Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Milli baýram—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Italiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size tüýs ýürekden rowaçlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ikitaraplaýyn derejede we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň çäklerinde pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Kabulhasany Rimde ýerleşýän Ilçiňiziň bellenilmegi üçin men hoşaldyryn. Munuň iki ýurduň bähbidine hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Serjio Mattarella,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti

* * *


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli häzirki wagtda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirýän Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň Prezidiumy Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ibermäge şatdyr.

Milli Geňeşiniň Prezidiumy Size abadançylyk we türkmen halkynyň bagtyýar geljegi baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.

Milli Geňeşiniň Prezidiumynyň adyndan

Doris Boris,
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti

* * *


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezident
i
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gyrgyzystanda doganlyk Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Bilelikdäki tagallalary netijesinde gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine has-da pugtal
andyryljakdygynа berk ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Almazbek Atambaýew,
Gyrgyz Respublikasynyň
Prezidenti

* * *


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglarymy ýollaýaryn.

Geljek ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky ynanyşmak we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hem-de iki halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Siziň ýurduňyza gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Pak Kyn He,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti

* * *


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Şri-Lanka Respublikasynyň hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollamak meniň üçin hormatdyr.

Biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de halklarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze belentliklere çykjakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Maitripala Sirisena,
Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti

* * *


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Maltanyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna mähirli salamymy hem-de gutlaglarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen ýollaýaryn.

Iki ýurduň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, Siziň ýurduňyza bosla gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Mari-Luiz Koleýro Preska,
Malta Respublikasynyň Prezidenti

* * *


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Türkmenistanyň milli baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Siziň ýurduňyzyň ähli halkyna tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.

Siziň parahatçylygy we adalatlylygy pugtalandyrmakda, aýratyn hem has mätäçlik çekýänler barada alada etmekde bilelikdäki işe gönükdirilen tagallalaryňyzyň goldanylmagyny dileg edýärin.

Fransisk,
Rim Papasy