Mejlisiň altynjy çagyrylyşygynyň deputatlarynyň saýlawyna 4-nji dekabrda badalga berilýär

Mejlisiň altynjy çagyrylyşygynyň deputatlarynyň saýlawyna 4-nji dekabrda badalga berilýär

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň sekizijiji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Mejlisiň gün tertibine öňde boljak saýlawlary geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirmek bellenildi. 

Merkezi saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk we olary geçirmek boýunça çäreleriň gündelik meýilnamasyny tassyk etdi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Kararyna laýyklykda 2017-nji ýylyň 4-nji dekabryndan başlap saýlaw möwsümine badalga berilýändigi yglan edildi. Saýlawlaryň başlanmagyna 60 gün galanda dalaşgärleri görkezmek başlanýar. 

Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öňde boljak möwsümiň birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Saýlaw işleriniň geçirilişine diňe bir syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan milli synçylar däl, eýsem, halkara bilermenleri we synçylary gözegçilik ederler. Hususan-da, zerur resminamalar, şol sanda gollanmalar, gözükdirijiler we synçylar hem-de ýurdumyzyň raýatlary üçin dürli maglumatlar tassyklandy hem-de birnäçe saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw sapaklaryny geçmek meýilleşdirildi. 

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň aýdyňlygyny we giň bäsdeşligini üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli içeri we daşary syýasatynyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň, syýasy-demokratik özgertmeleriniň mazmunyny we maksadyny ilat arasynda giňden wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. 

Şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň, agzalarynyň öňde boljak saýlawlara taýýarlygy boýunça alyp barýan işleri we dürli derejedäki çäreleri guramagyň meseleleri baradaky maglumatlary diňlenildi. Onda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işlerine möhüm ornuň degişlidigi aýdyldy. Bellenilişi ýaly, saýlaw toparlaryna aýratyn jogapkärçilik degişli bolup durýar. Olaryň anyk we sazlaşykly işi wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünliginiň möhüm şertini emele getirýär. 

Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädimdigini we onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň oňyn özgertmelerini durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.