Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara

Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar! 
Gadyrly hanymlar we jenaplar! 


Sizi Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň, netijeli hyzmatdaşlygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň miwesi hökmünde şu gün dabaraly açylýan 110 kilowoltlyk Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. 

Türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Uzak taryhy döwrüň dowamynda ata-babalarymyz bize parahatçylykly ýaşamagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ajaýyp däplerini miras goýupdyrlar. 

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra ilkinjileriň hatarynda biziň özbaşdaklygymyzy goldanlaryň biri-de Owganystan Yslam Respublikasydyr. Geçen döwür içinde Türkmenistan we Owganystan döwletleri özbaşdaklyk şertlerinde ykdysady, syýasy we medeni taýdan netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezip gelýärler. 

Türkmenistan goňşy Owganystan Yslam Respublikasy bilen dürli ugurlarda, şol sanda elektrik energetikasy babatda hem birnäçe ýyllardan bäri işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. 

Parahatçylykly ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlary boýunça eýýäm goňşy ýurda türkmen elektrik energiýasynyň millionlarça kilowatt-sagady iberilip, owganystanly sarp edijileriň durmuş hal-ýagdaýynyň gowulanmagy, täze önümçilikleriň, iş orunlarynyň açylmagy üçin şertler döredildi, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde owganystanly ýaşlaryň ýüzlerçesi energetika ugrundan okadyldy. 

Hormatly hanymlar we jenaplar! 
Gadyrly dostlar! 


Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerine baý döwletleriň biri hökmünde özüniň energiýa serişdeleri bilen diňe içerki sarp edijileri ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary dünýäniň sarp edijilerine hem elýeterli etmegi maksat edinýär. 

Şunuň bilen baglylykda, türkmen elektrik energiýasynyň we tebigy gazynyň iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ynsanperwer energetika syýasatymyzyň esasyny düzýän baş ýörelgeleriň biridir. 

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistanyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna, onuň bilen ugurdaş Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalaryna badalga berilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda dünýä nusgalyk taslamalaryň durmuşa geçirilip başlanandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 

Şu gün dabaraly açylýan Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçirijisi hem Türkmenistanyň goňşy ýurtlara elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini artdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň ýene-de bir mysalydyr. Bu elektrik geçirijisi iki ýurduň arasynda öňki hereket edýän Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlaryndan başga energiýanyň goşmaça iberilmegi meýilleşdirilýän Kerki — Hamýap — Garkyn, Marçak (Türkmenistan) — Marçak (Owganystan) we Rabatkaşaň — Kalaýnau ugurlarynyň ilkinjisidir. Onuň geçirijilik ukyby sagatda 100 megawata deň bolar. 

Bu ugurlaryň işe girizilmegi Türkmenistandan Owganystanyň dürli sebitlerine türkmen elektrik energiýasyny ýokarlandyrylan möçberde ibermäge mümkinçilik berer. 

Hormatly dostlar! 

2018-nji ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edildi. Bu günki dabaraly açylýan Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Merwiň çäklerinden günorta — şöhratly Balha, Hyrada tarap uzalyp gitmegi ýurtlarymyzyň arasynda bu gadymy we şöhratly ýoluň dürli ugurlar boýunça gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde döwletlerimiziň geljekki ösüşleriniň berk binýadynyň tutuljakdygyna, halklarymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň günsaýyn gowulanjakdygyna, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanjakdygyna berk ynanýaryn. 

Hormatly dabara gatnaşyjylar! 
adyrly hanymlar we jenaplar! 


Pursatdan peýdalanyp, Sizi Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny we ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.