Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasyny we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meýilnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwlet emlägini dolandyryş ulgamynyň netijeliligini artdyrmak, hususy pudagyň ornuny berkitmek, telekeçileriň işini höweslendirmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamyň düzümleriniň milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin halk hojalygy toplumynyň pudaklaryna gönükdirilýän serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna gözegçilik etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe hasabatlylygyny ýokarlandyrmak, býujet resminamalaryny düzmegiň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowy çagyrdy. Ol nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

Nebitiň hem-de gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenýän we eksport möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, nebit, gaz hem-de geologiýa pudaklarynyň çig mal we önümçilik mümkinçiliklerini berkitmek, täze nebitgazly ýataklary gözlemek, özleşdirmek hem-de ulanmaga bermek boýunça taslamalaryň depginlerini çaltlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit hem-de gazhimiýa önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki hem-de tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak, bu ugurdan baý tejribesi bolan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmek, onuň düzümlerini täzeçil derejede döwrebaplaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda täze gazhimiýa toplumlarynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny, “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilişini çaltlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi talap etdi hem-de olaryň dolandyryş ulgamyna dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen kadalary we düzgünleri hem-de halkara häzirki zaman ülňülerini ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler welaýatlarda gowaça ideg işleri dowam edýär. 

Şeýle hem wise-premýer 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bugdaý oragy we däne taýýarlamak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ugurda türkmen topragynyň tebigatynyň ajaýyplygyny saklamaga, baýlyklarynyň netijeli peýdalanylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Bioköpdürlüligi, tebigy aýratynlyklary we suw hojalyk taslamalarynyň, şeýle hem bag nahallaryny giňden oturtmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramagyň dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan meseleleriniň çözgüdine mynasyp goşant goşýandygyny we bu ugurda köp sanly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda çykarylýan önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 225 müň tonna fosfor dökünlerini hem-de 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge ýöriteleşdirilen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawodynda bu ugurda alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Häzirki wagtda hünärmenleriň ylmy-amaly çemeleşmesi netijesinde, kärhanada daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda ulanylýan himiýa önümleriniň täze görnüşlerini çykarmaga gönükdirilen goşmaça önümçilikleriň birnäçesi özleşdirildi. Şolaryň hatarynda ýylda 1100 tonna ekologiýa taýdan arassa oksigumat — ösümlikleri zyýanly mör-möjeklerden goraýan serişdeleri öndürýän bölüm bar. Zawodda türkmen kwars çägesiniň esasynda ýylda 100 tonna suwuk aýnanyň öndürilişi hem ýola goýuldy. Bu önüm gurluşykda, dürli magdanlary baýlaşdyrmakda ulanylýar. Ýylyň başyndan bäri şu önümiň 20,6 tonnasy öndürildi, onuň 14 tonnasy içerki sarp edijilere ýerlenildi. 

Mundan başga-da, bu ýerde häzirki wagtda daşary ýurtlardan satyn alynýan, agyz suwuny arassalamakda ulanylýan himiki kogulýantyň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. 

Kükürt kislotasyny kärhanadan energetika, oba hojalygy, nebitgaz pudagy, dokma we himiýa senagaty ulgamlarynyň kärhanalaryna ibermek hem-de bu önümi bökdençsiz we howpsuz eksport etmek üçin çelekler satyn alyndy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmek, ony ýokary bazar bäsdeşligi şertlerinde täze sepgitlere çykarmak boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, özümiziň çig mal serişdelerimizi giňden ulanmak, tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegiň has netijeli ylmy işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak mümkinçiliklerine daýanmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynyň degişli pudaklaryň zerurlyklaryny üpjün etmek bilen birlikde, gaýtadan işleýän himiýa senagatynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmaga ýardam etjekdigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz önümçiligi hünärmenleri taýýarlamak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işi bilen utgaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, munuň öňdebaryjy tejribäni we innowasion usullary iş ýüzünde ornaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary işjeň özleşdirmäge ýardam etjekdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer Aşgabatda paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak, köçeleri abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli etraplarynda durmuş we inženerçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça sazlaşykly işler dowam etdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze awtomobil ýollaryny gurmagyň hem-de öňden barlarynyň durkuny täzelemegiň ýurdumyzda döwrebap awtoulag düzümini döretmegiň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýol gurluşygy ulgamynda döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak bilen birlikde, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, zerur kommunikasiýa ulgamlaryny çekmek meseleleriniň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gurluşyk toplumynda we energetikada amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary depginini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, haryt dolanyşygyny giňeltmek hem-de Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň gaýragoýulmasyz wezipeleri barada durup geçip, şolaryň hatarynda telekeçiligi goldamak we ykdysadyýeti, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak wezipelerini görkezdi. 

