Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!


Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birligi manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 23 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň geçirilmegi üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Bank ulgamynyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny, depginli ösüşini üpjün etmek we dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy üçin möhümdir. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň ýola goýulmagy ugrunda karz edaralary tarapyndan zerur çäreler amala aşyrylýar. Halkara banklaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda ykdysady taýdan ähmiýetli taslamalar maliýeleşdirilýär.

Puluň hümmetsizlenmegini bellenen möçberden ýokary geçirmän saklamak, bank hyzmatlaryny täze derejä çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny bank işine girizmek bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek ugrundaky işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan hyzmatlar täze derejä çykarylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň dynç almagy üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek boýunça wezipeler durmuşa geçirilýär.

Biz geljekde hem ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, puluň hümmetsizlenmegini bellenen möçberden ýokary geçirmän saklamaga, ykdysadyýetimiziň önümçilik we ileri tutulýan pudaklaryna maliýe taýdan goldaw bermäge, halkara maliýe guramalary we banklary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge aýratyn üns bereris.

Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!


Sizi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň milli pul birligi bolan manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 23 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikl
eri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow