Türkmenistanyň Prezidenti Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Şu gün Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizilen Çagalary goramagyň halkara gününi belledi. Munuň özi dünýä bileleşigi bilen ylalaşygyň, milli Liderimiziň amala aşyrýan syýasatynyň umumadamzat gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu syýasatyň we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli özgertmeleriniň düýp manysy raýatlaryň durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýaş nesiller we olaryň geljegi hakyndaky aladadan ybaratdyr. 

Ýurdumyzyň ýaşlaryny terbiýelemek täze eýýamda biziň öňümizde durýan esasy meseleleriň biridir diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtaýar. Hut çagalykda şahsyýetiň esasy alamatlary, ahlak ugurlary we gymmatlyklary, durmuşa ukyplylygy hem-de maksada okgunlylygy ýüze çykyp başlaýar. Bularyň ählisi, ilkinji nobatda, söýgini, üns-aladany duýup, çaganyň beýlekiler babatda aladany bile çekişmegi hem-de şatlanmagy, özi we iň ýakynlary üçin jogapkärçiligi duýmagy, köp zady öwrenmäge gyzyklanmasy maşgalada kemala gelýär. Hossarsyz galan çagalar baradaky aladany döwlet öz üstüne alyp, olaryň uly we agzybir maşgala eýe bolmagy, özlerini şu maşgala — biziň jemgyýetimize zerurdygyny duýmagy üçin hemme şertleri döredýär. 

Munuň özi diňe durmuş ähmiýetli çäre bolman, eýsem, türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň hem-de mizemez sütünleriniň biridir. Häzir bu ynsanperwer däp çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň hem-de goramagyň hukuk kepillikleriniň toplumyny, ykdysady çäreleriň ulgamyny, degişli durmuş çärelerini göz öňünde tutýar. Bu bolsa hossarsyz çagalaryň durmuş ulgamyna doly goşulmagyna, özbaşdak durmuşa taýýar bolmagyna, jemgyýetçilik ähmiýetli we döredijilik işjeňliginiň ösmegine, ýokary ahlak häsiýetleriniň, watançylygyň hem-de raýatlylygyň terbiýelenilmegine gönükdirilendir. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi hossarsyz çagalaryň döwlet derejesinde alada bilen gurşalyp alynmagyna uly üns berýär, şol sanda paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Bu ýerde terbiýelenilýänlere, ýakynda, 18-nji maýda bolşy ýaly, şanly seneler we baýramçylyklar mynasybetli milli Liderimiziň adyndan sowgatlar yzygiderli gowşurylýar. 

2015-nji ýylda Döwletliler köşgüniň gaznasyna hormatly Prezidentimiziň beren haýyr-sahawat serişdeleri ösüp gelýän nesiller barada atalyk aladanyň nobatdaky subutnamasy, hoşniýetli erkiň, ynsanperwerligiň we päk ýürekliligiň ýene-de bir çäresi boldy. Şonda döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň okyjylarynyň arasynda hem-de daşary ýurt dillerine terjime edilmegi netijesinde giň meşhurlyga eýe bolan öz kitaplarynyň galam haklaryny bu edaranyň hasabyna geçirdi. 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwletliler köşgünde guralan Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaraly çärä gatnaşdy. 

Irden milli Liderimiz ak mermerli binalary Köpetdagyň ajaýyp tebigy ýerlerinde howalanyp görünýän köşgüň ýerleşýän ýerine geldi. Bu ýere hökümetiň agzalary, Mejlisiň Başlygy we milli parlamentiň deputatlary, Bilim ministrliginiň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler ýygnandylar. 

Owadan milli lybasdaky çagalar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. 

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalardan ybarat bolan “Joşgun” tans toparynyň agzalarynyň baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlanýar. Türkmenistanda ähli çagalar üçin bolşy ýaly, olar üçin hem öz döredijilik, bilim ukyplaryny ýüze çykarmaga, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dürli bäsleşiklere hem-de halkara festiwallara gatnaşmaga ajaýyp mümkinçilikler döredildi. 

Düzüminde köşkde terbiýelenilýänleriň ençeme nesli ösüp ýetişen “Joşgun” tans topary Russiýada, Türkiýede, Hytaýda we beýleki döwletlerde geçirilen birnäçe abraýly döredijilik bäsleşikleriň ýeňijileri hem-de baýrak eýeleri boldular. Bu topar dünýäde türkmen medeniýetine, milli tans sungatyna mynasyp wekilçilik edip, çykyşlaryň ajaýyp ýerine ýetirilendigi üçin tarypa mynasyp boldular. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow joşgunly tansy ýerine ýetiren ýaş tansçylaryň zehinine ýokary baha berip, köşgüň okuw binasyna tarap ugrady. Bu şäherjigiň ýaş eýeleri milli Liderimizi mähirli garşyladylar hem-de özleri barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, eziz Watanymyz, Gahryman Arkadagymyz hem-de bagtyýar çagalyk hakynda goşgy setirleri bilen öz duýgularyny beýan etdiler. 

Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy programma üpjünçiligi bolan, şol sanda dil öwredýän programmaly kompýuterler bilen üpjün edilen okuw otaglarynyň birine baryp gördi. 

Milli Liderimiz Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalaryň isleg-arzuwlary, okaýyşlary hem-de gyzyklanýan ugurlary bilen gyzyklandy. 

Körpeler, öz gezeginde, bu ýerde göwnejaý dynç almak, wagtyňy peýdaly geçirmek we dürli hünärler bilen meşgullanmak boýunça ähli zerur şertleriň döredilendigini uly guwanç bilen gürrüň berdiler hem-de milli Liderimize ata Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän goşgularyny okap berdiler. Şeýle hem olar bu ýerde bilim almagyň çäklerinde daşary ýurt dillerini hem uly höwes bilen öwrenýändiklerini aýtdylar. 

Soňky döwürde daşary ýurt dilleriniň ikisini-üçüsini bilýän ýaş türkmenistanlylaryň sany barha artýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda dil maksatnamasy irki tapgyrdan, çagalar bagyndan başlanýar. Şol döwürde çagalarda daşary ýurt dilinde sözleri kabul etmek we geplemek edil ene dilinde ýaly aňsat düşýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň dünýä ykdysadyýetine edýän täsiriniň artýandygyny nazara almak bilen, çagalara ikinji daşary ýurt dili hökmünde ýapon we hytaý dillerini öwrenmegi maslahat bereninden soň, mekdepleriň dersleriniň sanawynda dürli dilleri öwrenmek boýunça sapaklar peýda boldy. 

2018-nji ýyldan başlap, ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň maksatnamasy amala aşyrylýar. Onda bu ugurda okatmagyň yzygiderli hem-de özara bagly ulgamyny döretmek, şol sanda belli bir aralykdan bilim bermek ulgamy göz öňünde tutuldy. 

Döwletliler köşgüniň çagalary öz endiklerini we bilimlerini görkezmek bilen, döwlet Baştutanymyza okuwda gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berdiler, daşary ýurt dillerini öwrenmekde ukyplaryny görkezdiler. 

Milli Liderimiz olar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň, ösüşiň innowasion ugrunyň ýaşlaryň döredijilikli oýlanmagyny, täze maglumat tehnologiýalaryny, daşary ýurt dillerini özleşdirmegini talap edýändigini belläp, çagalara geljekde hem okuwda üstünlikleri arzuw etdi. 

Şeýle hem çagalar okuw dersleri we çeper döredijilik bilen meşgullanmakdan daşary, sporta hem uly üns berýändiklerini aýtdylar. Sport lybasyndaky gyzjagazlaryň biri özüniň sporta bolan höwesi barada aýdyp, tennis bilen meşgullanmagy aýratyn gowy görýändigini gürrüň berdi. Milli Liderimiz sportuň tutuş halkymyzyň bolşy ýaly, ýaş nesilleriň durmuşynda hem möhüm orun eýelemelidigini belledi hem-de Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalaryň ýurdumyzyň ussat türgenleri ýaly, Türkmenistanyň sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. 

Milli lybasdaky gyzlar özleriniň çeper döredijilik bilen meşgullanýandyklaryny, kitap okamagy, şol sanda nusgawy şahyrlarymyzyň, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okamagy gowy görýändiklerini gürrüň berdiler. Döwlet Baştutanymyz olaryň meýillerini goldap, milli amaly-haşam sungatynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi hem-de nusgawy edebiýat bilen mundan beýläk-de ýakyndan tanyşmagy arzuw edip, medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň şu ýyl ilkinji gezek Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenilýändigini hem-de munuň çuňňur manysynyň bardygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz körpeleriň haýsy hünäri halaýandyklary bilen gyzyklandy. Şonda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň artist bolmaga, lukman bolmaga höwesleriniň bardygyny eşidip, olara saýlap alan hünäriniň eýeleri bolmagy we bu ugurda belent derejelere ýetmegi arzuw etdi. 

Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänleriň biri surat çekmek bilen meşgullanýandygyny hem-de geljekde suratkeş bolmagy arzuw edýändigini aýdyp, milli Liderimize özüniň döreden eserini sowgat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz çagalaryň dürli hünärlere bolan höwesine, çeper döredijilikde ukyp-başarnygyny artdyrmaga gyzyklanmalarynyň begendirýändigini aýtdy hem-de olara ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, yzygiderli täze bilimlere we endiklere eýe bolmak arkaly öz arzuwlaryna ýetmäge çalyşmagy maslahat berdi hem-de döwletimiziň oglanlaryň we gyzlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi, zehinlerini ösdürmegi, ýokary hilli bilim hem-de seçip alan hünärine eýe bolmak üçin ähli şertleriň dörediljekdigini nygtady. Milli Liderimiz Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänleriň ata Watanymyza wepaly, ýokary hünärli hem-de gowy adamlar bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirdi. 

Çagalar edýän atalyk aladasy üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde özleri bilen surata düşmegini haýyş etdiler we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köşgüň döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk konsertine çagyrdylar. 

Milli Liderimiz Döwletliler köşgüniň mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar boldy. Olary ýaş aýdymçylar, sazandalar we tansçylar uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Eziz Watanymyzy wasp edýän aýdymlar, halk aýdymlary hem-de häzirki zaman kompozitorlarynyň sazlary ýaňlandy. Bagtly çagalar aýdym-sazlaryň we goşgy setirleriniň üsti bilen hormatly Prezidentimize özleri barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň kanagatlanma bilen tomaşa eden konserti şatlyk, bagtyýarlyk we ruhubelentlik ummanyna öwrüldi. 

Konsertiň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdym ýaňlandy. Giň meşhurlyga eýe bolan bu aýdymyň awtory hem körpeleriň haýyşy boýunça çagalaryň sesine goşuldy. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi — uly ýaşdaky adamlar we çagalar ajaýyp eseriň ruhubelentlik paýlaýan sözlerini alyp göterdiler. 

…Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmenleriň durmuşynda maşgala terbiýesiniň anyk ýörelgeleri hem-de halk terbiýeçiliginiň däpleri kemala geldi. Olar nesilden-nesle geçirilipdir. Türkmen jemgyýetinde hiç haçan ýat çaga bolmandyr, ol ýa-da beýleki bir sebäbe görä, ene-atasyz galanlary bolsa milli dessurlara laýyklykda, hossarlary özlerine alypdyr. Sebäbi “maşgala” diýen düşünjä hemmeleriň birek-birek baradaky alada bilen baglanyşygy bolan umumylyk, tire baradaky düşünje ornaşdyrylypdyr. Şol düşünjeden halk, Watan diýen ýene has giň gerimli garaýyş peýda bolýar. 

Biziň günlerimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasaty hem şu milli ruhy gymmatlyklara we şunuň bilen birlikde-de, umumadamzat maksatlaryna esaslanandyr, çünki ol syýasat ýurdumyzda bolşy ýaly, sebitde we bütin dünýäde hem adamlaryň abadançylygyna gönükdirilendir. Häzir türkmen Lideriniň strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilen hem-de ählumumy gün tertibine çykarylan Durnukly Ösüş maksatlaryna hem kybap gelýär. 

Çagalary goramagyň halkara güni babatda “Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we islendik ýaşda hemmeler üçin abadançylyga ýardam bermek” hem-de “Giň gurşawly we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek hem-de hemmeler üçin tutuş ömrüniň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek” ýaly maksatlary görkezmek bolar. 

Şu ugurlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan çagalaryň saglygyny goramak we bilim ulgamynda gysga möhletde ýokary üstünliklere ýetip, täsin galdyryjy netijeleri gazandy. Ýurdumyzda degişli hünär ugurly lukmançylyk edaralarynyň giň gerimli ulgamy döredildi, umumybilim berýän, ýöriteleşdirilen, çeperçilik, sport we beýleki mekdepler iň häzirki zaman derejesinde enjamlaşdyrylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynda durmuş kömeginiň we ýeňillikleriniň ýeterlik möçberdäki toplumy göz öňünde tutuldy. Türkmen ýaşlary diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim almak mümkinçiligine eýedir. 

Ýetginjekleriň ýaramaz endikleriň täsirine düşmezligi üçin ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ählisinde jemgyýetçilik guramalary hem-de döwlet düzümleri tarapyndan toplumlaýyn düşündiriş we wagyz işleri işjeň alnyp barylýar. Döwletimiz hem-de tutuş türkmen jemgyýetimiz neşekeşlige we kesellere garşy barlyşyksyz göreş alyp barýar. 

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, sporta söýgi çagalykdan başlap endik etdirilýär. Munuň şeýle bolmagyna ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler hem ýardam bermäge gönükdirilendir. Şu ýyl “Amul — Hazar 2018” uly sport taslamasyna welosipedli ýöriş hem girizildi. 3-nji iýunda bolsa biz ilkinji gezek Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününi belläris — munuň özi ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmekde ýene-de bir goşantdyr. 

Şunuň ýaly iri möçberli welosipedli çäreler jemgyýetimiziň jebisliginiň pugtalandyrylmagyna-da, dürli nesilleriň birleşmegine-de, adamlaryň agzybirligine-de, olarda watançylygyň terbiýelenilmegine-de we ruhunyň galkynmagyna-da ýardam berýär. 

Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we köp sanly myhmanlar bilen bilelikde şu gün bu ýerde bellän baýramçylyk dabarasy hem şeýle boldy. Şoňa görä-de, “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdym bu dabarada biziň umumy beýik işlerimiziň senasy hem-de täze ýeňişlere we üstünliklere tarap ýalkymly çagyryş hökmünde ýene-de ýaňlandy. 

Joşgunly aýdym tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz çagalara ýüzlendi we olara ajaýyp döredijiligi, terbiýeçilere we mugallymlara bolsa tutanýerli zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Milli Liderimiz Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänleri Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene bir gezek gutlap, olara geljekde hem sowatly, bilimli, akylly bolmagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşmagy, onuň mynasyp ogullary we gyzlary bolmagy arzuw etdi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şowhunly el çarpyşmalaryň astynda çagalara sowgatlary getirendigini we olary häzir gowşurjakdygyny aýtdy. 

Zala ýygnananlaryň ählisi “Arkadaga şöhrat!” diýen sözleri yzly-yzyna gaýtaladylar. Soňra çagalara döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. 

Çagalara hem-de uçurymlara noutbuklar, welosipedler, dokma önümleri we beýleki sowgatlar gowşuryldy. Körpeje çagalary bolsa süýji-kökeler hem-de dürli oýnawaçlar bilen begendirdiler. Köşgüň okuw otaglary üçin täze partalar sowgat berildi. 

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli döwlet Baştutanymyz körpelere uly ajaýyp tort sowgat berdi. Dabaranyň ahyrynda hemmelere bu süýji nygmat hödür edildi. 

Milli Liderimiz Döwletliler köşgüniň çagalary bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. Bu waka paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda geçirilen ähli çärelere badalga boldy. 

Hossarsyz çagalar üçin amatly şertleri döretmek, olaryň bilim almaga, saglygyny goramaga we beýlekilere bolan hukuklaryny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet durmuş syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. 

Türkmenistandaky degişli çagalar edaralarynyň uçurymlaryna hemaýatkärlik etmek maksady bilen, hossarsyz çagalaryň ýörite gaznasy döredildi. Onuň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň dürli ýagdaýlar sebäpli hossarsyz galan çagalar hakynda döwletimiziň ýadawsyz alada edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Dünýäniň ähli çagalaryna bagyşlanan Çagalary goramagyň halkara güni jemgyýetiň hem-de döwletiň ilkinji aladasy bolan ýaşlaryň hukuklaryny we bähbitlerini jar edýär. Türkmenistan şu meselelere hemişe öz jogapkärli çemeleşmesini görkezýär. 

Maşgala, enelik we çagalyk hakyndaky alada, olaryň goraglylygy döwlet derejesindäki ýörelge bolup, saglygy goraýyşdan, bilim ulgamyndan başlap, ykdysadyýete çenli ähli ulgamlarda öz beýanyny tapýar. Onuň ösüş strategiýasy türkmen halkynyň abadançylygynyň, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetimiziň ruhy, aň-bilim, döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyna gönükdirilendir. 

Çagalara bolan asylly we mähirli gatnaşyklar jemgyýetimiziň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny kesgitleýär. Munuň özi ýaş nesilleriň sazlaşykly terbiýesi, doly derejeli ösüşi, ahlak we maşgala gymmatlyklarynyň dowamatlylygy, milli miras hakyndaky aladadan, ýaşlaryň her biriniň öz mümkinçiliklerini özbaşdak açyp bilmegi hem-de durmuş üstünliklerini gazanmagy üçin binýatlyk şertleri kemala getirmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy derejede we durmuş ulgamynda amala aşyrýan yzygiderli çäreleri hut şu ugra gönükdirilendir. 

Köp çagaly maşgalalara sowgat hökmünde öýleriň berilmegi döwlet tarapyndan bildirilýän hemmetaraplaýyn ünsüň beýanydyr. Her ýylda sekiz we şondan köp çagany dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady berilýär. 

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde gurlup, ulanmaga berlen “Ene mähri” döwrebap lukmançylyk merkezleri häzirki döwürde diňe bir ilata ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek bilen çäklenmän, eýsem, olar iri ylmy merkezler, enäniň we çaganyň saglygynyň berkidilmegine, maşgalanyň meýilnamalaşdyrylmagyna gönükdirilen öňdebaryjy şertler bolup durýar. 