Milli Liderimiz kärhanalara beýleki ýurtlaryň işewür toparlary we hojalyk guramalary bilen gatnaşyklary, eksporty ýola goýmakda we giňeltmekde ýardam bermegiň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işler hem-de ilaty jemgyýetçilik awtoulagy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek üçin goşmaça dürli kysymly awtobuslary işe girizmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. 

Milli Liderimiz okgunly ösýän paýtagtymyzyň we sebitleriň sazlaşykly durmuşyny üpjün etmegiň köp şertlerden ybaratdygyny belledi. Hojalygy ýöretmegiň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi köp babatda şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna baglydyr. Jemgyýetçilik ulagynyň sazlaşykly işlemegini guramak şeýle şertleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulag gatnawlarynyň artýandygyny nazara almak bilen, olary guramaga we dolandyrmaga döwrebap serişdeleriň hem-de usullaryň esasynda çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmakda jemgyýetçilik ulagynyň möhüm ornuny belledi we wise-premýere ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de döwrebap tehnikany netijeli ulanmak boýunça sazlaşykly işiň üpjün edilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň 18 — 21-nji iýuny aralygynda Aşgabatda “Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy” atly festiwala, 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna çäreleriň degişli meýilnamasyny hem-de nyşanlaryny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz milli hem-de dünýä medeniýetiniň ösüşi babatda Nury Halmämmedowyň saz mirasynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli däp boýunça geçirilýän Medeniýet hepdeligine we beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň hormatyna guralýan dabaralara ünsi çekip, ähli meýilleşdirilen medeni çäreleriň milli ruhy mirasymyzy, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini wagyz edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuna kybap gelmelidigini aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň ünsüni milli telewideniýäniň işiniň hiline çekdi. Hususan-da, “Sport” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynyň işine nägilelik bildirildi. Döwlet Baştutanymyz bu teleýaýlymlaryň wezipesiniň sportuň milli görnüşlerini wagyz etmekden, türkmen sportunyň gazanýan üstünliklerini giňden ýaýmakdan, sport ýaryşlarynda ýeňijilerimizi wasp edip, olaryň mysalynda ýaşlarymyzy terbiýelemekden ybaratdygyny belläp, bu teleýaýlymlaryň hiç biriniň hem öz üstüne ýüklenen wezipelere hötde gelip bilmeýändigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerden emele gelen ýagdaýy seljerip, bu we beýleki teleýaýlymlaryň ýolbaşçy düzümleri bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi talap etdi. Ýaýlymlara öz işine ussat, ýörite bilimi we bu ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan adamlar ýolbaşçylyk etmelidir. Hormatly Prezidentimiz ýagdaýy düzetmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meselelerine geçip, degişli Kararlara gol çekdi. Milli Liderimiz A.Aşyrowy Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu teleýaýlymyň başlygy wezipesine M.Rejepow, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine Ý.Turşekow bellenildi. 

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň başlygy wezipesine B.Bäşimow bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen N.Iýaberenow Metbugat merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. 

Göni wideoaragatnaşyk arkaly mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de 12 — 13-nji iýunda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek foruma türkmen alymlaryndan, mugallymlaryndan we ýaş hünärmenlerden başga-da, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň onlarçasyndan ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşar. Maslahatyň gün tertibine bilim we innowasion ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň wajyp meseleleri, ylmy işi hem-de tehnologiýalary işläp taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary girizildi. Şeýle hem ylmyň we önümçiligiň özara gatnaşyklarynyň öňdebaryjy tejribesi, esasy ylmy-tehnologik merkezleriň gazananlary hem-de ylmy işgärleri taýýarlamaga täze çemeleşmeler bilen baglanyşykly meselelere garalar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ylmy forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça tabşyryklary berip, bu maslahatyň düýpli ylmyň, ýokary bilimiň, işewürligiň we ykdysadyýetiň hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, netijeli tehnologiýalary döretmek we ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmalydygyny belledi. 

