“Aşgabat 2017” Oýunlaryň çäklerinde hyzmatlar, söwda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlarynyň wezipeleri kesgitlendi

“Aşgabat 2017” Oýunlaryň çäklerinde hyzmatlar, söwda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlarynyň wezipeleri kesgitlendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň ara alyp maslahatlaşmaga çykaran esasy meseleleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görüşi, şol sanda hyzmatlar, söwda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlary bilen baglanyşykly anyk wezipeleri çözmekden ybarat boldy. 

Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, “Aşgabat 2017” Oýunlaryň başlanmagyna çenli az wagtyň galandygyny nygtap, bu ýaryşlara Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 64-sinden türgenleriň we myhmanlaryň müňlerçesiniň gatnaşjakdygyny ýatlatdy. 

V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar ähli zerur zatlar, şol sanda ýurdumyzyň haryt öndürijileri tarapyndan öndürilýän ýokary hilli önümler, dokma, azyk, sowgatlyk we beýlekiler bilen doly üpjün edilmelidir. “Aşgabat 2017” Oýunlar arkaly edermen halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, onuň myhmansöýerligini hem-de mizemez jebisligini bütin dünýä görkezmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi hem-de mejlise gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi. 

Oýunlara gatnaşjak türgenleri hem-de myhmanlary Oba we suw hojalygy ministrligi, Azyk senagaty döwlet birleşigi tarapyndan öndürilýän dürli ýokary hilli azyk önümleri bilen doly möçberde üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy. 

Ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerindäki söwda nokatlarynda milli sowgatlyk we ýadygärlik önümleri hem goşmak bilen dürli harytlar bolan ýokary hilli söwdany üpjün etmek zerurdyr. Olimpiýa şäherjiginiň ýakynyndaky söwda merkezleriniň gije-gündizleýin tertipde işlemegini guramaly. Olarda azyk we azyk däl harytlaryny saýlamaga baý görnüşler bolmalydyr, tiz iýmitlenmegiň kafesiniň işi gerekli derejede guralmalydyr. 

Oýunlara gatnaşýan türgenleriň, resmi wekiliýetleriň agzalarynyň, myhmanlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, meýletinçileriň we hyzmat edýän işgärleriň ýokary hilli iýmit bilen üpjün edilişi boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine anyk tabşyryklar berildi. 

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň üstüne azyk önümleriniň talabalaýyk saklanylyşyna, dürli iýmit önümleriniň taýýarlanylyşyna we ähli ýerde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygy ýüklenildi. 

Ulag toplumynyň ýolbaşçylaryna V Aziýa oýunlary bilen bagly getirilýän ähli azyk önümlerini wagtynda we talabalaýyk daşamak üçin zerur bolan ulag serişdelerini üpjün etmek tabşyryldy. 

Häzirki wagtda Oýunlara taýýarlyk görmek işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Olimpiýa şäherjiginiň ähli desgalary öz meýdançalarynda 65 toparyň türgenlerini kabul etmäge taýýardyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän toplumyň desgalarynda sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşikler geçiriler. Bu ýerde eýýäm synag ýaryşlarynyň birnäçesi hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda beýleki ähmiýetli çäreler gura
ldy.