Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!


Sizi berkarar döwletimiziň taryhyndaky uly we örän möhüm sene — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratydyr, türkmeniň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda biz Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramyny ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, berkarar döwletimiziň barha berkeýändigini alamatlandyrýan köp sanly şanly wakalara besleýäris. Syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, ylymda we medeniýetde gazanylýan ajaýyp üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere, adamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy hasaplaýan Konstitusiýamyza guwanç duýgulary bilen garşy alýarys.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň baş baýramynyň şanyna eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, şeýle hem bütin ýurt möçberinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly ajaýyp desgalar ulanmaga berilýär. Mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterýän baý öwüşginli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Bu dabaralar ykdysadyýetde we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Diýarymyzyň, agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini has-da belende göterýär, biziň her birimizi belent maksatlara ruhlandyrýar.

Eziz halkym!

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz türkmen döwletiniň döredilmegi halkymyz hem-de dünýä bileleşigi üçin örän möhüm taryhy waka boldy. Çärýek asyr mundan ozal ýurdumyz özbaşdak we erkin ösüş ýoluna düşdi. Eziz Watanymyzyň taryhynda, mähriban halkymyzyň durmuşynda täze eýýam başlandy.

Beýik milli buýsanjyna — Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny hem-de Döwlet tugrasyny döretdi. Gahrymançylykly we şöhratly taryhyny, milli mirasyny, ynsanperwer ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny dikeltdi. Taryhy ölçeg boýunça uzak bolmadyk döwrüň içinde eziz Diýarymyzda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy düýpli kämilleşdirildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Demokratik ýörelgeler ösdürildi, içeri we daşary syýasatda uly üstünlikler gazanyldy.

Garaşsyzlyk parahatçylygy goldaýjy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün ediji döwlet hökmünde hem berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da berkitdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda taryhda ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen, dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky örän möhüm çatrykda ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, aýratyn-da, halkara hyzmatdaşlygynyň bütinleý täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribe toplady hem-de parahatçylygy dörediji merkeze öwrüldi.

Mähriban watandaşlar!

Biz Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işleri durmuşa geçirýäris, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berýäris, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Telekeçiligi ösdürmek, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek, häzirki zaman obadyr şäherçeleri, döwrebap senagat toplumlaryny döretmek bilen, döwletimiziň garaşsyzlygynyň esaslaryny yzygiderli berkidýäris.

Häzirki döwürde Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan halkara demir ýolunyň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň, Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň, Türkmenbaşynyň deňiz portunyň, iri köprüleriň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, myhmanhana toplumlarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Döwrebap çagalar baglarydyr orta mekdepler, medeniýet öýleri, senagat kärhanalary giň gerim bilen bina edilýär. Bu bolsa Garaşsyz Diýarymyzda ägirt uly üstünlikleriň we ösüşleriň gazanylýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda paýtagtymyzda Halkara howa menziliniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, şeýle hem welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarda önümçilik we medeni-durmuş maksatly ajaýyp binalaryň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi Garaşsyzlyk baýramyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar hem-de kalbymyzda eziz Watanymyza buýsanjy artdyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäde parahatçylygyň we ylalaşygyň has-da pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän, ählumumy ösüşiň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz döwlet hökmünde Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy hem barha ýokarlanýar. Geljekde hem ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň — berkarar Watanymyzyň dünýäde tutýan ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak biziň esasy maksadymyz bolar.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!


Sizi Türkmenistanyň Milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza parahatçylyk, agzybirlik, abadançylyk hem-de gülläp ösüş baky hemra bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.