Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy

26.10.2016

Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan döwlet konserti geçirildi. Sungat ussatlarynyň guran bu baýramçylyk konsertine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Garaşsyzlyk güni özygtýarly ösüşiň çärýek asyry döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählihalk baýramçylygy mynasybetli halkymyza sowgat eden “Türkmenistan” atly täze kitabynda belleýşi ýaly, “Biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bolan eziz Türkmenistanyň iň täze taryhyna hem ajaýyp we şan-şöhratly sahypalary ýazarys. Biziň amala aşyran işlerimiz hem-de gazanan üstünliklerimiz bolsa, geljekki nesilleriň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döreder”.

Mejlisler merkeziniň ajaýyp zalynda ýokary ruhy göteriliş we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ol Garaşsyzlyk baýramçylygyny täze zähmet ýeňişleri, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýeten derejesi bilen garşylaýan türkmen halkynyň buýsanç duýgularyny we bagtyýarlygyny özünde jemleýär.

Baýramçylyk günlerinde Garaşsyz Watanymyzyň şäherlerindäki we obalaryndaky konsert meýdançalarynda çykyş eden ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary şanly senä döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.

Garaşsyzlyk döwri milli medeniýetiň gülläp ösen döwri boldy. Çärýek asyr döwrüň içinde ruhy mirasymyzy çuňňur öwrenmek we ony dünýäde wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp baryldy. Türkmen halky özüniň milli gazananlaryna, çeper sözüň ussatlaryna, filosoflaryna, ylymda, edebiýatda we beýleki ulgamlarda öz mekdebini we ugruny döreden watandaşlarymyza buýsanýar Häzirki döwürde pederlerimiziň taryhy-medeni mirasy biziň ruhy hem-de medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň esasyny düzýär. Türkmenistan gadymy medeniýetleriň merkezleriniň biri bolmak bilen, häzirki döwürde sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň binýadyny gurýar we dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen ynsanperwerlik gymmatlyklary esasynda gatnaşyklaryny ösdürýär.

Döwlet Baştutanymyzyň medeniýet ulgamyna yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala geldi.

Mejlisler merkezine ýygnanan köp sanly tomaşaçylar munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirdiler. Bu günki konserte ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň baştutanlary gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, hormatly ýaşulular, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we döredijilik toparlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, talyp ýaşlar we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelenler bar. Şeýle hem bu günki konserte Dünýä türkmelerini ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahatyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly watandaşlarymyz, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga gelen köpsanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Konserte gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzyň häzirki gazananlary we ýagty geljegi bilen berk baglanyşykly syýasaty amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, özi üçin bellenilen ýere geçdi.

Gadymy asylly ýörelgelere, pederlerimiziň paýhasly we ynsanperwer däplerine daýanýan we ýurdumyzyň bütin dünýä derejesinde ykrar edilmegini şertlendiren parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň – halkyň Arkadagynyň esaslandyran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän “Arkadagym bag berdi, türkmene döwran bu gün!” atly aýdym has-da belent ýaňlandy.

“Dokmaçylar” folklor toparynyň çykyşlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ösüşiniň dürli döwürlerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işi we oňyn başlangyçlary bilen baglanyşykly tutumlaryny beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Baýramçylyk konsertinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar milli sungatyň häzirki zaman güýjüni, onuň ugurlarynyň köp öwüşgünliligini, şeýle hem ussat ýerine ýetirijileriň döredijilik gözleglerini beýan etdi. Bu gezekki konsertiň türkmen sungatynyň baý mümkinçiliklerini görkezýän dürli çykyşlar bilen tapawutlanýandygyny bellemeli. Şunlukda aýdym-sazly çykyşlaryň hemmesi Garaşsyz Watanymyza, biziň döwrümiziň belent döredijilik ruhuna bagyşlanandygyny we şolaryň esasynda milli sungatymyzyň iň gowy däpleriniň nesilden-nesle geçirilip kämilleşdirilýändigini görkezýär.

Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat berlen milli Liderimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda sungatyň ägirt uly utgaşdyryjy güýji barada gürrüň berilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paroahatçylyk we dostluk ýörelgeleri beýan edilýän birnäçe saz eserleriniň awtorydyr.

Şu ýylyň tomsunda, dynç günleriniň birinde özüniň agtyklary bilen milli Liderimiz “Kalbymda sen” atly aýdymly sazyny ýazyp gutardy. Arkadagyň ýaşlykdan kalbynda göteren bu aýdymy diňleýjileriň göwnünden turdy we bu günki konsertde hem ýaňlandy.

Konserti alyp baryjynyň belleýşi ýaly, şol gün milli Liderimiz ýene bir täze saz eserini döretdi. Halkymyz bu ajaýyp mukama sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şu gün bolsa täze saz eseriniň sözleri peýda bolup, ýaşlygyň we bagtyýarlygyň senasyny janlandyran täze aýdym eşdildi.

Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy boýunça zehinli ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan Diýarym!” we “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşikleri ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär. Bu bäsleşikleriň ýeňijileri ähli baýramçylyk çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Sungatyň tutuş adamzadyň ýeten derejesidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň daşary ýut medeniýetini özleşdirmegini we daşary ýurt dillerini öwrenmeklerini ündeýär. Arkadag Prezidentimiziň agtyklary Kerimguly we Ysmaýyl bu ýörelgä eýerip, daşary ýurtly ýerine ýetirijileriň aýdymlaryny özleşdirýärler.

