Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyl arçasynyň dabaralaryna gatnaşyp, çagalar bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy, şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň çäginde Wepaly alabaýyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Milli Liderimiz ilki bilen paýtagtymyzdaky täsin sport toplumyna tarap ugrady, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar. 

Milli lybasdaky körpeler döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül dessesini gowşurdylar. Şeýle hem bu ýerde ýaşajyk artistler aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Olar häzirki döwrümizi, Wepalyny wasp edýän joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. 

Üç aý mundan ozal Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy şekili bolup, ýurdumyzda guralan sport baýramçylygyna gatnaşmak üçin gelen köpsanly myhmanlary garşylady we ugratdy. Şeýle hem bu şekil türgenleri beýik ýeňişlere ruhlandyrdy. Halkymyzyň we “Aşgabat 2017” Oýunlaryna gelen daşary ýurtly myhmanlaryň hakydasynda dostlugyň baş nyşany hökmünde hemişelik galan bu şekil türkmen topragynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen adamlaryň ýüreklerine mähir çaýdy. 

Aşgabat Aziadasynyň şekili bolan Wepaly, teleýaýlymlaryň üsti bilen dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrady. Ýetip gelýän 2018-nji ýyl gündogar senenamasy boýunça It ýyly hasaplanylýar we ol üstünlige we abadançylyga beslener. Çünki köp müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň wepaly syrdaşy bolan, güýçli we batyr alabaý adamlara we olaryň maşgalalaryna bereket getirýär diýen düşünje bar. 

Mundan başga-da, ol hemişe edermenligiň, pugta erkiň we belent ruhuň nyşany hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça alabaý Aziada 2017-niň esasy şekili hökmünde seçilip alyndy. Bu hüşgär goragçy, gaýduwsyz hasaplanýan alabaý çagalar üçin aýratyn mähirli we olaryň wepaly dostudyr. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan dabaralara gatnaşýan körpeler bilen gürrüňdeş bolup, olaryň okuwlary, haýsy hünäri saýlap almagy gowy görýändikleri bilen gyzyklandy. Şeýle hem çagalaryň ähli nurana arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz körpeler bilen bilelikde milli don we telpek geýdirilen, Türkmenistanyň hem-de Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklaryny saklap duran Wepalynyň heýkeliniň örtügini açýan ýüpi çekýär. Şeýlelik bilen alabaýyň heýkeli açylýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan çagalara täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Körpeleriň haýyşy boýunça milli Liderimiz olar bilen ýadygärlik surata düşdi. 

It ýyly bolan, biziň üçin bolsa alabaý ýyly bolan Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyk bilen hemmeleri gutlap, döwlet Baştutanymyz bu ýerden ugrady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdança geldi, bu ýerde körpe türkmenistanlylar bilen ýurdumyzyň Baş arçasynyň uly täze ýyl baýramçylygyna gatnaşdy. 

Asylly däbe görä, ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde – ak mermerli Aşgabadyň täsin binagärlik ajaýyplyklarynyň biri “Älem” merkezinde ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde, meýdançada “2018” belgisi bolan sekiz burçly ýyldyz oturdylan ajaýyp bezegli, belent başly täze ýyl arçasy ýerleşýär. Onuň töwereginde bolsa özboluşly gündogar şäherine mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýeriniň bezeg aýratynlyklarynda döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndaky rowaýatlaryň we beýleki wakalaryň çeper beýany şekillendirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eseriniň adynyň täze ýylyň baş nyşany hökmünde kabul edilmeginde özboluşly many bar. Köp asyrlaryň dowamynda türkmen topragyndan geçen we häzirki döwürde döwrebap görnüşde dikeldilýän gadymy söwda ýollarynyň ugurlary Gündogaryň hem-de Günbataryň medeniýetlerini we halklaryny ýakynlaşdyryp, medeniýetleriň özara baýlaşmagyny şertlendiripdir. Bu gezekki täze ýyl baýramçylygynda körpeler diňe bir jadyly ertekilerden ybarat künjege syn etmek däl, eýsem özleri üçin köp gyzykly wakalary açmaga, Watanymyzyň şöhratly taryhynyň aýdyň sahypalaryna gezelenç etmäge mümkinçilik aldylar. 

