Türkmenistanyň Prezidenti halkara awtorallisiniň ýolbaşçysyny we çempionyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti halkara awtorallisiniň ýolbaşçysyny we çempionyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory, sport awtomobilleri ýaryşynda dünýäniň iki gezek çempiony, ýolsuz ýerde geçirilýän awtoralli boýunça dünýä kubogynyň ençeme gezek eýesi, “Pariž — Dakar” we “Africa Eco Race” ralli-marafonlarynyň ýeňijisi Žan-Lui Şlesseri kabul etdi. 

Meşhur fransiýaly türgen wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, şu günler ýurdumyzda bolýandygyna we “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň resmi taýdan açylmagy mynasybetli dabara gatnaşýandygyna hem-de milli Liderimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän şu giň möçberli ýaryşlary guramaga gatnaşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de tejribeli türgen — döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi 11-nji sentýabrda badalga alýan ýaryşlaryň aýratyn derejä hem-de uly abraýa eýe bolmagyna ýardam berýär. Bu ýaryşlar dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyny döretdi. Rallä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň wekilçilikli düzümi hem muňa şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň, bedenterbiýe hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şu maksatlar bilen, yzygiderli toplumlaýyn çäreler, şol sanda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça möhüm çäreler görülýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda awtomobil sportunyň meşhurlygy has ýokarlandy. Degişli düzümiň we döwrebap tehniki binýadyň döredilmegi ýaşlaryň sportuň şu görnüşi bilen uly höwes bilen meşgullanmagyny şertlendirýär, sport awtoulaglaryny sürüjileriň ussatlygyny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Milli çempionatlary yzygiderli geçirmek bilen birlikde, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Türkmenistanda awtomobil sporty boýunça iri halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. 

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory bu ulgamda özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyp, bilelikdäki sport taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin oňaýly şertleriň bardygyny bellediler. 

Jenap Žan-Lui Şlesser bedenterbiýe we sport ulgamynda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň artýandygyny belledi. Ýurdumyz ajaýyp düzüme eýe bolmak bilen, “Açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. 

Şunuň bilen baglylykda, “Amul — Hazar 2018” awtorallisini geçirmegiň guramaçylyk-tehniki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu halkara rallisi diňe bir aýdyň sport çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäni meşhur hem-de häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasy we tebigatynyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşdyrmalydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sport ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, myhmana “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi mynasybetli çykarylan ýadygärlik teňňeleriň toplumyny gowşurdy. Jenap Žan-Lui Şlesser milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň hyzmatdaş bolup durýandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtady. Meşhur fransiýaly türgen ralliniň ýokary derejede guralandygyny belläp, döwlet Baştutanymyza ýaryşa gatnaşyjylaryň mähirli kabul edilendigi, ähli meseleleriň çözülmegine hem-de ýaryşlary geçirmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegine goldaw berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bularyň ählisi öňümizdäki awtoralliniň üstünlikli geçjekdigini şertlendirýär. Bu ýaryşlar türgenleriň, köp sanly tomaşaçylaryň hem-de janköýerleriň ýadynda hemişelik galar we awtomobil sportuny mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge ýardam eder. 

Duşuşygyň dowamynda ýaryşlaryň ekologiýa meselesine aýratyn üns berildi. Bu mesele ilkibaşdan, ýaryşlara taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda üns merkezinde boldy. Awtoralliniň ugrunyň Garagum sährasynyň üstünden geçýändigi tötänden däldir, çünki türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi ekologiýa nukdaýnazaryndan ýokary talaplara laýyk gelýär. Türkmenistanda tebigaty goraýyş strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan Garagumuň ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär. 

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň ählisi “ýaşyl tehnologiýalary” ornaşdyrmak hem-de tutuş ekologiýa ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Garagum Kölünde “Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmek boýunça amala aşyrylýan taslama hem bu ugurdaky wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu köl çylşyrymly gidrotehniki ulgam bolmak bilen, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, diýmek, Türkmenistanda hem-de tutuş Merkezi Aziýa sebitinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir. Ýene-de bir aýdyň mysal — eýýäm ýakyn geljekde ýurdumyz dünýäde ilkinjileriň biri bolup, sintetiki ýangyç-tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly alynýan benzin öndürip başlar. Bu ýangyç Ýewro —5 standarty boýunça ýokary ekologiýa taraplaryna laýyk gelýär. 

Şunuň bilen baglylykda, myhman milli Liderimize ekologiýa taslamalaryny we pikirlerini ilerletmekde edýän taýsyz tagallalary hem-de hemmetaraplaýyn goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem şol taslamalar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri senagat taslamalarynda iş ýüzünde ulanylýar. 

Duşuşygyň ahyrynda “Africa Eco Race” rallisiniň baş direktory Žan-Lui Şlesser çuň many-mazmunly söhbetdeşligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sporty ösdürmek ulgamynda asylly başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde hem-de ýurdumyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.