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we ganazlyga garşy göreşmek çäreleri iri halkara guramalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ähli çaga dogrulýan düzümleri “Çaga bolan mähirli gatnaşyklaryň hassahanasy” diýen ýokary derejä mynasyp boldy. Munuň özi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy. 

Aşgabatda 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi hereket edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlan merkez özünde 28 bölümi we çaga dogurmagyň ylmy hem-de amaly ugurlaryny, akuşerçilikde, perinatologiýada, yzygider terapiýada we täze dünýä inen çagalaryň dikeldiş döwründe, lukmançylyk genetikasynda, reproduktologiýada, anyklaýyşda hem-de maslahat beriş hyzmatynda, çaga kesellerini bejermekde häzirki zaman tejribelerini we tehnologiýalaryny özünde jemleýän iri lukmançylyk edarasydyr. 

Mundan başga-da, ylmy-kliniki merkezde akuşerçiligiň, çaga lukmançylygynyň, çaga hirurgiýasynyň möhüm meseleleri boýunça barlaglar alnyp barylýar. Şeýle hem merkezde çaganyň irki ösüşi we irki kemala gelşi bölümi ýaly ýurdumyzyň çaga lukmançylygynda täze ugur hereket edýär. 

Iri halkara guramalar, şol sanda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän eneligi we çagalygy goramak boýunça maksatnamalara işjeň gatnaşýan ÝUNISEF bu ulgamda türkmen tarapynyň uzak möhletleýin hyzmatdaşydyr. Daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesiniň öwrenilmegine we täze ylmy işläp taýýarlamalaryň özleşdirilmegine gönükdirilen yzygiderli okuw sapaklaryny geçirmek bu ulgamdaky işi guramagyň esasy usullarynyň biridir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ilata lukmançylyk kömegini bermek babatda ýokary derejelere ýetdi. Şeýle üstünlikleriň hatarynda keselleriň sanynyň görnetin azalmagyny, ene we çaga ölüminiň peselmegini, çagalaryň immunizasiýasynyň derejesiniň ýokarylygyny görkezmek bolar. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hünär taýdan kämilleşdirilýär, düzümiň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýady berkidilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça temmäkä garşy göreş strategiýasy işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär, şeýle hem bedenterbiýe-sport hereketi ösdürilýär. 

Çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi milli kanunçylygyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Ýurdumyzda binýatlyk halkara-hukuk resminamalary, şol sanda “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, BMG-niň bu ugra degişli birnäçe möhüm konwensiýalaryna we teswirnamalaryna gol çekildi. 

Şol birwagtyň özünde çaganyň ösüşi, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak ulgamyndaky kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Hususan-da, 2016-njy ýylyň mart aýynda milli parlamentimiz tarapyndan “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek hem-de oňa goldaw bermek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 

2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurdumyzda ýetim hem-de hossarsyz çagalaryň kanuny hukuklaryny, azatlygyny we bähbitlerini durmuş taýdan goramaga gönükdirilen ýetim çagalara hossarlyk etmegiň düzgünini kesgitleýän Kanun kabul edildi. 

Türkmen jemgyýetiniň belent ruhy däplerine we ýörelgelerine eýermek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň kömege mätäç gatlagyna, şol sanda mümkinçiligi çäkli çagalara goldaw bermek meselesine uly üns berýär. Ol ykdysady we durmuş çärelerini öz içine alýan hukuk kepillikleriniň toplumyndan ybaratdyr. 

Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň örän möhüm ugrudyr. Ýurdumyzda bedenterbiýe we olimpiýa hereketi giňeldilýär, halkara ýaryşlarda Türkmenistanyň abraýyny goraýan ýaş türgenleriň sany artýar. 

Sagdyn bolmak hukugy — munuň özi adamyň esasy hukuklarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň baýlygydyr, jemgyýetiň ösmegi üçin zerur şertdir. Zähmete ukyply ilatyň saglygy ýurdumyzyň bagtyýar durmuşyny, çagalaryň saglygy bolsa, onuň geljegini üpjün edýär. Bu günki çagalar ertirki uly adamlardyr we olar üçin sagdyn ulgamy döretmek ýurdumyzyň yzygiderli ösmeginiň esasy bolup durýar. 

Munuň üçin çagalar-ýetginjekler sport mekdepleri, sport bölümleri ulgamy, syýahatçylyk, işjeň dynç alyş we boş wagty peýdaly geçirmegiň beýleki ugurlary ösdürilýär. Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzyň çempionatlary guralýar, bu bolsa çagalary has irki döwürden sport bilen meşgullanmaga çekmek üçin amatly şertleri döredýär, köp sanly sport desgalary açylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen indi birnäçe ýyl bäri ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary geçirilýär. Şeýlelikde, nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýan ýene bir asylly ýörelge peýda boldy. 

