag ýoly bolmak bilen iri halkara logistik merkezine öwrülýär. Bu ugur biziň ýurdumyzyň amatly çäk ýagdaýynda ýerleşmegi hem-de möhüm başlangyçlary öňe sürýän, olaryň ilerlemegi üçin anyk çäreleri durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň ulag syýasatynyň netijesinde yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. 

Munuň üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän ulag düzümleri döredilýär, awtobanlar çekilýär. Halkara polat ýollary, demir ýol we awtoýol köprüleri, täze howa menzilleri gurulýar. Watanymyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygar bilen geçýän 2018-nji ýylyň özünde ýurdumyzyň üstaşyr ulag ulgamynda iri desgalaryň ikisi — Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz porty we Türkmenabatda halkara howa menzili guruldy. 

Lebabyň täze howa derwezesi diňe bir bu welaýatyň howa gatnawlaryna barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, Amyderýa boýundaky şäheriň häzirki wagtda Türkmenistanyň iri senagat merkezine öwrülýän sebitiniň dolandyryş merkezi hökmündäki derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bu şäher gadymy Amulyň mirasdüşeridir, bu ýerde Eýrana, Hindistana, Gündogar Ýewropa... barýan köp sanly söwda ýollary birigipdir. Hut şu ýerden hem awtoralli badalga alar, onuň ugry ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çäginden, beýik Garagum sährasynyň üstünden geçer hem-de Hazaryň kenaryndaky Awazada tamamlanar. 

Şu gün Türkmenabat şäheri dürli ýurtlardan ýaryşlara gatnaşyjylary, olaryň toparlarynyň agzalaryny, žurnalistleri we köp sanly myhmanlary garşylady. Häzirki wagtda badalga beriljek ýerde iň soňky taýýarlyk işleri gidýär, 80-den gowrak topar ýola ugramazdan ozal ulaglary içgin tehniki barlagdan geçirýär, şunda sport ulagy hem-de sürüjiniň ähli egin-esbaplary (baş gap, lybasy, ellikleri, aýakgaby) kesgitli standartlara laýyk gelmegi babatynda gözegçilikden geçirilýär. 

Şeýle hem şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenabatda jenap Žan-Lui Şlesseriň, ýaryşlaryň direktory Rene Metsiň hem-de rallä gatnaşyjylaryň arasyndan belli türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Onuň öň ýanynda toparlaryň agzalaryna ilkinji ýol kitaby paýlanyldy. 

Žan-Lui Şlesser duşuşygy açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa rallini guramaga beren ägirt uly ünsi hem-de goldawy, awtomobil sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin uly halkara ähmiýetine eýe bolan bu taslamanyň çärelerine hut özüniň gatnaşýandygy üçin hoşallygyny beýan etdi. Ol Türkmenistanda geçirilýän ralliniň bütin Ýer ýüzüne bu ajaýyp ýurdy ýakyndan tanamaga, onuň örän baý mirasyny özleri üçin açmaga, taryhy-medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy ajaýyplyklary bilen tanyşmaga, şeýle hem ekologiýa meselelerini oňyn çözmek babatynda bu ýerde toplanylan tejribe barada maglumat almaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. 

Brifingiň dowamynda ýol ugrunda CPS ulgamyny ulanmak boýunça düşündirişler, beýleki maslahatlar berildi, düzgünler hem-de käbir beýleki kadalar anyklanyldy. Mysal üçin, Şlesseriň aýratyn belleýşi ýaly, eger-de haýsydyr bir topar ýolda kyn ýagdaýa düşen beýleki topara kömek etse, şonda ýitirilen wagtyň pellehanada hasaba alynjakdygyny belledi. Şunuň ýaly ýaryşlara mahsus bolan bäsdeşlik özara goldaw we kömek bermek ýaly hoşniýetli häsiýetleri aradan aýyrmaly däldir. “Amul — Hazar” rallisi bu babatda hem nusga bolmalydyr. Bu çäräniň çäklerinde ýygnananlar ýaryşlaryň eminleri bilen hem tanyşdyryldy. Brifinge 25 ýurtdan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýerde, Türkmenabat şäherinde şu ýylyň fewral aýynda gadymy gala Amulyň ýanyndan rallä taýýarlyk görülmegine badalga beren pursadyndan bäri ägirt uly guramaçylyk işleri ýerine ýetirildi, daşary ýurtlarda köp sanly tanyşdyryş çäreleri geçirildi, olar bu täsin taslama halkara jemgyýetçiliginiň ägirt uly ünsüni çekdi. Indi bolsa ýaryşlaryň başlanmagyna bary-ýogy birnäçe sagat galdy. Onuň öň ýany ýaryşlara gatnaşyjylaryň dabaraly ýörişi boldy. 

