Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident,


Slowakiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Slowakiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ähli ulgamlarda ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Siziň ýurduňyza hem-de onuň halkyna ösüş, rowaçlyk we demokratik raýat jemgyýetini gurmagy dowam etmäge ygrarlylygy arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Andreý KISKA,
Sl
owakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *


Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan
Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gagauz halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistan durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Halkyň abadançylygynyň hem-de döwletiň halkara giňişlikde abraýynyň ýokarlanmagy ynamly we okgunly ösüşiň netijesi boldy.

Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen Türkmenistan berk we durnukly binýady emele getirmegi başardy. Häzirki wagtda şol binýadyň esasynda ýurduň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny pugtalandyrmak hem-de halkyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Siziň Türkmenistanyň milli medeniýetini aýawly saklamaga, halkara gatnaşyklary ösdürmäge hem-de halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary saklamaga uly üns berýändigiňiz aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Biziň Awtonomiýamyza üns berýändigiňize hem-de goldawyňyza ýokary baha berýäris we doganlyk türkmen hem-de gagauz halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylygyň we özara düşünişmegiň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýarys.

Pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin we Size berk jan saglyk, işde üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Irina WLAH,
Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzüminiň baştutany.