Gökderedäki täsin künjekde we Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Emma diňe bir belli şypahana zolaklary däl-de, welaýatlarda bina edilen ajaýyp sagaldyş merkezleri hem şeýle mümkinçiliklere eýedir. 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Serdar şäherinde açylan çagalar sagaldyş merkezi muňa mysal bolup biler. 

300 çaga niýetlenen “Dürdäne” täze sagaldyş merkezi körpe türkmenistanlylara nobatdaky ajaýyp sowgatdyr. Bu ýerde çagalaryň aň-paýhasyny we beden taýdan işjeňligini, döredijilik zehinini ösdürýän oýunlar bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi, iň döwrebap tehnika bilen enjamlaşdyrylan kompýuter otagy, kino zaly, oýun enjamlary bolan otag, okalga otagly kitaphana, fitnes-otag, suwa düşülýän howuzlar, sport meýdançalary, “Ýaşajyk syýahatçylar” gurnagy we beýlekiler çagalaryň ygtyýaryndadyr. 

Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, zehinini we başarnyklaryny ösdürmek üçin ähli şertleri döretmek — döwlet Baştutanymyzyň tagallalary şu maksatlara gönükdirilendir, olar, ozaly bilen, Watanymyzyň ykbaly, nurana geljegi üçin belent jogapkärçilik duýgularyna esaslanýar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen döwleti çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär we çagalary jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk we raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär. 

Türkmenistanda bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde, ekologiýa meselelerini çözmekde hem-de medeniýet, çagalaryň aň-biliminiň ösdürilmegine gönükdirilen işleri guramak ulgamynda uly sepgitlere ýetildi. 

Umumymilli hem-de halkara derejeli dürli döredijilik bäsleşikleriniň guralmagy, Türkmenistanyň çagalar hem-de ýetginjekler toparlarynyň halkara bäsleşiklerine we festiwallara yzygiderli gatnaşmagy olaryň döredijilikli pikirlenmegini hem-de çeperçilik ukyplaryny ösdürmäge ýardam berýär. Ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine her ýylda ýaşajyk zehinleriň — tansçylaryň, artistleriň hem-de höwesjeň aýdymçylaryň müňlerçesi we folklor toparlary gatnaşýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz bilelikde çagalara şatlyk paýlap we olaryň arzyly maksatlaryny ýerine ýetirip bileris diýip belleýär hem-de olaryň özleri baradaky aladany we jemgyýete peýdalydyklaryny duýar ýaly, ähli şertleri döretmelidigimizi nygtaýar. Biziň geljegimiz çagalar barada edýän şu günki aladalarymyzyň netijesidir. Sebäbi çagalar Garaşsyz Watanymyzyň geljegidir. 

Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde — paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, oba ýerlerinde iň häzirki zaman okuw-bilim edaralary, medeni — aň-bilim hem-de döredijilik merkezleri guruldy we gurulýar, olar iň täze okuw tehnologiýalary, innowasiýa häsiýetli multimediýa hem-de interaktiw ulgamlary, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. 

Birinji synpa gadam basan ýurdumyzyň ähli körpeleri her ýylda milli Liderimizden dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren netbuklaryny sowgat alýarlar, mekdepde okamagyň ilkinji ýylyndan başlap, çagalar kompýuterlerde işlemek endiklerini ele alýarlar. Türkmenistanyň mekdep okuwçylary dürli dersler boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. 

Döwlet Baştutanymyz çagalar hakynda aladanyň iň asylly işdigini we geljege ygtybarly maýa goýumy bolup durýandygyny häli-şindi nygtaýar hem-de durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyş, bilim ugurlarynda ägirt uly we düýpli özgertmeleri geçirmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. 

2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. 

Bu ýurdumyzyň iň abraýly okuw mekdepleriniň biridir, onda türkmen dilini we edebiýatyny, matematika, taryh, geografiýa, zähmet, iňlis dili derslerini bäşinji we altynjy synplarda okatmak hukugy bilen başlangyç synplaryň mugallymlary, şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini öwretmek hukugy berlen terbiýeçiler taýýarlanylýar, mugallymçylyk mekdebi diňe bir täze binany däl-de, ýokary kompýuter tehnologiýalary, multimediýa ulgamlaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýän innowasiýa enjamlaryny hem aldy. 

Bu ýerde işgärleri taýýarlamagyň, şol sanda mekdebe çenli edaralarda terbiýeçileri we psihologlary, daşary ýurt dilleri mugallymlaryny taýýarlamagyň öňdebaryjy täze usullary ornaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça täze okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň mekdeplerinde okadylýan daşary ýurt dilleriniň sanawy giňeldiler. Hususan-da, mekdeplerde hytaý we ýapon dilleri öwrenilip başlanylar. 