Lebap welaýatynyň baş baýdak sütüni oturdylan “Baýdak” meýdançasynda dabara geçirildi. 100 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýar. Baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança barýan ýoluň ugrunda gutlag şygarlary, türkmen sährasyny we bäsleşigiň nyşanyny beýan edýän owadan bannerler, dürli öwüşginli suratlar goýlupdyr. Bu ýerde hemmeleriň söýgüsini gazanan Wepaly atly alabaýy — Aziadanyň tumaryny hem görmek bolýar. Ol Aziadanyň oýunlary tamamlanansoň hem biz bilen hoşlaşmady, eýsem, it ýylynyň nyşany hökmünde täze 2018-nji ýyla hem girdi. 

Meýdançada bolsa münber, sahnalar gurnalypdyr, ägirt uly monitorlar oturdylypdyr, saz ýaňlanýar. Lebap welaýatynyň birleşdirilen estrada orkestriniň çykyşy baýramçylyk ruhuny döredýär. 

Bu ýere köp sanly adamlar ýygnandylar, sebäbi bu şäheriň hem, tutuş ýurdumyzyň hem taryhynda Watanymyzyň iň täze taryhynyň ýylýazgysyna ýene bir şöhratly sepgit, Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatynyň nobatdaky üstünligi hökmünde girjek bu şanly waka hemmeleri buýsandyrýar. 

...Meýdançada ýygnananlaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, işewürler we döredijilik işgärleri, Lebap welaýatynyň häkimi, ýerli ýaşaýjylar hem-de ýaşulular bar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzyň ulag kerwenini uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desseleri gowşurylýar. 

Sahnada belli ýaş aýdymçylar “Amul — Hazar 2018” awtorallä bagyşlanan täze aýdymy ýerine ýetirýärler, horeografiýa çykyşynda biziň döwrümiziň ýokary sport ylhamy öz beýanyny tapýar. 

Soňra çäreleri alyp baryjy hormatly Prezidentimize söz berýär. 

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň ählisine gutlag söz bilen ýüzlenip, hemmeleri ertir awtoralliniň badalga almagy bilen tüýs ýürekden gutlaýar. 

Biz şu gün “Amul — Hazar 2018” ady bilen geçirilýän halkara derejesindäki sport baýramçylygyny geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmen topragynda guralýan ýaryşlara gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen türgenlere we beýleki myhmanlara “Hoş geldiňiz!” diýip ýüzlenýäris. 

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda awtoralli ýaryşynyň geçirilmegi döwletimiziň dünýä awtomobil sportunyň ösdürilmeginde mynasyp orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Biziň ýurdumyzda awtomobil sportunyň döredilenine köp wagt geçmedigem bolsa, bu ugurda giň möçberli işler amala aşyryldy. 

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda şeýle hem Amuldan Hazara çenli umumy uzynlygy 1571 kilometre deň bolan ralliniň ugurlaryny kesgitledi. 

Türgenler, siz, bäsleşigiň dowamynda dünýäniň iň uly çölleriniň biri hasaplanýan Garagumyň baý tebigaty, onuň özboluşly aýratynlyklary hem-de türkmen sährasynyň täsinligi bilen tanşarsyňyz. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Badalga meýdançasyndan ugrap, gadymy Amul topragynyň ajaýyplygyny duýarsyňyz diýip, milli Liderimiz türgenlere ýüzlenip sözüni dowam etdi. 

