Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyry açyldy

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyry açyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň çäklerinde bina edilen durmuş maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ölçeglerine kybap düzümi döretmek - milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, adam hakynda hemmetaraplaýyn alada onuň esasyny düzýär. Aşgabatda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan köpsanly täze binalar, ilkinji nobatda, ähli amatlyklary bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlary şol syýasatyň aýdyň nyşanlarydyr.

Döwrebap megapolise öwrülýän paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzda bolup geçýän beýik özgertmeleriň merkezinde bolan ak mermerli Aşgabat sazlaşykly ösýän şäheriň özboluşly nusgasyny özünde jemleýär. Şunda binagärlik babatda öňdebaryjy meýiller hem-de milli gurluşyk sungatynyň iň gowy däpleri, gözellik we amatlylyk sazlaşykly utgaşyp, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de inženerçilik-tehniki işläp düzmeler işjeň ornaşdyrylýar.

Geçen ýylyň oktýabrynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda şäheri gurmagyň 15-nji tapgyrynyň desgalar toplumy, şol sanda iki gatly kottejler, ýokary amatlykly 3, 4 we 12 gatly jaýlar, şeýle hem durmuş düzüminiň beýleki desgalary açyldy.

Bularyň ählisi Türkmenistanda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýaşaýyş jaý syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň ýaly giň möçberli özgertmeleriň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde amala aşyrylýandygyny we halkymyzyň şäherlerde bolşy ýaly, obalarda hem häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän durmuş ülňüleri bilen üpjün edilýändigini bellemeli.

Iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny – aýry-aýry etraplary gurmagy meýilleşdirmekden başlap, desgalary ulanmaga bermäge çenli ähli işleri öz gözegçiliginde saklaýar.

Täze zaman diýen simwoliki ada eýe bolan hem-de paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşen ýaşaýyş toplumy munuň aýdyň mysalydyr. Şu gün bu ýerde iki we bir gatly jaýlaryň 1 müň 152-si ulanmaga berildi. Bulardan başga-da, 179,85 gektar meýdany eýeleýän bu tapgyryň täze binalarynyň hatarynda 600 okuwçy orunlyk orta mekdep, her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi, Saglyk öýi, azyk harytlary dükany bar.

Desgalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Şeýle hem degişli ýol-ulag we inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutuldy. Ähli işler ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy.

Ýeri gelende ýatlasak, Täze zaman ýaşaýyş jaýlarynyň ilkinji toplumy 2014-nji ýylda milli Liderimiziň gatnaşmagynda açyldy. Soňra onuň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köpsanly ýaşaýyş jaýlary, durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalar bina edildi, birnäçe seýilgäh zolaklary guruldy. Ine, bu gün bolsa bu ýerde nobatdaky täze jaý toýlary tutulýar.

..Dabaranyň başlanmagyna ähli zatlar taýýar edildi. Ir ertirden ýaşaýyş toplumynyň çäginde ruhubelent, baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem giň jemgyýetçiligiň wekilleri ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler bar.

Hemmeler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy uly joşgun bilen mähirli garşylaýarlar. Dabaraly pursat gelip ýet ýär—Türkmenistanyň Baştutany ajaýyp bezelen derwezäniň ýanyna gelýär hem-de bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda çagalar bilen bilelikde dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär – Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyry açylýar.

Hormatly Prezidentimiz çagalar bilen bilelikde täze desgalar bilen tanyşmaga başlaýar. Ýol ugrunda milli Liderimizi ýerli ýaşaýjylar mähirli we ruhubelent ýagdaýda garşylaýarlar. Bu gün olar üçin şatlykly we ýatdan çykmajak güne öwrüldi.

Bu ýerde hakyky türkmen toýuna mahsus bolan myhmansöýerlik hem-de däbe öwrülen hödür-kerem etmek ýaly dessurlara beslenen dabara ýaýbaňlandy. Ähli ýerde ajaýyp aýdymlardyr sazlar ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär, türgenler sportuň dürli görnüşlerinde öz ussatlyklaryny görkezýärler. Elbetde, bu gün baýramçylyga milli oýunlar hem öz öwüşginini çaýdy.

Ýaşaýyş toplumyň çäginde dikilen ak öýler, gadymdan gözbaş alýan halk däpleri, şol sanda toý dessury, behişdi bedewleri çapyp barýan atlylar, şeýle hem ýoluň ugrunda sahnalaşdyrylan gündogar bazary dabara gaýtalanmajak özboluşly öwüşgin çaýýar, bu ýere uzak illerden üsti dürli harytly kerwen gelýär. Golaýda gadymy ylmy kitaplaryny okap oturan alymlary görmek bolýar. Bularyň hemmesi Beýik Ýüpek ýoly döwrüni janlandyrýar. Onuň bir ugry ençeme asyrlar mundan ozal türkmen topragyndan geçipdir, häzir bolsa täze mazmuna eýe bolup, gaýtadan dikeldilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň durmuşynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen gurlan täze jaýlara barýar. Ýeri gelende aýtsak, Täze zamany gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde birnäçe görnüşdäki ýaşaýyş jaýlary: 5 otagly 2 gatly jaýlaryň 168-si hem-de 1 gatly jaýlaryň 284-si, 4 otagly, 1 gatly jaýlaryň 284-si hem-de 3 otagly jaýlaryň 416-sy bina edildi. Olaryň hemmesinde ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar, şol sanda giň otaglar, zerur bolan aşhana, durmuş tehnikalary we beýleki zatlar göz öňünde tutuldy. Her jaýyň mellek ýeri bolup, olar ekin we agaç nahallaryny oturtmak üçin niýetlenendir, şeýle hem awtoulag üçin ýer hem-de çörek bişirmek üçin tamdyr göz öňünde tutuldy.

Bu gün Türkmenistanyň Prezidenti iki gatly jaýlaryň birine baryp gördi. Bu ýerde şol pursat jaý toýuny beýan edýän sahna görkezildi.

Jaýyň howlusynda milli Liderimizi täze jaý eýeleri uly şatlyk duýgusy bilen garşyladylar. Bu ajaýyp 5 otagly kottej jaý “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk paýdarlar jemgyýetiniň awiatehnigi bolup işleýän Mergen Hojamämmedowyň maşgalasyna nesip etdi.

Hormatly Prezidentimiz jaýa girip, bagtly öý eýelerini jaý toýy bilen gutlady, jaýyň otaglarynyň ýerleşişi we gurluşy, şeýle hem ýaşamak üçin döredilen amatlyklar bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz bilen söhbetdeşlikde jaýyň eýesi raýat awiasiýasynda işleýändigini, aýalynyň tikinçilik bilen meşgullanýandygyny, çagalarynyň – gyzynyň orta mekdepde bilim alýandygyny hem-de mekdebe çenli ýaşdaky iki oglunyň bardygyny gürrüň berdi.

Täze jaýyň eýesi häzir Türkmenistanda adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyz barada edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzyň raýatlary üçin döwrebap jaýlary edinmäge döredilen mümkinçilik üçin maşgala agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurlan her bir jaýyň mellek ýeriniň bardygyny aýdyp, täze jaý eýelerine ony netijeli ulanmagy hem-de bu ýerde miweli agaçlary we gök ekinleri ekmegi maslahat berdi. Munuň özi maşgalany diňe gök önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaş nesli zähmet çekmek göreldesi bilen terbiýelemäge ýardam eder. Galyberse-de, agaç nahallarynyň oturdylmagy ýaşaýyş toplumynyň howasyna oňaýly täsirini ýetirer.

Döwletimiz geljekde hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görer diýip, hormatly Prezidentimiz myhmansöýer jaý eýeleri bilen hoşlaşdy hem-de olara bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyz täze jaý eýelerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

Milli Liderimiz täze jaýlary gözden geçirmegi dowam edip, bir gatly jaýlaryň birine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy täze jaý eýeleri uly şatlyk bilen garşylap, hormatly Prezidentimize türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselelerine berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Bu jaýa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkezde anesteziolog – reanimatolog bolup işleýän lukman Nurmuhammet Nazarowyň maşgalasy göçüp geldi. Onuň aýaly orta mekdepde mugallym bolup işleýär. Dört sany çagalary – ogly we üç gyzy bar.

Döwlet Baştutanymyz jaý eýeleriniň ýaşaýyş şertleri, isleg-arzuwlary bilen gyzyklanyp, olary şatlykly waka bilen gutlady hem-de ähli gowulyklary arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze jaý eýeleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş-aladasy bilen gyzyklandy. Öý eýesiniň gürrüň berşi ýaly, ol lukman bolup işleýär. Şunda myhmansöýer maşgalabaşy göçüp gelen giň 5 otagly jaýynda amatly ýaşamak üçin zerur ähli şertleriň göz öňünde tutulandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýaşaýjylary täze jaý toýy bilen gutlap, döwrebap jaýda bagtly durmuşda ýaşamagy hem-de çagalaryny hakyky watançylyk, ene topraga we halkymyza wepalylyk duýgusynda terbiýeläp ýetişdirmegi arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz täze jaýyň otaglarynyň ýerleşişi bilen tanşyp, bu ýerde döredilen şertlere ýokary baha berdi. Milli Liderimiz mellek ýerini netijeli peýdalanmak hem-de ýaşlary zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek baradaky gürrüňi nobatdaky gezek gozgamak bilen, bu ýerde dürli miweli baglaryň öz elleriň bilen ekilmeginiň şol işlere ýardam etjekdigini, saglyk üçin uly peýda berjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti öý eýelerine täze jaý toýy mynasybetli gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. Ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildiren täze jaý eýeleri geljekde hem tutanýerli zähmet çekip, eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş toplumyň seýilgäh zolagyna tarap ugraýar. Ýol ugrunda döredijilik toparlary döwlet Baştutanymyzy dürli öwüşginli çykyşlary bilen garşylap, bagşylaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy, ähli ýerde şatlyk-şagalaň ýagdaýy emele geldi, halk senetleriniň ussatlary öz başarnyklaryny görkezdiler.

Bu gün Täze zamanda körpeler üçin çagalar baglarynyň ikisi gapylaryny giňden açdy, olarda çagalaryň sazlaşykly ösmegi hem-de wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Ösüp gelýän nesil barada ählitaraplaýyn alada, onuň abadançylygy hem-de bagtly geljegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli geçirýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurlan hem-de bina edilýän çagalar bagynyň ählisi hökmany öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zaman multimediýa, interaktiw we beýleki zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa dürli okuwlary, şol sanda ilkibaşlangyç kompýuter sowatlylygyny özleşdirmek we daşary ýurt dillerini okatmak boýunça dersleri üstünlikli geçmek, çagalaryň baý gözýetimini kemala getirmek, olary mekdebe taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýär.

Täze çagalar baglarynda körpeleriň özlerini örän oňaýly duýmagy üçin ähli şertler döredildi. Giň ýagty otaglar, şol sanda çagalaryň ýatmagyna niýetlenen rahat otaglar we ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurnalan naharhana körpeleriň ygtyýaryndadyr. Şeýle hem aýdym-saz we sport derslerini geçmek üçin şertler, lukmançylyk otagy bar. Çagalar baglarynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, tomsuna gezim etmek üçin ýerler hem-de hemme degişli serişdeleri bolan oýun meýdançalary ýerleşdirilipdir.

Umuman, çagalaryň öz wagtyny şadyýan, işjeň we peýdaly geçirmegi üçin hemme zat göz öňünde tutuldy.

Ozal belleýşimiz ýaly, ulanmaga tabşyrylýan täze gurluşyklaryň hatarynda Täze zamanyň ýaşaýjylarynyň ýaş nesliniň döwrüň talaplaryna kybap gelýän ýokary hilli bilim alyp bilmegi, başarjaň, ruhy taýdan baý we beden taýdan berk ösmegi üçin hemme şertler döredilen ajaýyp mekdep hem bar.

Başlangyç synplara hem-de dürli okuw derslerini okatmaga niýetlenen mekdebiň okuw otaglary interaktiw hem-de beýleki gerekli enjamlar we degişli görkezme esbaplary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň zähmet dersi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, çagalaryň döredijilige gyzyklanmasyny höweslendirmek üçin hemme zerur zatlar göz öňünde tutulypdyr.

Ýene-de bir möhüm durmuş desgasy - täze enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi bolup, ol 5 müň ilata maşgala ýörelgesi boýunça hyzmat etmäge niýetlenendir. Bu ýerde dünýä ölçeglerine laýyklykda, ähli şertler döredildi. Saglyk öýi maşgala lukmançylygy, zenanlara maslahat beriş, çaganyň irki ösüşi, fiziobejeriş, şeýle hem gündizki hassahana otaglardan ybaratdyr. Bu ýerde amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän lukmançylyk edarasynyň degişli ulgamyny goşmak bilen has oňaýly şertler döredilipdir.

Saglyk öýüniň maşgala lukmançylygy bölümleriniň otaglary döwrebap enjamlar, şol sanda ykjam ultrases barlag enjamy, dermotoskop, dinamometr, otoskop, oftalmoskop we beýleki enjamlar bilen üpjün edildi.

Şeýlelikde, bu Saglyk öýünde keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we olary bejermegiň täze usullaryny ulanmak bilen, ilata ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmäge gönükdirilen çäreleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.

Häzirki zaman lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlaryna garamazdan, fitoterapiýa häzire çenli hem öz möhümligini ýitirenok. Şu maksat bilen, täze Saglyk öýünde fitobar açyldy. Saglygy goraýyş edarasynyň ýanynda bolsa türkmen topragynda ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikleriň sergisi guraldy. Bu ýerde şol ösümliklerden taýýarlanan, saglygyňy berkitmäge hem-de dürli keselleri bejermäge ýardam edýän bejeriş häsiýetli çaýlardan we içgilerden içip görmäge şert döredildi.

Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde dükan hem gurlup, alyjylara ýokary hilli hem-de islegine laýyk gelýän azyk önümleriniň köp dürli görnüşleri hödürlenilýär. Onuň tekjelerindäki harytlar bereket bolçulygyny alamatlandyrýar: bu ýerde täze süýt we et önümlerini, çörek we çörek önümlerini, süýji-köke hem-de aş önümlerini, gök we miwe önümlerini, miwe suwlary hem-de datly içgileri we beýlekileri almak bolýar.

Ýörite ýer bölegi bölünip berlen seýilgäh zolagyna baryp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde ýaş agaç nahalyny oturdyp, täze ýaşyl zolagyň düýbüniň tutulmagyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu asylly işe dabara gatnaşyjylaryň ählisi hem höwes bilen goşuldylar. Ýeri gelende aýtsak, şeýle çäreler ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpsanly seýilgähler, tokaý zolaklary peýda bolup, olar şäherimizi hem-de ilatly ýerleri diňe bir bezemän, eýsem, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine amatly täsirini hem ýetirýär.

Ekologiýa meselesi bu gün bütin dünýäde möhüm meseleleriň biri bolup, hormatly Prezidentimiz daşky gurşawyň goralmagyna uly üns berýär. Giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar we maýa goýum taslamalary hem öz gezeginde adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda möhüm şert bolup durýan ekologiýa bilen baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, dag eteklerini, akabalaryň we derýalaryň kenarlaryny bagy-bossanlyga öwürmek boýunça iri möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Tebigata aýawly çemeleşmek geljekki nesilleriň abadançylygy hakyndaky aladadyr diýip, milli Liderimiz belleýär.

Aşgabadyň eteklerinde we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde döredilen ýaş tokaý zolaklary haýwanat dünýäsiniň köpsanly wekilleriniň mesgen tutan künjegine öwrülýär, olar topragyň ýaramazlaşmagynyň öňüni alýar, onuň çyglylygyny saklaýar, amatly howa ýagdaýyny döredýär.

Gök zolaklary döretmek strategiýasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döwletimizi ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň, öňdebaryjy tejribelere, innowasiýa tehnologiýalaryna hem-de köpasyrlyk milli ýörelgelere esaslanýan durnukly ösüşiň gurallarynyň biri hökmünde öňe sürülýär hem-de ahyrky netijede adamlaryň durmuşynyň hil derejesini täsin türkmen tebigaty bilen sazlaşykda ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň gülläp ösüşine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara tamamlanandan soň, täze öý eýelerine ýene-de bir gezek saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw etdi hem-de hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.