Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda geçiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi. 

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ministr parahatçylykly, goranyş häsiýetine eýe bolan milli Harby doktrinany durmuşa geçirmek boýunça hasabat döwründe geçirilen işler, goşunyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, serkerdeleriň hem-de tutuş şahsy düzümiň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ata Watanymyzyň goranyş ukyplylygyny üpjün etmek meselesine ünsi çekip, döwletimiziň geljekde hem halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň daýanjy bolan Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň berkidilmegine uly üns berjekdigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň nazaryýet we söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, Watan goragçylarymyzyň watançylyk terbiýesine hem-de beden taýýarlygyna, gulluk we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýdyp, ministre birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow polkownik D.Durdyýewi goranmak ministriniň orunbasary — Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy wezipesine belläp, ony goranmak ministriniň orunbasary — Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Karara gol çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem podpolkownik B.Nazarowy goranmak ministriniň orunbasary — Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň başlygy wezipesine belläp, ony Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň dolandyryş merkeziniň başlygy — Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ata Watanymyzyň mukaddes araçäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, parahatçylygyň we dostlugyň serhedi hökmünde Türkmenistanyň Döwlet serhediniň derejesini berkitmek boýunça durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy serhetçileriň üstüne ýüklenen asylly hem-de örän jogapkärçilikli wezipe barada aýtmak bilen, serhet goşunlaryny tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, harby gullukçylara gulluk we durmuş şertlerini döretmek boýunça yzygiderli işleriň geljekde hem dowam etjekdigini belledi. 

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň 5 aýynda ýurdumyzda düzgün-tertibi saklamak hem-de düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça garamagyndaky düzümleriň geçiren işleri barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini üstünlikli çözmäge goşant goşmakda hukuk goraýjy edaralaryň ähmiýetli ornuny belläp, raýatlarymyzyň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragynda durýan IIM-niň ähli bölümleriniň işini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýollarda hereket howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak baradaky meseläni gozgap, awtoulag sürüjileri hem-de pyýadalar tarapyndan ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmeginiň, ilat bilen degişli düşündiriş işlerini guramagyň möhümdigini aýtdy. 

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew şu günüň talaplaryny nazara almak bilen hem-de halkara hukugyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda, hasabat döwründe milli kazyýet ulgamyny hem-de kazyýet iş önümçiligini döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň işiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Milli Liderimiz bu syýasatyň maksadynyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekden we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, öňde goýlan wezipeleri, şol sanda kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana hem gol çekdi. 

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Hereket edýän milli kanunçylygyň takyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek şol işiň möhüm ugry bolup durýar. 

Prokuratura edaralarynyň işgärleri döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda Kanunyň ähli zatdan ileri tutulmagyny üpjün edip, üstlerine ýüklenen borçlary abraý bilen ýerine ýetirmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň işiniň her bir raýatyň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň goralmagyna gönükdirilip, adalatlylygyň belent ýörelgelerine laýyk gelmelidigini belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow garalýan döwürde MHM-iň işiniň netijeleri hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýrylmaz bölegi bolan amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça hasabat döwründe amala aşyran çäreleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda syýasy durnuklylygyň, halkymyzyň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň asuda, döredijilikli zähmetiniň ata Watanymyzyň özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginiň kesgitleýji ýagdaýlary bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işgärleri saýlap-seçip almakda we ýerli-ýerinde goýmakda goýberen kemçilikleri üçin milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy. 

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz gümrük gullugynyň öňünde durýan esasy wezipeleri kesgitläp, serhetden geçýän harytlaryň pugta gözden geçirilmegini, ähli gümrük terminallarynyň takyk işlemegini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi. Munuň özi strategik halkara ulag-aragatnaşyk hem-de logistik merkez hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň berkemegi, üstaşyr geçelgeleri döretmegiň başyny başlamagy, Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

Bu gün türkmen gümrükçileriniň ygtyýarynda döwrebap enjamlar we tehnologiýalar bolup, olary doly ulanmak gerek diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu edaranyň işgärleriniň hünär taýýarlygy bilen bagly meselä ilkinji derejede üns berilmelidigini aýtdy. 

Adalat ministri B.Muhamedow şu günüň talaplaryny we ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň ähmiýetini belläp, kanunlar işlenip taýýarlanylanda hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende iň gowy dünýä tejribesini düýpli öwrenmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz raýatlara hukuk kömegini bermek boýunça çäreleri yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birini — gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek ugrunyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda edaranyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hasabat döwründe görlen çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň bölümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Şol iş Türkmenistana gelip–gidýän daşary ýurtly raýatlaryň degişli derejede hasaba alynmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, dostlar we hyzmatdaşlar üçin hemişe açyk bolan myhmansöýer ýurt hökmünde ata Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyna hem ýardam etmelidir. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdowa käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi. 

Türkmenistanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew şu ýylyň bäş aýynda korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan anyk çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geljekde hem korrupsiýa, parahorluk hem-de gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly ýaramaz hadysalara garşy barlyşyksyz göreşiň alnyp baryljakdygyny aýdyp, şol erbet ýagdaýlary döredýän esaslary aradan aýyrmak boýunça täsirli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Bu ugurda işleriň milli kanunçylygyň düzgünlerine hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň sazlaşykly alnyp barylmagyna ünsi çekdi. Olaryň esasy wezipesi döwletimiziň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durup, ýurdumyzyň gülläp ösmegini we raýatlarymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bolup durýar. Bu bolsa harby we hukuk goraýjy edaralaryň her biriniň ýolbaşçysyndan netijeli işläp, özlerine tabşyrylan işe örän jogapkärli çemeleşmegini, hünär we watançylyk borjuna wepalylygy talap edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan Harby doktrinasyndan ugur alyp, geljekde hem saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli döredijilikli ugruna üýtgewsiz eýerer. 

Biz milli howpsuzlygymyzy has-da berkitmek hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda oňyn ösüşiň aýrylmaz şerti bolan parahatçylygy hem-de asudalygy, kanunylygy we düzgün-tertibi saklamak, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin zerur şertleri döretmek boýunça maksada gönükdirilen işleri dowam ederis diýip, milli Liderimiz belledi. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.