Sebitde iň uly gadymy Jeýhun derýasy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, onuň kenaryndaky taryhy galanyň ösen medeniýetli şäher bolandygyny taryh ykrar edýär. Bu ýerde ekerançylyk we söwda gatnaşyklary gülläp ösüpdir. 

Soňra halkara awtoralliniň ýoly bilen Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Mary düşelgesi” diýen künjege bararsyňyz. Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürde Maru — Şahu — Jahan ady bilen belli bolan bu şäheriň irki asyrlarda diňe bir sebit ähmiýetli däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynyň merkezi bolandygyny taryhy-ylmy çeşmeler tassyklaýar. Gadymy Merwiň dünýä medeniýetiniň pajarlap ösmeginde möhüm orun eýeländigine taryh şaýatdyr. Soňra Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça guralýan halkara awtoralliniň ýoly Ahal welaýatynyň çägine girer. 

Bu ýerde “Garagum ýalkymy” düşelgesi ýerleşýär. Şonda siz sähranyň bu künjeginiň gözelligine, onuň tebigy aýratynlyklaryna hem-de çöl ösümlikleriniň özboluşly görnüşlerine syn edersiňiz. Dünýä ýüzünde özboluşly täsinlik hasaplanylýan we “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyrylýan bu ýerdäki alaw sizi haýran galdyrar. Garagumuň jümmüşindäki alaw türkmen halkynyň kalbynyň ýyly mähriniň özboluşly nyşany bolup, ol siziň göwnüňizi göterer diýip, milli Liderimiz belledi. 

Soňra siz taryhy ýol bilen gidip barşyňyza Daşoguz topragyna gadam goýarsyňyz. “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň ýoly “Altyn asyr Türkmen köli” diýlip atlandyrylýan düşelgäň üstünden barar. Bu ýerde siz altynsow öwüşgünli ýaýylyp ýatan köli görersiňiz. Garagum sährasynyň jümmüşinde dörän bu kölüň we onuň töwerekleriniň özboluşly haýwanat we ösümlik dünýäsi sizi adam eli bilen döredilen gudratyň dünýäsine aralaşdyrar. 

Soňra siziň ýoluňyz Balkan welaýatynyň çägi boýunça dowam eder. Ol ýerde “Sport” meýdançasynda düşelge ýerleşýär. Şonda siz seleňläp görünýän Balkan daglarynyň deňinden, gojaman Hazaryň kenary boýunça geçip, ýaryşyň jemleýji tapgyryna tarap rowana bolarsyňyz. Şeýlelikde, halkara awtoralliniň ýoly gojaman Hazaryň kenary bilen uzap, Aziýanyň şypahana merjeni hasaplanylýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda jemlener. Bu künjegiň ajaýyplygy, halkymyzyň ýagşy dessurlary we myhmansöýerlik däbi siziň hakydaňyzda hemişelik saklanar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşlarynyň halklary ýakynlaşdyryp, dostlugy, hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigine ynam bildirýändigini beýan etdi. 

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary ýene bir gezek awtoralliniň başlanmagy bilen gutlap hem-de bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesine üstünlik arzuw edip, fransuz myhmanyny – meşhur “Africa Eco Race” atly ralli marafonyň baş direktory we guramaçysy Žan-Lui Şlesseri çagyrýar. Ol sport awtomobilleri toparyndaky awtomobil ýaryşlary boýunça dünýäniň iki gezek çempiony, şeýle hem “Pariž — Dakar” rallisiniň iki gezek ýeňijisi hökmünde bellidir. 

Milli Liderimiz ýaryşa gatnaşyjylaryň awtomobillerde dabaraly ýagdaýda geçmegi üçin goýlan ýörite münbere barýar. 

Žan-Lui Şlesser meýdança ak “Linсoln” kabrioletde girýär. Ol podium boýunça aýlaw edip hem-de münberiň öňünde saklanyp, türkmen Liderine ýüzlendi we ozaly bilen “Amul — Hazar 2018” rallisini geçirmek başlangyjyny öňe sürenligi üçin hoşallyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň, hususan-da, awtomobil ýaryşlarynyň uly janköýeridir. Şoňa görä-de, sportuň bu görnüşindäki türgenleriň we bäsleşigiň guramaçylarynyň bagty çüwdi diýip, Şlesser aýtdy. Ol şeýle hem guramaçylar toparynyň ýolbaşçysy hökmünde alty aýyň içinde geçirilen işlere berlen uly kömek üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. 

“Meniň bu ýere gelen ähli gatnaşyjylara uly sagbolsun aýdasym gelýär. Çünki, debýut bäsdeşligi üçin dürli milletleriň 25-sinden 500-den gowrak adamyň bir ýere birleşmegi uly ýeňişdir” diýip, Şlesser sözüni dowam etdi hem-de bu ýere iň oňat toparlaryň we awtosport dünýäsinde atlary meşhur awtomobil sürüjileriniň ýygnanandygyny belledi. 

Ralliniň taýýarlyk işlerine we onuň geçirilmegine gatnaşan ýewropaly hem-de türkmenistanly hünärmenleriň ählisine hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Şlesser sözüniň ahyrynda ýaryşa gatnaşyjylaryň hemmesine Hazardaky pellehana çenli bolan aralygy üstünlikli geçmegi arzuw etdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz “Amul — Hazar 2018” halkara ralliniň dabaraly ýörüşine gatnaşyjylara ak pata berdi. 

Tanyşdyryş dabarasyny alyp baryjy ýurtlaryň we rallä gatnaşyjylaryň atlaryny aýdyp ugraýar. Dabaraly ýörişi ýaryş geçýän ýurduň –ýer eýesiniň wekilleriniň hukugynda münberi ýeňil awtomobilleriň dördüsinde geçen türkmen toparynyň türgenleri açýarlar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy astynda bu ýaryşlara jemi 15 topar gatnaşar. 

Soňra iňlis elipbiýiniň tertibine laýyklykda, dünýäniň onlarça ýurtlarynyň awtoulaglary geçýärler. Dabaraly ýörişe jemi 150-den gowrak sürüji we şturman-kömekçi sürüji gatnaşdy, olaryň köpüsi garyşyk düzümde – internasional toparda çykyş eder. 

Awtomobiller bir ýarym sagada golaý wagtyň dowamynda ýagtylandyrýan şöhleleriň astynda, arassalanyp ýalpyldadylan görnüşlerinde, saz owazynyň astynda tomaşaçylaryň öňünden geçdiler. Dabaraly ýörişde dünýä awtomobil senagatynyň “Mini”, “Nissan”, “Toyota”, “Mitsubishi”, “Chevrolet”, “BMW”, “Peugeot”, “Opel”, “Porsche”, “Land Rover”, “Suzuki”, “Chrysler” we beýlekiler ýaly, iň ygtybarly hasap edilýän kysymlary peýda bolýarlar. Elbetde, olar biri-birinden düýpli tapawutlanýarlar. Rallä gatnaşdyrmak üçin olary ýörite güýçlendirýärler, berkidýärler, howpsuzlyk üçin ýörite enjam goýýarlar, oturgyçlaryny çalyşýarlar, ýangyn söndüriş ulgamy we beýlekiler bilen enjamlaşdyrýarlar. 

Ýük awtoulaglaryň topary ýörite meýdançanyň ýanyndan geçýär, Olar dünýäde belli “KAMAZ”, “MAZ”, “GAZ”, “MAN” ýaly agyr ýük awtoulaglarydyr. 

Dabaraly ýörişi ýene-de Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň awtomobilleri jemledi. 

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. 