Häzir bolsa ýurdumyzyň ähli çagalar sagaldyş merkezlerinde nobatdaky tomusky dynç alyş möwsümi badalga alýar. Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri hem-de sport edaralary, jemgyýetçilik guramalary şu möwsümiň çäreleriniň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler, milli Liderimiz tarapyndan olaryň öňünde çagalara öz döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, gözýetimini giňeltmek, saglygyny berkitmek hem-de wagtyny şadyýan geçirmek üçin ähli şertleri döretmek barada wezipe goýuldy. 

Gökderedäki merkezleriň 14-sinde, Awazadaky merkezleriň 8-sinde, welaýatlardaky täze merkezleriň 5-sinde hem-de öňden hereket edip gelýän merkezleriň 3-sinde tomusky dynç alyş möwsümini we birinji tapgyry açmak üçin ähli şertler döredildi. 

Ýaş türkmenistanlylardan başga-da, bu saglygy goraýyş we dynç alyş merkezlerinde beýleki ýurtlardan gelýän çagalar hem dynç alýarlar. Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Özbegistandan çagalaryň uly topary Awaza geldi. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen bölegindäki çagalar sagaldyş merkezleri, kottej toplumlary hem-de kaşaň myhmanhanalar gyzykly we göwnejaý dynç almak üçin daşary ýurtlardan ýaş myhmanlary kabul etmäge taýýardyr. 

Hormatly Prezidentimiziň çagalar baradaky aladasy milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasynda mekdebiň gurulmagynda hem öz beýanyny tapdy. Golaýda ol dabaraly ýagdaýda açyldy. Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin dabarada çykyş edip, täze mekdebiň ýaşlaryň okamagy we ruhy-ahlak taýdan ösmegi üçin döwrebap merkeze öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň milletiň baý medeni mirasyny gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak we ösdürmek, ony giňden wagyz etmek, daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda alyp barýan ýadawsyz işine ýokary baha berdiler. 

Täze mekdebi gurmak üçin bu ýeriň seçilip alynmagy tötänden däldir. Funtowo obasynda Astrahan sebitindäki türkmenleriň iň köp sanly kowçumy ýaşaýar. Mekdep binasy umumy meýdany 3,5 müň inedördül metrden gowrak iki gatly okuw toplumyndan ybaratdyr we 190 okuwça niýetlenendir. 

Giň, oňaýly we ýagty otaglar döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Olarda mugallymyň awtomatlaşdyrylan iş orny, interaktiw tagtalar we sanly proýektorlar ornaşdyryldy. 

Mekdepde kompýuter otagy, fizika, himiýa, biologiýa we taryh dersleri boýunça barlaghanalar, psiholog hem-de logoped mugallymlar üçin otaglar, oglanlar üçin ähli iş gurallary bolan zähmet ussahanasy, gyzlar üçin bolsa aşhana, tikin otaglary bar. 

Bu ýerde kitaphana, meýdany 280 inedördül metrden gowrak bolan üsti ýapyk sport zaly, naharhana, uly mejlisler zaly, lukmançylyk bölümi we beýlekiler ýerleşýär. Mekdebe ýanaşyk ýerde sport hem-de geografiýa meýdançalary döredildi. Başlangyç synplaryň okuw böleginde uzaldylan gün toparlary üçin oýun otagy, 1-nji synp okuwçylary üçin ýatakhanalar göz öňünde tutuldy. 

Ozal goňşy şäherçä okuwa gatnan funtowoly oglanlar we gyzlar 1-nji sentýabrda täze partalarda oturar. Indi bolsa goňşy obalardan çagalar Funtowo geler, bu ýerde ajaýyp mekdep binasy peýda boldy. 

Bu ülkede ýaşaýan türkmenler Magtymguly Pyragy adyndaky täze mekdebiň açylmagyny taryhy Watany bilen ruhy arabaglanyşygyň, döwürleriň we nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany hökmünde ruhubelentlik bilen kabul edendiklerini aýtdylar. 

Türkmenistanyň mekdepleri barada aýdylanda bolsa, olaryň döwrebap kompýuter we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, Internete çykmak mümkinçiligi, hökmany suratda sport zallarynyň hem-de açyk sport meýdançalarynyň bolmagy bilim ülňülerine bildirilýän berk talapdyr. 

Häzirki zaman bilim, saglygy goraýyş, sport hem-de durmuş ulgamynyň beýleki edaralaryndan başga-da, çagalar üçin iň amatly şertleri döretmekde, olaryň boş wagtyny peýdaly geçirmegi üçin göz öňünde tutulan düzümler möhüm orna eýedir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. 

“Aşgabat” seýilgähi paýtagtymyzyň körpeleriniň iň köp gelýän künjegi hökmünde nusgalyk mysallaryň biridir. Mundan birnäçe ýyl ozal paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň köp gelýän seýilgähi düýbünden täze keşbe eýe boldy, şunda onuň ozalky iň gowy künjekleri üýtgedilmän saklanyldy we mümkinçilikleri giňeldildi. 

Maşgala bolup dynç almak üçin dürli görnüşli ugurlaryň bolmagy seýilgäh-dynç alyş toplumynyň esasy aýratynlygydyr. Munuň özi dynç alyşda bir ýerde durmagy halamaýan hem-de öz başarnyklaryny dürli ýagdaýlarda synap görmek isleýän çagalaryň we ýetginjekleriň, şeýle hem olaryň ene-atalarynyň dynç alyş bilen gyzyklanmalaryny utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Oýun enjamlaryndan başga-da, bu ýerde hereketi köp talap edýän, çagalaryň hyýalbentligini ösdürýän hem-de sport bilen işjeň meşgullanmak endiklerini emele getirýän oýun meýdançalary enjamlaşdyryldy. Bu ýerde çagalar hem, ulular hem boş wagtyny gyzykly we şadyýan geçirýärler. 

1-nji iýunda “Aşgabat” seýilgähi Çagalary goramagyň halkara gününi baýram etmegiň esasy künjegine öwrüldi, bu sene mynasybetli dabaralar paýtagtymyzdaky beýleki bir seýilgähde — “Ertekiler dünýäsinde” we “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde ýaýbaňlandy. Şu gün Awazadaky we Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleriniň meýdançalaryny hem baýramçylyk çäreleri gurşap aldy, ähli welaýatlarda dabaralar guraldy. Olaryň maksatnamasyna aýdym-sazly çykyşlar, sergiler, sport bäsleşikleri we beýleki çäreler girizildi. 

Çagalary goramagyň halkara güni — munuň özi diňe bir çagalar üçin şatlykly çärelerden ybarat bolman, tutuş ýurtda adalatly we abadan jemgyýetiň kemala gelmegi üçin zerur şertleriň biri hökmünde çaganyň hukuklaryny berjaý etmegiň möhümdigi barada duýdurmakdyr. 

Biziň ýurdumyzda bu baýramçylyk nesilleriň dowamatlylygyny, ruhy sazlaşygyny alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz şahsy göreldesi bilen maşgala gymmatlyklarynyň hem-de sütünleriniň mizemezligini, çagalar barada içgin aladanyň we ünsüň nusgasyny görkezýär. Çagalar hormatly Prezidentimize ägirt uly hormat duýgusyny beýan etmek bilen, şol birwagtda milli Liderimizi öz howandary, mähirli we parasatly, söz bilen hem, iş bilen hem ruhlandyrmagy we ýardam etmegi başarýan uly dost hasaplaýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň çagalara ýüzlenip aýdýan sözleri bolsa hemişe nurana arzuwlara, belent buýsanja hem-de ýurdumyzyň bagtyýar geljegine berk ynama ýugrulandyr, Watanymyzyň geljegi bolsa häzirki oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň ygtyýaryndadyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesle atalyk ak patasyny berip, olary ozaly bilen, Watanymyzy tüýs ýürekden söýmäge, ululara hormat goýmaga, ata-babalarymyzyň we halkymyzyň köp asyrlyk ýol-ýörelgelerini, ruhy taglymatlaryny, mirasymyzy aýawly saklamaga, bir söz bilen aýdylanda, belent watançylyk duýgularyny kemala getirmäge çagyrýar... 

Geçmiş bilen geljegiň baglanyşygy häzirki döwürden başlanýar, biziň geljegimiz — çagalarymyzdyr. Bagtyýar çagalar biziň geljege berk ynamymyzdyr, geljege batyrgaý garaýşymyzdyr, biziň kuwwatymyzdyr hem-de hakyky şöhratymyzdyr! Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri körpelere diňe bir ýatdan çykmajak şatlykly duýgulary peşgeş bermän, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň ajaýyp geljegini alamatlandyrdy. 

Ýaşajyk türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine gönükdirilen iri möçberli çäreler ýurdumyzda diňe bir Çagalary goramagyň halkara gününde däl-de, eýsem, her günde, yzygiderli esasda geçirilýär, olar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary bilimli, ruhy taýdan baý we berk bedenli ýaş nesil hakyndaky hemmetaraplaýyn aladasynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr, çünki ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmekde ýaş nesliň öňünde uly wezipeler durýar.