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy. Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Ýurdumyz özüniň bitaraplyk derejesine laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň işlerine işjeňlik we gyzyklanma bilen gatnaşýar, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistan GDA-nyň ugry boýunça dürli forumlara we iri çärelere gatnaşmak bilen, özünde ençeme gezek Arkalaşygyň möhüm duşuşyklaryny hem-de forumlaryny kabul etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we işjeňleşdirmäge gönükdirilen oňyn teklipleri GDA agza ýurtlaryň giň goldawyna mynasyp bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Mary we Daşoguz şäherleriniň 2012-nji we 2016-njy ýyllarda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýen derejesini üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. 

GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň mejlisiniň gün tertibine Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň wajyp meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan milli Liderimiziň geçen ýylyň oktýabr aýynda Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitinde beýan eden hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri möçberli düzümleýin taslamalara gatnaşmagyna gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlener. 

Şeýle hem beýleki birnäçe teklipleri, şol sanda GDA agza ýurtlar tarapyndan Hazarda düzümleýin mümkinçiliklerden, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň, senagat, tehnologiýalar, oba hojalygy ulgamlarynda, işewürlik we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak boýunça teklipleri öňe sürmek göz öňünde tutulýar. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyga daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny aýdyp, Arkalaşygyň döwletleri bilen gatnaşyklaryny hoşmeýilli erk-islegiň, taryhyň dowamynda emele gelen dostlugyň, bähbitlere özara hormat goýmagyň, deňhukukly açyk gatnaşyklaryň we uzak möhletli hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri esasynda guraýandygyny belledi. 

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde uly mümkinçiliklere eýe bolan özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýeleýär we köp ugurlar boýunça onuň üstünlikli ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak babatda Arkalaşygyň döwletleri bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. 

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň wekiliýetine GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Duşenbede geçiriljek mejlisine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. 

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we milli parlamentiň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda”, “Oba hojalygyny ösdürmegiň döwlet düzgünleşdirmesi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, ilatyň durmuş goraglylygy, çaganyň hukuklarynyň kepilliklerini üpjün etmek, maşgala hem-de zähmet gatnaşyklary, ylym we bilim, medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ulgamlarda hereket edýän kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy. 

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň milli jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny berkitmek, Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagynyň netijeli boljakdygyny belläp, bu babatda olaryň ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy jemläp, tomsuň birinji gününde — 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde giňden belleniljekdigini aýdyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy, şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýar körpelerini bu ajaýyp baýramçylyk bilen gutlady. 

Milli Liderimiz parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny özünde jemleýän bu halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň eziz Watanymyzyň ýaş nesillerine buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrjak merdana nesillerimiz, eziz Watanymyzyň gül-gunçalary, beýik geljegimizdir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem Çagalary goramagyň halkara güni biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýan sene hökmünde giňden bellenilýär. 

Bu halkara günüň ähmiýetini has-da artdyrmak, parahatçylyk söýüjiligimizi, dostlugymyzy, agzybirligimizi pugtalandyrmak hem-de milli ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarymyzdaky döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine badalga berilýär. 

Mähriban çagalarymyzyň milli öwüşginli, baý mazmunly şirin aýdymlary, joşgunly sazlary, şadyýan gülküleri belentden ýaňlanyp, Türkmenistan Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, gözel tebigatymyzyň waspy ýetirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyza ýüzlenip, türkmen halkynyň uzak taryhy döwürlerden bäri nesilleriň beden we ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-ekrama, adamkärçilige, pähim-paýhasa, zähmete uly ähmiýet berip gelýändigini belledi. Merdana ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, baýlaşdyryp, nesillerden-nesillere geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde hem biz köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan, agzybirligimiziň, pähim-paýhaslylygymyzyň, maşgala we terbiýe mekdebimiziň binýadyna öwrülen milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýäris. 

Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller üçin beýik geljegi gurýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Türkmenistanda mährem enelerimiziň, bagtyýar çagalarymyzyň rahat, sagdyn, şadyýan durmuşda ýaşamagyna, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine gönükdirilen milli maksatnamalar hem-de giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Şu maksat bilen, paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda iň häzirki zaman enjamlary, multimediýa we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri, enelerimize we körpelerimize halkara derejede ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan «Ene mähri» saglyk merkezleri, Köpetdagyň sergin jülgelerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolsa, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bina edildi. Eziz Watanymyzyň abraýyny halkara derejede has-da artdyrýan taryhy ähmiýetli wakalar, gazanylýan üstünlikler kalbymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär, belent watansöýüjiligi we ynsanperwerligi terbiýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan eneligi we çagalygy hukuk taýdan goramak, maşgala goldaw bermek, çagalarymyzyň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we döredijilik taýdan talabalaýyk ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşýär. Ýurdumyz çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýar. 

Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine — Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy. Biziň döwletimiziň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornunyň ykrar edilýändigine we barha berkeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzy we berkarar döwletimiziň bagtyýar körpelerini Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 3-nji iýunda ýene-de bir baýramyň — Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününiň hem giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň ählisini halkara derejede bütin dünýäde ilkinji gezek giňden bellenilýän bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, bu halkara baýramynyň adamzadyň parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrundaky beýik işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýän, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýan aýratyn sene hökmünde milli senenamamyzda mynasyp orun aljakdygyna ynam bildirdi. 

Welosiped sporty dünýäde sportuň giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen iň meşhur görnüşleriniň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Taryhyny 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň aralygynda geçirilen ilkinji uly ýaryşdan alyp gaýdýan welosiped sporty häzirki döwürde diňe bir sport babatdaky öňegidişlikleri aňlatman, eýsem, adamzadyň parahatçylyk söýüjilik taglymatlaryny, dostlugy hem-de hoşniýetliligi hem dabaralandyrýar. Biz halklaryň ýakynlaşmagynyň, bütin dünýäde parahatçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine, şol sanda halkara sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Türkmenistan bu ugurda Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edýän Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerýän, halkara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk eden bu taryhy waka mähriban halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, baý öwüşginli medeni-jemgyýetçilik çäreleriň geçirilmegi eziz Diýarymyzy sagdynlygyň we sportuň ýurdy hökmünde dünýä tanadýar, biziň her birimizde şatlykly duýgulary döredýär, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. 

Bedenterbiýe we sport Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şoňa görä-de, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etdik, toplumlaýyn özgertmelere badalga berdik. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar guruldy. 

Aşgabat şäherinde bolsa Halkara olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan desgalaryň onlarçasyny, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça desgalaryň on altysyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi bina edildi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede, aýratyn guramaçylyk ýagdaýynda geçirip, Türkmenistan döwletimizi giň möçberli halkara derejedäki sport bäsleşiklerini guramaga ukyply sport ýurdy hökmünde dünýä tanatmagymyz bolsa biziň bu ugurda gazanan iň uly üstünligimizdir. 

Sportuň köp sanly görnüşlerini, şol sanda welosiped sportuny ösdürmäge, ýokary derejeli ussat türgenleri we tälimçileri taýýarlamaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Milli baýramlara hem-de şanly senelere gabatlap, köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirilýär. Lebap welaýatyndan badalga berlen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosiped we ylgaw ýaryşlary häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta we Palembang şäherlerinde geçiriljek XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda, şeýle hem Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň wekilleriniň üstünlikli çykyş edip, Türkmenistan döwletimiziň halkara derejedäki abraýyny mundan beýläk-de belende göterjekdiklerine ynam bildirdi. 

Milli Liderimiz mähriban watandaşlarymyzy parahatçylygy we ynsanperwerligi berkidýän, jemgyýetimiziň ägirt uly döredijilik we ruhy kuwwatyny artdyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýan halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň wideoşekilli iş maslahatynyň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.