Bu ýerde döredilen şäherjigiň girelgesi gadymy döwürlere mahsus özboluşly bezegli derweze bilen döredilýär. Ol gorag sütünleri bolan kuwwatly gala diwarlaryna mahsus aýratynlyklar bilen üpjün edilipdir. Bu ýere gelýän çagalaryň şatlygynyň, ruhubelentliginiň çägi bolmaýar. Agşam düşmegi bilen bu ýerde has-da gözel görnüş emele gelýär. Täze ýyl arçasynyň töwereginde älemgoşar öwüşgindäki görnüşler ynsan ruhuny göterýär. 

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň dürli künjeklerinden gelen köpsanly oglanjyklary we gyzjagazlary bir ýere jemleýär. Bu ýerde guralýan dabaralara gatnaşýanlaryň hatarynda ökde okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri, şeýle hem çagalar öýlerinde terbiýelenýänler bar. 

Şeýle hem bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk baýramçylyk dabaralarynyň merkezinde boldular. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine uly ruhubelentlik bilen garaşylýar. Döwlet Baştutanymyz işiniň köplügine garamazdan, asylly däbine eýerip, her ýyl Baş arçanyň ýanynda guralýan Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşýar. Çagalar hakdaky hemmetaraplaýyn aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, hormatly Prezidentimiz körpe nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşy, sazlaşykly ösüşi hem-de bilimi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň körpe raýatlary öz ukyplaryny we zehinlerini durmuşa geçirmek, dünýägaraýyşlaryny giňeltmek, häzirkizaman ylymlaryny özleşdirmek, döredijilik we sport bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýe boldular. Zehinli ýaşlar köptaraply mümkinçiliklerini işjeň durmuşa geçirýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen Türkmenistanda durmuşa geçirýän toplumlaýyn durmuş we bilim özgertmeleriniň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. 

Döwlet Baştutanymyz “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança gelýär. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly şowhun bilen garşyladylar. Milli lybasdaky çagalar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. 

Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildiren körpeler döwlet Baştutanymyzy aýratyn dabara, şatlyk bilen garşyladylar. 

Olar asylly däbe görä, ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çykyşlary taýýarladylar. Körpeleriň ýerine ýetiren aýdymlary, tanslary we okan goşgy setirleri has-da belent ýaňlandy. 

Körpeler we bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Baş arçasyna tarap barýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem gündogar senenamasynda Takyk ýyly bolan tamamlanyp barýan ýylyň hem-de geljekki ýylyň baş nyşany hasaplanýan Itiň keşplerini janlandyran çagalar garşyladylar. Döwlet Baştutanymyza baýramçylyk mynasybetli gutlag sözleri we iň gowy arzuwlar aýdyldy. 

Soňra belent başly arçanyň töwereginde ýaşajyk artistleriň taýýarlan çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýeri gelende aýtsak, Baş arçanyň beýikligi depesindäki sekizburçly ýyldyzyny hasaplanyňda 38 metre golaýdyr. Köpsanly öwşün atýan oýnawaçlardan we 2 müň metre golaý dürli öwüşginli yşyklardan döredilen bezegler hemmelerde oňyn täsir galdyrýar. 

Meýdançada ýaşajyk sazandalaryň, aýdymçylaryň we tansçylaryň çykyşlaryndan, olaryň ussatlygyndan gaýtalanmajak şatlykly ýagdaýlar emele gelýär. Dabara gatnaşyjylaryň bezegli özboluşly lybaslary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özleriniň döredijilik ukyplaryny açyp görkezýän çagalaryň çykyşlaryna uly höwes bilen syn edýär. Zehinli, joşgunly we belent ruhly körpe nesiller Watanymyzyň buýsanjy we umyt-arzuwlary bolup durýarlar. 

Baýramçylyk çykyşlarynyň dowamynda körpeler hormatly Prezidentimizden Täze ýyl arçasynyň daşynda guralýan baýramçylyk çykyşlaryna goşulmagyny haýyş etdiler. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşyny kabul edip, hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramçylygynyň şatlyk-şowhunyna goşuldy. 

Körpe nesilleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz olara okuwlarynda üstünlik, gyşky dynç alyş möwsümini şatlykly geçirmeklerini, bagt we nurana arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz körpeleriň zähmetsöýer, maksada okgunly adamlar bolup ýetişip, şöhratly pederlerimiziň wesýet eden oňyn däplerini mynasyp dowam etjekdiklerine hem-de mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi. 

Şeýle hem bu ýerde şatlyklarynyň çägi bolmadyk ruhubelent çagalara döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan çagalaryň haýyşy boýunça ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda olar bilen ýadygärlik surata düşdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşýan körpeler bilen mähirli hoşlaşyp, baýramçylyk dabaralarynyň dowam edýän ýeri bolan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň jaýyna tarap ugrady. 

Söwda-senagat edarasynyň ýanynda döwlet Baştutanymyzy şadyýan çagalar mähirli garşyladylar we milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. 

Milli Liderimiz bu ýerde öz agtyklary bilen bilelikde Täze ýyl baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy. Dürli bezegler, köp öwüşginli yşyklandyryjylar arkaly gözel görnüşe eýe bolan Täze ýyl arçasynyň daşynda joşgunly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. 

Şeýle hem bu ýerde guralan dabara ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy, hökümet agzalary we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olar hem bu çärä özleriniň çagalary we agtyklary bilen geldiler. 

Hormatly Prezidentimiz körpeleri we barha ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan dabaralara gatnaşyjylary gutlady we ýaş nesillere bagt, gowy okamaklaryny hem-de ýurdumyzyň mynasyp raýatlary bolup ýetişmeklerini arzuw etdi. Watanymyzyň geljeginiň häzirki ýaşlara baglydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň çagalaryň abadançylygy, saglygy we sazlaşykly ösüşi ugrunda mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn alada etjekdigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ýurdumyzda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilendigini, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýylyň esasy wakasyna öwrülendigini belläp, Wepaly alabaýyň şol Halkara ýaryşlarynyň esasy şekili hökmünde kabul edilmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Wepaly alabaýy dostlugyň, hoşniýetli gatnaşygyň, batyrgaýlygyň we ruhubelentligiň tarapdary hökmünde adamzat aňynda pugta orun aldy. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda wepaly alabaýy döredip, dünýäniň ruhy gymmatlygyna mynasyp goşant goşupdyr. 

Edermen, batyrgaý hem-de asylly alabaý asyrlaryň dowamynda hem-de häzirki wagtda türkmen halkynyň hemişelik hemrasy we wepaly dosty bolupdy we bolmagynda galýar, ol şeýle hem halkymyzyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna goşandydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. ... Şunlukda, Täze ýyl baýramçylygy özüne mahsus şadyýanlyk we joşgun bilen başlandy. Aýazbabanyň we Garpamygyň gutlaglaryndan, hoşniýetli arzuwlaryndan ruhlanan çagalaryň ýüzlerinde bagtyýarlyk we şatlyk alamatlary uçganaklaýar. 

Ösüp barýan ýaş nesillerden düzülen döredijilik toparlary özboluşly aýdym-sazly, tans çykyşly medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar. Şeýle hem olar Täze ýyly garşylamak mynasybetli guralýan dabarada belent labyzly goşgulary okadylar we sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. 

Körpeler dünýäniň dürli dillerinde labyzly goşgulary okadylar we joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Olar sungatyň üsti bilen dost-doganlygy, täze taryhy eýýamda gazanylýan üstünlikleri wasp etdiler. Munuň özi dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Çagalaryň belent ruha beslenen çykyşlarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik, adamlara bolan oňyn gatnaşyklar, parahatçylykda, beýleki halklar bilen dostlukda we ylalaşykda ýaşamaga bolan gyzyklanmalar ýaly paýhasly däpleri öz beýanyny tapdy. Nesilden-nesle geçip gelýän bu mizemez ýörelgeler Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. 

Ýaşajyk türkmenistanlylar bilen daşary ýurtly diplomatlaryň çagalarynyň bilelikdäki çykyşlary, tutuş dünýäniň çagalarynyň söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralar bilen utgaşdy. 

Çagalaryň özboluşly hem-de joşgunly çykyşlary bu ýere ýygnananlara oňyn täsirini ýetirdi. Baýramçylygyň tolgundyryjy hem-de şatlykly wakalara baý bolan pursatlary çagalaryň hem-de ulularyň ruhuny göterdi. Hemmelere şatlyk, joşgunly duýgulary we ýakynlaşyp gelýän Täze ýylyň mährine aň ýetirmek duýgularyny eçildi. 

Ajaýyp arçanyň daşynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlar gadymy we baky juwan küştdepdi tansy bilen tamamlandy. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl türkmen halkynyň küştdepdi aýdym we tans sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizildi. Häzirki döwürde taryhyň özboluşly däpleri bilen häzirki zamanyň döredijilik kuwwatynyň sazlaşygyny alamatlandyrýan küştdepdi halkymyzyň her bir baýramçylygynyň baş bezegine öwrülýär. 

Dabara tamamlanansoň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, dabara gatnaşyjylara Täze ýylyň bagtyýarlyga beslenmegini arzuw etdi we bu ýerden ugrady.