Bu günki baýramçylyk konsertinde türkmen estradasynyň ussatlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sazyna we sözlerine döredilen, kalba ýakyn “Leýlisaç barada rowaýat” atly ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdiler.

“Gyzyl güljagaz”, “Joşgun”, “Şatlyk”, “Ruhubelent çagalar” horeografiýa toparlarynyň we “Güneş” çagalar horunyň “Gül çagalar” atly aýdymly-tansly çykyşlary konserte özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu çykyşlar Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde atlandyrylmagyna, nesiller hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyna buýsanjy alamatlandyrdy. Milli öwüşginlere, çagalaryň döredijilik joşgünyna beslenen çykyşlar ýurdumyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny äşgär etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Mirasa sarpat goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli mirasyň dabaralandyrylmagy halk döredijiliginiň çuňlugyny we özboluşlygyny alamatlandyran “Dehistan” folklor toparynyň “Mirasyň ýaňy” atly çykyşynda has-da aýdyň göründi.

Soňra baýramçylyk konserti belli sazandalaryň, halk ýerine ýetirijileriň, meşhur estrada aýdymçylaryň, folklor we tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Sahnada milli nusgawy saz eserlerinden, “Zöhre we Tahyr” operasyndan, halk dessanlaryndan bölekler ýerine ýetirildi. Häzirki zaman aýdymlary mähriban Watanymyzy, onuň gözelligini we kuwwatyny wasp etmek bilen özboluşly wokal-horeografiýa çykyşlary bilen utgaşdy. Etnografiýa çykyşlpary türkmen halkynyň asyrlary aşyp gelýän özboluşly däp-dessurlaryny janlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaby boýunça belli dutarçylar we sazandalar toparynyň döreden “Dutaryň gudraty” atly bilelikdäki çykyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynayp boldy. Dutarçylar özleriniň ussatlyklary bilen ady rowaýata öwrülen Şükür bagşy barada gürrüň berýän milli Liderimiziň kitabynyň sungatyň parahatçylyk döredijillik wezipesi ýaly möhüm ugruny tomaşaçylara ýetirdiler.

“Ata ýurda şan getirdiň Arkadag!” atly aýdymy bagşy zenanlaryň üçüsi bilelikde ýerine ýetirip, olar milli gahryman-Arkadaga bolan ählihalk söýgini we hormat-sarpany sungatyň üsti bilen beýan etdiler. Bu çykyşda nesilleriň we Watanymyzyň täze taryhy eýýamda belent derejelere ýetmegi bilen baglanyşykly ýörelgeler äşgär duýuldy.

Belli estradaçylaryň çykyşlary sahnada ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk konsertine özboluşly öwüşgin çaýdy.

Meşhur horeografiýa toparlary bolan “Meňli” we “Näzli” toparlary özleriniň baýramçylyk çykyşlaryny “Türkmen dünýäsi” diýip atlandyrypdyrlar.

Estrada aýdymçysynyň döwlet horunyň we “Güneş” çagalar horunyň toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren “Watanym” atly aýdymy baýramçylyk çykyşlarynyň iň gowularynyň biri bolup, ol “Aşgabat” horeografiýa toparynyň tansy bilen utgaşdy.

Bir-biriniň yzyndan ýaýbaňlandyrylýan her bir çykyşlar özüniň köptaraplylygy, many-mazmuny we ugurdaş çykyşlar bilen sazlaşygy arkaly tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy.

Artistler özleriniň zehinleri we ýokary derejeli çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdylar. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagy baýramçylyk aýdym-sazlaryna özboluşly öwüşgin çaýdy we sahnada janly çykyşlaryň emele gelmegini şertlendirdi.

Konsertiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan täze saz üçin “Bagt nury” atly goşgyny ýazandygyny mälim etdi we ony dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde ýerine ýetirmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Bu goşgy setirlerini konserte gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen ýat tutup, bilelikde ýerine ýetirdiler we milli Liderimiz bilen halkymyzyň pugta jebisligini ýene br ýola aýan etdiler.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren “Toýa geldik şatlanyp, bäş welaýat bäş dogan!” atly çykyşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik güýjüni, pederlerimiziň özygtyýarly döwlet, mähriban topragyň gülläp ösmegi, halkyň agzybirligi we bitewiligi baradaky köp asyrlyk arzuwlarynyň amala aşandygyny alamatlandyran döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny janlandyrdy. Bu çykyşlar türkmen halkynyň dünýä ýüzünde meşhurlyk gazanan “küşt depdi” tansy bilen utgaşykly dowam etdi.

“Öňe! Diňe öňe, jan Watanym – Türkmenistan!” atly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sazyna we belent ruha beslenen goşgusyna döredilen bu aýdyi konsertiň jemini jemledi. Konserte gatnpaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren bu aýdymy her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine we umumymilli baýramçylyklara beslenýän mähriban Watanymyzyň senasyna öwrüldi. Ol halkymyzyň mähriban Watanymyzyň bagtly eýýamyna, hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ýagty geljege gadam urýan ýurdumyza bolsa buýsanjyny alamatlandyrdy.

Konserte gatnaşyjylar bu aýdymy ör türüp, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olar Garaşsyz, Bitarap Watanymyza çuňňur buýsanjy alamatlandyrýan “Öňe! Diňe öňe, jan Watanym – Türkmenistan”, “Arkadaga şöhrat!” diýen şatlykly sözleri uly joşgun bilen gaýtaladylar.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi