Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli sylaglamak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli sylaglamak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň has tapawutlanan işgärlerine, harby gullukçylaryna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeler öýüne geldi. Bu ýerde milli Liderimizi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew sylaglamak dabarasyna taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty kabul edip, binanyň içine girdi hem-de bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň öňünde çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ilki bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 25 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygyň Bitarap Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly senedigini, onuň ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň hasyl bolmagydygyny belläp, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Bitarap döwletimiziň ýeten belent sepgitleriniň, gazanan halkara abraýynyň mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen berk baglanyşyklydygyny aýtdy.

Ata Watanymyz özbaşdaklygyna eýe bolandan soň döredilen milli Ýaragly Güýçlerimiz Garaşsyz döwletimiz bilen bilelikde ösdi, kämilleşdi, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüji, dost-doganlyk ýörelgelerini, gahrymançylyga beslenen harby däplerini dowam edip, goranmak häsiýetine eýe bolan kuwwatly goşuna öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz geçen çärýek asyryň dowamynda milli goşunymyzyň üpjünçiliginiň hem-de söweşjeň ukybynyň ýokarlanandygyny, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin amatly ýaşaýyş, gulluk şertleriniň döredilendigini aýdyp, harby kanunçylyk ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz 27-nji oktýabrda Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň baş meýdançasynda dabaraly harby ýörişiň geçiriljekdigini belläp, munuň milli goşunymyzyň goranmak ukybynyň we söweşjeň kuwwatynyň ýokarydygyny dünýä äşgär edýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap döwletimiziň goranmak häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet işiniň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli goşunyň söweşjeň taýýarlygynyň barlagy Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirildi, bu bolsa Ýaragly Güýçlerimiziň söweşjeň ukybynyň we harby gullukçylaryň ussatlygynyň ýokarydygyny aýdyň görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň ata-babalarymyzyň şan-şöhratly däplerine wepaly bolup, ata Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy jandan eziz görüp gorajakdyklaryna, Berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň sarsmaz galasy boljakdyklary we mukaddes borjy abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz has tapawutlanan harby gullukçylary we işgärleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny, harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permanyny okaýar.

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gowşuran döwlet sylaglaryny uly hormat bilen alýarlar hem-de mukaddes Tuguň öňünde tagzym edip, watançylyk kasamyny ýerine ýetirýärler.

Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmakda, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde, ýurdumyzda parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň berkarar bolmagynda möhüm orun eýeleýän harby gullukçylaryň döwlet derejesinde sylaglanýandygyny, olar hakyndaky aladanyň esasy orunda durýandygyny has aýdyňlygy bilen görkezen waka öwrüldi.

Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan harby gullukçylar Watanymyzyň parahatçylygy, asudalygy, Türkmenistanyň dost-doganlyk serhetleriniň eldegrilmesizligi, ýurdumyzda kanunçylygyň, tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny, mähriban Watanymyza, hormatly Arkadag Prezidentimize wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý. Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli ýolbaşçylarynyň, harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň adyndan Belent Serkerdebaşymyza ýokary döwlet sylaglaryny we ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesini giňden beýan edýän gymmatly eserini gowşurandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlary we dabara gatnaşýanlaryň hemmesini mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene bir ýola gutlady hem-de olaryň alyp barýan örän jogapkärli gulluklarynda mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň bolsa ýurdumyzda kanunçylygyň berk berjaý edilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi we olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Şol gün ministrliklerde, harby we hukuk goraýjy edaralarda has tapawutlanan harby gullukçylary we Ýaragy Güýçleriň işgärlerini sylaglamak dabaralary geçirildi.

Mukaddes harby borjy ak ýürekden ýerine ýetirýän we Watanymyza wepaly gulluk edýän harby gullukçylar özlerine bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban halkymyzyň parahat we döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durjakdyklaryna, döwlet özygtyýarlylygynyň goragyna we onuň berkidilmegine, çäk bitewüliginiň we konstitusion gurluşyň goragyna, ýurdumyzda kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegine, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň has tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we olaryň düzüm bölümleriniň hem-de döredijilik işgärlerine, özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady hem-de medeni ruhy taýdan ösmegine, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşan zähmet weteranlaryna, hormatly dynç alyşdaky raýatlara döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralary boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen dabaraly çäreler tutuş halkymyzyň amatly zähmet, durmuş we dynç alyş şertleriniň döredilmegine, öz borçlaryny jogapkärçilikli we wagtynda ýerine ýetirýän adamlaryň başlangyçlarynyň, Watana bolan wepasynyň höweslendirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ulgamyny nazarlaýandygyny görkezdi.

Ýurdumyzyň birnäçe raýatlary döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary, köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy, gazanan üstünligi üçin, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli “Galkynyş” ordeni, “Gaýrat” we “Watana bolan söýgüsi üçin” medallary bilen sylaglandylar.

Şeýle hem birnäçe raýatlarymyza “Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri”, “Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri”, “Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri”, “Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri”, “Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy” ýaly hormatly atlar dakyldy.

Dürli kärde işleýän we dürli ýaşdaky, dürli milletlerden bolan türkmenistanlylaryň köp sanlysy halal zähmeti, hünär ussatlygy üçin “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglandy. Hormatly dynç alyşdakylaryň birnäçesiniň bitiren hyzmatlary aýratyn bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen dost-doganlyk, medeni - ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşan we netijeli jemgyýetçilik işi üçin daşary ýurtlaryň birnäçe raýaty hem “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň medeniýet, sungat, ylym, bilim ulgamlarynyň, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine önjeýli goşant goşan hem-de XX we XXI asyrlaryň dowamynda netijeli işlän merhumlaryň birtopary “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna mynasyp bolandyklary yglan edildi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowa “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordenini bermek karar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, öz işine berlen, netijeli işleri, köpýyllyk halal zähmeti üçin döwlet sylaglaryna hödürlenen watandaşlarymyzy sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzda ähli tejribesini, ukyp-başarnygyny Watana gulluk etmek işine bagyşlaýan we ýaşlara mynasyp görelde bolýan hünär ussatlaryna aýratyn hormat goýulýandygyny alamatlandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen çäreleriň dowamynda Watanymyzyň ýokary sylagyna mynasyp bolan işgärlere mähirli sözler aýdyldy we olara Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk senesi mynasybetli gutlag sözleri, bagt, abadançylyk, saýlap alan hünärinde täze uly üstünlikler arzuw edildi.

Dabara gatnaşyjylar öz gezeginde özleriniň işine berlen ýokary baha, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz tagallasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimize mähirli hoşallyklaryny beýan eden dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan hem-de milletiň agzybirliginiň, bitewüliginiň, jemgyýetimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi