Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ministr ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri hem-de harby özgertmeleri yzygiderli ilerletmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýändigini, munuň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada öz beýanyny tapandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagynyň, serkerdeleriň hem-de esgerleriň üstünlikli gulluk etmegi, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy harby ulgamda özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýar diýip, milli Liderimiz şolar bilen bagly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin goranmak ministri Ý.Berdiýewe käýinç yglan etdi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow hasabat döwründe jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozmalaryň hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda kanunylygy we düzgün-tertibi berkitmek — IIM-niň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ministre içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň iş netijeliligini we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän özgertmelere laýyklykda 2018-nji ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, döwrebap serhet galalarynyň, serhetçiler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmek meseleleriniň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy Watanymyzyň guryýer we deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, serhetçileriň hemmetaraplaýyn taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, gullugyň başlygyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew geçen aýda ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň netijeleri hem-de kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň ähmiýetini belläp, kazyýet edaralarynyň işiniň, şol sanda her bir raýatyň kanuny hukuklaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň belent maksatlaryna hem-de wezipelerine doly laýyk gelmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz kazylaryň kabul edýän çözgütleri üçin jogapkärçiligiň ýokarydygyny belledi we bu babatda Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky degişli resminamalara gol çekdi.

Ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýew ähli pudaklarda kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine prokuror gözegçiligini üpjün etmek boýunça ýanwar aýynda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň kanunçylygyň berk berjaý edilişiniň kepili bolup çykyş edýändigini, kanunlaryň ýerine ýetirilmegine prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagynda olara giň ygtyýarlyklaryň berlendigini belledi. Barlagyň barşynda prokuratura işgärleri degişli hukuk namalary netijeli peýdalanmalydyr hem-de kanunlaryň bozulmagynyň öňüni almaga, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga gönükdirilen anyk çäreleri görmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de baş prokurora anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa söz berildi. Ol hasabat döwründe Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Netijeli parahatçylyk söýüjilik syýasatyna yzygiderli ygrarly bolmak bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurtda parahatçylygy we asudalygy, halkymyzyň abadançylygyny we döredijilik durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen goranyş häsiýetli Harby doktrinany amala aşyrýar diýip, Belent Serkerdebaşymyz ýene-de bir gezek nygtady. MHM-nyň işgärleri beýleki degişli düzümler bilen ylalaşykly özara hereket etmek bilen, Watan öňündäki öz mukaddes borçlaryny gyşarnyksyz berjaý etmelidir, öňlerinde duran wezipeleri üstünlikli çözmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýew hasabat döwründe edaranyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de korrupsiýa garşy göreşmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimizde parahorluga we korrupsiýa asla orun bolmaly däldigini belläp, şunuň ýaly ýaramaz ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Bu işler milli kanunçylygyň düzgünlerine pugta laýyklykda amala aşyrylmalydyr diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de Gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýanwar aýynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň gümrük gullugynyň işlerini kämilleşdirmek, Gullugy döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň Ýewraziýa giňişliginde ulag-üstaşyr geçelgesiniň merkezi hökmünde ykrar edilýändigini belläp, gümrük bölümlerinde alnyp barylýan işleriň halkara hukuk kadalaryna laýyk gelmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek, ony döwrebap derejede enjamlaşdyrmak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtap, bu gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Adalat ministri B.Muhammedow hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylygymyzy has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça hukuk taýdan esaslandyrylan teklipleri taýýarlamagyň hukuk edaralarynyň möhüm işleriniň biri bolup durýandygyny aýtdy. Hereket edýän kanunlary hem-de dünýäniň iň oňat tejribelerini nazara alyp, täze hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýanwar aýynda geçiren işleri hem-de Gullugyň netijeli işini üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň hem-de syýahatçylarynyň biziň ýurdumyza gyzyklanmasynyň artýandygyny belläp, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, olaryň özlerine ynanylan iş orunlarynda işleriň ýagdaýy üçin jogapkärçiligini artdyrmagyň, bu ulgama öňdebaryjy dünýä tejribesini hem-de umumy halkara iş tejribesini işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gullugyň ýolbaşçysyna degişli ugurda işleri güýçlendirmek boýunça görkezmeleri berdi.

Belent Serkerdebaşymyz ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, döwletimiziň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durmak bilen, ýurdumyzyň abadançylygyny we gülläp ösmegini, onuň raýatlarynyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmäge gönükdirilen Ýaragly Güýçleriň ähli düzümleriniň ysnyşykly, sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyna bu ýere ýygnananlaryň ýene-de bir gezek ünsüni çekdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeler her bir ýolbaşçydan tabşyrylan işe aýratyn ýokary yhlasly, jogapkärli çemeleşmegi talap edýär diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

Soňky ýyllarda maddy-enjamlaýyn binýat yzygiderli täzelenýär, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz güýçleriniň üsti döwrebap tehnikalar we harby gämiler bilen ýetirilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarlylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çärelerdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwletimiz harby gullukçylar we olaryň maşgalalary barada yzygiderli alada edýär. Watanymyzyň merdana goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, ak ýürekden gulluk etmekleri üçin zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrylýar. Bu ugurdaky işler mundan beýläk-de dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu düzümleriň gullukçylarynyň hemişe döwletiň howandarlygynda boljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki meselelere hem garalyp, degişli çözgütler kabul edilen mejlisi tamamlap, Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň ýolbaşçylaryna Watana gulluk etmek ýaly beýik işde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.

***


Soňra hormatly Prezidentimiz dikuçarda deňiz şypahanasynyň çäklerinde uçuşy amala aşyryp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak we onuň düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Hazaryň kenarynda häzirki zaman syýahatçylyk zolagyny döretmegiň başyny başlap, sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň innowasion nusgasyna öwrülen bu iri möçberli maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegine hut özi gözegçilik edýär. “Awaza” taslamasy syýahatçylygyň okgunly ösdürilmeginiň başyny başlap, Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň birnäçe düzüm bölümlerini özünde jemledi – munuň özi baý tebigy serişdelerini, howa aýratynlyklaryny hem-de ýurdumyzyň amatly üstaşyr-ulag ýagdaýlarynyň doly we hemmetaraplaýyn ýerine ýetirilmeginden, şu esasda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyndan ybaratdyr.

Ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenary gaýtalanmajak keşbe eýe boldy. Bu ýerde köpsanly şypahanalar, medeni-dynç alyş we sport toplumlary işjeň hereket edýär. Olar her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köpsanly dynç alýanlary hem-de daşary ýurtlardan myhmanlary kabul edýär.

Döwlet Baştutanymyz Hazaryň bejeriş häsiýetli türkmen kenarynda bina edilen syýahatçylyk desgalaryny, umuman, gözden geçirip, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna aýratyn ünsi çekmek bilen, olaryň ýerli gurnalyşynda tebigy aýratynlyklary nazara almagyň zerurdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, daşky gurşaw, onuň tebigy şertleri bilen sazlaşykly utgaşma şypahana giňişligini guramagyň esasy ýörelgesi bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Hazaryň kenar ýakasynyň ajaýyp künjekleriniň birinde gondy. Bu ýerde milli Liderimiz gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda gulluk we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň ösdürilmelidigini belledi. Dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzi hökmünde hem-de gury ýerler üçin bolşy ýaly, deňiz serhetleri üçin hem parahatçylygy we asudalygy üpjün etmekde Hazaryň derejesine üns bermegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar boýunça birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Bellenilişi ýaly, dürli maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda hökmany tertipde ekologiki ýagdaýlar, ýerli tebigatyň aýratynlyklary hem-de has oňaýly we özüne çekiji gurşawy döretmäge häzirki zaman talaplar nazara alynýar. Munuň özi bina edilýän desgalara diňe bir berklik we ulanyş häsiýetlerini däl, eýsem-de, ýerli tebigat bilen gözelligi we sazlaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, Hazaryň kenar ýakasynda ýaýbaňlandyrylan işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz degişli tabşyryklary berip, ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz dikuçardan Hazaryň kenarynda täze senagat ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Şol gurluşyklaryň hatarynda tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň iri logistiki merkezine öwrülmegine gönükdirilen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menzili bar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş deňiz menziliniň täze terminallaryny we beýleki desgalaryny bina etmek boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda barýar.

Milli Liderimiz Hazaryň kenarýaka zolagy boýunça dikuçarda uçuşyny tamamlap, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny hem-de tutuş deňiz ýakasyny ösdürmegiň birnäçe ugurlary babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.