Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Milli goşunymyzyň söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzüminiň söweşjeň tälimini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, göni wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe bellenen tertipde harby bölümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi. 

Irden milli Liderimiz okuw-tälim merkezleriniň birine geldi. Bu ýerde dolandyryş merkezi ýerleşýär. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berýär. 

Watanymyzy gaýduwsyz goraýjylar diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen ileri tutulýan wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýärler. Goşunlaryň ähli görnüşiniň sazlaşykly hereketini işläp taýýarlamak maksady bilen, harby-taktiki türgenleşikler geçirilýär. Olar Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň söweş we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. 

Bu ýerde döwlet Baştutanymyza soňky döwürde Milli goşuna gelip gowşan döwrebap harby-howa hem-de ýörite tehnikalaryň nusgalary görkezildi. Olaryň köpüsiniň şu gün geçirilen harby-taktiki okuwlaryň barşynda işledilendigi bellärliklidir. 

Liderimiz täze söweşjeň howa maşynlarynyň tehniki görkezijileri we olary ulanmagyň hem-de hyzmat etmegiň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, iş ýüzünde kwadrasiklleriň birini, onuň hereketlendirijisiniň kuwwatyny we harby ulag uçaryna ýüklenende hereketlerini synap gördi. Döwlet Baştutanymyza şeýle hem goşunlary, ýaraglary we beýleki tehnikalary bellenen ýere ýetirmek üçin niýetlenen söweşjeň maşynlaryň gurluşy barada habar berildi. 

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap howa-ulag serişdeleriniň häsiýetnamalary bilen içgin tanşyp, döwletimiziň Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyny we harby işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretjekdigini nygtady. Milli Liderimiz harby tehnikany netijeli ulanmagyň zerurdygyny belläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Iň täze tehniki serişdeler we enjamlar ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün edýär, Watanymyzyň goranyş kuwwatynyň girewi bolup hyzmat edýär. Işgärler taýýarlamakda söweşjeň tälime, döwrebap we çylşyrymly tehnikalary dolandyryş ukybyna aýratyn üns berilýär. Esgerler we serkerdeler söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezip, döwletimiziň yzygiderli aladasyna mynasyp jogap berýärler. Ýaragly Güýçleriň söweş taýýarlygyny barlamak boýunça yzygiderli geçirilýän meýilnamalaýyn we duýdansyz harby söweşjeň türgenleşikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Soňra milli Liderimiz syn ediş nokadyna barýar we şol ýerde türkmen uçarmanlarynyň uçuşyna syn edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary iň döwrebap ýaraglar, garşydaşy ýüze çykarmak we ot açyşy dolandyrmak serişdeleri, iň täze nawigasion enjamlar bilen üpjün edildi. 

Asmanda harby uçarlar dürli öwrümleri — dikleýin uçmak, halka, aýlaw ýaly tilsimleri ýerine ýetirýärler. Desantçylar topary bolsa belli bir belentlikden paraşýutly bökmegiň ussatlygyny görkezýärler. 

Harby uçarmanlaryň görkezme çykyşlary tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň goranyş ukybyny yzygiderli pugtalandyrmagyň, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi hem-de olara birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz yzygiderli esasda harby türgenleşikleriň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady, şeýle çäreleriň her biriniň şahsy düzümiň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädimdigine ünsi çekdi. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy hem-de Harby doktrinanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. 

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew harby gullukçylaryň hünär derejesini, Milli goşunyň kuwwatyny we goranyş mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilen görkezme söweş atyşykly –taktiki tälimiň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygy barada hasabat berdi. Bu tälimler söweş endiklerini ele almaga we berkitmäge, harby operasiýalar geçirilende goşunlaryň dürli görnüşleriniň bölümleriniň utgaşykly hereketini üpjün etmäge, şahsy düzümiň ýörite tehnikany ulanmak babatdaky başarnygyny kämilleşdirmäge hem-de şertli garşydaşa garşy durmagyň dürli taktiki we strategik ýagdaýlaryny işläp geçmäge gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, eziz Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi. 

Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ýörite maksatly tehnikalaryň we enjamlaryň täze görnüşleri bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de Watan goragçylarynyň mynasyp gulluk etmek we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri barada habar berildi. 

Hasabatlaryň çäklerinde Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini we ýurdumyzda tertip-düzgüni üpjün etmek, ähli ulgamlarda kanunylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy. 

Hasabatlaryň meseleleriniň biri Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksadynda işlenip taýýarlanylan maksatnama bilen baglanyşykly boldy. Şunuň bilen baglylykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin ýaşaýyş gulluk jaýlarynyň we beýleki düzümleýin desgalaryň meýilleşdirilýän gurluşygy barada habar berildi. 

Goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň esasy maksady milli bähbitler hem harby howpsuzlyk bilen şertlendirilen Türkmenistanyň kepillikli goralmagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň esasy düzgünleri we onda bellenen ileri tutulýan wezipeler barada durup geçip, harby we hukuk goraýjy düzümleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň, degişli bilimi we ylmy ösdürmegiň hem-de ýaş esgerleri Watana çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemegiň döwlet syýasatynyň esasy meselesi bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda toplumlaýyn işleri geçirmek barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz söweşjeň we beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek üçin beden taýýarlygynyň şahsy düzümi okatmagyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýdyp, Milli goşunymyzyň bölümlerinde sportuň harby-amaly görnüşlerini işjeň ösdürmegi tabşyrdy. 

Serkerdeleriň we olaryň maşgalalarynyň durmuş taýdan goraglylygy, şol sanda ýaşaýyş jaý meselelerini çözmek toplumlaýyn harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde harby gullukçylaryň gulluk etmegi we göwnejaý ýaşamaklary üçin oňaýly şertler döredilýär, döwrebap harby şäherçeler, binalar we serhet galalary, Watan goragçylary üçin has oňaýly ýaşaýyş jaýlary gurulýar diýip, Belent Serkerdebaşymyz aýtdy we harby gullukçylar üçin ýaşaýyş jaýlary gurlanda, amatly durmuşy we dynç alşy üpjün edýän şertleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy. 

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriniň biridir. Milli Liderimiz soňky ýyllarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ygtyýaryna iň öňdebaryjy söweş hem-de ýöriteleşdirilen tehnikalaryň gelip gowuşýandygyny belläp, söweşjeň maşynlaryň tehniki ýagdaýyna berk gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanowa käýinç yglan etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, türkmenistanlylaryň parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen Harby doktrinanyň düzgünlerini berk berjaý etmek boýunça sazlaşykly işleri geçirmegi tabşyrdy. Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň serhedini dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk serhedine öwürmek, içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak, kanunylygy hem-de tertip-düzgüni üpjün etmek, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny goramak, işgärler kuwwatyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri görmek işiň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy dolandyryş merkezine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly uly monitorda Goranmak ministrliginiň harby bölümleriniň görkezme harby-taktiki türgenleşiklerine syn etdi. Bu türgenleşikleriň maksady harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, diňe parahatçylyk maksatlaryna gulluk edýän Milli goşunyň kuwwatyny we goranyş ukybyny artdyrmakdan ybaratdyr. 

Soňky ýyllarda Ýaragly Güýçleriň ähli goşunlary döwrebap harby tehnika bilen üpjün edilýär. Munuň özi bolsa harby işiň ylmyny we sungatyny ele alan sowatly hünärmenleriň bolmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Milli goşun üçin işgärler taýýarlanylanda söweşjeň tälime, esgerleriň we serkerdeleriň tehniki, kompýuter sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny özleşdirişine aýratyn üns berilýär. Olar ýaraglaryň iň täze görnüşlerini ussatlyk bilen dolandyrmagy we guramaçylyk, taktiki meseleleri çözmegi başarmalydyrlar. 

Şu gezekki harby-taktiki türgenleşiklerde Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary, Guryýer goşunlarynyň, Harby-deňiz güýçleriniň harby bölümleri, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýörite maksatly toparlary şertli garşydaşy hem-de döwletimiziň çägine taşlanan diwersion toparlary zyýansyzlandyrmakda we ýok etmekde öz başarnyklaryny görkezdiler. 

Goşunyň hem-de ştab dolandyryş düzümleriniň ýokary söweşjeň taýýarlygyny dessin gazanmak başarnygy netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzümi öňde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başaryp, goşunlaryň ähli görnüşleriniň ýokary taýýarlygyny hem-de Watanymyzyň mukaddes serhetlerini, türkmenistanlylaryň parahat we asuda durmuşyny goraýan harby gullukçylaryň ýokary hünär derejesini görkezdi. Kuwwatly harby tehnikalaryň dürli görnüşlerini başarjaňlyk bilen dolandyrýan gaýduwsyz Watan goragçylarynyň sazlaşykly hereketi Milli goşunymyzyň söweşjeň ukybynyň hem-de goranyş kuwwatynyň yzygiderli ýokarlandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk hem-de mähriban topragymyzy goramak boýunça mukaddes harby borjy berjaý etmekde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.