Bu ralliniň geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga we hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşmak bilen, bir mahallar gadymy türkmen topragyndan geçen hem-de Gündogaryň we Günbataryň döwletlerini we halklaryny birikdiren Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýändigini bütin halkara jemgyýetine aýdyň görkezýär. 

Biz bu gadymy ýoluň boýunda ýerleşen ýurtlar we halklar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýarys, netijeli hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrýarys. 

Geçen ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda Milletler Bileleşiginiň agza döwletleri tarapyndan “Durnukly ösüş ulgamynda maksatlara ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini ýatladýarys. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Türkmenistan ulag we multimodal üstaşyr geçirijileri döretmek, şeýle hem bu ulgamda oňyn köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giňeltmek arkaly halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. 

“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi ýurdumyzyň üstaşyr-ulag geçelgeleri ulgamynda, şol sanda multimodal geçelgeleri döretmek, şeýle hem ekologiýa talaplaryna laýyklykda, bu ulgamda işjeň syýasaty geçirmäge ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Şu gezekki ýaryşlaryň guralyşynda ralli ýaryşlary wagtynda tebigaty goramagyň bähbidine CO2 zyňyndylary azaltmak boýunça konsepsiýa berjaý edildi. Şeýle hem tiz wagtda Owadandepede täze gazhimiýa toplumynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyz dünýäde ilkinjileriň biri bolup, Ýewro — 5 standartyna laýyk gelýän sintetiki ekologiýa ýangyjyny öndürip başlar. 

Türkmenistanda bu awtoralliniň geçirilmegi sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegine, dünýäniň dürli ýurtlaryndan Türkmenistana gelýänleri baý tebigatymyz, onuň ajaýyp künjekleri, bu ülkäniň medeni we taryhy mirasy bilen tanyşdyrmaga ýardam eder. Ýaryşlara taýýarlyk görmegiň we olary guramagyň derejesinden çen tutulanda, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň köp sanly tomaşaçylaryň hakydasynda uzak wagtlap galjakdygyna hem-de awtosportuň ösdürilmegine ýardam etjekdigine berk ynanyp bolar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde Türkmenistanda sport bilen meşgullanmagyň tarapdarlarynyň sany barha artýar, ol jemgyýetde has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda sport hem bedenterbiýe bilen mümkin boldugyça köp adamlaryň, esasan-da, çagalaryň, ýetginjekleriň, oglanlaryň we gyzlaryň meşgullanmagy üçin zerur şertleri döretmek wezipesi sporty ösdürmek we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegiň strategiýasy düzülende baş maksat hökmünde öňde goýuldy. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sport-sagaldyş ulgamyny höweslendirmek we kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi, onuň köpugurly mümkinçilikleri ýokarlanýar. Hazaryň kenarynda döwlet Baştutanymyzyň möçberi hem-de amala aşyrmagyň çylşyrymlylygy babatynda deňi-taýy bolmadyk taslamasy — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek başlangyjy amal edildi, ol türkmen Lideriniň iri möçberli özgertmeleriniň aýdyň netijesi, ýurdumyzyň saglygy dikeldiş mümkinçiliklerini özleşdirmegiň hem-de boş wagty işjeň we sagdyn geçirmek, sportuň bu görnüşlerini ösdürmek üçin aňrybaş şertleri döretmegiň ajaýyp mysaly bolup durýar. 

Şeýlelikde, rallä daşary ýurtly gatnaşyjylar diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşman, bu rowaýata öwrülen ýerlere düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş hem-de ýurdumyzyň sebitlerini senagat taýdan ösdürmek bilen birlikde täze durmuşyň gelendigini gözleri bilen görüp bilerler, bu özgertmeler bolsa häzirki eýýamda Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygy hökmünde Watanymyzyň derejesini belende göterýär. 

Yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda ýerleşmeginiň artykmaçlyklary Türkmenistana ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde milli ulag serişdelerini örän bähbitli peýdalanmaga, taryhy-medeni mirasyň baýlygy bolsa ýurdumyzyň halklaryň ynsanperwer, ruhy gatnaşyklarynda ornuny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.