Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün tutuş ýurdumyz uly joşgun bilen özüniň baş milli baýramyny — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden we dabaraly belleýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly işleriň döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Wagt ýurdumyzyň täze durmuşynyň başyny başlan bu taryhy senäniň ähmiýetini has aýdyň görkezýär. “Biz eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk eýýamynyň taryhyna buýsanmaga haklydyrys!” diýip, milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda watandaşlarymyza peşgeş beren “Türkmenistan” atly täze kitabynda belleýär. Dünýewi, demokratik Bitarap döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurdumyzyň bu röwşen güni munuň aýdyň subutnamasydyr.

Özygtyýarlylygynyň çärýek asyrynyň içinde Türkmenistan ilatynyň ýokary durmuş derejesine, ykdysadyýetde, syýasatda, jemgyýetçilik ösüşinde, ylymda we medeniýetde ýokary üstünliklere eýe bolan ýurtlaryň birine öwrüldi. Dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak, beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalar, ozaly bilen, BMG bilen özara ýakyn gatnaşyklary saklamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Bu guramanyň ýörite kararnamasy bilen dünýä taryhynda ilkinji gezek Türkmenistana halkara bileleşik tarapyndan makullanylan Bitaraplyk derejesi berildi.

Ir säher bilen Garaşsyzlyk seýilgähine aşgabatlylaryň müňlerçesi ýygnandylar. Olaryň arasynda daşary ýurtly ildeşlerimiz, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bolup, olar beýik baýramçylyk mynasybetli halkymyzyň çäksiz şatlygyny paýlaşdylar.

Altyn güýzüň şemalyna parlaýan ýaşyl tugumyz, hoşboý ysly gül çemenleri, adamlaryň nurana ýüzleri — bular buýsanç hem-de watançylyk duýgularyny oýaryp, ählihalk baýramçylygynyň dabaraly ýagdaýyny döredýär. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyza söýginiň senasyna sazlaşýan ähli türkmenistanlylaryň ýüregini ýeke-täk umumy güýje birleşdirýär. Biz bu waka gatnaşyjylar bolmak bilen çäklenmän, onuň bir bölegi bolup durýarys. Bu biziň ählihalk baýramçylygymyzdyr!

Bu ýere ýygnananlar türkmen halkynyň adyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan ägirt uly üstünlikler, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine bolan ynam bilen baglanyşdyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimiziň yzygiderli ýöredýän ynsanperwer syýasaty netijesinde biziň döwletimiz bu gün abadançylygyň ülkesi we ylalaşdyryjylyk merkezi hökmünde dünýäde tanalýar.

Türkmenistanyň Prezidenti her tarapynda halk gahrymanlarynyň şöhratyny mynasyp dowam etdirýän ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň edermen esgerleriniň hormat garawuly duran ýoda bilen bina tarap barýar. Taryhy hakyda — biziň döwletimiziň esaslanýan binýady. Biz ýaş nesli taryhymyzy, halkymyzyň, ýurdumyzyň şöhratly geçmişini hormatlamak ruhunda terbiýeleýäris.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz türkmen döwletiniň röwşen geljege ymtylyşyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýýar. Bu güller milletimiziň azatlygy we garaşsyzlygy ugrundaky söweşlerde türkmenleriň gaýduwsyz pederleriniň görkezen gahrymançylygyna baky hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Milli Liderimiziň yz ýany bilen Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gül desselerini goýýarlar. Olara ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar goşulýarlar.

Garaşsyzlyk binasynyň etegine adamlaryň yzy üzülmeýän akymy gelýär hem-de tiz wagtdan ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdança owadan hoşboý ysly güllerden boglan çemenlerden dolýar. Bu güller Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik üstünliklerini artdyryp, halkymyzyň Garaşsyz Watanymyza, ata-babalarymyzyň asuda topragynda erkin ýaşap, zähmet çekmek bagtyna bolan çuňňur watançylyk duýgularynyň çuňlugyny şöhlelendirýär.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi